20:21

Söbük tegin: Ibn Esiriň "Kämil taryhynda"

366-NJY HIJRI ÝYLY (30.08.976-18.08.977 ý.)

SÖBÜKTEGIN NESILŞALYGYNYŇ DÖREMEGINIŇ BEÝANY

Bu ýyl Söbük tegin Gaznany we oňa tabyn ýerleri basyp aldy. Ol aslynda samanlylaryň Gaznadaky goşunynyň serkerdesi Abu Yshak ibn Alpteginiň ýigitlerinden bolup, köp halatda işlerini hem şol dolandyrýardy. Emir Mansur ibn Nuhuň döwründe ol Abu Yshak bilen Buhara bardy. Emirler ony akylly, namysjaň, gaýratly we dürs garaýyşly adam hökmünde tanaýardylar.
Söbük tegin Gazna dolanyp geldi. Emma Abu Yshak uzak wagt geçmänkä aradan çykdy. Abu Yshak aradan çykmanka, ýolbaşçylyk wezipesine ne öz öýünden, ne-de garyndaşlaryndan birini saýlady. Onuň esgerleri bir ýere jemlenip, Abu Yshagyň işini alyp gitjek we agyzlaryny bir etjek adam hakda pikirlendiler. Dürli pikirlerden soňra olaryň nazary Söbük teginde jemlendi. Söbük teginiň akylyny, dindarlygyny, gaýratlylygyny, haýyr işdäki kämilligini görenlerinde, ony özlerine öňbaşçy saýladylar, işleri şoňa tabşyrdylar we oňa wepalylyk kasamyny etdiler, Söbük tegine gulak asdylar. Şeýdip, Söbük tegin olaryň hökümdary boldy we olaryň işini kemsiz alyp bardy, döwlet işlerini iň ýagşy syýasat bilen dolandyrdy. Halu-malda özüni edil olaryň biri ýaly alyp bardy. Her hepdede iki gezek özüne degişli mülk ýerden olar üçin azyk-owkatlyk getirderdi.
Soňra Söbük tegin esgerlerini ýygnady we Hindistan tarapa jihada ugrady. Onuň bilen hindileriň arasynda şeýle bir aýylganç uruşlar bolup geçdi, hatda şony görse, ýaş çaganyň hem saçy agarardy. Söbük tegin olaryň ýurtlaryny basyp alyp, talaňçylygy olaryň üstünden musallat etdi. Olar bilen söweş etmeklige şeýle bir suwsady welin, hindiler ondan gorkusyna öz ýurtlarynyň galalaryny we hazynalaryny giňden açmaga başladylar. Söbüktegin olardan sanlaryň hasabyna sygmajak derejede örän köp adamy öldürdi.
Şeýle söweşleriň birinde hindiler örän köp goşun bilen söweşiň dowamlylygyny artdyryp, barha uzaga çekýärdiler. Musulmanlaryň bolsa azygy gutaraňkyrlapdy. Ätiýaçlyk azyk edinmäge bolsa ýagdaýlary ýokdy. Esgerler bu ýagdaý sebäpli Söbüktegine arz edenlerinde, ol: «Men elmydama ýanyma ybrat hökmünde ýarma göterýärin. Tä Alla bizi begendirýänçä, men häzir şony siziň araňyzda deňme-deň paýlamakçy» diýdi. Ol şeýdip, her ynsana ýetdiginden, bir käse dolusyndan ýarma paýlady we özüne hem edil şolaryňky ýaly aldy. Söbüktegin şeýdip, gije-gündiz esgerlerine ýarma paýlap geçdi. Esgerler şol iýmit bilen kapyrlara garşy aýgytly söweşe girdiler. Alla olara ýeňiş we üstünlik bagyş etdi. Musulmanlar olardan birnäçesini öldürdiler, örän köpüsini ýesir aldylar.

