18:09

Şeýle şahandaz iller bizde bar -2/ dowamy

ŞEÝLE ŞAHANDAZ ILLER BIZDE BAR!

■ Allanur Çaryýewiň döredijiligi hakda / makaladan bölek

…Pendi sährasy, Bathyz, ülpüldeşýän çigildemler, gözýetimde göze ilip, zym-zyýat bolýan keýik-gulanlar, dünýäniň tizligini piňine alman pyşdyldaýan parasatly pyşbaga, bu gözellikleri al howadan synlap uçýan bürgüt... Daň-säherde örüp, sähranyň derman otlaryny birgeňsi owaz bilen otlaýan goýun sürüsi, süriniň bir gyrasyndaky alaňda taýagyny egnine, iki elinem taýagyna atyp, hem sürini, hem dünýäni synlap, uzaklara seredip duran ýigit bolsa biziň tanyşmaly çopan-şahyrymyz Allanur Çaryýew. Ol özüni gurşaýan şu gözellikleri inçeden duýýar, bularyň barynyň Watan diýen bir beýik düşünjäniň parçalarydygyna ynanýar. Şonuň üçin onuň “Watan” sözüni bir gezek hem agzaman ýazan Watan hakyndaky şygry şeýle ynandyryjy:

Ejem janyň söýgüsi dek her säher,
Mähir bolup gözlerimde ereýäň.
Epen dyzym topragyňda ýer eder,
Nirä ýörsem, seň goýnuňda ýöreýän.

Hakyky söýgi gohçul bolmaly däl, ene ýeriň özi ýaly agras, bir uly yşkyň sessiz-üýnsüz älemi sazlaşykda aýlap durşy kimin, asylly, saldamly bolmaly. Adyny gaýtalap gygyrýanlygyň seniň söýgiňiň belent ýa çuňlugyny aňlatmaýar, gaýta munuň özi pöwhe ýaňlanýar. Nusgawy edebiýatda ene, aýal dogan baradaky goşgular seýrekdir, sebäbi erkek adamlar bu kalbyňa juda ýakyn ar-namys derejesinde görülýän mukaddeslikleri dile alyp ýörmäge-de ejap edipdirler. Käteler ýowuz daraýan parasatly sähranyň paýhasyny şygryna siňdiren Allanuruň goşgularynda-da ýagdaý şeýle.
Orta asyrlaryň belli bir döwründe şygryýet halkdan daşlaşdy, diňe belli bir gatlagyň wekilleriniň özara gyzyklanmasyna öwrüldi. Meňzeşlikere kowalaşyp, diňe şygryýet üçin şygyr döretmäge çalyşmak howpy ähli döwürlerde-de bar. Bu jadylanan halkadan çykmagyň ilkinji şerti öz ýürejigiňi söýlemekdir, gözüňiň görýän, ýüregiňiň uýýan, özüňe juda ýakyn, özüňi şeýle tolgundyrýan wakalary, hadysalary açmakdyr, şygryňy adamlaryň belli bir topary üçin däl-de, tutuş halk ýüzlenip, hut öz içki dünýäňi ýaýmak üçin ýazmakdyr. Ýüregiňi näçe çuň açdygyňça, okyja şonça ýakynlaşarsyň. Okyjy özüne göze görnüp duran peýdany getirmeýän şygyr setirlerini gözlerini ýadadyp, wagtyny sarp edip näme üçin okaýandyr öýdýärsiňiz?! Ol özüni gözleýär, öz aladalaryny, gaýgy-gussasyny seniň şygryň bilen egismek isleýär. Ikiňiziň-de adamdygyňyz sebäpli, ikiňizi hem şol bir meseleler tolgundyrýar. Diňe ýeri, wagty, töweregi başgadyr. Ýene-de, halkylyga, tebigylyga dolanmak, halky dilde geplemek, duýgularyňy umumy görnüşde däl-de, anyk adamyň dilinde açmak hem zerur.
Ýaş çopan ýigidimiz A.Çaryýew aýazly günde ýyljak peje aýagyny çoýup oturan, iki sany pälwan agasy bolan gyza şeýle maslahatlar berýär: içiň gyssa daýzaňyzyň lälik gyzyny çagyraý, sallançakda gözi ýumlup barýan “körpe hany” üwre (arasynda ýigit ýürejiginem açyp goýberýär: “Üwre şony, bolman durmaz saňa-da // Bahanamyz akja bäbek etseňem”), şony üwreseň, gelnejeňem razy bor, (ýene-de, şahyr bir täsin pelsepäni orta atyp goýberýär: “Sallançagy üwremekmiş ynsanyň // Edip biljek iň mukaddes azaby”)… Garaz, şeýle. Ýöne bulary nygtany bilen söýýän ýigdiň gursagyndaky howsala azalaýanok. Geläýmeli ahyry, bir wagtjagaz tapyp, sowuk günde gaýry bir işem ýok ahyr! Nädip gatyrganmajak:

