23:11 Sõýünhan türkmenleri | |
Muhammet şa gaçyp-gaçyp, Kaspi deňziniň günorta kenarlaryna golaý adam ýaşamaýan bir ada özüni atýar. W. W. Bartold ol adanyň kenar ýakasynda ýerleşen Abeskun şäheriniň golaýyndadygyny belläp, Aşyrada bolmaly diýýär.1 (Aşyr-ada XIX asyrda türkmenleriň gawun-garpyz ekýän bakjaçylyk ýerleri bolupdyr. 1221-nji ýylyň başynda Ürgenje Kaspi deňziniň kenarlaryndan Muhammet şanyň ogullary Jelaletdin, Ozlag şa, Ak şa üçüsi gelipdirler. Emma olar gelmänkä, Turkan hatyn öz garyndaşlary we köşk hyzmatkärleri bilen Ürgençden gaçyp gidipdir. Gitmezinden ozal Türkan hatyn Ürgençdäki bir wagt ýesir duşüp getirilen häkimleriň ýigrimä golaýyny Amyderýanyň suwlaryna gark edipdir. Ol bular kynçylykdan peýdalanjak bolarlar diýip, girew alnan ýerli häkimlerden dynmak maksady bilen olary gark edýär. Türkan hatyn gaçyp, ilki Ýazyrhanyň ýurduna türkmenleriň, arasyna gelýär, ol ýerdenem Mazendarana gaçýar. 1220-nji ýylyň tomsunda Mazendaranyň Laryjan we Ylal diýen galalarynda gizlenip ýören Türkan hatyny ýanynyň onlarça agtyklary, ýüzlerçe hyzmatkärleri bilen mongollar ýesir alypdyrlar XVI asyrda turkmen halkynyň häzirki etniki sostawyna girýän taýpalaryň aglabasy Kaspi deňziniň gundogar kenarlaryny tutuş diýen ýaly eýeleýärdiler. Olar demirgazykda Maňgyşlak, günortada bolsa Astrabat iki aralykda Etrek-Gürgen boýlarynda, Kiçi we Uly Balkan daglarynyň, Küren-dagyň, Uzboý, Üstýurt, Maňgyşlak ýarym adasynyň giňişliklerinde ýaşaýardylar. Ahal, Etek, Tejen, Mary etraplarynda-da gadymy türkmen taýpalary oturýardy. Maryda XVII asyrda türkmenleriň ýörite öz «Türkmengala» atly galasy bolupdyr. Türkmenler Horezmiň öz içinde, Dargana töwereklerinde-de ýaşapdyrlar. Etrek Gürgen boýlarynda ýaşan türkmenlere XVI asyrda «Söýünhan» türkmenleri ýa-da «ýaka türkmenleri» diýip at beripdirler. «Söýunhan» ady taryhy at bolup, Altyn Ordanyň düýbüni tutan Baty hanyň ady bilen baglydyr. Altyn Ordanyň hany Janybek hanyň dewründe günbatar Türkmenistanda ýaşaýan türkmenleriň, hemmesi şonuň golasty bolup ýaşapdyrlar. Şol zamanlardan, ýagny XV asyrdan bu türkmenlere «Söýünhan» ady galandyr. Bulara «ýaka türkmenleri» diýilmeginiň sebäbi bu sözleriň, öz manysyndan belli bolşy ýaly, türkmenleriň öz dakan geografiki ady bolmaly, ýagny Kaspi deňziniň kenarlaryny ýakalap oturýan türkmenler diýmegi aňladýar. Türkmenleriň söýünhany we ýaka toparyna XVI asyrda okly (köp kitaplarda «ohlu» diýip ýazýarlar), gökleň., gadym oguz taýpalary bolan salyrlar, eýmirler (ýemreliler) we başgalar girýärdi. Olar Etrek-Gürgen boýlarynda we ondan demirgazykdaky çöllük ýerlerde ýaşaýardylar. «We baş-galar» diýilmeginiň sebäbi beýleki taýpalar barada maglumatlaryň ýoklugy bilen düşündirilýär. Şol «başgalara» iň, bolmanda saryklaryň-da bir bölegi girýän bolmaly. Olaryň Baýraç tiresi barada biz aşakda has giňräk maglumatlary bereris. Şu taýpalaryn içinde iň güýçlüsi okly