14:07 Söýgi goşgusy | |
SÖÝGI GOŞGUSY Peýdasyz oýlardan gaçyp bilemok, Öçüp bilemok men, ot bolup, dünýäm! Men häzirem seni açyp bilemok, Ýaşap ýörün gury "at" bolup, dünýäm! Göwnüm — ýykyk-ýumruk, kalbym — ýekirlen, Aklym — azaşylan, huşum — ýitirlen. Gözleriňi ýum-da, hany, pikirlen: Başararmyň mensiz şat bolup, dünýäm? Gijeler — garaňky. Aý, bul-a geň däl! Ýöne gündiz Günem — adaty Gün däl... Ýaşamak şeýle kyn, bagtdan müň däl, millionlarça gezek ät bolup, dünýäm! Söýgini "B"-den däl, başlapdyk "A"-dan, Ýa sen juda gyrpa, men çöňňe ýa-da... Birmahal ýüregňi eýelän adam Galybermelimi ýat bolup, dünýäm?! [hide] 06.08.2017 ý. Sapa HOMMADOW. | |
|
√ «Если б в сердце тебя я не грел, не ласкал…» / Goşgular - 18.01.2023 |
√ "Beýnimiň içinde gopgun turzuşyp..." / Goşgular - 14.01.2023 |
√ Päk asmanyň ýyldyzlary / Goşgular - 08.01.2023 |
√ Üzärlik / Goşgular - 06.01.2023 |
√ Е.Д.Дункер / Goşgular - 27.01.2023 |
√ Графу А.В.Олсуфьеву / Goşgular - 14.01.2023 |
√ Deprem / Goşgular - 13.02.2023 |
√ Ýoklugyňda / Goşgular - 22.01.2023 |
√ «Волшебные слова любви и упоенья…» / Goşgular - 05.02.2023 |
√ "Näme bolsa, ýene bolsun şonçarak..." / Goşgular - 19.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |