08:20

Soñky söz

SOÑKY SÖZ

Boýun bol, geldik biz ýoluñ soñuna,
Diýme “Janymyzy gaýta barlaly”.
Söýgimiz aýdym däl, ýat tutup soñra,
Kä göwnüñ joşanda gaýtalar ýaly…

Ynsan islese-de, islemese-de,
Bir ýerlerde ahyry bar her zadyñ.
Gorkma, boýun almak islemesem-de,
Aýdyp bilmen “Kalbym senden närzadyr”.

Sen joraña ynan, "Entek öñüñden
has gowsy çykar” diýp, göwnüñ göterse.
(Adam bagtsyz bolýar, iñ gowy günleñ
Geçip gidenine akyl ýetirse…)

Ýazgyt meñzeş daşa, ýuwup gözýaşa,
Pozup bolmaz oña ýazlan ykbaly.
Ýa sen men ýanyñda bar ýaly ýaşa.
Ýa…ýaşa hiç haçan bolmadyk ýaly!..

Mätgurban MÄTGURBANOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 496 | Добавил: Medinilla | Теги: Mätgurban Mätgurbanow | Рейтинг: 4.4/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýene bir gün... / Goşgular - 06.01.2023
П. И. Вейнбергу / Goşgular - 08.01.2023
Сочувственное послание Сарре, графине Джерсей, по поводу того, что принц регент возвратил ее портрет м-с Ми / Goşgular - 10.01.2023
«Ветер звонок, ветер нищ…» / Goşgular - 14.01.2023
Bagbanym / Goşgular - 06.01.2023
«В последний раз зову Тебя: явись…» / Goşgular - 13.02.2023
Сон весталки / Goşgular - 13.02.2023
Sestra derýasy / Goşgular - 29.01.2023
Kalbyň ýaz, läläm / Goşgular - 01.01.2023
«День идёт…» / Goşgular - 08.01.2023

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Mergenowna  
28
Ajaýyp goşgy

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]