türkmenleri bolmagy mümkin. Bular gökleňler bilen gaty ýakyn bolup, garyndaşlyk gatnaşygyny saklapdyrlar. Şonuň üçin hem olara okly-gökleň hem diýipdirler. Okly türkmenleri Eýranyň garşysyna türkmenleriň alyp baran göreşine baştutanlyk edipdirler. Eýmirler bilen salyrlaryň nä derejede orun tutandyklary barada anyk maglumat ýok. «Söýünhan» türkmenleri XVI asyrda, belki, salyr taýpa soýuzyna derek döräp, salyrlaryň-da bir bölegini öz içine alan bolmagy mümkin. «Söýünhan» taýpa soýuzy türkmen halkynyň taryhy aňynda ýitmez yz galdyrypdyr we onuň halk deredijilik eserlerinde beýanyny tapypdyr. Mysal uçin, Mary tekeleriniň arasynda aýallar çaga hüwdülände: «Söýüp-söýüp ýatyrsak, gyzyl güle batyrsak, Söýünhan diýen illerden, söýgüli gelin getirsek» diýip sanaýarlar. Bu fakt türkmen halkynyň XIV asyrda dörän «Söýünhan» atly taýpa soýuzyny ýatdan çykarmandygyny gerkezýär. Pars dilindäki ýazuw çeşmeleri, Isgender Munşiniň «Taryhy alam-araýy Abbasy» işi «Söýünhan» türkmenlerini diňe Etrek-Gürgen boýlarynda we Kaspi deňziniň kenarlarynda ýaşaýan edip görkezýär, ýagny Astrabat türkmenlerine «Söýünhan» türkmenler diýilýändigini belleýär. Emma munuň şeýledigini ýa-da däldigini anyklar ýaly hiç hili ygtybarly çeşme ýok» Özbek hanlary Horezmiň gaznasyna öz golastyndaky türkmenleriň sanyna we olaryň elindäki malyň mukdaryna görä salgyt salýardy. Şol salgyt paýlanşygyna seretseň XVI asyrda ýagdaý şeýleräk bolupdyr: teke, saryk, ýomut üçüsi birigip Horezm hanlaryna her ýyl jemi 8000 goýun, ärsarylaryň, bir özi 16 müň goýun, olar bilen gatyşyp goňşulykda oturýan «daşky» (horasan) salyrlar hem 16 müň, maňgyşlagyň, günorta böleginde deňiz ýakasynda oturýan «içki» salyrlar hem 16 mün. goýun berýärdiler. Hywa tabyn bolýan türkmenleriň salyr soýuzyna girýän taýpalary her ýyl Horezme jemi 56 müň goýun beren bolsalar, teke, saryk, ýomut taýpalary birigip şonuň bary-ýogy ýediden birini töläpdirler. Bu sanlar şol zamanda bu üç taýpanyň entek ýaňy ösüp başlandygyny, ärsarylar bilen salyrlaryň. bolsa XVI asyrda kuwwatly taýpalar bolandygyny görkezýär. Türkmenleriň XVII – XVIII asyrlar taryhyna üns çekmek bilen Bartold gürrüňi edilýän döwürde biziň halkymyzyň goňşy hanlyklar we şalyklar bilen ýiti gatnaşygyna, öz topragy üçin göreşişine aýratyn ämiýat berýär. Mysal üçin, Nedir şanyň gelip çykyşy boýunça türkmenlerden bolsa-da, köp horluklary görkezendigini nygtap geçýär. XIX asyryň syýasy taryhynyň wajyp maglumatlaryny berse-de, olaryň üstünde aýratynlykda durup geçmeýär. Ýagny, Sarahs söweşi, Garrygala söweşi, Mary-Gajar söweşi ýaly wajyp taryhy wakalara syn berip, türkmenleriň Russiýa birikdirilmegine uly göz bilen garanok. Bu bolsa işiň dowamynda türkmenleriň öz mynasyp taryhy ähmiýetini soňraky taryhy döwürde ýitiren şekilde görkezýär. W.W.Bartold-Türkmen halkynyñ taryhyny õwreniji alym" kitap 2016 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |