04:43

Söweşde berkleşen dostlugyñ waspy

SÖWEŞDE BERKLEŞEN DOSTLUGYÑ WASPY

Ukrain halky bilen türkmen halkynyñ arasyndaky mähirli gatnaşygyñ taryhy uzak ýyllary öz içine alýar. Bu iki halkyñ arasyndaky doganlyk-dostluk ukrain şahyrlary P.Grabowskiniñ, T.Şewçenkonyñ ady bilen baglanyşyklylykda bizi rewolýusiýadan öñki döwürlere syýahat etdirýär. Sowet häkimiýeti ýyllary içinde ukrain halky bilen türkmen halkynyñ arasyndaky gadyrly gatnaşyk, mähirli hyzmatdaşlyk giñ gerime eýe boldy. Bu gatnaşyklaty biziñ ýazyjy-şahyrlarymyz hem höwes bilen beýan etdiler. Bu mesele aýratyn hem Beýik Watançylyk urşy ýyllarynyñ edebiýatynda düýpli orun aldy.
Bu döwürde ukrain topragy, onuñ merdana halky hakda türkmen poeziýasynda ençeme eser döredildi. Bu eserlerde ukrain hem türkmen halklarynyñ arasyndaky ýowuz günlerdäki dostluk, türkmen halkynyñ ukrain topragyna bolan söýgüsi, ukrain halkynyñ gahrymançylykly işleri beýan edilýär. Olaryñ arasynda Durdy Haldurdynyñ, Rehmet Seýidowyñ, Ruhy Alyýewiñ, Kemal Işanowyñ, Çary Aşyrowyñ, Gazak Gylyjowyñ eserleri bar. D.Haldurdy, Gazak Gylyjow ukrain halkynyñ guwanjy bolan Dnepr derýasynyñ üstünde giden gahrymançylykly söweşleri beýan etseler, beýleki şahyrlar Kiýewiñ azat edilişi, ukrain halkynyñ gahrymançylykly, dosta wepaly häsiýetlerinden söz açýarlar. 
Sowet adamlarynyñ söweş günlerindäki agzybirligi, bir-birege bolan gyzgyn söýgüsi günsaýyn, sagatsaýyn ýeñşi ýakynlaşdyrýar. Muny sowet esgerleriniñ ädimme-ädim ganly çaknyşyklara girip, Dneprden geçişleri barada ýazylan "Dnepr" goşgusynda frontçy şahyr D.Haldurdy ynandyryjy görkezýär. D.Haldurdy Dnepriñ boýundaky söweşlerse sowet halklarynyñ wekilleriniñ mäkäm doganlygyny synlap, bu doganlygyñ netijesini eseriñ bedenine siñdiripdir. Şahyr goşgynyñ dowamynda SSSR halklarynyñ taryhyna beletlik bilen göz aýlap, şol halklaryñ Dnepr söweşine gatnaşanlaryny liriki oýlanmalaryñ üsti bilen ýüze çykarýar:

Señ üçin söweşe Rionly çykdy,
Araks, Amurly, Ob, Donly çykdy...
Ol jeýhun Teregi azat edende,
Süleýmandan alkyş alypdyñ sen-de,
Indi Terek, Kuban, Oblular sende
Tarasyñ alkyşyn alýarlar sende.

