00:06

Seniñ gözleriñ

SENIÑ GÖZLERIÑ

Ýol aşjakdym, garap-garap egledi,
Wah, käte halymy harap eýledi,
Bela-beterlerden halas eýledi,
Seniň gözleriň.

Ykbal diýdi: "Öz günüňi gör indi!",
Ýogsa näçe aglanyldy, gülündi,
Maňa täsin ahwal bolup göründi,
Seniň gözleriň.

Köseýän zat bizi gury öýke-le,
Şahyr boldum zehinlere öýküne,
Dünýämde öwrülip galdy heýkele,
Seniň gözleriň.

Ykbalymyz açylsyn, goý, gül bolup,
Oturan deý bir zatlary gür berip,
Bakdy durdy maňa gökden Gün bolup,
Seniň gözleriň.

Düşmedim, kä pursat hoş eýlän boldy,
Bu garyp göwnümi guş eýlän boldy,
Yşkyň derýasyna gark eýlär boldy,
Seniň gözleriň.

Ahwal diýip düşünýärin men muňa,
Bakyşyňam, garaýşyňam geň maňa,
Dünýäň barça baýlygyna deň maňa,
Seniň gözleriň.

Düşdi uzak-uzak aý-ýyllar ara,
Çydam etmez indi ýüregim aga,
Alyp gitdi meni umytsyz ada,
Seniň gözleriň.

Ogultäç ORAZTAGANOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 416 | Добавил: Мylayym | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

К Кюхельбекеру / Goşgular - 18.01.2023
Снег / Goşgular - 14.01.2023
Gideňsoň / Goşgular - 06.01.2023
"Gökdepe mukamy" / goşgular toplumy / Goşgular - 12.01.2023
Памяти С.Я.Надсона / Goşgular - 24.01.2023
«Высоко с темнотой сливается стена…» / Goşgular - 11.01.2023
Цыганская пляска / Goşgular - 10.01.2023
Дельвигу / Goşgular - 08.02.2023
«Нет, правды не оспаривай…» / Goşgular - 08.02.2023
«Всё настоящее ничтожно…» / Goşgular - 26.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]