06:59

Senli pikirleñ soñlamasy / oýlanma

Senli pikirleñ soñlamasy (oýlanma)

Hamala bu dert menden bir bada aýrylyp gidäýjek ýaly bolup göründi. Emma, günler geçdi, aýlar geçdi bu dertlerim aýrylmady. Bu derdimiň dermanyny lukmanlar hem tapmady. Ýüregim şol parça-parça boldy gezdi. Durmuş hem ýuwaş-ýuwaşdan dowam edip durdy. Sen hakyňda näçe ýazdym. Bu günki gün olaryň gadyr-gymmaty gaçyp, näçe ýazdygymça tarypy dillerden düşüp ugrady. Şonuň üçin şu ýazgymda sen barada pikirlerimi jemläp, galamymy ömürlik goýmak niýetinde.
Bu gün men ýeke. Sen meniň durmuşymdan gideniňden soň, özge hiç kime seredemok, özge gyz asla girip bilmedi bu kalbyma. Sen bolsa hemişe menden alyslarda bolduň. Ahwalyňy asla bilmedim. Belki sen özge bilen bagtlysyň? Belki seniň durmuşyňda-da özge hiç kim ýokdur? Sen ýekesiň? Belki, belki...
Şu wagt hem seniň keşbiň göz öňümden gidenok. Seni hiç hem unudyp bilemok. Iň soňky sapar saňa jaň edenimde:

“Men barada hiç-hili pikiriň ýokdugyny, menden ýadanlygyňy aýdypdyň.”

Eger menden sen hakynda öz pikirimi soraýsalar, pikirlerim dünýälere barabar.
Bu gün senden göwnüm galyp barýar. Saňa,  nämüçindir eden işleriñ ählisi üçin näletler oksym gelip dur. Sen meniň söýgümi äsgermezçilik etdiň.
Nesip bolsa hemmesini wagt görkezer.
Ynha, şeýle ajaýyp durmuşda ýaşaýas. Şol ajaýyp günleriň birinde menem seni unudaryn, özi däl-de dünýäsi gözel gyza aşyk bolaryn. Aýlar geçer, ýyllar geçer seni unudaryn! Men muňa indi has hem ynanyp başladym. Adam ölümden başga ähli zadyň dermanyny tapýar eken. Menem bu derdimiň dermanyny taparyn we seni unudaryn...
Bagtyñ bolsun!..

Hemra Bäşimow.

Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 480 | Добавил: Нawеran | Теги: Hemra Bäşimow | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]