21:01

Söýgi – paýhasyň miwesi

SÖÝGI - PAÝHASYÑ MIWESI

Diňe bir ýaşlary däl, eýsem hemmäni gyzyklandyrýan sorag söýgi näme? Söýmek-söýülmek üçin ýörite durmuş taýýarlygy gerekmi? Berk maşgala durmuşynyň syrlary we şertleri nämede?

• Meselä ahlak nukdaýnazaryndan berilýän baha

Bu juda inçe mesele, onuň bilen bagly dürli garaýyşlar bar, ol boýunça ýene-de bir pikir artykmaçlyk etmese gerek. Söýgi ir-u-giç her bir ynsanyň öz başyndan geçirýän iň bir näzik duýgusydyr. Adamda ýaşlykdan söýgä bolan hyjuw has-da ýokary bolýar. Oglanam, gyzam ýaş döwründe, esasan, biri-biriniň keşbine aşyk bolýar. Her kim owadandan-owadanyny saýlamakçy. Şoňa görä-de, ýaşlykdaky söýgiň, köplenç halatda, älemgoşar deýin asmanda elýetmez bolup görünýän-de bolsa, onuň gözel reňkleri kimin tiz ýitip gidýär. Ýaşlyk söýgüsiniň paýhas diregi ýok diýen ýalydyr.
Ýaş adamyň paýhasynyň taplanmagy üçin wagt gerek. Durmuş tejribesi bolan adam her bir işi, şol sanda söýgi meselesini-de akylly-başly çözmäge çalyşýar. Paýhasly bolmak üçin dünýägoraýşyny giňeldýän kitaplary köp okamaly, ýaşulularyň pähim-parasatly gürrüňlerini yzygiderli diňlemeli, durmuşda bolup geçýän her bir ýagdaýlary özbaşdak seljerip, olara dogry baha bermegi öwrenmeli. Özüňde şu häsiýeti endige öwürmäge çynlakaý dalaş etmeli. Elbetde, orta ýada ýokary okuw mekdebinde bilim almak ýaşlaryň dünýägaraýyşlaryny we gözýetimlerini has-da giňeldýär.
Paýhasly oglan gyzlaryň içinden, gyz bolsa, tersine, oglanlaryň içinden özüne mynasybyny saýlamaga çalyşmaly. Elbetde, bu meselede ekabyrlyk oglana ýaraşar, ýöne gyzam haçan meni biri saýlarka diýip el gowşuryp oturmaly däl. Sebäbi söýgi iki deňhukukly we deňgüýçli duýgudan emele gelýän gudratdyr. Söýgi – bu ýigit bilen gyzyň bir-biriniň häsiýetlerini sulhlary almagydyr. Özüňe mynasyp häsiýeti başga birinde tapaýmak aňsat iş däl, şonuň üçin hem bu meselede gyssanmaçlyga ýol bermejek bolmaly. Söýgüsiz dörän we söýgä daýanmaýan nika uzak gitmeýär. Dogry, durmuşda söýgüsiz emele gelen nikanyň şowsuz maşgala öwrülip, bimany ömür sürýänine duş gelinýär.
Il içinde “deň etmän duş etmez” diýen pähim bar. Durmuşda elmydama beýle bolmaýar, ýöne her kim öz deňini tapmagyň aladasyny etmeli. Bu ýerde gürrüň seniň gulluk derejäň ýa-da maddy baýlygyň möçberi barada gidenok. Mesele öz pikirdeşiňi tapmakda, ýagny her bir durmuş meselesinde är-aýal bolup deň gopmakda. Dünýägaraýyşlary boýunça hersi Ýer togalagynyň bir polýusynda gezip ýören är-aýalyň bile içen çaýy-da şypa bermez.
Oglanam, gyzam abraýly maşgaladan, ýagny iýjegini-geýjegini arassa, halal gazanýan adamlardan bolmaly. Başgaça aýdylanda, iki tarapam tapanyna şükür eýläp, ýagşy zatlara sabyrly garaşýan adamlardan bolmaly. Ýaşlar nika baglaşmak meselesinde öz ata-enesiniň pikirine baý durmuş tejribesi bar adamlar hökmünde aýratyn hormat goýmalydyrlar. Ýeri gelende aýtsak, berk maşgala gurmak isleýän erkek kişiler gyz-gelin meselesinde juda seresap bolmalydyrlar, ýagny jemgyýet tarapyndan oňlanylmaýan gatnaşyklara girmeli däldirler. Erkegiň gelin-gyza garaýşy onuň ahlak kämilliginiň aýnasydyr.

• Meselä tejribe nukdaýnazaryndan berilýän baha

Akyl-paýhasa esaslanyp gurlan maşgala berkligi we ömrüniň uzaklygy bilen tapawutlanýar. Logikanyň kadalaryna görä, şu ýagdaýda maşgala durmuşynda bozulýan nikalaryň sany-da azalaýmaly. Berk maşgalalarda çagalara talabalaýyk terbiýe berilýär we olar barada göwnejaý alada edilýär.
Berk maşgalalar durmuşda islendik meseläni hakykata, deňlige, adalata esaslanyp dogry çözýärler. Olar her halatda, ilkinji nobatda, çagalaryň we garrylaryň bähbitlerini göz öňünde tutrýarlar. Şeýle maşgalalar jemgyýetiň ösüşine oňyn täsir edýärler, ýaş nesiller üçin maşgala gurmagyň nusgasy bolup durýarlar.

• Meselä hukuk nukdaýnazaryndan berilýän baha

Diňe hakyky söýgi duýgusy nikanyň baglaşylmagyna getirýär. Nika baglaşmagyň şertleri we tertibi, onuň döwlet tarapyndan bellige alynmagy Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 4-nji babynyň kadalary bilen düzgünleşdirilýär. Nika girmek üçin iki sany şert bar: nika girýänleriň kämillik ýaşyna ýetmegi (adatça, 18 ýaş) hem-de erkegiň we aýalyň nika girmäge özara razylygy. Dogry, ýokarda agzalan şertler bar halatynda hem şu aşakdaky ýagdaýlarda kanun nika girmäge rugsat bermeýär: eger nika girjekleriň biri öň başga nikada duran bolsa, kazyýet tarapyndan ruhy keselliligi ýa-da kemakyllygy sebäpli kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen bolsa, kanunda bellenilen ýakyn garyndaşlyk bar bolsa. Nika Raýat ýagdaýynyň nama ýazgylary (RÝNÝ) edaralarynda kanunda bellenen tertipde resmileşdirilýär.

Taganmyrat GOÇYÝEW.
Категория: Hukuk maslahathanasy | Просмотров: 233 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Taganmyrat Goçyýew | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hukuk maslahathanasy bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]