23:01 Söýginiň güýji | |
SÖÝGINIŇ GÜÝJI
Diňe ýalňyz söýgim üçin Perýat çekip agladymam. Hakykada garşy gidip Öz-özümi aldadymam. Meniň üçin baýlyk ýokdy, onuň özünden başga. Düşünmedim,düşünmedim, Nädip düşdüm beýle yşka?! Ýylgyryşy sus göwnümi al-asmana göteripdi. Wah,onuň şol ýylgyryşy Bu ömrüme ýeterlikdi. "Oňa derek azap çekip, ýykaýyn gamhanasyny"- diýip düzdüm öz ömrümiň ýollarynyň manysyny. Bu yhlasym az boldymy, Gitdi ýarym meni taşlap?! Gadryn bilşim bilmedimi Ýalňyz galdym gözüm ýaşlap?! "Söýgim" diýip birýerlerde Galyp gitdi toý ketenim. Söýgüniňem dertden başga Hiç bir güýji ýok ekeni. | |
|
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |