12:58

Şeýh Bedreddin zamany...

ŞEÝH BEDREDDIN ZAMANY...

Ýakynda yzly-yzyna iki gowy zat bolup geçdi: Birinjisi täze aýdym albomy, beýlekisi-de çeper film. "Bulutsuzluk Özlemi"-niñ ("Bulutsyzlyk küýsegi") ansamlynyñ "Bedreddin" albomyny çykararyna hut özum sabyrsyzlyk bilen garaşdym. Bu saldamly albom meşhur şahyr Nazym Hikmetiñ "Şeýh Bedreddin dessany" atly kitabynyñ seslendirilen görnüşi. Şeýle-de Şeýh Bedreddin bilen onuñ sopulary Börklüje Mustapadyr Torlak Kemal hakda gürrüñ berýän hakykat taryhy-çeper kinofilm görkezilişe goýberildi. Albom hakda-da, kinofilm hakda-da aşakda durup geçeris...

Şeýh Bedreddin / Surat Twitter - @seyhbedreddin (Şeýh Bedreddin "HAKYKAT")

"Dünýädäki her zerräniñ içinde iki gapma-garşylykly tarap bardyr" diýen Simawne kazysynyñ ogly Şeýh Bedreddin..
Ol bu netijä ylym bilen tasawwufyñ eriş-argaç bolup geçen şol döwüre degişli çäkli ylmy maglumatlary öwrenmek arkaly ýetipdj. Onlarça ýyla çeken gözlegiñ, irginsiz okamagyñ we pikirlenmegiñ şular ýaly gysgaça mazmuny aslynda şeýhiñ näderejede çuñdugyny görkezmäge ýeterlik bolýar.
Hawa, Şeýh Bedreddin juda çuñ adam.
Ol Anadolufaky alymlaryñ barsyny görüp, öwrenip biljek zatlarynyñ barsyny öwrenipdir, Anadoludan Ierusalime geçip, ol ýerdäki "ylmy" özleşdirenden soñ Kaire çenli gidipdir...
Rowaýat edilmegine görä, Anadoludan Kaire, Töwrize çenli aralykdaky ähli alymlardan öwrene-öwrene kämilligiñ çür depesine çykan Şeýh Bedreddin bir gün Nil derýasynyñ boýunda oturyp, näçe wagt bäri añyny gorjalap duran çuññur oý-pikirlerine çümdi we birdenkä şonça ýylyñ dowamynda diş-dyrnak bolup ýazan we toplan kyrka golaý golýazma eserini Niliñ suwlaryna zyñyp goýberdi... Soñam Anadola gaýdyp geldi...
Äleme, älemi emele getiren "zerrejiklere", ýokdan bar bolşumyza göz ýetirmäge synanyşýan islendik adam ahyrsoñunda adamy we jemgyýeti añlamaga ymtylýar. Bu gutulgysyz şeýle.
Şeýh "Käbir adamlar biri-birilerine ybadat edýär ýa-da dirhemlere, dinarlara, pullara, iýip-içgä, öwgä we hondanbärsilige bilmezden ybadat edip, Hudaýa ybadat edýändirin öýdýärler" diýýärdi.
Ol başga gymmatlyklary, başga hakykaty öñe sürýärdi, munuñ oturdylan binýadyny pelsepewi-tasawwuf diýibem atlandyrsa bolar. Ol Teýmirleñ tarapyndan derbi-dagyn edilen, "Fetret döwrüne" giren Anadolyny, Rumelini paýu-pyýada aýlanyp, wagyz edýärdi. Börklüje Mustapa we Torlak Kemal bilenem şeýdip tanyşdy. Olatyñ ikisem edil Bedreddin ýaly hakykaty ýaýmaga başladylar...
Şu ýerde bir zady aýdyp geçsek gowy bor: Soltan Baýezit I-iñ ogullarynyñ arasyndaky tagt oñşuksyzlygy wagtynda Musa Çelebi Edirnede Şeýh Bedreddine goşunyñ kazysy, baş geñeşçi ýaly wezipeleri hödürläpfi.
Mämmet Çelebi ýañy 25 ýaşyndaky dogany Musa Çelebini öldürip, tagta geçenden soñ şeýhi Iznige sürgün etdi... Soñ zulma garşy gozgalañ turdy. Osmanlynyñ adamy "gul", patyşany bolsa ähli ýurduñ hojaýyny hasaplaýan düşünjesine garşy gozgalañ...

