09:51

“Sogap” / hekaýa

Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 312 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 9
0
1 Garadag  
128
Gaty podtekstli eken. Aýzberg ýaly hekaýa

0
3 Bagabat  
43
Äý ýok-laý. Podtekst-ä bolmaly däl. Bolan wakaň esasynda ýazylan hekaýa-da. O personažlaň lakam-atlaram durmuşda şoňa ýakynrak.
Ýöne, näme: "eser ýazylandan soň öz ömrüni özüçe ýaşap başlaýa" diýilýänem bar-da.
Her kim her hekaýada bir zat görýär, bir zat okaýar...
Umuman bu tebigy hadysa.

0
2 Garadag  
128
Adam atlaram terslin oňlyn okap many çykarasyň gelip dur

0
4 MURGAP  
1401
Hakyky durmuş hekaýa eken sag boluñ awtor.Goñşym bardy Rakeş yaly neresse ýiten göläni tapyp eýesine eltse öziñ ogurlap satarada ýetişmån getirdiñmi diýp özin gunakar edipdir.Oba dilinde ýazmagy oñarypsyñyz

0
5 MURGAP  
1401
Serdar aga, edebiýatda hakyky halypalyga ýeten ýazyjy hökmünde şu dowir ýaşlardan haýsysynyñ ýazýan zady sizi gyzyklandyrýa? Soñuna çenli okamaga kanagat edip bilýän ýazyjyñ kim?

0
7 Bagabat  
43
"Halypalyk" bilen bagly ýazanyň-a görmedik bolup geçýän, @Murgap, ýöne häzirki döwürde okamaga ýazyjy ýigitler kän.
Gyzyklanybam okaýanlarym:
Ýaşululardan - Kömek Kulyýew, Kakamyrat Ataýew, Tirkiş Jumageldiýew, Osman Ödäýew, Agageldi Allanazarow, Hemra Hudaýguly, Juma Hudaýguly, Maksat Hudaýguly, Rejep Pirjan, Hydyr we Ylýas Amangeldiýewler, Ahmet Halmyrat, Sapargeldi Annasähet Iner ogly, Orazguly Annaýew, Nobatguly Rejepow, Atajan Tagan, Annageldi Nurgeldiýew.

Ýaşlardan - Maksat Bäşimow, Seýran Otuzow, Has Türkmen, Sylapberdi Muhamow, Umyt Küläýew, Enwer Nyzamow, Şirhan Allaberdiýew, Nejep Baýat, Merdan Baýat, "Rahman Zülfikärow" diýen tahallus bilen ýazýan Begli Gowşakow.

Bilemok, häzir şu saýtyň "myhman depderi" bölüminde şol dialog barmy ýa-da admin ony aýyrdymy, ýöne birki ýyllykda @Hawerana bir agza sowal berdi. Şol sowal hem-de oňa @Haweranyň beren jogaby meniň üçin-ä aforizm bolup, kellämde galdy.
Ine şol dialog:

-@Haweran, haýsy kitaplary okamagy maslahat berýäň?
-Hemmesini.


Düşündirip bildimmi?

Soragyňa sag bol.

Ýöne: "Kyssa žanrynda döwrüň sesi hökmünde kimi agzap biljek?" diýip sorasalar, jogap bererdim:
-Kömek Kulyýew, Kakamyrat Ataýew. Ýaşlarda bolsa entek öýkünme kän, gözleg kän, eksperiment kän. Ýöne wagt geçensoň goýalyp, süýjäp barýan hakyky arybal ýaly olaryň ýazanlaram soňky geljekler üçin "döwrüň sesine" öwrüljekdigine ynanýan.
Gurbannazarda bir ajaýyp söz bar: "Meniň öz ýaşyma uly baham ýok, onuň bahasyny kesgitlejek zaman bar".
Özüň özüňe obýektiw baha bermek mümkin däle ýakyn zat. Şoň üçinem: "özüni bilen weli" diýlip, özüne düşüneniň, özüne dogry baha kesip bileniň weli bolup ýetişýändigi nygtalýar. Munuň bilen aýtmakçy bolýanym, ýaşlar hökmünde agzanlarym hemmesem döwürdeşlerimiz, bolaýsa bizden 10-15 ýaş, käsi bolsa 5-10 ýaş kiçiler. Demografiýa ylmynda bolsa bir nesliň çalyşmagy üçin 30-35 ýyl gerekdigi hakynda garaýyş öňe sürülýär. Öz bu möhlet diňe diri organizm, ýagny fiziki-fiziologiki nukdaýnazaryndan alynýar. Psihologiýa we mentalitet, ýagny dünýägaraýyş nukdaýnazaryndan bolsa, garaýyşlaryň köpçülikleýin düýpli özgermegi üçin, ýagny tutuş jemgyýetiň aň ýetiriş paradigmasynyň üýtgemegi üçin ondanam köpräk wagt zerur bolýar.
Şol sebäpdenem şu döwürde ýaşaýan, ýaşy 20-50 aralygynda bolan islendik ýazyja, şahyra öz döwürdeş ýazyjy-şahyrlaryna obýektiw baha kesmegi haýyş etseň, hökmany ýagdaýda çuňňur subýektiw netijäni alarsyň.
Umumanam, okabermeli. Özüňi näme gyzykdyrsa şonam ürç edip okamaly.

Öz tejribämden alsam, bäş ýaşymda okap başladym. "Öler aşymam" Tarzan, Maugli, Kapitan-Kellekeser, Kapitan Grantyň çagalary, Marşagyň, Doganlar Grimmleriň ertekileri, Gulliwer, Gargantýua we Pantagruel, korol Matiuş, professar, pan Tegmil we ş.m.-lerdi.

Soň biraz ulaldym. "Öler aşym" Aýwengo, Gargyş siňen Korollar, Kümüş Knýaz, Sahes Sinnober, Görogly, Gorkut ata, Ýewgeniý Onegin, Msyri, Peçorin, Azamat, Ata Mäneli, Öwezmyrat batyr, "Şapak"-daky Döwlet, Ataşir Epe, Nataniýel Bampo, Çingaçguk, Maýn Ridiň eserleri, doganlar Ann we Serž Golonlaryň Anželikasy, Şazada Korum Jaýlin Irsi, Fransua Mariwoň eserleri, Kapitan Blad, Jim Hokkins, Jon Silwer, Stiwensonyň beýleki eserleri, Agata Kristi, Konan Doýl, Ata Gowşudowyň "Perman"-dan başga eserleri we ş.m. boldy.

Soň ýene-de biraçjyk ulaldym: Indi hemsaýam Wolkonskiý, Nataşa Rostowa, Pýer Bezuhow, Anna Karenina, doktor Lwow, Raskolnikow, Çehowyň "Tukat taryh"-daky, garry professory, onuň hekaýalarynyň gahrymanlary, Hemingueýiň balykçy gojasy, "Fiýesta"-daky ýumurtgasyndan gülle degen betbagt žurnalisti, "Ummandaky adalar"-daky oglanjyklar hem olaryň garamaňlaý kakasy, hanym Bowari, Žan Walžan bilen Gawroş, Guinplen, Karel Çapegiň "Salamandra"-sy we ş.m.-ler boldy.

Soň ýene-de birazajyk ulaldym: Solženisynyň Iwan Denisowiçi, Warlam Şalamow, Haruki Murakami, Horhe Luis Borhes, Paolo Koelýo, Mario Wargas Lýosa, Gabriýel Garsia Markes, Öwezdurdy Nepesowyň "Zyýaraty", Atageldi Garaýew, Kömek Kulyýew, Kakamyrat Ataýew, Nargylyç Hojageldiýew, Tirkiş Jumageldiýew, Osman Ödäýew, Jebran Halyl Jebran...

Häzir bolsa, indi haýsydyr bir zady seljerjegem bolup duramok. Näme gyzykdyrsa şonam okaýan. Fantastika, fentezi, horror, çynlakaý roman, andegraund, psihodeliki proza, absurd - dannawym ýok.

Soragyňa minnetdar. Pikirlenmäge mejbur etdi.