SSSR halklarynyñ doganlyj arkalaşygyny teswirleýän şu hakykat hem goşgynyñ söweşjeñ ideýasydyr.
D.Haldurdynyñ "Dneprinde" beýan edilen dostluk ideýasy Kiýew şäheri hakynda ýazylan goşgularda hem dowam etdirildi. Olaryñ birnäçesinde Kiýew üçin bolan söweşler görkezilse, birnäçesinde azat bolan şäher hakda sowet adamlarynyñ şatlygy, ýürek joşguny beýan edilýär. Şu ýerde R.Seýidowyñ goşgularyna seretmek has hem gyzyklydyr. Ine, onuñ "Ukraina" goşgusy. Goşgy göräýmäge, häsiýeti boýunça urşuñ ilkinji günlerinde ýazylan eserlerden kän tapawutlanmaýan ýaly. Goşgynyñ umumy gurluşam, beýan edilişem şolar ýalyrak. Emme liriki gahrymanyñ döwrüñ wakalaryna bolan gatnaşygy, onuñ şahsy beýannamasy welin, okyja düýpden başgaça täsir edýär. Liriki gahrymanyñ saldamly söhbeti okyjyny ruhybelelentlik bilen söweş meýdanyna aralaşdyrýar.
Eseriñ liriki gahrymany, ilki bilen ukrain topragynyñ gözelligi, asuda hem parahat durmuş hakda çuññur oý batýar. Onuñd dosta wepaly, zähmetsöýer halky hakda pikirlenýär. Indi bolsa, "baýguş gonansoñ", ol ýeriñ güllerini hazan urup, halkynyñ hem jebir-süteme galandygyna ýürekden gyýylýar. Uruş hakykatyny dogruçyllyk bilen beýan edýän goşgynyñ liriki gahrymany şol ýerde "diri ýere gömlen çagajyklaryñ" nalasyny eşidip, olaryñ ata-enesine duýgudaşlyk bildirýär, dertlerini paýlaşýar. Ukrain tebigatynyñ bütin gözelliginiñ täzeden dikeljekdigi; halkyñ eşretli durmuşynyñ ýene dolanyp geljekdigi welin, bir dem hem onuñ añyndan aýrylanok. Şonuñ üçin hem uly umyt bilen ukrain halkyna göwünlik berýär. Goşguda täze durmuş öz-özi gelmän, ony ukrainleriñ merdanalygy, olaryñ doganlary getirer diýen hakykat öñe sürülýär:

Faşistleri senden ýok etmek üçin,
Türkmen, özbek, täjik, gazak ... at salýar.

Başga bir ýerde bsa ukrain halkyna doganlyk kömegini bermek üçin söweş edýän birleşen doganlyk güýjüñ uly ýeñiş gazanjakdygyna kepil geçýär.

Bu gün üstüñ bürän gara dumany
Dost-dogan halklaryñ güýji ýarjakdyr.
Bu güýç saña giren guduz wagşyny
Ýere ýegsan edip, guma garjakdyr.

Liriki gahrymanyñ öñdengörüjilik bilen teswirleýän hoşniýeti, umyt-islegi wysal bolýar. Ol özüniñ arzuw eden şatlykly pursady üçin köp garaşmaly bolmaýar. Ukrain topragy duşman ordasyndan arassalanýar. Bu hoş habary il-güne buşlap, R.Seýidow hem "Şatlan, Watan" diýen goşgusyny ýazýar. Goşgynyñ liriki gahrymany Kiýew ugrundaky söweşlere gatnaşan esger. Ol sowet adamlarynyñ doganlarça söýenişip, Kiýewi azat edişlerini hem kiýewlileriñ uly toý dabarasyny öz watandaşlaryna buşlaýar. Goşgynyñ adyndan görnüşi ýaly, Sowet Watanymyzyñ şatlygy diýip hasap edýär. "Bu gün Dnepriñ erkin suwunda" erkin gämiler ýüzýär. Bütin ýurdumyz Kiýewe gyzgyn gutlaglar gönderýär. Goşguda beýan edilýän şol pursat ukrainleriñ toý dabarasyny janly ýagdaýda göz öñüne getirmäge okyja mümkinçilik berýär:

Kiýewiñ gyzlary bu gün
Şatlygyndan aglaýar.
Kiýew köçesinde bu gün
Türkmenler at baglaýar.

Şu setirlerde hem ýeñiş dabarasyny, SSSR halklarynyñ gyzgyn ýürekdeşligini añmak bolýar. Onsoñam bu ýerde atly söweş hakda gürrüñ berilmän, hemmeler bilen bir hatarda, türkmen ýigitleriniñ hem doganlyk ukrain halkynyñ toý dabarasyna gatnaşyşy hakda gürrüñ berilýändigini hem ýatlamalydyrys. Türkmen halkynyñ toý gününde toýhanada "at baglamak, at oýnatmak, at çapdyrmak" ýaly milli añlatmalar toýuñ bezegi, şatlyk-şagalañyñ alamaty hökmünde podtekstde beýan edilýär. Mahlasy, türkmen ýigitleri doganlyk ukrain halkynyñ toýhanasynda at baglaýarlar. Şahyr doganlyk halklaryñ mähirli aragatnaşygyny durmuşdaky gözelligi ýaly goşgy setirlerinde hem inçelik bilen teswirleýär:

Kakam üýşüp kolhozynda
Garry türkmenler bilen.
Çaý başynda gürrüñ edip,
Guwanýarsyñ bu gün sen.