Börklüje Mustapa

Börklüje Mustapa şeýhiñ taglymaty bilen Garaburundan Aýdyna çenli aralykda ekin-tikiniñ, ýeriñ, suwuñ, dert-aladanyñ, ýagşynyñ-ýamanyñ, şatlygyñ, bagtlylygyñ deñ-derman paýlaşylýan umumy jemgyýetini döretmäge başlapdy.
Taryhda seýrek duş gelinen düzgün... "Gula gulluk edilmeýän", eksplutasiýanyñ ýok düzgüni... Osmanly salgyt, paç-hyraç tölemeýän beýle düzgüniñ ýaýramagyna ýol berip bilermidi? Hiç haçan!..
Dessine Börklüje Mustapanyñ üstüne goşun bölümleri ugrqdyldy. Börklüje gelen goşuny ýeñdigisaýy gozgalañyñ gerimi ulalýardy, Torlak Kemalam Manisada huruç eýleýärdi.
Şeýh Bedreddin bolsa häzirki Bolgariýanyñ çäklerinde galan Deliorman etrabynda ýaşaýan türkmenleri daşyna üýşürýärdi...
Osmanlynyñ rehim-şepagatsyz paşalary-da onuñ üstüne yzly-yzyna leşger çekdi durdy. Doñýürek ýanyçarlar garyp daýhanlary gyrybilşine gyrýardy. Halky gyrgyna bermek patyşalara hakmyş!
Bar ýazygy "gula gulluk etmekden boýun towlamak" bolan Börklüje Mustapanyñ ýoldaşlary soñuna çenli goranyp bilmedi. Müñlerçesi gylyçdan geçirildi. Börklüjäni Isa kimin haça çüýläp öldürdiler.
Torlak Kemal ýene bir salym gorandy, ýöne ne peýda. Ony hem ele salyp, dardan asdylar.

Torlak Kemal

Ahyrsoñy Şeýh Bedreddini-de Deliorman töwereginde ele saldylar. Sereze getirip, Mämmet Çelebiniñ gözüniñ alnynda ölüm jezasyny berdiler... 1924-nji ýyldaky ilat çalşygy wagtynda şeýhiñ süñklerini sink gutyda Stambula getirdiler. Ençeme ýyllap şol gutyda sakladylar.
Pelegiñ ajy öwrümine seretseñizläñ, soñra onuñ süñkleri 1961-nji ýylda Mämmet Çelebiniñ agtygy Mahmyt II-niñ kümmetiniñ howlusyna gömüldi! Nähili gynançly...
Şeýhiñ süñkleri üsti başagaçsyz ençeme ýyllap "atsyz mazar" bolup ýatdy.
Ahyrsoñy 1998-nji ýylda onuñ başyna bir mazar daşyny oturtdylar...

Şeýh Bedreddiniñ mazary

Öldürilen, ýatdan çykardylmaga synanyşylan Şeýh Bedreddin hijem ýatsan çykarylmady. Şu ýyrtda azatlyga we deñlige bolan azajyk umyt galan bolsa, munda onuñ paýy bimöçber uludyr.
Nazym şahyryñ ölmez-ýitmez poemasy "Şeýh Bedreddin dessany" onuñ adyny başga-başga belentliklere çykardy.
"Bulutsyzlyk Özlemi" onuñ ähli goşgy setirlerini seslendirdi: "Bedreddin"...
Nejat Ýawaşogullary we onuñ yzynda uly orkestr-hor ansambly.... Aýdyma geçirilen kitap arasyna salym berlip, şygyr görnüşinde hem okalýar. Kitaby Fyrat Tanyş seslendiripdir...

Bu albomyñ doly görnüşinde çykaryna kän wagt bäri garaşypdym, çünki Nejat abi her deñize gidenimizde onuñ bir bölegini diñledýärdi. Şu ýerde Nejat Ýawaşogullarynyñ ussat balykçydygyny, birinji gitarasyny lufar balygynyñ akymy wagtynda uniwersitetdäki okuwyny togtadyp, balyk tutup alandygyny aýdyp geçsem gowy bolar...
Soñ bir gün, belki-de söhbetdeşlik gurap, galan ýerini-de aýdyp bererin...

Nähili gowy tötänlik. Şol wagt "Hakykat" çeper filmi-de çykdy. Bu kinofilmi hemme "hakykaty" sygdyrmak mümkin däl, ýöne "Şeýh Bedreddini añlamaga giriş" hökmünde örän gowy düşürilen kinofilmdir.
Filmiñ režissýory we senarisini ýazan Hakan Alak, sýužeti Ali Şahiniñ galamyna degişli...
Şeýh Bedreddini Suawi, Börklüje Mustapany Bülent Emrah Parlak, Torlak Kemaly Saýgyn Soýsal janlandyrýar. Hemmesiniñ zähmetine berekella diýmepi.
Kinofilmde syýasat dünýäsi bilen birlikde köp sanly tanymal şahslar bar. Olaryñ kimdigini bilmek tomaşa etjeklere sýurpizimiz bolsun...

Aslynda bu hepde ykdysady krizisiñ içinde çamalagy çaşan ýurdumuzda bolup biläýjek üýtgeşmeler hakda ýazjakdym.
Menden aýyplaşmañ, bir albom bilen kinofilm hemme etsem-petsemimi üýtgetdi.
Hakykatda, kim bilýär, belkäm, häzirki gözgyny ýagdaýymyzdan çykmagyñ ýoly Bedreddiniñ pelsepesinde, Börklüjäniñ kerpijini goýup giden jemgyýetçilik gurluşynda we Torlak Kemalyñ boýunegmezek batyrgaýlygyndadyr.
Meñ pikirimçe, bu pikiriñ üstünde çynlakaý oýlanmak gerek...

Hakan GÜLSEWEN.
@gulsevenhakan

Çarşenbe, 10.11.2021 ý.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 126 | Добавил: Gökböri | Теги: Hakan Gülsewen | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]