18:24

Şeýle şahandaz iller bizde bar -4/ dowamy

ŞEÝLE ŞAHANDAZ ILLER BIZDE BAR!

■ Mätgurban Mätgurbanowyň hem-de Maksat Hudaýberdiýewiň döredijiligi hakda / makaladan bölek

Ähli türkmeniň, ak ýürekli adamzadyň ýoly ýurdumyzyň ýüregine – Aşyklaryň abadan şäherine baka! Günsaýyn özgerýän guw ýaly jowur ak şäher gözleriňi gamaşdyrýar, ykdysady, medeni durmuş gaýnap-joşýar… Paýtagtyň gözel goýnunda ýerleşen Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Sungat studiýasynda diňleýji talyp-şahyrlar Mätgurban Mätgurbanow bilen Maksat Hudaýberdiýew hem okaýar.
Ýaşlaryň kalby Watana bolan söýgüden doly. Bu söýgi endik edinilen gury owazlardan ybarat däl, kalplaryň çuňňurlygyndan çykýan duýgy. Bu Watany wasp edýän ýüzlerçe şygyrlaryň içinden diňe hakyky duýgularyňy sözläp saýlanyp bolar. M.Hudaýberdiýew saýlanmaga ymtylypdyr:

Ilki emedekläp, soñ aýak diräp,
Soñra ellerimiñ güýç alan ýeri.
Bedenime seniñ topruñ garyşan,
Nämäni söýeýin senden ileri?!
(M.Hudaýberdiýew,“Watan”)

M.Hudaýberdiýewiň goşgularynda duýgular şygryň kadalaryna, bogna, kapiýa, bende kynlyk bilen boýun egýärler. Şol bir wagtyň özünde goşgularda başdan-aýaga çen bir sazlaşyk-ritm saklanýar. Munuň özi goşgulara joşgunlylyk berýär. Edebiýaty öwreniş ylmynda türkmen şygryýetine ak goşgynyň günbatar edebiýatyndan aralaşandygy nygtalsa-da, hakykatda, bu galyp türkmen edebiýatyna gadymdan bäri mahsus. Iň aýdyň mysallaryň biri gadymy “Gorkut ata” eposydyr. Bu eposda awtoryň sözi hem, gahrymanlaryň gürleýşi-de, ak goşguda berlen. Aslynda, ak goşgy ynsanyň öňi böwetlenip goýlan, birdenem böwsülip gaýdan pynhan duýgularynyň hiç bir zada garamazdan, ýagty dünýä şaglap inmegidir. Bu adam ogly ýürek joşgunyna çydap bilmedik ýagdaýynda şeýle bolýar we bu ýerde galyp tutuşlygyna duýga hyzmat edýär. Zenanlaryň agy aýdymary şeýle görnüşiň aýdyň nusgasy. Şonuň üçin bu galyp türkmen goşgularynda örän tebigy ýaňlanýar. M.Hudaýberdiýewde şeýleräk pursatlar bar. Ýöne bu mysal getirjek goşgymyzda duýgular şeýle joşgunly açylsa-da, olary adaty dörtleme bentlerine öwürmek kyn däl:

…Gör-le, bu gijeleň, sowuk gijeleň
Gyzgyn pikirlerme ýugrulaýşyny,
Birmahalky, özüm ýaly, bigeleň,
Kemter oýlarymyň sowrulaýşyny,
Hem asmana siňen aşyk gözlermiň
Oýnaýşyny, misli mawy deňiz deý,
Gör-ä, häzir akyşyny sözlermiň,
Durlanarly däl bu başym henizler!
Gar deýin eredýär kalbyň doňlarnam
Tümlükdäki näzikligiň ýakymy,
Atmasyny kynlaşdyrýar daňlarňam
Uka giden duýgularmyň akymy.
Entek sowap ýetişmedik kofämiň
Şu pursatky tagamyny diýsene!
Kä üşeýär, käte gyzýar bu tenim,
Bu yşkmydyr?
Yşk bolmasa, eýse nä?
Eýse nä, gudratmy – gijäniň ýary –
Şo bir wagtda şo bir duýgy her agşam?
Hem-ä lezzet, hemem berýär azary,
Ýa-da bu ylhammy – ençe ýol aşan?
Megerem, şeýledir, wah, ýöne, arman,
Höwürdeş tutunyp, bolup janserek,
Ejemiň niýetlän körpeçesini.
Geçirdim duşumdan, duýmaga derek,
Şeýle pursatlaryň, gör, niçesini?!..
(M.Hudaýberdiýew “Pursat”)

