SIMPOZIUM
Diňleýjileriň güýçli bolsa aljyradybam biler. Okaýan nutugyň zeruryýeti, olaryň gözlerini giňden açyp gulak salar ýaly eder. Gözleri seniň bolşuňda; ýalňyş gözleýän ökdeler bar bolsa, hezil edinjekler. Häzirki bar gyzgalaňlygy bilen dowam edip duran simpoziumyň diňleýjileri juda agras. Aşa. Sebäbi maslahaty gidýän tema şuny talap edýär: ilki bilen resmi egin-eşik, agyr ýüz, uly üns, iň esasysam, edilýän gürrüňden habarly bolmaly. “Maliýe we ykdysadyýetiň global finans gatnaşyklarynda maýa goýuma täsiri”. Çykyş etjekler, özlerine dikilen nazarlardan näçe çekinselerem, aljyraňňylygy gaşlarynyň arasynda bukýardy.
Diňleýänleri sanamadym, 40-50 akylly baş bar, belki 60 bolmagam ähtimal. Bulary 10-15 sany daşary ýurtlular halas edýär. Sebäbi olar gaty ökde hünärmen. Başga-da, ençeme saçlary eginlerine ýetip duran gaşy çytyk zenanlaram bar. Ýüzlerinde näziklikden galan soňky uçgunjyklar üns berip durmasaň, gözüňe ilmeýärem. Erkekler bolsa, diňe salamdan başga ýumşak sözleri aýdyp görmedik. Gözlerini petredişip otyrlar.
Üçünji bolup çykyş etmäge Nazar mikrofona çagyryldy. Ýok, Nazar Atageldiýewiç Agaýew. Gözüni çykararys. Gür sesli kyrkyna ýakyn ýigit nutugyny okap ugrady:
“Finans jogapkärleri tarapyndan gelnen we iň möhüm netijeleriň başynda gelýän maýa goýum mümkinçilikleri we kararlary, birnäçe hünärmenleriň ünsüni çekýär. Bu ugurdaky işler her gün täzelenip, ýagdaýyň derňelmegi we anyklanmagy üçin tagallalar edilýär. Ýüze çykýan ykdysady çökgünlik, has dogrusy, krizis, ep-esli şereketiň esasy meselelerine öwrülýär…” Şol wagt zaldan zenan resmi sesi ýaňlandy:
– Meniň bir soragym bar!
– Elbetde! Diňleýän Aýjemal!
– Öňňin derýajygyň kenarynda aýlanyp ýörkäm, ýaşajyk iki ýigit, eýleki kenardan lak atan boldy. Menem, olaryň birini tutup derýajyga okladym, ikinjisiniň ýeňse saçlaryndan gysymlap, ýüzüni suwa sokdum…
– Duruň köşeşiň, demiňizi dürsäň!
– Soň?
– Soň dowam ediň, suwa oklanyňyz çykyp gelýän bolsa, eliňizdäkini çümdürip goýberiň-de, eýleki gelýäni içikdirip depip yzyna serpikdiriň!
– Bolýa, şeýderin, köp sag boluň!
– Sizem sag boluň!
“Şu tema degişli gözlegler öwrenilse-de, käbir döwletlerdäki ýagdaýlar muňa kybap gelmän, eýsem, maýa goýum meýilnamalary düýbünden ters täsir edýär. Şeýlelik-de,…” Daşary ýurtlularyň biri – Wortska dillendi:
– Düýn agşamlyk iýen naharymyň lezzeti henizem damagymda dur. Tüwüsi seçelenip, reňkem owadan görünýär. Muny nähili bişirýäňiz?
– Onuň inçeligi bar, ara salym girdigi, tagamynam, görnüşinem üýtgedip bilýär.
– Taýýarlanşyny nireden öwrenip bilerin?
– Sizi myhmançylyga äkideýin, ejem öwreder!
– O, juda minnetdar, säňk ýu weri maç!
