16:42

Seni dünýä diňleýär

SENI DÜNÝÄ DIŇLEÝÄR

Gyjakçy Annageldi Jülgäýewi aňsat öýünden tapmarsyň. Jaň edersiňiz, size onuň häzir Owganystanda çykyş edip ýörendigini aýdarlar. Ýene bir gezek bolsa ol ukrain topragyndadyr. Onuň bilen duşuşyp bilmänligiňe gynansaň-da, ata-babadan gelýän sungaty ülkämiziň çäklerinden uzaklarda ýaýyp ýörendigine welin ýüregiňden guwanarsyň. Pikire çümersiň: «belki-de Annageldi häzir ukrain şäherleriniň birinde çykyş edýändir. Müňlerçe tomaşaçy bolsa Jülgäýewiň täsin sungatyna haýran galmak bilen, şowhunly el çarpyşýandyrlar. Bu hökman şeýle-de bolmaly. Çünki ussadyň gyjagynyň dagyň sergin şemaly ýaly arassa, çeşmäniň gözbaşy ýaly dury zehini adamlary özüne bendi edýär.
Bu gezek meniňki şowuna boldy. Ol öýünde ekeni.
– Owgan dostlarymyzyňkyda bolduk. Iki hepdeläp konsert berdik. Baran ýerimizde bizi güler ýüz bilen garşyladylar. Türkmen bagşysy Serwer ýanymyzdan aýrylmady. Onuň çykyşy ýadyňyzda bolsa gerek. Merkezi telewideniýe owgan aýdymçylarynyň konsertini gurap tomaşaçylara görkezipdi. Şonda Serwer hem türkmençe aýdym aýdypdy.
Owgan topragynda biz gaty köp adamlar bilen duşuşdyk. Gaty kän ýerde konsert berdik. Biz şonda Owganystanda täze durmuşa tarap ymtylýanlaryň barha artýandygynyň şaýady bolduk–diýip, Annageldi özüne mahsus bolan mylaýymlyk bilen gürrüň berýär.
Men bolsa bu adamyň geçen durmuş ýoly barada, sungat äleminde taplanyşy barada, onuň dünýäniň gaty köp ýurtlaryna aýlanyp, türkmen sungatynyň at-abraýyny belende göterişi hakynda oýlanýaryn... Nägehan uruş ony kakasyndan jyda düşürdi.
«Men gelýänçäm öýüň keşigini indi sen çekmeli borsuň. Ejeňe kömekleş, jigiňi horlama». Bu sözler şindi-şindilerem Annageldiniň gulagyndan gidenok. Muny oňa kakasy Jülge Garryýew urşa ugranda aýdypdy. Bu onuň in soňky sözleri bolupdy. Şonda Annageldiniň bary-ýogy on-on bir ýaşy bardy. Kakasynyň bolsa gidişi-gidiş boldy. Bir günem onuň gahrymanlarça gurban boldy diýen habary geldi. Aglamakdan-eňremekden ne peýda. Mert durmalydy.
1942-nji ýyl. Annageldi sazçylyk uçilişesini wagtlaýynça taşlamaly boldy. Daýysy Pürli Saryýew ony öz ýanyna işe alypdy. Indi ol halk saz gurallary orkestriniň gyjakçysydy. Şamyrat Gurbannepesow, Ata Ablyýew, Sapar Mämiýew we gaýry deň-duş oglanlary hem orkestrde işleýärdiler.
Grigoriý Markowiç Arakelýanyň, Pürli Sarynyň, Mylly Täçmyradowyň oglanlara saz öwretjek boluşlary, gijelerini gündiz edip işleýişleri heý-de ýatdan çykarmy?! Olaryňam dert-azaplary, gaýgy-hesretleri özlerine ýetikdi. Emma olar başga bir mukaddes zada gulluk edýärdiler: olar öz jadylaýjy sungatlary bilen başgalaryň gaýgy-hasratlaryny egismelidi. Sähelçe wagtam bolsa dertli ýürekleriň azaryny aýyrmalydy. Adamlara ruhy goldaw bermelidi. Ýeňşiň golaýdygyny olaryň ýüreklerine ornaşdyrmalydy.
–Ýadyma düşýär, Pürli daýymyň inisi Nurynyň wepat bolan habaryny nähili garşylaýşy. Bu habar onuň bilini bükäýjek ýalydy. Emma ol muňa ýan bermedi. Niçik ýan berjek? Çünki ondan hemaýat isleýän onlarça göz, atadan-dogandan jyda düşen onlarça göz seredip durdy ahyryn.
Nury daýym gaty zehinli ýigitdi. Ol Moskwanyň Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýasynyň türkmen bölümini ilkinji tamamlanlaryň biridi. Okuwy ta- mamlap, Aşgabada gaýtjak bolup ýörkä uruş turupdyr. Ol gaýdybam bilýän ekeni. Emma Moskwa gelen duşmany yzyna serpikdirmek üçin müňlerçe moskwalylar bilen şäheriň goragyna çykýar. Ondan bize ýekeje ýadygärlik galdy. Olam «Pioner» atly sazy. Pürli daýym soň-soňlaram gürrüň bererdi: Nury bu sazyny on iki ýaşyndaka döredipdir. Hasaplap görseň, onuň döräninden bäri ýarym asyra golaý wagt geçipdir. Bu saz häli-häzirem sazandalarymyzyň repertuaryndan düşmän gelýär, Çaýkowskiý konserwatoriýasynda Beýik Watançylyk urşunda gurban bolanlaryň ýadygärligine bagyşlanyp ýörite burç döredilipdir. Moskwa ýolum düşende, her gezek konserwatoriýa sowlup, Nury daýymyň suratynyň öňünde tagzym edýärin. Ol göýä maňa «Ýegen, ata-babadan gelýän kesbiňi harlama, zehiniňi, yhlasyňy halkyňdan gaýgyrma» –diýýän ýaly...
Annageldi Jülgäýewiň zähmet depderçesinde işe girenligi hakynda ýekeje ýazgy bar. Olam Türkmen döwlet filarmoniýasy. Indi ol kyrk ýyla golaý wagtdan bäri filarmoniýanyň gapysyndan girip çykýar. Bir ýerde, bir kärde kyrk ýyl işlemek köplere başardyp duran zadam däl. Munuň üçin öz käriňe ýürek söýgüsi bolmaly. Işlän ýeriňe uly yhlas bolmaly. Bularyň ikisiniň hem Annageldi Jülgäýewde bardy- gyny tekrarlap oturmagyň hajaty ýok. Ol bu ýerde halk saz gurallary orkestriniň solistliginden onuň baş dirižýorlygyna çenli ösüp ýetişdi. Onuň durmuşyndaky ençeme şatlykly wakalar hem ine, şu ýerde bolupdy. Annageldi ine şu ýerden ilkinji gezek halkyň içine çykypdy. Eli kiçijik gyjakly oglanjygy respublikamyzyň uzak-uzak obalarynda-da mähirli garşylapdylar. Gyjaga ezberlik bilen erk edişine hemmeleriň syny oturypdy.
–Bir gezek, kyrk sekizinji ýyl bolsa gerek, işden çykyp öýe barýarkak, öňümizden kompozitor Daňatar Öwezow çykdy. Ýalňyşmasam, ol şo döwürde kom- pozitorlar soýuzyna ýolbaşçylyk edýärdi. Ol Şamyrat Gurbannepes ikimizi saklady-da, gürrüňdeş boldy. Şonda ol bize–oglanlar, saz çalşyňyza synym oturýar. Ýöne özüňizem saz döretjek bolup synanyşyk ediň. Belki, soýuzyň çlenligine-de kabul ederis– diýip, maslahat berdi.
Bizem näme, ýaş oglanlar, öýe barybam ur-tut halypa kompozitoryň maslahatyna eýerdik. Aý, garaz şo gije ýatylan däldir. Herimiz bir saz döretdik. Ertesem olary Pürli daýyma çalyp berdik. Halypanyň göwni ýetdi öýdýän, «Berekella» diýdi. Men-ä ilkinji sazymyň adyny «Ýaşlara salam» diýip goýdum, Şamyradam «Höwesli» diýdi.
«Ýaşlara salam». Bu saz Annageldi Jülgäýew bilen dünýäniň köp ýurtlaryna aýlandy.
1957-nji ýylda Moskwada geçirilen ýaşlaryň we studentleriň Bütindünýä festiwalynda dürli kontinentleriň ýaşlarynyň wekilleri bu saza goşup, parahatçylyk aýdymyny aýdypdylar.
– Altmyşynjy ýyllaryň ýanwarynda bolsa delili studentler Annageldiniň daşyny gallap, täsin owaz çykarýan gyjaga uzak wagtlap mähir bilen seredipdiler. Bu duşuşyk olar üçin soňky gezek bolmandy. Soňam birnäçe gezek olar Hindi topragynda Annageldiniň gyjagynyň owazyny diňläpdiler. Jakarşatly işçiler, wetnamly esgerler, kanadaly saz söýüjileriň müňlerçesi türkmen sazandasy Annageldi Jülgäýewe el çarpypdylar. Soňra Eýran, Wengriýa, Mongoliýa, Fransiýa, Çehoslowakiýa, Polşa edilen saparlar hem ussada uly at-abraý getiripdi.
Ol döredijiligiň belent mertebesine gaty irki ýyllar eýe bolupdy. Ýöne ol şuňa döredijiligiň aňry çägi diýip düşünmedi. Has dogrusy döredijilik şöhraty onuň başyny aýlamady. Ol özüni munuň üçin halkyň öňünde bergidar saýdy. Häzirem şeýle. Onuň bilen sungatyň manysy, döredijiligiň ýollary barada söhbetdeş bolup otursaň, muňa hasam gowy göz ýetirýärsiň.