Sekuntlar, pursatlar hakynda çuňňur oýlanmak zerur. Her sekundyň öz tagamy bar, her sekunt uly bir ykbaly çözüp bilýär. Ýokarky şygyrda M.Hudaýberdiýew bir pursaty janlandyryp, şol pursata özüniň iň esasy duýgularyny, aladalaryny siňdirmegi başarypdyr. Bu goşgyny bölüp okamak bolmaýar, ol bir demde okalmaly. Akyldaryň “Pursat! Saklan! Sen nähili ajaýyp!” diýşi ýaly, bu şypaly agşamyň pursatam özüniň ähli aladalary bilen bilelikde juda hoştap.
Ak goşgudaky ýaly joşgunly ritm M.Mätgurbanowyň aýdymçy Gözel Öwezowa tarapyndan “Türkmen owazy” teleýaýlymynda ýerine ýetirilen aýdymyndan täsirlenip ýazan goşgusynda-da bar:

Bir sen bilýäñ…
Aglaýanmy,
Ýaş aýlaman gözlerime.
Sen düşünýäñ meniñ heniz,
Aýdylmadyk sözlerime.
Ýüz ýerine ýara salnan,
Ýüregimiñ ahwalyn-da.
Hemaýata garaşanlam,
Peýdalanyp ahmalymdan.
Gidenini bir Sen bilýäñ.
Hem meniñ niçik galanmy.
Suwa dönen sabrymyñda,
Ýarysyn içip
galanny
Dökenimi bir sen bilýäñ.
Ökünenmi bir sen bilýäñ.

Bir sen çekýäñ,
Meniñ ýersiz,
Öýkelek hem hötjetligmi.
Ýöne senem eliñ salgap,
Belki, gülüp, belki, aglap,
Bir güni taşlap gidersiñ,
Bir men bilýän gitjekdigñi.

Şahyr söz bilen surat çekýär. Onuň suraty janly bolmaly. Her suratkeşiň diňe özüne mahsus bir ýolunyň bolşy ýaly, durmuşyň bir pursatyna aýratyn üns berşi ýaly, M.Hudaýberdiýew gijäniň, ýalňyzlygyň, ümsümligiň ruhuny kalplardaky howsalalara gaplap bermegi başarýar. Ine, şahyryň “gözelligiň efirini” janlandyryşy:

Ýene tukatlygyñ böwrüni diñläp,
Otagmyñ giñ açyk penjiresinden
Otyryn “derdimi” Aýa güjeñläp,
Goý, olaram biraz eljiresinler.
Çygly howa hoş ýakanok köñlüme,
Öl bolansoñ gözlerimiñ garasy.
Bikesi deý zeýrenip dur, gör, ýene,
Kireýine bolýan öýmüñ çyrasy.
..Uzaklara süýnüp giden nazarym,
Şäher içre eglener kän wagtlap,
Siñe diñläp Suhanberdiñ gazalyn
A:jap giden gök çaýdan kä owurtlap,
Tabyn edip pikirlermiñ mülküni
Şahyrlarça oýlamakçy bolýaryn,
Onda erkin ýatan ýaryñ zülpini
Oýlarymda oýnamakçy bolýaryn…
(M.Hudaýberdiýew “Gözelligiň efiri”)

M.Hudaýberdiýewiň beýleki goşgulary ýaly, bu goşgy hem şeýle bir täsirli metaforalara, deňeşdirmelere, meňzetmelere, janlandyrmalara baý: tukatlygyñ böwrüni diñlmek, “derdiňi” Aýa güjeñlemek, dertleriň biraz eljireýşi, gözleriň garasynyň öňdenem öldügi sebäpli çygly howanyň ýakmazlygy, kireýine bolunýan öýüň bikesi deý çyranyň zeýrenip durmagy, pikirleriñ mülküniň tabyn edilmegi, erkin ýatan ýaryñ zülpi… (Soňky erkin ýatan ýar “Yşk mülküniň şasy” Mollanepesi ýatlatdy).
Şahyryň dünýäsiniň baýlygyny, onuň köp meseleleri başdan geçirendigini, durmuş mekdebinde gaýnandygyny ýa-da gaýnap ýörendigini bilmek üçin anyk bir temadan ýazan goşgusyny okamak hökman däl. Aýdalyň, onuň maddy hal-ýagdaýy, durmuşy temadan gürrüň gozgap bilşi yşk-söýgi temasyndan ýazan goşgularynda ýa-da pelsepewi häsiýete eýe bolan goşgularynda ýüze çykyp biler. Asyl, şeýle-de bolmaly. Hiç bir zadyň özbaşdaklykda dowam edip bilmeýşi ýaly, bir temadan ýazylan goşgularda dürli temalaryň bildirgisiz öz ýüzüni görkezmegi şahyryň dünýäsiniň nähili derejede baýdygyny aňladýar.

Ýagyş siñmän galan inçe ýodadan –
Sabyr diläp teýi ýuka köwşüme,
Barýaryn men yhlasymy ýadadan
Basyp ýeriñ gamdan doly göwsüne.
Ne bir yş bar,
Ne bir yşk bar bu gije,
Aýdymlaram mazasyny ýitiren.
(M.Hudaýberdiýew “Ahwal”)

Teýi ýuka köwşi, ýeriň gamdan doly göwsi, yşsyz, yşksyz, mazasyz gije şahyryň kalbynda bir täsin howsalany, umytsyzlygy oýarýar. Biz – okyjylar liriki gahrymanyň ne dertlere uçrandygyny bilmeýäris. Asla, muny bilmek şeýle bir zeruram däl. Ýöne başga bir zat anyk belli: şeýleräk pursatlar bir aladaly, ýalňyzlyk basmarlan, dartgynlylygyň arasynda galan döwrümizde bizde – okyjylarda-da bolupdy. Ýaşaýşyň mazasy gaçypdy. Şahyryň ahwaly – okyjynyň ahwaly. Ýöne munuň özi – ýagny, owadan gussa çekmek asla ruhdan düşmek däl, beýle nepis gussalarda gelejege bolan badalga bar. Gomlaryň juda pese düşensoň tam ýaly beýikliklere galkynyşy kimin.
Bu dünýä akyl ýetirip başlan ýaş ýigit dünýäniň aladalaryna, gowgalaryna haýran galýar. Onuň ulularyň dünýäsine aralaşasy gelýär. Ýöne ulularyň dünýsiniň onsuzam aladasy ýetik, gujak açyp garşylaýan ýok. G.Ezizowyň ulularyň dünýäsiniň gapysyny kakýan “Ýetginjegi” “Näme üçin meni goýberenoklar?” diýip serim-sal bolmaýarmy näme? Birwagtky gowgasyz, aladasyz çagalyk nähili hezil ekeni?! Ah, bigam çagalyk, başyňy sypalaýan hüwdüler, haýyr ýeňýän ertekiler… Indi bolsa sowuk ýeller penjeleýär, seni söýjek, aýajak adam seýrek, şol birwagtky ýalan ertekiler uly durmuşyň çynlaryndan has mährem…

On sekiziñ sowuk ýelem aýazly,
Ýeñil sere höküm edýär penjeläp.
Tapylsa-da, munda maña “hä” diýjek,
Hiç kim meni söýüp bilmez sençeräk.

A:lda birmahalky çagajyk ýaly,
Ertekiñ melekdir, jynlary bilen.
Diñlejek ol süýji ýalanlaryñy,
Çalyşma:n bu dünýäñ çynlary bilen.
(M.Hudaýberdiýew “Seret, eje…”)

Her hal her çaganyň gursagyna ezelden hem ozaldan romantikanyň, owadan arzuwlaryň çölüň göwsündäki gaz känlerinden hem köp gory guýulýar. Ömür ötdügiçe, ol arzuwlaryň gory her kimde dürli derejede azalýar. Bu gor adamyň ýaşlyk ömrüni uzaldýar. Näçe uzaga gitdigiçe, şonça öz eýesini owadan görkezýär. Her bir arzuw diňe ýetiläýinçä, öz eýesiniň ganatydyr. Uly, owadan hem ýagşy pälleri, närseleri arzuw etmek gerek. Häzirlikçe, ýürejigini sözläp, ilkinji zerurlyklary – öýjagaz hem ulagjyk edinmekligi arzuw edýän liriki gahryman diňe şular bilen çäklenmäýedir:

Hem arzuw ederin: Yşk meýin içip –
Bagtyñ jalasyna ezilmekligi,
Ak şäheriñ bir ujundan kiçijik
Öýjagaz hem ulag edinmekligi.
(M.Hudaýberdiýew “Duýgy”)

Şeýle goşgulary ýaş aýratynlyklaryny talyplara öwredýän pedagoglar, psihologlar peýdalansa, okuw-terbiýeçilik işiniň bähbidine bolardy. M.Mätgurbanowyň “Ötäünç” atly goşgusyny hem şeýle goşgularyň hatarynda goýmak bolar. Mähriban höwürtgesinden – obasyndan uçurym bolup uçan ýaş ýigit uzak ýerlere, entek özi üçin näbelli hem garaňky ýerlere “ham hyýallaň söbügini sydyrdyp” ugraýar. Başda niçe gowga bar: ertirim neneň bolar, tutan maksadymdan myrat taparynmy, yzda goýup gaýdan mähribanlarym neneňkä, ol mähribanlarymyň özüme bolan ynamyny ödäp bilermikäm?…

Ham hyýallañ söbügini sydyrdyp,
Däde, sizi taşlap gidýän ençe gün.
Mellekdäki ownuk-uşak hysyrdyñ,
Bilýän, bir özüñe ýokuş degjegin,
Goýbermeli däldik diýip igener,
Ejem çaý başynda, her gün azanda.
Wah, nätjek, Ene-dä göresi geler,
Hem bildirmän aglar çörek gazanda.

Belki, başarmaryn şahyr bolup-da,
Mümkin ylhamymam juda ir sowlar,
Başym ýaşlyk edip, bela ýoluksa,
Ynamyn puç etsem Mätgurbanowlañ.
(M.Mätgurbanow “Ötünç”)

Çörek gazan wagty töweregine bildirmän aglaýan asylly enäniň keşbi hakydalarda galar, elbetde.
Maksadyň goşgularyna mahsus ýagdaýlaryň biri örän uzak bolsa-da, setirlerden setire, hatda bentlerden bende geçip gidiberse-de, ýadatmaýan, täsiri peselmeýän, seni barha öz ahwalyna tarap alyp gidýän şahyrana sintaksisiň bolmagydyr. Aslynda, şahyrana sintaksis her bir şahyryň iň bir üns bermeli ýagdaýlarynyň biri. Pikirleriň juda sada hem gönümel gurluşda, tertipde beýan edilmegi şygryň akgynlylygyna, owazlylygyna, aňlara ýetişine oňyn täsir edip bilmez. Baş hem aýyklaýjy agzalaryň şahyrana inwersiýasy awtoryň ussatlygyny talap edýär. Sebäbi diňe bir şahyrana dilde däl, eýsem, janly gepleşikde-de adamlar dogry gepleşik stilinde gürlemeýärler. Aşakdaky mysalda bir sözlem bar. Sözlem näçe uzak-da bolsa, başdan aýaga çenli logiki yzygiderlilik sypdyrylmandyr:

Bu ahwala artyk taryp gerek däl –
“Bu gün gijäñ gözelligne göz degen!”
Diýmek, onda möwç urup päk, sadalyk
Howasyna garylyp gyş paslynyñ,
Dar gursagy gabanmakdan o:t alyp,
Ýary gije ölläp gury ýassygyn,
Çekip ýene ýok zatlaryñ azaryn,
Gümanlar köşgüne saçyp nur, ýalkym
Ryswa edip hak yşkymyñ azabyn,
Aglapdyr bagtym…
(M.Hudaýberdiýew “Ahwal”)

Käbir söz düzümleriniň ulanylyşy pikirlendirýär. Aşakdaky mysalda “çal gara ýorgan” we “gara iller” söz düzümleri degişli manyny berip bilermikä?

…Ýat şäher çal gara ýorganyn orap,
Siñeninde gursagyna iñrigiñ,
Gara iller ümsümlikde meýmiräp,
Irkilende süýji düýşe imrinip,
(M.Hudaýberdiýew).

Gara reňk şol bir wagtyň özünde çal bolup bilermi?! Belki, ikinji söz düzüminde awtor “gara” sözüniň gadymy uly hem beýik manysyny ulanjak bolandyr. Hakykatdan-da, “gara” sözi gara öý, gara dogan, gara deňiz söz düzümlerinde reňk manysynda däl-de, uly manysynda gelýär. Ýöne okyjylar köpçüligine nätanyş sözleri juda seresap hem ýerlikli ulanmak zerur.
Şahyra okumyşlyk zerur. Aýratynam, ýaş şahyrlara. Onuň ylym-bilimi, dünýägaraýşy baý boldugyça, goşgularyň tematiki hem ideýa örüsi has giňäp gider. Ýaşlarda öz dünýägaraýşyny giňeltmek baradaky höwes biçak uly.

Maýyl bolup mukamyna Mosartyñ,
Garşy alar, bilýän ýaly geljegmi,
Tanyş ýodalary “Graždan Şorsuñ”.
(M.Hudaýberdiýew)

Ýöne ýene-de, söz düzümleri bilen bagly bolşy ýaly, ylymly-bilimli görünmek üçin däl-de, hut şeýle bolandygyň üçin bu uly manylary aňladýan sözler ulanylsa, olar goşgularda has tebigy ýaňlanýar.
M.Hudaýberdiýewiň Watana bagyşlanan goşgusynda G.Ezizowdan çeper täsirlenme bar. Munuň özi gönümel täsirlenme bolman, birwagt kalbyňa siňen bir ýakymly aýdymyň özboluşly owaz bolup, täzeden ýaňlanmasy bolup biler.

Baky uka gitsem bir gazaply gyş,
Seň goýnuňda ýatmak miýesser etsin.
(G.Ezizow “Topragym”)

Del topraga dözmen şirin janymy,
Ýitsemem, bir señ goýnuñda ýiterin.
(M.Hudaýberdiýew “Watan”)

Ýöne bu bir gaýtalama ýa öýkünme däl-de, çeper täsirlenme we M.Hudaýberdiýewiň liriki gahrymany Watanyň goýnunda entek-entekler ýaşamak, döretmek, gurmak isleýär.