Kitap oka, goşgy ýazyp bolmanda,
Ýürekdäki diýjeklerňi boşatgyn.
Daş çyksaňam, ýyly geýin, bolýamy?
Üşäýmegin, janjagazy “toşap” gyz.
(Seret bu gün…)

Sada, ýönekeý, owadan, her bir ýaş ýigitde gabat gelip biläýjek ýagdaý dälmi?!
Rim edebiýatynyň görnükli wekili Wergiliýniň “Çopan aýdymlary” atly ýygyndysy bar. And daglarynyň gözel tebigatynyň goýnunda görmegeý ýaş ýigit gyz hakynda aýdym aýdýar. Bakyp ýören mallary, dürli ot-çöpler, daragtlar, guşlar, jandarlar, akar çeşme ýigdekçäniň derdini paýlaşýar. Hemme zat şeýle bir janly, hereketde we täsirli. Biziň çopan ýigidimiziňem baş aladasy – gözel gyz. Ol hyýalynda gyzyň keşbini çekýär. Tebigatyň kanuny seni gürjümme şäherde öz günüňe goýýarmy, hut öz goýnunda erkiňe goýar ýaly?! Ýigidiň ýadyna hoşlaşyk pursatlary düşýär:

Duýup galdym bu dünýäniň darlygyn,
Haçan-da sen goýbereňde elimi.
(Sensizlik)

Diňe ýatlamalar bilen galaýmak juda kyn bu düňle çölde. Ýene-de, aragatnaşygyň başga serişdeleriniň işlemeýän ýerinde, nusgawy edebiýatymyzdaky ýaly, şemal kömege gelýär.

Uzaklardan sözleşeli ikimiz,
Şemallary çapar edip arada.
Ýöne bolsun gürrüñmiziñ ählisi,
Bir biregi bagyşlamak barada…
(Bagyşla)

Ýöne şu boýnyýogyn ýar bilen düşünişmek aňsat däl. Soňra telim gaýta dolanjagyňy bilseň-de, onsuz ýaşaýşyň ýoklugynyň hakykatdygyny aňsaň-da, üznüksiz näz-kereşmeler käte degnaňa degýär. Teý ahyr, Aşyk öz-özüni boýun edip, ýarsyz ýaşaýyş hakynda oýlanyp başlaýar:

Bagtym diýip begenemde,
Özge bolar deregiňde,
Dogulmandym geleniňde,
Gideniňde öler ýaly…
(Gyz haty)

Bu bir içi ýananyň gepi ýöne. Onsuz ýaşaýyş ýok.
Biz şu ýerde Allanuruň, onuň deň-duşlarynyň öz döredijiliginde türkmen tebigatyny, bizi gurşap alan dünýäni has içgin açmagyny arzuw edýäris. Söýgiňi, duýgyňy şu dünýäniň goýnunda açsaň, şygryň ynandyryjylygy artýar.
Ýaşlaryň döredijiliginde pelsepewi häsiýetiň ýüze çykmagy gowy ýagdaý. Pelsepe goşgularyňy, döredijiligiňi edebiýatyň taryhyna ýazmagyň esasy şertleriniň biri. Sebäbi pelsepe ähli ýaşaýşyň özenini öwrenmäge çalyşýar. Allanur Çaryýew özüniň bu durmuşdaky ornuny gözleýär. Adam bolup ýaşamakdaky iň kyn gözlegleriň biri bu. Özüni tapan älemi tapar. Okabilenini okan, öwrenibilenini öwrenen Ibn Sina şeý diýýär:

Gara ýerden asman jisimlerne çen,
Älemiň syrlarny bilebildim men.
Ýöne welin, bilýänmi men özümni,
Özümi hiç bilmeýänim bildim men.
Aşakdaky bent bolsa Allanuruň gözlegi:
Gowluk hakda tutarygy az bolan,
Ýamasy köp, ynsan diýen eşigmiň.
Gyryp ençe arzuwlarmyň ganatyn,
Göge bakyp ýerdeligme düşündim.

Käteler şahyry ýalňyzlyk basýar. Diňe şahyry däl, aslynda. Her bir adamy basýar ýalňyzlyk. Adam özüne şu uly dünýäde orun tapmaýar. Ylahdan gelen howsalamy bu?! Ýa bir jady-jögüleriň oýnumy?! Ýa-da, adamzadyň hut şu bolşuna ýeke-täkligi, elýeterinde, gözýeterinde, aňýeterinde başga bir özüne tutuşlygyna meňzeş birsäniň ýoklugy üçin şeýlemikä?!

…Nirä baksam mähir küýsän dideler
arzuwlarny gussalarna düşeýän.
Halys indi sowuklykdan ýadadym,
Halas ediň, men şeýlebir üşeýän.
(Sowuklyk)

Bu goşguda ýazgasty çagyryş bar: “Adamlar! Bir-birekden daşlaşmaň, bir-biregi söýüň, sowuklyk bizi dirilikde öldürer!”. Adamzat köp zatlar edindi, esasy zat bolsa ýatdan çykdy. Ýöne şol esasy zat – mähir bolmasa, bize adamzat diýip bolarmy?! Ýaradylyşymyz mähir bilendi, dowamatymyz-da mähre eýlenmelidi, ahyry! Bu goşgyny dolulygyna okanyňda, Mäne baba, Ýunus Emre, Nesimi, Pyragy… kimin pirlerimiziň ynsany söýmek baradaky pelsepeleri, “Tut, elimden, galdyr meni, // Köp aglatdyň, güldür meni” diýip, mähir küýsemeleri ýadyňa düşüp gidýär. Gahrymana duýgudaşlyk bildirip, ýüregiň gyýylýar. Diýmek, goşgy öz işine girişip başlady. Okyjy mähir paýlamana, mähir almana ymtylýar.
Wagt hem giňişlik düşünjeleriniň içinde ýaşaýarys. Olardan gaçyp gidere ýerimiz ýok. Bu hakykatyň şygyrlarda dürli palitrada şöhlelenmesi zerur.

…Sönüp gitdi perwananyñ oýny dek,
Ýalan dünýäñ ahmyrynda ga:lganym.
Sen beze bolmajak arzuwlarymy,
Menem seniň düýnleriñde aglaryn.
(Bagyşla)

Arzuwlar ertäňki, ahmyrlar düýnüňki. Arzuwlar-a bitmejekden bolsa-da, gowulykdan nyşan – olar ýaryňky bolsun, ahmyrlar agyr bolsa-da, goý, özümiňki bolsun, ýara derdim ýetmesin. Düýni, şu güni hem gelejegi arzuwlarydyr ahmyrlary bilen çugdamlan şu çylşyrymly bende şeýleräk düşünmegem bolar.
Guwanmaly ýeri ýaşlaryň arasynda bir edebi sreda döredi. Olar goşgulary alyşýarlar, pikirlerini aýdyşýarlar, zerur ýerinde batyrgaý jedelleşiberýärlerem. Bir döwürler G.Ezizow, H.Kulyýew, I.Nuryýew, A.Agabaýew ýaly şahyrlaryň durky bilen söz mülkünde ýaşaýşy ýaly. Şeýle döwürlerde diňe bir öňki şahyrlardan däl, eýsem, döwürdeş şahyrlardan täsirlenme ýaly ýadgdaýlar hem döreýär. Batyrgaý, dyzmaç, Amyderýa mysaly kenaryny üýtgediberýän şygyrlary bilen tanalyp, şygryýetde öz ýüzüni, öz sözüni aýdyp ýetişen S.Geldiýew bilen ýoluň gözleginde pelesaň kakýan A.Çaryýewiň goşgularynda aşakdaky ýaly çalymdaşlyk bar. Şahyrlaryň ikisi-de döwrüň, ylym-tehnikanyň täzeligini – el telefonlaryny duýgyny açmak üçin detal hökmünde ulanypdyrlar.

S.Geldiýew:
Aýt, hany,
Dogryňdan gel-de, aýt maňa,
Gussalarňy durmuş basyp, ýitmänkä.
– Näçe gezek meň belgime jaň edip,
Öçürip agladyň gudok gitmänkä?!

A.Çaryýew:
…Dogrusy, men hakda arzuwňy gizläp,
Senem öz göwnüňi aldamadyňmy.
Ýa-da soňky gezek jaňymy alman,
Gyzyl düwmä basyp aglamadyňmy?!

Goşgular ýigidi söýen, emma bir sebäp bilen arany kesmeli bolan gyz hakynda. Şu ýerde “bu ýagdaý edebi täsirlenmemi ýa-da öýkünme” diýen mesele örboýuna galýar. Edebi täsirlenme hemme döwürlerde, ähli ýerde bar. Edebi täsirlenme edebiýatyň ösmeginiň, kämilleşmeginiň bir şerti. Näçe özboluşlylyga ymtylsa-da, şahyr adamzat atly bitewi bir göwräniň bölegi. Türkmen edebiýatynyň taryhynda joşgunly bir edebi sredanyň dowam eden döwründe ýaşan Magtymguly Pyragyda akyldar şahyrlaryň köpüsinden täsirlenme bar. Akyldaryň özi hem “San bolsam” atly goşgusynda muny ykrar edýär. Ýokarda getirilen iki goşgynyň soňunda täze döwrüň önümi bolan, adamlara her bir pursatda bir-birege ýakyn durmaga ýardam edýän “ykjam telefon” detalynyň çalymdaş ulanylandygyna bakmazdan, hersi aýratyn bir pafosda ýazylan we her goşgy diňe özüne mahsus lezzeti berip bilýär. Eger döwürdeş şahyrlarda bir-birekden täsirlenme bar bolsa, munuň özi şol döwrüň şygryýetiniň belli bir derejä ýetendigini aňladýar.

Baýram AKATOW.

Категория: Edebi tankyt | Просмотров: 492 | Добавил: Нawеran | Теги: Baýram Akatow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Edebi tankyt bölümiň başga makalalary

Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]