23:33

Söýgi derwezesi

SÖÝGI DERWEZESI

Ýene şol derweze ýadyma düşdi,
Derweze ähliniň baryndan eziz.
Her gün agşam şol derwezäň ýanynda
Duşuşardy bir ýigit hem zyba gyz.

Soň bolsa jübütler dähedem-dessem
Gujagyna girerdiler söýginiň.
Süýji pursatlara gark bolardylar
Mejnunyň ogly hem gyzy Leýliniň.

Gizläp nämedeýin, şo ýigit, şo gyz
Häzir girip-çykýar biziň öýmüzden.
Şol derweze bizi birikdiripdi,
Ak ýola salypdy özem duýmazdan.

Ýok, ol kaşaň däldi,
Sadady, sada,
Ýöne ähli derwezeden ezizdi.
Pata berip, ýola saldy ertire
Gör, näçe ýigidi,
Näçe-de gyzy...

Soňlanyp bilerdi belki şu ýerde
Söýgi derwezesi hakynda goşgy.
Ýöne soňlanmady...
Sebäp arada
Ýolum şol derwezäň üstünden düşdi.

Derwezäň üstünden ýolum düşse-de,
Derwezäň özüne düşmedi gözüm.
Ony ýykypdyrlar...
Ynanmarsyňyz,
didäme ýaş indi,
gyzardy ýüzüm.

Derweze ýykylsa, täzesi gurlar,
Gurlar öňküsinden has ajap biri.
Ýöne nähilisi gurulanda-da
Gurlup bilmez derwezeleň ezizi.

Öz ömründen diýseň uzak ýaşaýar
Ýagşynyň abraýy, ýagşynyň ady.
Kalbymdan öçmersiň, eziz derweze,
Iň eziz çagymyň gözli şaýady.
Категория: Goşgular | Просмотров: 229 | Добавил: Lebaply4751 | Теги: Agageldi Italmazow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024
Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024
Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024
Alabahar / Goşgular - 21.03.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
Soltan / Goşgular - 27.03.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]