Nepis hem päk duygyñ bilen apalap,
Yaşayşyña zerur edip, söy meni!
Ýüpek deyin saçlarymy sypalap,
Mähriñ bilen melul edip, söy meni!
Edenli yigit sen isi şowlayan,
Kõpdir bagty tutmak isläp kowlayan,
Gursagyñda alawlayan lowlayan,
Sõýgiñden essiñden gidip, söy meni!
Her ki işde mert men, sõygide -arman,
Şeyle tiz- mähetdel saralyp solyan ,
Täzeden ýuguryp, yasajak bolman,
Bolşum yaly kabul edip, sõy meni!
Synan gõwne seyik bolup bilmeseñ,
Gõwnümi gõzlemden duyup bilmeseñ,
Derdimiñ dogasy bolup bilmeseñ,
Gayrat et-de,õz günüme goy meni!
Gülälek NURBERDIÝEWA.
|