– Käriňi diňe bir söýmek, oňa yhlas siňdirmek ýeterlik dälmikän öýdýän. Onda-da saz sungatynda. Şu ýerde Pürli daýymyň aýdan sözleri ýadyma düşýär. «Ýegen, gyjagyňam çal weli, dutary hem ýat etme. Ikisinem çalyber. Olaň bir-birine zeleli bolmaz» diýip, gulagyma guýardy. Oň bu diýdigi soň görup otursam, zehiniňi yzygider işlediber diýdigi eken – diýip, A. Jülgäýew aýdýar.
Annageldi Jülgäýewi daşyndan synlan adamlar oňa gaty bir kän ýaşam bermeseler gerek. Emma alty onlugyň ujundan gädip ugran ussat sazandanyň bu gün öz şägirtleri bar.
Baryp ellinji ýyllarda Moskwanyň uly teatrynyň sahnasynda P. Çaýkowskiniň «Rus plýaskasyny» türkmen gyjagynda ýaňlandyran Annageldi Jülgäýew döredijilikde uly ädimleri ätdi. Rus we Ýewropa klassyklarynyň saz eserleriniň ençemesini gyjak diline geçirmegi başardy. Bu ýeňil iş däldi.
Hawa, Annageldi Jülgäýew saz çalanda argyn göwrelere güýç-kuwwat gelýär, şatlygyňa bolsa şatlyk goşulýar. Onuň gyjakda çalýan türkmen halk sazlary «Düşmüş», «Torgaýguşlar», «Dön göwnüm», «Atçapar», «Aýna», «Nergiz», Pürli Saryýewiň «Bagyşlanýar», Aman Agajykowyň «Sorama», «Aýryldym» ýaly saz eserleri näçe diňleseň-de diňleýjini ýadatmaýar.
Gyjakçy-kompozitoryň öz döreden saz eserleri bolsa ýyllaryň synagyndan geçip gelýär. «Ýaşlara salam», «Gopuzly saz», «Saňa garaşýan», «Gözel» ýaly aýdym-sazlary bolsa, sazandalaryň hem, aýdymçylaryň hem repertuarlarynyň bezegi bolup gelýär.
Altmyşynjy ýyllarda, Aşgabada ady dünýä belli eýranly gyjakçy Ruben konsert bermek üçin gelipdi. Şonda ol Annageldi Jülgäýew bilen hem duşuşypdy. Ol türkmen gyjakçysyny diňläp, begenjin-den ýaňa gözlerine ýaş aýlapdy. Soňam, «Ine, görersiň, seni dünýä diňlär ogul» diýipdi. «Seni dünýä diňlär...» Ýok, bu howaýy aýdylan söz däldi. Bu gün biz bu sözleri ikirjiňlenmän aýdyp bileris. Annageldi Jülgäýewiň öz konsert brigadasy bilen doganlyk respublikalarda çykyş etmedik ýeri gaty az bolsa gerek. Dünýäniň dürli kontinentlerinde bolsa onuň gy- jagynyň owazy has belent ýaňlanypdy. Halypa gyjakça ýene-de uly-uly döredijilik üstünlikleri garaşýar.
...Annageldi öýünde kiçijik bir dutary örän aýawly saklaýar. Bu dutar onuň ejesi Altyn eje üçin-ä gaty köp zatlardan habar berýär. Bu onuň dogany Pürli Sarynyň Annageldi üçin ýasadan dutarydy. Bu dutary gökdepeli Pürli ussa ýasapdy. Indi ondan bäri ýarym asyra ýakyn wagt geçipdir. Bu dutar bilen Annageldi orkestre işe gelipdi. Bu dutar bilen ol obama-oba aýlanyp, adamlara ruhy lezzet beripdi. Bu dutardan başlanan ýol, indi Annageldi Jülgäýewi dünýä ýollaryna aýlaýar.
Şu setirleri ýazyp otyrkam, radiodyr gazetler respublikanyň saz sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary we ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin Türkmenistan SSR-niň at gazanan artisti Annageldi Jülgäýewe TSSR-iň halk artisti diýen hormatly adyň dakylandygy hakyndaky habary buşlady.
Men hem bu şatlykly habar bilen Annageldini gutlamak üçin oňa jaň edýärin. Trubkadan bir mährem aýalyň sesi eşidilýär:
– Annageldi, jan balam, konsert bermäge Orsyýede gitdi. Iki aýlyk diýip gitdi.
Bu Altyn ejedi. Ene ýerinde ene, ata ýerinde ata bolup, Annageldini ösdürip kemala getiren mährem enedi.

Allaýar ÇÜRIÝEW.

Maý. 1981.
Категория: Aýdym-saz sungaty | Просмотров: 252 | Добавил: Haweran | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Aýdym-saz sungaty bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Hekaya10  
1415
Şol Pylan Jülgäýew diýen bir gyjakçy bar. Şu wagtlar Türkmen Owazy telekanalda gyjak çalýar welin, temada ady agzalýan gyjakçynyň çowlugy zady dagy däldir-dä her-ne.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]