…öňümizden çykan käbir nazary ýalňyşlyklary düzetmek üçin ähtimallyklaryň sanawyny döredip, ony şereketiň häzirki goýumlary bilen deňeşdirmeli. Irden kofe içmämsoň birazajyk kelläm agyrýar. Onuňam zyýany ýok welin, sizem ýamman ünsli bakýaňyz. Käbiriňiz gözüňiz juda gurak görünýär. Şu wagt hezil edinip futbol oýnaýsaň. Agşama çenli wagtam bar entek. Ykdysady çökgünligiň, ýagny, krizisiň döremeginiň esasy sebäbi içki önümçiligiň az bolmagy we çig mal serişdeleriň gaýry ýurtlardan getirilmegidir.” Nazar arasynda oturanlara seredýärem. Birden onuň ýadyna heniz okuwçyka öwrenen aýdymy düşdi:
“Bir gün säher bilen
Gülüp oýansaň” – diýip, bar sesi bilen aýtmaga başlady. Şonda wagty hoş Aýjemal ýerinden turup oňa goşuldy:
“Şonda Güne meňzäp,
Alawlap ýansaň…”
Zalda oturanlaryň bary çapak çapyp ýerlerinden turdular-da, gaýtalamasyna goşuldylar. Ýüzlerinde mekan tutan agraslyk zym-zyýat bolsa-da, diňleýjileriň beýdişip durmagy käbirlerine, dogrusy, gelişmedem. Ýöne, aýdym-da bul, üstesine, çagalyk döwrüniň aýdymy. Şadyýan ýaňlanýaram. Üýşüp aýdylan ýatlamadan soň, Nazar okamagyny dowam etdirdi:
“Edil aýdymda bolmaýşy ýaly, häzirki ykdysady gatnaşyklaryň düýbüne paltany aýlaman urdular. Sebäbi global maliýe gatnaşyklarynyň birsydyrgyn dowam etdirilmeginde hususyýetçileriň, hususan-da, daşary ýurtly maýadarlaryň tutanýerliligi ýersiz bolup çykdy. Maslahat geçirildi geçirilmedi, barysy bir. Yzyndan ile peýdasy degmejek bolsa, bärdäki biderek harjaýan demimiz daş ýaranda näme, geliň gowsy ýaňraman, mesele çözeli”…
Şular ýaly maslahat bolsa, ýadyma düşýän meşhur waka bar. Ertesi simpozium bar diýlende, biri çykyp okajak zatlaryny gije oturyp iş edinip ýazypdyr. Irdenem jübüsine salypdyr. Onuň gezegi geleninde, salan jübüsinde ýok eken. Hemme ýerini barlaşdyrypdyr. Ahyry tapylmansoň alaç galmandyr:
– Düýn şu ýerde okajaklarymy bir Alla, birem men bilýärdim. A bu gün diňe Alla bilýär!
Nazar başyny galdyryp, oturanlara ýene göz dikipdir. Näme görsün? Oturanlaryň hemmesi çaga. Käsi doňdurma iýýä, käsi suw içýä, aglamjyraýan haýsy, üsti-başy kir-kimirden dolusy haýsy, burnuny dyrmaýanam bar, patrak seçýänem… Olar bir üýtgeşik ýere düşendigini aňýan bolsalaram, çaga akyllary bilen nämäň-nämedigine entek doly göz ýetirip ýetişmediler. Nazaryň bolsa okamagyny çaltlandyryp, derrew ýerine geçesi geldi:
“Mähriban çagalar, şereketleriň dolandyryş meýilnamalarynda maýa goýum taslamalarynyň halkara we sebitara ykdysady gatnaşyklarynyň täsirinde amala aşyrylmagy, berlen netijäni kesgitlemekde uly orun eýeleýär. Bu ugurdaky maliýe gözleglerindäki ýüze çykan kemçilikleriň düzedilmegine eltýär.”
Diňleýjilere ýene göz aýlady. Ýene şol agras ýüzler. Okady, bat aldy, obraza girdi, içindäki tüweleý barha güýjese-de, gymyldan bolmady. Soňam:
– Diňläniňiz üçin köp sag boluň!
Ortarakda oturan daşary ýurtly Wortska seslendi:
– Meniň soragym bar.
– Elbetde, soraň!
– Ýaňy okap durkaňyz aýdan sözüňizde tapylýaňyz gerek? Maňa şol naharyň bişirilşini görkezjek diýipdiňiz?
– Häzir tamamlandygy, göni öýe eňýäs!
– Men, diýseň minnetdar size! Bless ýu!
Dabaraly çapak çarpdylar. Gezek Aýjemala ýetdi. Nazar onuň ýerine geçip, agşamky boljak kinony tomaşa etmegiň lezzetini hyýalynda janlandyrdy-da gulak asmaga taýynlandy. Aýjemal emaý bilen münbere geçip, örän labyzly sesi bilen dowam etdi:
“Bir gün säher bilen
Gülüp oýansaň”.
Şonda wagt hoş Nazar ýerinden turup oňa goşuldy:
“Şonda Güne meňzäp,
Alawlap ýansaň…”
21:33
19.05.2016.
Seýran OTUZOW.
|