Häzirlikçe bolsa, müñ azap ýuwdup,
Sebäp gözlemerin gama batmaga.
Çünki seniñ şu mukaddes goýnuñda
Ýaşap ýörmekligem uly bagt maña.
(M.Hudaýberdiýew “Watan”)

Eger pikir şol durşuna gaýtalanman, ösdürilýän bolsa, munuň özi çeper täsirlenmedir. Adamzadyň bitewi bir göwredigine görä, umumadamzat hakydasynyň ýaşaýandygyna görä, çeper täsirlenmä düşmedik ýekeje şahsyýetiň hem ýokdugy baradaky pikiri ylmy kesgitleme hökmünde emgenmän nygtap bileris. Dünýäde şygryýetiň atasy hasaplanýan Gomeriň eserlerinden öň hem “Iliada” we “Odisseýa” eserleriniň sýužeti baradaky şygyr eserleri, rowaýatlar, aýdymlar bar ekeni. Şygryýetiň atasynyň uly hyzmaty bulary bir ýere jemläp, bitewi bir poema görnüşine salanlygyndan ybarat. Pars-täjik şygryýetiniň Adam atasy hasaplanýan Rudaky özünden öňki ençeme şahyrlardan täsirlenipdir.
Şahyr kalbyny açmaly. Ol “soňkulara ýadygär goýmak üçin, köňle gelenini taraşlap şaglatmasa” (Magtymguly), “adamzatdan ýüz görmän, ýagşa ýagşy, ýamana ýaman diýmese” (Kemine), bagtyýar bolup bilmez. Ýaş şahyr M.Hudaýberdiýewiň ejesine ýüzlenip ýazan goşgusynda (umuman, ejä ýüzlenilip ýazylan goşgular Maksatda kän) onuň öz ykbalyny – gelejegini näme bilen baglaýandygy anyk nygtalypdyr. Ömür hemme närselerden öň ýaradylan Galama bagly:

Goý, bolsam bolaýyn razy men,
biri
Ýeke söz üstünde akly azanyñ.
Dertlem bolsam, barkam aýatda diri –
Men ÿazaryn,
men ýazaryn.
ÝAZARYN.
(M.Hudaýberdiýew “Ejeme”)

“Zehin eneden” diýlişi ýaly, şahyryň öz döredijilik ömrüniň patasyny enesine ýüzlenip almagynda-da many bar.
Watan hakynda öz sözüni aýtmaga ymtylýan ýaşlarymyzyň biri M.Mätgurbanowyň Watana bolan söýgüsi juda aňyrdan gaýdýar. Ine, şu “juda aňyrdanlygy” ilden başgaçarak edip aýdaýmakda iş bar. M.Mätgurbanowyň goşgusynda çuňlukdan gaýdan ýyllaryň ýeli ýolunardan has berk, gahrymanynyň ýaýlalara ýaýylyp ýatan köki bar, ata-babalary hökümdar bolmasa-da, sähralar oňa miras galypdyr, şahyr Watany başa täç ederden özüni kiçi saýýar, şonda-da, başardygyndan ata-Watanyň adyny wasp edip gitmekçi… Bu pikirleriň şahyrana ýaňlanyşy has täsirli:

Has çuñlukda ýyllañ ýeli ýolardan,
Ýaýlalarña ýaýlyp ýatan köküm bar.
Bu sähralar miras maña olardan,
Atam, kakam bolmasa-da hökümdar.

Seni täç ederden, kiçidir serim.
Beýik sen, men ýalyñ beýgelderinden
Her niçik, adyñy ýazyp giderin,
Öz elimiñ yetip bilen ýerinden.
(M.Mätgurbanow “Watan”)

Şu ýerde getirilen ikinji bentdäki “men ýalyň” söz düzümi durşuna asylly hem owadan ýaňlanýan goşguda ýakymsyz täsir galdyrýar. Şahyr goşgularynda ozaly bilen halky gepleşikden ugur alsa gowy. Halk arasynda bolsa “sen ýaly”, “men ýaly” söz düzümleri ynsan mertebesini birneme kemeltmek üçin ulanylýar. Mysal üçin: “Sen ýalyňam bir gepi bormy”, “Men ýaly ygyp ýören kändir-le dünýede”… Öz mertebäňi kemsitmeklik, edil öz-özüňi hondanbärsi tutmaklyk bilen deň derejede ýakymsyz we bu ýagdaý ezelde başyna täç geýdirilen ynsanyň kiçigöwünliligini asla aňlatmaýar. Aýratynam, şahyryň howalasy belent bolmaly.
A.Çaryýewiň goşgulary babatynda nygtaýşymyz ýaly, häzirki ýaşlaryň döredijiliginde G.Ezizowyň egindeşleriniň, döwürdeşleriniň özboluşly tagamy duýulýar. Şol döwrüň batyrgaý şygyr gahrymany, günbatar hem gündogar şygryýeti bilen türkmen nusgawy edebiýatynyň sintezinden dörän täsirli täze bir ýörelgeler, täze gahrymanlaryň, täze galyplaryň dyngysyz gözlegi, öz şygyrlaryňyň ile gerekligine bolan ynam, nämedir bir zatlary miras goýmaga bolan isleg, özüňi başybitin şygryýetiň mülküne bagş etmek, şygryýete ömrüň manysy hökmünde seretmek… Garaz, çalymdaşlyklar gaty kän we biz – okyjylar, şol döwürde bolşy ýaly, täze bir Söze garaşmaga hakly.
Eýýäm il içinde adygan şahyr ýigidimiz S.Geldiýew “Men bir täze tolkun” diýip nygtaýar. Ýöne tolkun ýeke-täk bolup bilmeýär, oňa bat beren we ondan bat alan tolkunlar bolýar hökman. Şolarsyz tolkunyň tolkun hökmündäki manysy ýitýär. Şeýle-de bolsa, tolkunlaryň arasyndaky oýtaklara, has ýamany, deňziň tutuş dym-dyrs döwrüne gabat gelmeýändigiňiň özi uly bagt. Ýaşlarymyzyň gomlara öwrülmäge ymtylýan täze Sözünde hut ýatlan döwrümizdäki uly gomlaryň täsiri duýulýar. Öz dostlaryna ýüzlenip, “Şatlygymyz, hasratymyz bir biziñ” diýip nygtaýan M.Mätgurbanowda-da G.Ezizowa juda çalymdaşlyk bar. Şahyr durmuşy otla meňzedýär, döredijilik dostlary bolsa petegi bir kupeden düşen hamrahlar. Hemme zat gowulyk ýalam welin, bu otludan her kimiň dürli ýerde, dürli wagtda düşüp galmalydygy, düşmeli wagtyň we ýeriň hem näbellidigi ýüregiňi gyýýar:

Şatlygymyz, hasratymyz bir biziñ,
Göwre başga, ýüregimiz bitewi.
Hemmämize şol bir ýerden düşüpdir,
Durmuş atly uzyn otlyñ petegi.

Ýöne kalby dilip geçýär bir zatlar,
(Ýaman zady oýlamalam däl weli)
Biz hemmämiz bile mündük bu otla,
Gün gelip, bir-birden düşüp galmaly.
(M.Mätgurbanow “Dostlaryma”)

Magtymguly Pyragynyň dünýäsi türkmen halkynyň dünýäsi bilen şeýle bir bitewileşen welin, indi käbir parasatly sözleriň, nakyllaryň, durnukly söz düzümleriniň, ganatly sözleriň aslynda halk döredijiliginden Magtymgula geçedigini, ýa-da, tersine, Magtymguludan halk döredijiligine geçendigini anyklaýmak kyn, hatda mümkinem däl. Goşgularyň halk arasynda tanalmagy üçin halk döredijilik eserleri bilen, umuman, halk bilen ýakyn bolmaklyk ilkinji şertleriň biri bolsa gerek. Ine, halk döredijiliginde “Hatarda ner bolsa ýük ýerde galmaz” diýen parasatly pikir bar. Entek durmuşda ýolunda öz ornuny gözläp ýören M.Mätgurbanow bu parasaty şeýle işläpdir:

Gujagyñda guzyñ bolup ýataryn,
Haýyş, erkeleme “Inerim” diýip.
Saña söz bermäýin, tutuş hataryñ,
Ýükün ýerde goýman bilerin diýip.
(M.Mätgurbanow “Ejeme”)

Öýlenmek, maşgala bolmak, ynsan neslini dowam etdirmek ynsanyň iň uly parzlarynyň biri. Magtymguly öýli-işikli bolmagyň aladalaryny birme-bir sanap geçenden soň, goşgyny “Pygamber sünnetin berjaý // Kylaýyn diýseň öýlengin” diýip jemleýär. Biziň gürrüňini eden şahyrlarymyzyň köpüsiniň öňünde şu mesele keserip dur. Hut özüňi gönüden göni tolgundyrýan mesele hakynda ýazanyňda, has täsirli bolýandygyny aňýan şahyrlarymyz bu meseleden sowlup geçmändirler.
Şahyr M.Mätgurbanowyň gahrymany hem özüne bir mynasyp taý gözleýär. Ýöne döredijilik adamsynyň göwni näzik hem ynjyk bolýar, dutaryň tary ýaly. Göwün gözlegiň gabat gelmese, öz dünýäňem dürli duýgulardan ýaňa, Lermontowyň ýalňyz ýelkeni ýaly, gaý-tupanda alakjaýan bolsa, bu ýagdaýlary agtyk küýseýän ejeňe nähili düşündirjek:

Sessiz turup gitsem, soñun diñlemän,
Ýognandyr öýtmegin ogluñ ýeñsesi.
Käbäm!
Meñ kakama meñzasim gelýär,
Hany nirden tapjak saña meñzeşi.
M.Mätgurbanow

