11:02

Serçäň maşyna süýrediljek bolşy / hekaýa

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 310 | Добавил: Bagabat | Теги: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024
Kitap / nowella - 16.03.2024
Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024
Шер аминь / рассказ - 20.01.2024
Jan / hekaýa - 08.03.2024
Köprüler / hekaýa - 15.01.2024
Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024
Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024
Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024
Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024

Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Bagabat  
43
Şeýlebir “kärine ussat” çekene çopanlar bar.
20 ýyl mundan ozal, ekin gowy boldy, ýagny hasyly, bahasy laýyk düşdi.
Onsoň jemlenenje pul: “biderek sowulmasyn” diýen niýet bilen düşenine goýun aldym. 20 goýun düşdi. Ene goýunlar. Gaty garram däl. Onsoň: “köpelsin” diýip, çekenä goşdum.
Bir aý geçdi. Birini “ýylan çakdy”, biri “zeýe gidip gark boldy” = 2;
Soň ýene-de iki hepde geçdi. Biri “azaşyp, sürüden tazygdy” = 1;
Onsoň ýene-de on gün geçdi, biri “zäherli ot iýip, pyçaga-da ýetişdirmedi” = 1;
Onsoň ýene-de bir hepde geçdi, ikisi birden “ýitdi, gözledik-gözledik, it bolduk, tapylmady” = 2;
Ýene-de bäş gün geçdi, birin-ä “möý çakdy”, birem “möý iýip öldi” = 2;
Ondan soň, Hudaýa şükür, Gyrgyn mama diňe meň goýunlammyň ýeňsesinden elini sypdyrdy-da, biraz meň arkam-a ýel çaldy. Gyran degençilik goňşulaňka geçdi...
Emma ertesi gün ýene-de bir goýun “aşa düşüp, haram öldi” = 1...
Onsoň menem o derejede sammyjak dä.
“Galanja on birisinem pişik iýmänkä gapa ýygnaýyn” diýip barsam, öň ýanyndaky gün, gije meň goýunlammyň ýene birini “şagal atypmyş (ýagny, alypmyş)” = 1;
Onsoň berenimiň ýarysyny alyp gaýtmakçy boldum.
Men erbet adam ekenim.
Diňe özümi bilip, çopanyň iki aý gowrak wagtlap malymy bakanynyň hakyny bermändirin.
Ilki gepleşen hakymyzy hasaplap-hasaplap bir goýnuň bahasyna ýakyn eltdi.
“Aý-ý, bu-da bolup durdugy däl-le. Tut, biriniň mekgesinden! Kimiň hakyny iýsem-de, seň ýaly halalhon çopan görgüliň bir hakyny iýmäýin!” diýip, dokuzy:ny alyp gaýtdym = 1;
Öýe getiren günümiň ertesem yzly-yzyna ikisi tükgerdi = 2;
Mal dogtor alyp gelsem: “bagyrgurt” düşüpdir diýdi.
Galanam gotur açypdyr. Atrabotka ýag çalyp-çalyp, zordan açdym.
Diýmek, nesip edenem 7 mal bolýa.
Erbet arifmetika däl.
Sebäbi menem obaly sammyjak dä elbetde...
Indem ekinimizden düşewünt gowy bolsa, mal köpeldemzok-da, sowýas, nesip edenden.
Ýogsa ýene-de möý-içýan, ýylanlaň, şagallaň, zeý händekleň, zäherli otlaň, bagyrgurtlaň we şu ýalançyň galan hemme belaýy-apatlarynyň ala-böle diňe biziň malymyza jyny düşermi nämemi...

0
2 Ependi  
284
"Serçäň maşyna süýrediljek bolly" diýilse, meňem göz öňüme uçýan serçe geldi. Soň düşündim) Çopanam näme, artdyranjasyny beýläk "oklap" durandyrda. Ogul öýermeli, jaý salmaly...)

Serdar aga Siziňkem kyn bolupdyr-ow, hakykatdanam bu döwür arassa, halal çopan tapaýmak kyn. Entegem, 6-7 goýun üçin ylalaşypsyňyz, galany bilenem oňupsyňyz. Şoňa şükür ediň. (elbetde, 6-7 goýunam dilde aňsat, bir toýy sowup bolýar). Entek süriň özüni dagydyp, haram keýpden geçiren çopanlaram tapylýar. Elbetde, çopanam bilýär bu mallaň haramlyk bilen gazanylandygyny. Munça süriň eýesiniň öz daban azabyna gazanmandygyny. "Haramdan gelen harama" gider diýlişi ýaly bolýar. Çopan, süriň eýesine: "basdyrsaň basdyraý, ikimizem bileje gideris" diýip duranlaram eşidilýär onda-munda. Ýöne, beýle diýdigim çekenäň gürrüňi dälde, hususy eýeçilikdäki süriň gürrüňi. Dogry, elbetde, herkim bäşdir-üçdür malyny çöle ugradyp göwün edýärda, indiki ýyl iki esse köpeler öýdüp. Köpelme niri. Esasy, çopany düşsun diýsene.

Wagtynda, weterinar getirip däri-derman, ukol urdurmasalar, bagyrgurt diýdi, gotur diýdi, kesel bary tapylýar. Soňam iglemek bilen bolýar. Ol keselläp öldümi, çişlige düzüldimi, onam bileňok. Ýöne, gaty pugta adamlar şonda-da ýaltanman gidýärde, maslygyny görüp gaýtmasa ynjalmaýar.

Köne döwre degişli bir degişme bardy şuňa meňzeşräk:
- Baý her gezek sürüsini sanamaga gelende, çopanlaryna-da odujak-budujak üýtgeşijek zatlaryndan ýany bilen getirer ekeni. Çekize, nabat, kelem, käşir ş.m. (çünki, çopanlar eti halamaýar, gowurdagyna çenli. Şol birzat ýüregine düşensoň, bize bir okara gowurdak getirip, ýerine bir jam çelkize äkidip iýenlerini kän görüpdim) Şonda, baý bilen çopan gatyk içip oturan ekenler. Süriň azdygyny aňan baý, çopana ýüzlenýär:
- Süriň galan ýarysy nirede?
Çopanam göwnübir ýaly, gatygy işdämen iýip jogap gaýtarýar:
- Agşam harasat gopdy. Goýunlar gorkup ýarysy bölündi, şu gün taparys hökman.
Dergazap bolan baý, öňündäki çally okarany çopanyň ýüzüne serpip goýberýär. Çopan hiçzat bolmadyk ýaly, hikirdäp ýüzüne seredip oturanmyş.
- Nämäňe syrtarýaň, etjegiňi edibem üstümdem gülýäňmi?
- Ýok baý, beýle däl, özümem bilýän muny. Ýöne, öňüňde ýüzüm gyzarmany-na şükür edýän, aklandym...)

0
3 Bagabat  
43
Ýöne adam doga nebisjeň bolmasyn.
“Süýtde agzy bişen suwy üfläp içerem” diýilýä weli, bu nakylam hemme kişä degişli dä bolara çemeli.
Sebäbi biraz wagt geçýä-de, adam pahyr öňki awunan ýerini unudýar. Onsoň ýene-de gözi daňylgy sähne ýaly, öň bir gezek maňlaýyna sapy şapyladanam bolsa, ýene ýerde dükge düşüp ýatan kätmeniň kepjesine basyp görýär.
Mende-de şeýle boldy.
“Mal bakyp, semredip satsaň gowy bolýamyş” diýseler, güpbe ynandyk.
Ýogsa, gözüňi açyp gören daýhançylygyň nire, çopançylyk nire?
O-da gara zähmet, bu-da bolany bilenem, zähmetiň zähmetden tapawudy ba dämi?
On bäş ýyl mundan ozal, özüm ýaly daýhan dossum bilen gepimiziň jüpbesini biçdik-de: “ep-esli goýun alyp bakaly, semredeli, sataly, birnemejik gazanaly, diňe ekin bilen aýlyga daňlyp ýörmäli” diýişdik.
Öz-özümizden göwnümiz hoş.
Mal-gara-da çagalykdan bäri görmedik zadymyz däl.
“Birnemejik gor toplaýmasaň-haw, çagalaram ýetişip gelýä. Ynha hä diýmänem köwşüňe käşir dykyp başlarlar. Onsoň: “nätsemkäm, kimden bir karza geçäýerkäm” diýip, eliňi-aýagyňy owkalap durandan, şo zatlaň öňünden gamyny iýip goýsaň gowy däm-aý?” diýşip, biri-birimize meçewem beren bolýas.
Garaz, şeýtdik-de, ekin-tikin sowlansoň, tomusyň allajy ýalnynda, toplanja pulumyzyň başyny çatdyk. Gitmänkägem dossumyň mellegi gyrarakda hemem boşlawrak bolansoň, şo taýda ýatak gurduk. Soňam gullukdaşlaň biriniň ýaşaýan jelegaýy – nirdesiň Esenguly diýip, dossumyň maşynynda depdik şo taýa.
Nämemiş, şo taýda goýun itiň mugtymyş. Mal eýeleri äkitseň yrzamyşlar.
Gitdik, gepleşdik, ýük ulag tutduk, getirdik.
100 goýun.
“Arzan” diýibem, puly köpe ýetirjek bolup, arryk-mürrügräklerini saýlaşdyrdyk.
(Şu zatlardanam maldan gaty gowy baş çykarýanymyz bildirýändir-le :-). Ekin ekip, ýatagyňda mal bakanyň bilen maljanly, mala belet çopan bolýaňmy diýsene? Kim tüp yssyda bakaryna mal almaga gidýä? Kim bakjak malyny arryk-turruk edip saýlaýa? Sebäbi bakara malyň, daýawja tokly, işşek, öweç bolaýmasa, maňramaz bilen mälemezden baggoýun ýetişdirermiň diýsene?).
Ýene-de gyzykly arifmetika başlady.
Özem bu gezek “kärine ussat çopanam” gerek bolmady.
Hiç kimsizem, dossum bilen iki bolup özümiz alyp çykdyk.
Bary-ýogy 5-6 sagatlyk ýolam welin, ýolda, jokrama epgekde, Balkandan bärik gelýänçä petiş ýük ulagynda baslygyp, iki sany janawer heläk boldy = 2;
Soň getirip, olara ilk-ä derman baryny ýuwutdyrmaly boldy. Gurçugyň dermany, goturyň dermany, ýenegör-lähediň dermany. Onda-da ýene-de üç sanysy deňdir boldy = 3;
Soňam pul tükendi, hasap çykmady. O janawerlerem geň galaýmaly, howa-sowa, suw-puw, Günüň nury, bakmaga çykarylandaky ot-pot bilen oňubermeli weli, gatybir ýerindengelme lälik bolup çykdylar. Iým bermeseň “semrejekgäden” otyrlar.
Onsoň iým satyn almak üçin aňyrdan getiren bahamyzyň üstüne, sähelçe goýup, ýarysyna golaýyny satmaly boldy.
Galdy, jemi = 55;

0
4 Bagabat  
43
Onsoň pul gerek bolýa welin, göz aýlaýas-da: “äý şü-ýä semrän ýaly-laý” diýen bolup, öz-özümizi aldap, näçe iýse-de iküç aý bäri şo 25 kileligine duran janawerleri birýan ujundan ýerlän bolup barýas.
Arasynda, şü öýdäkilere-de, geň galaýmaly, olara-da et-pet gerek bolup durýa. Onsoň oň üçinem: “Nä tapar-tapmazyň çagasymy? Al, adama birini” diýilýä-de, huruş edinilýä.
Garaz, her haýsymyzyň jüpbelän pulumyzdan ýarragyna golaýy jemlenende, 100 goýundan ýigrimisi galdy.
Onsoň aklymyza aýlanjak bolup başladyk.
“Gel-aýt, şuny dos, ýaman bek duraly-da, goýan pulumyzy bir çykaraly. Haýyr-peýdadan-a geçdik. Bolmanda hutma-hut bir bolaly. Ýohha, öýdäkileň öňünde sakally gul iş bitirmeze dönüp, ikimizem ömrümiz ötinçä masgara bolýas” diýişdik-de, soň ýaman daýaw durdyk.
Güýz ahyrlaýança, janawerleri gaty gowy bakdyk. Özem hemme jebir-jepaly synaglardan geçe-geçe, janawerleň iň itjanlylary galandyr-da. Balyk ýaly semrediler. Soňam 13 sanysyny satanymyzda hutma-hut bolup, uludan bir demimizi aldyk.
Onsoň dos diýdi (o maňa garanyňda-da has akyllyrak-da :-)): “Şüleri şumat satmaly! Täze ýyla saklaly. Şonna her kim täzeje jylkaja et aljak bolup, elin malyň bahasy galar. Onnoň girdejimiz köpeler-de, bize-de bir kör awraý bolar”.
Menem ilk-ä bir: “Dos, şuny war-a, dawaý şeýtmäli-laý! “Ertirki ýagly guýrukdan şuwunky bagyr-öýken” diýipdirler. Berenjesi bilen oňňut edäýeli” diýjegem boldum...
Ýöne diýmedim.
Sebäbi adam doga nebisjeň bolmasyn.
Bir günem, Täze ýyla-ha ýedi-sekiz gün, biziň gönenip galmagymyza-da şonçajyk pille galanda, agşam işden gelsem dost öňümde ýüzüni sortduryp dur.
Ýüregim bir zat syzan ýaly, dil ýarmanka göni aňdym: “Häk, goýunlara gyran degendir-ow!” diýip.
Çak edişim ýalam bolupdyr.
Bolan zadam, ol irden turup, işe gitmänkä mallaň nowasyna gaýnadylan arpa guýupdyr. Şo gün kellesine bir zat dependir-dä. Ýogsa adatça goýunlara uly ogly iým berýän eken.
Onsoň ol işe gidipdir. Öýdäkilere-de mallara iým berenini aýtmandyr. O janawerlerem eýýäm bäş-alty aý bäri bakylyp, öňlerine näme dökseň ýalmamaga endik eden baggoýunlar. Sähel salymda nowany taňkyradyp goýupdyrlar.
Soň şo gün ýyldyza ýörän ýaly, sygyr sagmaga barýan aýalam – ogluna dözmän kömek etdigi – guýupdyr goýunlaň öňüne duzluja, gaýnadylan arpadan, öňki berilýänje normysyny.
Ol sygryna gümra bolup otyrka-da, zatdan bihabar ogly turup, olam mallara berýänje iýmini berýär-de, okuwyna şaýlanýar.
Gün guşluga galanda-da çykyp seretseler, üç normyny ýaplan janawerler, güp ýaly çişip, serlişip ýatyrmyş.
Näme diýersiň?
“Äý dos, bähbit bolsun! Görýän welin, ikimiziň ryzkymyz maldan däl-de, başga zatdan bolaýmasa-aý!” diýen bolup, kiçi dilden bärde bolsa-da giňlige salaýmasaň.
Onda dosam zoraýakdan ysgynsyz ýyrşaryp, soran bolýa (ýogsa şomat özüniňem içiniň ýanyp, burugsap durandygy ýüzünden bildirip dur weli):
-Dos, nämedekär-äý, ikimiziň ryzkymyz?!
-“Mollaçylykda” diýäýmesem-aý, dos!-diýip menem, özüme zor salyp degşen kişisireýän. Sewäp diýseň, çagalyk dossuň, müýnürgeýä, dözeňok:-Şo taýda-ha öliň aşa düşjek ýa-da nika gyýmalylaň goturlajak gümanasy ýok. Bardyň, okadyň aýady ýa-da gyýdyň nikany, ýa-da çykdyň tebäregi, ýaglyja nahardan ýelmediň, düwünçegi goltuga gysdyrdyň-da, berenlerine kaýyl bolup, gaýtdyň öýe garşy. Özüňem rahat, keýwanylaram dawolnyý...
Aý garaz, şondan bäri kän maldarçylyk pudagy bilen ugrum ýok.
Towukdarçylykda özümizi synap ýörýäs.
Oňam rowaýaty başga.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]