SÖBÜKTEGINIŇ KUSDARY WE BUSTY DOLANDYRMAGYNYŇ BEÝANY

Mundan soňra Söbükteginiň şan-şöhraty beýgelip, gadyr-gymmaty göge galdy, il içindäki abraýy arşa göterildi. Her kim ýardam-kömek isläp onuň synyndan ýapyşdy. Hatda uly emirleriň hem käbiri, mysal üçin Bustuň häkimi Dogan atly emir hem ondan ýardam-kömek isläp gelipdi.
Munuň kömek soramagynyň sebäbi, Baby Tur ady bilen tanalýan emir oňa garşy çykyp, Bust şäherini eýeläpdi. Güýçli çaknyşykdan soňra Dogany ol ýerden çykarypdy. Söbüktegin Dogana ýardam bermek niýeti bilen ýola düşdi. Ol eden kömegi üçin belli bir möçberdäki baýlygy we özüne boýun bolmagy Dogandan talap etdi. Ýarag-esbabyny şaý edip, onuň bilen ýola düşdi we Bustuň öňündäki meýdanda düşledi. Söbük tegin Baby Tur bilen agyr söweşe girdi. Baby Tur ýeňildi we onuň ýaranlary dumly-duşa pytrady. Dogan öz ýurduny yzyna gaýdyp aldy.
Ýagdaýlar durgunlaşandan soň, Söbüktegin ondan boýnuna goýan baýlygyny talap etdi. Emma Dogan ony bermegiň möhletini yza çekdi. Munuň üçin Söbük tegin oňa gaharlandy. Dogan özüniň nadanlygy sebäpli, gylyjyny syryp, Söbük teginiň elinden saldy we ony ýaralady. Söbük tegin hem gylyjyny aýlap saldy we ony ýaralady. Esgerler ol ikisiniň arasyna böwet boldular. Dogan dyza çökdi, Söbüktegin bolsa Busty doly öz adyna geçirdi.
Mundan soňra Söbük tegin Kusdara ýöriş etdi. Baryp-gelmesiniň, ýollarynyň agyrlygy sebäpli bu ýeriň häkimi Söbük tegine boýun bolmakdan ýüz dönderipdi. Galalarynyň mäkämligi we ýollary aşmagyň kynlygy ony Söbük teginden gorar diýip güman edýärdi. Söbüktegin bu ýere gizlin goşuny yhlas bilen çekdi. Hatda atyň üstünde duranlygyna garamazdan, Kusdaryň häkimi bularyň geleninem duýmady. Ony howlusynyň içindekä ele saldylar. Soňra oňa ýagşylyk edip, ýene öňki wezipesine belledi we bermeli salgydyň mukdaryny kesgitlediler.

HINDILERIŇ YSLAM ÜLKELERINE ÝÖRIŞI WE OLARYŇ SÖBÜK TEGIN BILEN ARALARYNDA BOLAN WAKALARYŇ BEÝANY

Söbüktegin Bust we Kusdar şäherleriň işlerini birýüzli edensoň, hindileriň üstüne söweşe gitdi. Olaryň daglaryň depesinde bent edilen mäkäm galalarynyň birnäçesini basyp aldy we yzyna ýeňiş bilen sag-salamat dolandy.
Hindileriň patyşasy Jibal Söbük teginiň öz ýurdunyň çar tarapyny basyp alandygyny göreninden soň, gyssagly köpsanly esger we pil toplamaga girişdi. Şeýde-şeýde Söbük teginiň welaýatyna çenli bardy. Sebäbi onuň gulagynda şeýtanyň guzlan ýumurtgasy eýýäm jüýjeläpdi. Söbüktegin Gaznadan dolanyp, munuň bilen söweşe girdi. Bu darkaş örän köp günläp dowam etdi. Iki tarap hem sabyr-takat, çydamlylyk we gaýrat görkezdiler.
Şol ýeriň golaýynda Gowrak diýen dag geçelgesi bolup, onuň goýnundan hiç hili hapa durumsyz çeşme çogup çykýardy. Eger hapa zatlaryň biri çeşmä oklanaýsa, asmanyň ýüzüni duman tutup, ýeller öwsüp başlardy. Gök gürrüldisi, ýyldyrym, ýagyn-ýagmyr köpelip, bu hadysalar tä şol hapa zat çeşmeden çykarylýança dowam ederdi .
Söbük tegin hapa-nejasady şol çeşmä oklamaklaryny buýurdy. Şondan soň birdenkä gara bulutlar asmany gaplap, gök gürrüldisi we ýyldyrymlar peýda bolup başlady. Hindileriň başynda kyýamat gopana döndi. Sebäbi olar ömründe görmedik gorkunç hadysalaryna nazar salyp durdular. Asmanyň zenzelesi we ýagyş-ýagmyry dowam edýärdi. Howanyň sowamagy güýçlendi, hatda adamlaryň köpüsi heläk bolup, olaryň gider ýollary hem baglanypdy.
Hindileriň patyşasy ýaraşyk isläp, Söbük teginiň ýanyna çapar iberdi. Iki arada çaparlar gatnady we ogly Mahmydyň garşy çykmagyna garamazdan, ummasyz baýlygyň, ýurduň tabşyrylmagy we elli sany daýaw söweşjeň piliň salgyt hökmünde tölenmegi bilen ýaraşyk baglaşdylar. Ýurt tabşyrylýança, patyşanyň ýakyn adamlaryndan birnäçesini girew hökmünde aldy. Söbüktegin galanlary bilen ýurdy kabul etmäge ýöneldi. Baýlyklar we piller dessine getirildi. Emma Jibal ol zatlary almaga giden musulmanlaryň köpüsini, girew goýan adamlarynyň deregine alyp galdy we uzak wagtlap saklady.
Söbüktegin bu hakda eşidende, esgerlerini jemledi we Hindistana gaýtadan ýöriş etdi. Her geçen ýurduny haraba öwürdi. Olaryň iň mäkäm galalarynyň biri bolan Mugana tarap ýola düşdi we ony rehimsizlik bilen basyp aldy. Buthanalaryny ýer bilen ýegsan edip, olaryň ýerine yslam baýdaklaryny dikdi. Soňra olaryň ýurtlaryny basyp almak we ilatyny gyrgyna bermek üçin, söweşini dowam etdirdi. Göwün diýen maksadyna ýetensoň, Gazna dolandy.
Bu habarlar Jibala gelip ýetende, ol näme ederini bilmedi. Esgerlerini jemledi. Ýüz müň sany söweşijisi bilen urşa ug-rady. Onuň bilen garpyşmaly bolanda, Söbüktegin öz esger¬le-rine söweşi gezekleşip alyp barmagy buýurdy. Olar şeýle hem etdiler. Hindileriň ählisi birlikde söweşe girse, musulmanlar gezekleşip, ýadasa, orunlaryny çalşyp söweşýärdiler. Söweşiň dowamlylygy zerarly hindiler ysgyndan gaçyp, bizar bolup başladylar. Hindileriň ählisi bir-deň bat alyp, hüjüme geçdi. Ýagdaý ýitileşdi we dartgynlaşdy. Şonda musulmanlaryň hem ählisi birlikde öňe okduryldy. Bir-birleri bilen garym-gatym boldular. Uzak wagtdan bäri dynuwsyz söweşip duran hindiler ýeňlişe duçar boldular. Syrylan gylyçlar olary çar tarapdan daraýardy. Bihasap baýlyk we adamlar ýesir alyndy. Örän köp goş-golam, baýlyk we mallar ele salyndy.
Hindiler bu söweşden soň örän pese düşdi. Mundan soňra olarda tugdur baýdak bolmady.
Bu söweşden soňra Söbükteginiň güýç-kuwwaty artdy we owganlylar hem halaçlylar onuň tabynlygyna girdiler.

387-NJI HIJRI ÝYLY (14.01.997-02.01.998 ý.)

SÖBÜK TEGINIŇ DÜNÝÄDEN ÖTMEGINIŇ WE OGLY YSMAÝYLYŇ PATYŞA BOLMAGYNYŇ BEÝANY

Bu ýylyň meret aýynda Nasyreddöwle Söbük tegin dünýäden ötdi. Ol Balhda ýaşaýardy we bu ýerde köşk, howly hem-de ençeme jaýlar gurupdy. Ol bu ýerde syrkawlady. Söbük teginiň bu derdi uzaga çekdi. Gaznanyň howasyna teşne bolup, Balhdan ol ýere ugrady. Barmaly ýerine ýetmänkä, ýolda dünýäden ötdi. Onuň jesedi Gazna getirildi we şol ýerde hem jaýlanyldy. Onuň patyşalyk müddeti ýigrimi ýyldyr.
Söbük tegin örän adalatly, haýry-yhsany köp, aşa köp jihat ediji, ýagşy ygtykatly, kämil gaýratly, beren sözüne wepaly, munuň üstesine hem, öýüne Taňrynyň bereketi eçilen ynsandy. Onuň patyşalyk müddeti uzak dowam edip, samanlylaryň, seljuklylaryň we beýlekileriň hökümdarlyk eden müddetinden hem aşyp gitdi.
Onuň ogly Mahmyt «Soltan» lakamy berlen ilkinji adamdyr. Mundan öň bu lakam hiç kime berilmändi.
Ol patyşalygyň özünden soň ogly Ysmaýyla berilmegini wesýet edipdir. Dünýäden ötende, esgerler Ysmaýylyň patyşadygyny ykrar etdiler we oňa wepaly bolmaga kasam etdiler. Ysmaýyl bular üçin ummasyz baýlyk eçildi. Esgerler onuň döwlet işlerine ejizdiginden peýdalanyp, tä iň soňky derejä ýetýänçä, atasyndan miras galan hazynalaryny ýele sowurdylar we onuň soňuna çykdylar.

______________________________
ähli ýagdaýda we baýlykda.
Bu çeşme hakda «Ajaýybul-mahlukat», «Ajaýybed-dünýä» ýaly tebigy täsinlikleri beýan edýän ýene birnäçe kitaplarda agzalýar.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 142 | Добавил: Haweran | Теги: Ibn Esir | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]