00:35

"Seni tapyp, men özümi ýitirdim..."

"SENI TAPYP, MEN ÖZÜMI ÝITIRDIM...".

"Seni tapyp, men özümi ýitirdim".
Ýitirip ýolumyñ ugur-utgasyn,
Özüm undup, ýol ýasap señ köñlüñe,
Men nämä deñäýin, bu yşk utmasyn?

Yzladym köñlüñe barýan ýoly men,
Ähli ýodalardan bu ýol has möhüm.
Dideleriñ eken, dünýäni dörüp,
Agtaryp tapmadyk zyýaratgähim.

Görlüp-eşdilmedik keramat ýaly,
Men señ köñlüñ gapysyndan ätledim.
O gapyny açmazdan öñ hamana,
Bu dünýäden göwni galan ätmidim?

Soñra señ kalbyña düşünjek bolup,
Öwrendim oñ sessiz dilin suwara.
Şeýdibem ýerledi seniñ köñlüñde,
Birmahalky yşk agtaran awara.

Özüm pida edip,özüm ýitirip,
Tapdym,señ köñlüñe barýan ýoly men.
Hasapsyz heññamly köne dünýäni,
Bu gün yşkdan täze guran ýaly men.

Bu yşk, aşyk-magşuk parhyna bakman,
Her dem aparmaga meýilli dünýäñ,
Goýnunda biz üçin bakylyk ýaly,
Ýitirip, tapylan seýildi, dünýäm!

Gyzylgül ANNAGYLYOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 226 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
"Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]