K.Işanowyñ "Aşgabat" goşgusynyñ liriki gahrymanynyñ gürrüñi ýokarkylaryñ dowamy ýaly eşidilýär. Ol başda Aşgabat şäherine, türkmen topragyna bolan söýgüsini dürli detallar bilen nygtaýar. Soñra onuñ egsilmez perzentlik mähri giñ gerim alýar. Ol Kiýewiñ azat edilişi bilen utgaşdyryp, şunuñ ýaly beýan edýär:

Artdy ýene söýgiñ - Kiýew üçin - diýip,
Mert ýigitleñ Dnepri geçende.
Has hem görüp azat bolan şäheri
Gezen ýaly boldum seniñ köçäñde.

Bu ýerde hem, birinjiden, türkmen ýigitleriniñ ukrain doganlarynyñ topragyny duşmandan azat etmäge gatnaşanlaryna guwanç, buýsanç bolsa, ikinjiden, ukrainleriñ guwanjy bolan Kiýewiñ azatlygyna şatlyk alamatlary teswirlenýär. Görnüşi ýaly, R.Seýidowyñ höwes bilen beýan eden dostluk ideýasy K.Işanowyñ "Aşgabat", D.Haldurdynyñ "Dnepr" goşgularyndaky dostluk ideýalaryna hem gaty kybapdaş.
Söweş meýdanynda dörän ukrain-türkmen dostlugy hakdaky ukrain halkynyñ durnuklylygy, watansöýüjiligi hakdaky goşgularyñ uly bir toplumy şahyr R.Alyýewiñ galamyna-da degişlidir. Onuñ "Ukraina", "Ukrainaly gyz", "Bir desse gül", "Ukrain partizanlaryna" ýaly goşgularynsa hem ýokarky pikirler tassyk bolýar.
Ukrain halky bilen türkmen halkynyñ arasyndaky gadyrly gatnaşyklar Ç.Aşyrowyñ "Baýly", "En şäherinde", R.Seýidowyñ "Sanitarka" galy poemalarynda has hem giñişleýin görkezilipdir.
Ç.Aşyrow "Baýly" poemasyny türkmen lýotçigi Baýlynyñ söweş ýoluny görkezmäge bagyşlapdyr. Bu eserde Baýlynyñ obrazy arkaly ukrain-türkmen dostlugynyñ söweş günlerindäki aýrylmaz birlige eýe bolşy bilen beýan edilýär. Şahyr duşmandan ar almak üçin söweş meýdanyna ugran gahrymanynyñ maksadyny başda beýan edýär:

Nähak ölýän ýaş çagaly eneleñ,
Garry babalaryñ ganyn sorasam.

Şu sözlerini iş ýüzünde görkezmek hem Baýla wagtlaýynça duşman eline düşen ukrain topragynda gabat gelýär. Ol tokaýyñ içinde üç frisiñ üç sany aýal maşgalany horlaýandyklaryny görýär. Ol nejisler çagaly gelne-de, ýañy ýetişen gyza-da ejir baryny berýärler. Baýly bu ýagdaýy synlap durup bilmän, olara tarap ok atýar. Üçüñ biri ýüzin ýatýar. Ikisi hem zordan "partizan çozdy" diýip gaçyp sypýar. Şeýdip, Baýly gelin-gyzlary azat edýär. Soñra olar tanyşýarlar. Üçüñ biri ýetişen ukrain gyzy öz durmuşlary bilen Baýlyny tanyş edýär. Öz kakasy Bonderenkonyñ partizanlara ýolbaşçydygyny, özüniñ hem jigisi Taras bilen olara kömek berýändiklerini aýdýar. Olar Baýla uly minnetdarlyk bildirýärler. Emma Baýlyda bu eden işi üçin ýekeje-de artykmaç pikir döremeýär. Ol bu işi, maksat edinişi ýaly, dostluk hem hiç bir düşündirişsiz ýyly mähir bilen eýlenýär. Olaryñ özara gürrüñi hem sowet halky, sowet adamsy diýen ýeke-täk düşünjä syrygýar.
Awtor olaryñ dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny has çuñlaşdyrmak maksady bilen olary ýene-de duşuşdyrýar. Bu duşuşyk ha hem aýylganç, hasratly.
Baýly tokaýdan çykyp, obanyñ gyrasyndan baranda, ol ýere duşmanyñ uly goşun bölümi gelýär. Olar köp sanly garrylary, çagaly aýallary ýesir alyp gelýärler. Şol wagt Baýly partizanlara bu ýagdaýy habar bermäge giden gök köýnekli gyz bilen oglanyñ ele düşendiklerini añýar. Çünki duşman soldatlary Lidany öñlerine salyp, horlap gelýärler. Uzakda eşidilen tüpeñ sesi bolsa Tarasyñ ömür tanapynyñ üzülendigini habar berýär. Baýly bu ýerde hem öz kasamyna wepaly bolýar. Ol derrew Lidanyñ horlanyşyny görüp, "Doganyñ men seniñ, ukrain gyzy" diýip, tüpeñe ýapyşýar.
Baýlynyñ atýan oklary duşmanlarda ýene-de partizanlar çozandyr diýen pikir döredýär. Olar dowla düşýärler. Pursatdan peýdalanyp, Lida duşmandan sypyp, partizanlara habar edýär. Şeýlelikde, partizanlaryñ gelmegi bilen duşman güýji derbi-dagyn edilýär. Baýly bu işden soñ ukrain doganlarynyñ tükeniksiz mähir-muhabbeti bilen gurşalýar.
Şahyr Çary Aşyrowda türkmen-ukrain halklarynyñ arasyndaky dostlugy beýan etmekde hormatly orun degişlidir. Ol bu halklaryñ arasyndaky çuñ kökleri bolan baky dostlugy ýöne bir gepiñ gerdişine görä beýan etmän, ony döwrüñ derwaýys wakalarynyñ içinde eýläp görkezdi. Baýlynyñ uruş meýdanlarynda ukrain maşgalalaryna edýän hossarçylygy soñra başga forma geçýär. Bu dostluk awtoryñ "En şäherinde" atly poemasynyñ öñe sürýän ideýasy arkaly okyjylara ýetirilýär.
"En şäherindäki" dostluk birinji jahan urşunda "Ukraina dolup duşman goşuny, köp işçi-daýhanyñ kesip başyny" ýurda wehim salan wagtlary Şorsuñ goşunynda gaýduwsyz söweşler alyp baran Nikolaý Firsowyñ maşgalasy bilen türkmen maşgalasynyñ gatnaşyklary arkaly açylýar. N.Firsow bilen liriki gahrymanyñ - türkmen ýigidiniñ tanyşlygy parahat günlerde, Krymda dynç alýan çaglary başlanýar. Bu ýönekeý tanyşlyk soñra gadyrly gatnaşyklar bilen hasam berkleşýär. Türkmen ýigidi telim gezek Firsowlara myhmançylyga gidýär. Onuñ ogly Saşa, gyzy Nataşa, aýaly Lýudmila bilen öwrenişýär. Ol maşgalalar ýygy hat gatnawyny saklaýarlar. Firsowlar Türkmenistana geljek bolup ýörkäler, "äpet gara bulut asmana" galýar. Şunuñ ben dostlukly gatnaşygyñ birinji bölümi gutarýar.
Poemanyñ başyndaky dostluk soñra has rowaçlanýar. Muny liriki gahrymanyñ dostunyñ maşgalasy hakda edýän aladaly oý-pikirlerinden hem täsirli duýmak bolýar. Ol hemişe uruş gidýän ýerler hakdaky habarlary okaýar. Maglumatlar bilen yzygider tanyşýar. En şäherini duşmanyñ eýeländigini eşidip, onuñ aladasy artýar:

Firsowlardan habar-hatyr bolmady,
Ýazan hatlaryma jogap gelmedi,
Nirdekä Lýudmila, nirde çagalar,
Ýa-da En şäherinde galdymy olar?..

Awtor Firsowyñ frontdan ýazýan hatlary arkaly liriki gahrymanyñ bu dostlukly pikiriniñ dogrulygyny nygtaýar, ynandyrýar. Şahyr, birinjiden, öz pikirini Firsowyñ agyr söweşler içinde-de dostuny ýatdan çykarman, oña özüniñ hem-de Wolodýa Çernowyñ durmuşy, urşuñ ýagdaýy hakda hat ýazyşy bilen delillendirse, ikinjiden, Firsowyñ öz maşgalasynyñ takdyryny türkmen dostuna tabşyryşy bilen nygtaýar:

Hat ýaz, Lýudmiladan heý, hat alýañmy,
Çagajyklarymdan habar bilýäñmi?!

Ine, şy setirlerde hem şol pikir tassyk bolýar.
N.Firsowyñ hatynyñ mazmunyndan görnüşine görä, ol türkmen dostundan başga hossary bardyram öýdenok. Eseriñ dowamynda bu ýönekeý dostluk maşgalalaryñ arasyndaky doganlyk gatnaşygyna öwrülýär. Bu şahyryñ salgy bermesi bilen däl-de, eýsem, gahrymanlaryñ liriki oý-pikirleri, içgepletmeleri arkaly şeýle bolýar. Poemanyñ liriki gahrymanynyñ yzygider ösýän dostluk duýgusy muña delildir. Ol hemişe En şäheriniñ ýagdaýy, dostunyñ ykbaly hakynda pikirlenýär, aladalanyp ýörýär. Günleriñ birinde Nataşanyñ olaryñ öýlerine gelmegi, En şäheriniñ, maşgalalarynyñ ýagdaýyny gürrüñ bermegi liriki gahrymanyñ öñünde uly bir dünýäni açan ýaly bolýar.

Hossarlylar üçin bilet aldylar,
Harjylaryn berip ýola saldylar.
Şunluk bilen geldim siziñ öýñüze
Uly doganym diýp garaýan size.

- diýip, Nataşanyñ özüniñ, obadaşlarynyñ düşen ýagdaýy barada beren gürrüñi oña ýiti täsir edýär. Bu setirleriñ okyja edýän täsirem şeýledir. Çünki ýaş gyzyñ dili bilen aýdylýan bu sözler poemanyñ içindäki ähli dostlukly pikirleri jemleýär. Çagada emele gelen şol dostluk-doganlyk duýgusy Firsowyñ hem, liriki gahrymanyñ hem, galyberse-de, şahyryñ hem bu baradaky aýdanlaryny çuñlaşdyrýar. Olaryñ pikirleriniñ ýürekden aýdylýandygyny kepillendirýär. Eger şol dostlukly pikirler kakasynda öñden döremedik bolsa, gatnaşyklary çynlakaý bolmadyk bolsa, çagada onuñ ýaly pikiriñ döremegi mümkin däl. Bu ýerde çagada dörän dostlukly pikiriñ örän esaslydygy ýüze çykýar. Şol sebäpli liriki gahryman ýaş gyzyñ şeýle edebi düşünje bilen öz öýüne gelmegine geñirgenibem duranok. Ony örän tebigy ýagdaýda kabul edýär:

Gaýgy etme, hatyrjem bol, Nataşa,
Tä kakañ yzyndan gelýänçä ýaşa.

Päkize göwün bilen, uly umyt bilen ýaş gyz öz maksadyna jogap tapýar. Şeýlelikde, biz poemada ýönekeý dostlukly gürrüñlerden başlanan gatnaşygyñ uly doganlyk mazmuna çenli ösüşini görýäris.
Beýik Watançylyk urşunyñ gazaply günlerinde şeýle doganlyk arkalaşygyndan, türkmen halkynyñ ruhy we maddy goldawlaryndan hoşal bolup, respublikamyzyñ 20 ýyllyk baýramy mynasybetli iberen gutlag hatlarynda ukrain doganlarymyz şeýle ýazypdyrlar:

"Beýin rus halkynyñ baş bolmagy bilen, ähli sowet halkynyñ dostlugynda ukrain ilini gitlerçi basybalyjylardan azat etmekde kömek berýän türkmen halkynyñ doganlyk kömegini ukrain halky hiç wagt ýatdan çykarmaz: Ýaşasyn halklaryñ beýik dostlugy!".
("Sowet Türkmenistany" gazetiniñ 10.12.1944-nji ýyldaky sany).

Halklarymyzyñ bu monolit agzybirligi, bozulmaz doganlyk-dostlugy agyr pursatlarda ýiti synaglardan geçip, biziñ zamanamyzyñ hakyky hereketlendiriji güýçleriniñ birine öwrüldi. Munuñ edebiýatdaky beýany-da hemişe üns berilmäge, düýpli öwrenilmäge degişlidir.

1971 ý.

Begmyrat USSAÝEW.

#sowesjenpoeziya
Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 513 | Добавил: Нawеran | Теги: Begmyrat Ussaýew | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebiýaty öwreniş bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]