13:49

Şorja şortalar

ŞORJA ŞORTALAR

''Men başarman''

-Kakasy, pilimiziň sapy döwlüpdir, şony özüň saplaýsana!
- Men nädip saplaýyn? Olar ýaly zady başarman.
-Wa-ýeý, ''Ony başarman, muny başarman'' diýip, heý, seň başarýan zadyň ýeri barmy? Ýene ile göwnüň ýetenok. Hol-ha, Gully goňşy uly iliň pilini-paltasyny bäş müň manada saplap berip otyr ahyry!
- Aý keýwany, soň gürrüňini edýäňmi, me saňa bäş müň manat, äkit-de sapladyp geläý.
- Garaz, özüm ederin diýme-dä!

''Nesip bolsa''

Dört dost özara bolsady ekişýärler.
Birinjisi:
- Nesip bolsa, maşyn alnaýsam kireý edip pul gazanjak - diýýär.
Ikinjisi:
- Men-ä, nesip bolsa, maşyn alaýsam, bütin ýurdumyzda maşynly gezelenç etjek - diýýär.
Üçünjisi hem:
- Nesip bolsa, men-ä maşyn alynsam, ony köp sürjek däl. Goý, maşynyň elmydama täze ýaly bolup dursun! - diýýär.
Dördünji dostlary bolsa şeýle diýýär:
- Aý, men-ä nesip bolsa, hiç haçanam maşyn almazmykam diýýän.
- O näme üçin? - diýip, dostlary hemmesi birden seslendiler.
- Neme-dä, maşyn alsam, maşynym aýalymyň atasy öýi bilen öz öýmüziň arasynda tozar-laý.
- Hä, sen o diýýäniňem dogry - diýip, dostlar ilki ýylgyrdylar, soňra-da:
- Wah, dost, alan zadymyz iki başymyz bilen çagalarymyza-da ýaramajak bolsa, ne derkary bar, gowusy, goýbolsun edäýeli-le! - diýişdiler.
Категория: Degişmeler | Просмотров: 486 | Добавил: Jeksparro | Теги: Aýna Ataýewa | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Degişmeler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 mango  
651
şorja şortalaryň birinjisinde şoruň "ş"-sam ýok.

0
2 Pegas  
98
Tagam alşymyň ugry ýok öýdýän)

0
3 Revo  
484
Ýa, şorta sözler üýtgäpdir, ýada biz...

0
4 Durnuksyz  
Ayalynyñ eline 5 manat berip bar gitde sapladyp gel diyipdir

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]