0
6 mango  
651
Hekaýany satirik däl-da bisatirik etseňem gowja boljak eken.
Pese düşen adamyňam ýüreginde gowulyk etmek duýgusynyň barlygy (aslynda olam adam).. Tragiçnyý bolsa-da sogap işlejek boluşlary - gowy.
Belki, niýetlerine görä sogabam işländirler (sogap balyny gazanandyrlar).

Sözlemlerde bellijegimi aýdagaýjak, urugsat bolsa.
1) Ogly bilen telefonda gepleşýän ýeri, ogluna “diýdirip” “diýýäňmi?” diýýän ýerleri…
Näme: “şäherde, ýarym sagatdan barýan” diýýäňmi? Aý sen-ä oňaryp ataýdyň-aý, han ogul! Nä, inni men, sen şondan şuňa gelýänçäň, şeýdip, şu bir bogdak iými garawullap, ýarym sagatlap, ýedi ýoluň çatrygynda gyzaryp durmalymy?
(kynam bolsa teksti täzeden göçürip ýazdym, sag bol aýdasyň gelse, aýdaý Serdar kaka). Şony şeýdeýde näder?
Näme? Ýarym sagatdandanmy? Aý sen-ä oňaryp ataýdyň-aý, han ogul! Nä, inni men, sen şäherden şuňa gelýänçäň, şeýdip, şu bir bogdak iými garawullap, ýarym sagatlap, ýedi ýoluň çatrygynda gyzaryp durmalymy?
2) Näme? Tigriňi iýt-de, iými taşlap gaýdyber, barşyma alyp geçerin” diýýäňmi? A-how, a birdenkä biri alyp gidäýse nä?!…
Näme? A-how, nädip iými taşlap tigrimi iýdip gaýdybereýin, sen gelýänçäň biri alyp gidäýse nä?!…
3) Näme? “Ejemiň özi soň bararyn diýd-ow, kaka! Näçe aýtdym-aý? diýýäňmi?… şu “diýdirip, diýýäňmili” sözlemde-de “diýýäňmini” aýyrmaly ýaly… başragak gurmaly sözlemi (ýaly).
Umuman. Gaýtalasam, bu wakaň öziniň gülkünji ýetik. Ýöne, adamyň peselip düýplere düşmek, şeýle-de düýpden ýokary galmak mümkinçiligin, pikirlerini çynlakaý işläp bolsa bu hekaýa bet hekaýa boljak eken.
Aýdyşlaryna görä adamyň ýaradylyşynda stabilnost (durnuklylyk) ýok.
Ol peselibem, beýgelibem bilýän barlyk.
Ýa-da beýikde peselmek howpy, şeýle-de pesde beýgelmek umydy bar bolan barlyk.
Ine görersiňiz, düýnki Rakeş gün geler, nesip etse Rejepgeldi kaka bolar ötegider (sebäbi onda sogap etmek niýeti entek ölmäpdir).
Rakeş düzelensoň, Şurt hem düzeler.

0
8 Bagabat  
43
Sözlemleri syntgylanyňa minnetdar.
Täzeden seredip, saýtda goýaryn.
Bu hekaýany çynlakaý mazmunly hekaýa öwürmek hakda pikiriňe bolsa, bir hekaýadan alynmajyk bilen jogap bereýin.
Ýalňyşmasam, Ahmet Halmyradyň bir hekaýasynda bardy öýdýän.

Birtopar adam çopanyň goşuna barýarlar. Nahar-çaý edinýärler. Çopan kän bir geplemezek, dommarak adam ekeni. Şol wagtam ýagyş çisňäp başlaýar. Myhmanlaň biri diýýär:
-Ýagyş ýagyp başlady.
Şonda hälden bäri gürlemän oturan çopan dillenýär:
-Degme ýagsyn!

Nähili ajaýyp jümle: "Degme ýagsyn!" :-).

(Hekaýadan getirilen parçajygyň hekaýaň akademiki nusgasyna doly laýyk gelýändigine güwä geçemok. Ýadyma düşüşine görä ýazdym).

0
9 mango  
651
Ok. Degme ýagsyn.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]