Ene-atasy – gahrymanyň idealy. Onuň gelejekki ykbalynda kakasy ýaly bolasy, ykbaldaşynda ejesini göresi gelýär.
Birine ömürlik ýoldaş bolmak üçin ilki özüňi tanamaly. Öz dünýäsine düşünýän bolsa, gelejegini aýdyň görmegi, anyk meýilleşdirmegi başarýan bolsa, Mätgurbanow şahyr boljakmy?! Umuman, öz-özüňe tankydy göz bilen garamak, öz akyl-paýhasyndan, görk-görmeginden nägile bolmak uly durmuşyň bir gyrasyndan ýaňy äden ýaşlaryň köpüsine mahsus we munuň özi diňe bir özüňe kembaha garamakdan däl-de, özüňi çagalyk arzuwlaryňdaky ýaly kämil duýmak islegi sebäpli şeýle bolýar. Her hal uly ile hödür edýän goşgularyňda özüň hakynda çürt-kesik pikiri aýdaýmak aňsat däl. Eger şahyr iliň öňünde öz kemçiligini boýun alýan bolsa, bütin durky bilen özlügini açýan bolsa, bu onuň kämillige tarap, halk bilen iç döküşmäge tarap äden uly ädimidir. Bu diňe bir ýaşlygyň ýelgini däl. Diňe beýikler özlerini ýigrenip bilýär, has dogrusy öz kemçiliklerini ýazgaryp bilýänlerden, öz üstünden gülüp bilýänlerden beýik şahsyýetler döreýär:

Ýassykdaş däl, ýürekdeş meñ geregim,
Tapmankam “öýlen” diýp igenmäñ, eje.
Meni her kim söýüp bilmez bir ömür,
Özümi özümem ýigrenýän, eje.
(M.Mätgurbanow)

Käte bolsa käbir awtorlar özüni, ömrüni, dogan-garyndaşyny owadanlap görkezmek isleýär. Käbir goşgularda bu pikir başga bir temalardan gürrüň edilende ýüze çykyp durýar. Men-menlik, öwünjeňlik edýänler, şöhrata, at-owaza kowalaşýanlar bilen özüne dogry baha berip, tankydy göz bilen garap bilýänleriň diňe ikinjisi şahyrdyr.
Yşkyň gory tükeniksiz, ol asla egsilmeýär. Dünýäde bir-birine meňzeş ýekeje adamyň ýoklugy ýaly, her kimsäniň yşkam özboluşly. Hasapsyz gezek gürrüňi edilse-de, bu mesele okyjyny ýadatmaýar. Bu temadan ýazsaň, ýüregiňi açsaň, okyjylaryň arasyndan hökman ýürekdeş tapynarsyň. Ine, M.Mätgurbanow (şahyryň hut öz kalbyny açýan goşgularyndaky “mene” liriki gahryman diýen bolmak dogrumyka?!) söýginiň hatyrasyna özi bilen bir ýola gelmedik gyzyň bagtly bolmagyny dileýär, oňa şeýle bolmagyň ýollaryny öwredýär: Sen “has gowy ýigit gabat geler” diýip göwünlik berýän joraňa ynan:

Sen joraña ynan,
“Entek öñüñden
has gowsy çykar” diýp, göwnüñ göterse.

Bent awtoryň öz-özüne eden remarkasy bilen dowam edipdir:

(Adam bagtsyz bolýar, iñ gowy günleñ
Geçip gidenine akyl ýetirse…)

Täsirli dälmi?! Sen meniň bilen bagtlydyň, ýöne gelejekde bagtly bolmagyň üçin menli günleriň geçenine akyl ýetirmäweri. Awtoryň beýleki goşgularynda ýaly, bu goşgynyň hem tutuş dowamynda awtoryň hörpi (diňe şahsyýetlere mahus özboluşly hem belent aýratynlyklaryň jemini aňladýan “pafos” sözüni türkmençe “hörp” sözi bilen aňlatmak dogry bolsa gerek) peselmeýär:

Ýazgyt meñzeş daşa,
ýuwup gözýaşa,
Pozup bolmaz oña ýazlan ykbaly.
Ýa sen men ýanyñda bar ýaly ýaşa.
Ýa…
ýaşa hiç haçan bolmadyk ýaly!..
(M.Mätgurbanow “Soňky söz”)

M.Mätgurbanowyň liriki gahrymanynyň gyz bilen gatnaşygy çylşyrymly bolsa-da, şygyr bilen bagry badaşan. Ol gelejegini şonsuz göz öňüne getirip hem bilmeýär we munuň özi onuň başga temalardan, hut söýgi temasyndan ýazan goşgularynda-da ýüze çykyp dur.
Durmuş hakykatyny obrazly, göçme manyda aýdyp bilmek şygryýetiň iň bir täsirli taraplarynyň biri. Şahyr ynsan, halk, jemgyýet bilen bagly dürli meseleleri, kemçilikleri, kynçylyklary göçme manyly hadysalar, wakalar bilen açanda hem gyzykly, hem täsirli bolýar. Durmuşda gabat gelýän onlarça şeýle pursatlar umumylaşdyrylýar:

Gür baglykda gyzan bazar sabapdyr,
Bütin barlyk ümsüm indi lal ýaly.
Durna gitse gamlanmaga sebäpdir,
Begendirmez gargalaryñ ga:lýany.
(M.Mätgurbanow “Güýz duýgulary”)

Makalanyň soňunda ýaşlaryň döredijiliginiň käbir aýratynlyklaryny nygtamak zerur. Ine, olaryň täsirli deňeşdirmelerinden mysallar:

Ykbal şäher içi awtobus däldir,
Bir gitsem yzyma getirmez meni.
(M.Mätgurbanow “Hoşlaşyk”)

(M.Mätgurbanow N.Rejepowyň “Durmuş Nobatguly däldir ezizim” diýen setirlerini şu goşgy üçin öňýazgy alypdyr)

Asmana atygsap ganaty gyrlan,
çaga guşuň armany dek arzuwym.
(A.Çaryýew, “Säwlik”)

Durmuşy başyma geýen dek çöwre…
M.Hudaýberdiýew

A sen bolsa, meñ halymdan bihabar
Bir goşga öwrülip ýatansyñ, dünýâm…
Ne birden batlandy bu ýürek-damar,
Nurly Güne meñzäp – oýandyñ öýdýân?!
(M.Hudaýberdiýew “Duýgy”)

Ýaşlar bogun sanyna üns bermeli. A.Çaryýewiň aşakdaky goşgusynda 7 hem 8 bogunly setirler garyşypdyr:

Üzülipdir, düwün ýok,
Arzyma kän, sözüm ýok,
Saňa dözüp bilemok,
Sen ýalançy diýer ýaly.

Indi haýp “günäm geç”-iň,
Uzaklarda galdy göçüň,
Meň ýüregim seniň üçin,
Duralga däl geler ýaly.
(A.Çaryýew, “Gyz haty”)

Şahyryň baýlygy – söz. Halkyň söz baýlygyndan peýdalanyp, ýöne örän ýerlikli hem inçeden çemeleşip, söz goruňy artdyrmak zerur. Şu çerde ýaş şahyrlaryň ýerlikli ulanan sözlerinden birniçe mysal getirýäris:

Göz ýaşlamdan ýeñil geler barlygyñ,
Mizan goýup özüñ bilen deñeseň.
(A.Çaryýew “Gyz ahmyry”)

Aýralygy gowa ýorup bilmedim,
Näçe ýan bersem-de optimizme.
(A.Emelowa)

Şeýdip, ömri ortaladyk çak bilen,
Sen meň üçin eýelenen post ýaly.
(M.Gurbanow)

Berkaralyk döwrüniň ýaş şahyrlary bir-birek bilen ýakyn gatnaşykda. Olar – döwletimiziň dürli künjeklerinden bolan ýaşlar bir-birek bilen goşgulary paýlaşýarlar, goşgularyň hili barada gyzgyn jedeller edilýär. Munuň özi poeziýanyň gaýnap, datly hörek bolup ile ýaýylmagy üçin bir gyzgyn gazandyr. Bir şahyryň döredijiligi barada näçe köp pikirler, bellikler aýdylsa, şol şahyryň kämilleşmegi üçin şonça gowy. Guwanmaly ýeri, bu ýaşlar bellikler, teklipler üçin açyk, olary derman ýaly kabul edýärler. Munuň özi olaryň kämillik ýolundadygyny aňladýar. Bu ýagdaýyň ömürboýy şeýle dowam etmegini arzuw edýäris. Sebäbi kämilligiň çägi ýok. “Men kämilligiň aňrybaşyna çykdym” diýýän nokady, “Meniň şygyrlarym bellik aýdardan ýokarda” diýen güni şahyryň döredijilik ömrüniň patasydyr.
Umuman, şahyr üç heserlenmäniň täsiri bilen şygyr döredýär.

Birinji heserlenme: şahyryň hut öz başyndan geçiren wakalarynyň, özi, öýi, maşagalasy, ýary bilen bagly ýagdaýlaryň täsiri bilen dörän goşgular. Ýaşlaryň agramly bölegi hut şuňa daýanyp ýazýar we bu ilkibaşda şeýlerägem bolmaly. Ömürboýy diňe şu birinji heserlenmäniň täsirleri bilen goşgy ýazanlary diňe ýakyn adamlary, golaý-goltumlary tanar.

Ikinji heserlenme: özüniň däl-de, başgalaryň durmuşynyň, kynçylyklarynyň, söýgüsiniň, aladalarynyň täsiri bilen döredilen goşgular. Diňe şu ikinji heserlenmäniň täsirleri bilen ýazan şahyrlary döwürdeşleri tanar.

Üçünji heserlenme: halkyň, il-günüň, jemgyýetiň, dünýäniň, älemiň, ikinji dünýäniň aladalary bilen dörän goşgular. Üçünji heserlenme bilen ýazylan goşgularyň awtorynyň ady taryha ýazylar.
Ikinji heserlenme birinjini, üçünji birinjini hem ikinjini özünde aňlatmaga ukyply. Ýaşlaryň ýüregindäki uçgunyň köräp-köräp üçünji heserlenmä ulaşyp gitmegini arzuw edýäris.

Baýram AKATOW.

Категория: Edebi tankyt | Просмотров: 558 | Добавил: Нawеran | Теги: Baýram Akatow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Edebi tankyt bölümiň başga makalalary

Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]