16:19 Söýgi hakynda oýlanma | |
Annasoltan KEKILOWA
▶ Söýgi hakynda oýlanma Ýūregim erkime ýöretseñ höküm, Men ony söýmäge barmyka hakym? Sözle bu sowala jogap berjek kim? Ýok, ýūrek ýalñyşýañ sen az salym dym. Pikirlende daş çyk, Seret asmana. Geñeş sal gudratly gara daglara. Ýūzlen bu güneşe, Ýüzlen äleme, Dyza çök alnyñ goý mukaddes ýere! Şonda-da hiç kimden tapmasañ jogap, Ölçer-de syryñ dök giñ sähralara. Göwnüñe gelenin sözlesin her kim, Ýürek, saña boýun egermi erkim? Bolsañ-da bu näzik synañ geregi, Bolsañ-da bu gan damarmyñ diregi, Heý-de ýürek häkimligin çekermi, Erke bekän şahyr gyzyñ kükregi? Özüñ görýäñ, Pikirlenmek hezil, garaşmak hezil, Bir gün beýhuş eder ol gül-de meni. Ynanýaryn meñem ýaşan döwrümde, Hatardaky şahyrlaryñ sany kän. Ýa olaram öz ýanyndan meñ ýaly, Başga bir şahyra garaşýarmykan? | |
|
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |