10:59

Söz

Категория: Goşgular | Просмотров: 352 | Добавил: Bagabat | Теги: Öwezgeldi Begliýew | Рейтинг: 4.8/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
Şert / Goşgular - 09.02.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024
Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024
"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Bagabat  
43
Surat: Nakgaş Igor Medwedewiň "Arlekin we Kolombina" atly eseri

0
2 Bagabat  
43
"Surat", "nakgaş" diýlende, bir waka ýadyma düşdi.
Bäşinji klas. On-onbir ýaşymyzda. Klasdaşym hem dostum (adyny ýazmaýyn :-)), surat çekmäge hem-ä ökde, hemem suratkeşligiň ölemeni, bir boş ýer tapsa, eline-de näme ilse kellesine gelen suraty çeker ýörerdi. Depderiň boş ýa-da ýarsy ýazylan sahypasy, arkasy, kitabyň ýüzi ýa içi, parta, klas tagtasy, diwaryň ýüzi, ýer - onuň üçin tapawudy ýokdy. Ruçka, galam, hek bölegi, kesek, ujy ýanan agajyň garasy - gabat gelen zadam onuň reňk-çotgasydy. Çekmesiz ýere surat çekeni üçin taýagam kän iýerdi. Özem bir görseň-ä erkegiň artyby ýaly wejera bir zat çekip durandyr, bir görseňem seredip, synlap doýup bolmaýan üýtgeşik bir perizadyň şekilini ýa-da täsin maşynyň suratyny... Garaz erkiniňem erkin hudožnigidi-dä. Şol wagtlar biz mekdepde öýlänçi okaýardyk. Şo günem irräk klas otagyna geldik. Diňe üçümiz: ýaňky hudožnik, ýene bir bezzat dostumyz, onsoňam men. Bu-da gire-girmäşe halysalla ylhamy joşdumy nämemi, hemişeki endigi, heke ýapyşdy. Üç açylýan klas tagtasynyň iki gyrasyny ýapdy-da, olaryň biriniň arkasyna owadan gyzyň, beýlekisiniň arkasyna-da murty salparyp duran, gaýyş penjekli, buýra saçly, aýagy ujy çüri köwüşli erkek kişiň suratyny çekdi. Elbetde telewizordan bir ýerden görendir-dä, aşagyna-da azy ýaran nakgaşlaryň edişi ýaly öz goluny çekip, familiýasyny ýazdy. Soňam: "häzir mollym gelip, tagtany ýapsa süpriz bor" diýen bolup hüňürdäp, klas tagtasyny öňküsi ýaly açyp goýdy. Özem heke hapalanan elini ýuwmaga çykyp gitdi.
Ol gitdem welin, beýleki garagol dossumyz haýdap tagtaň öňüne bardy-da, onuň gyralaryny ýapyp, gyzyň suratynyň aşagyna-ha mekdebiň okuw işleri boýunça müdiriniň ("zäwuç" diýilýädi) Pylanygözel Pylanyýewnanyň adyny, salpymurtuň suratynyň aşagyna-da häzir şu otagda sapaga girmeli çyzgy (çerçeniýe) mollumynyň at-familiýasyny ýazdy. Soňam gözüni ýyldyrdadyp, tagtany öňküsi ýaly edip goýdy.
Menem: "Beýtme-dä-hou! Häzir gördükleri üçünji jahan wurşy turar!" diýmekden geçen, gaýta: "Şekelad bol-laý, dos! Ikisem ýaman zakonnyý meňzeýärem!" diýip ýoknasyz kikirdeýän.
Umuman, gepiň küle ýeri, sapak başlady. Takmynan sapagyň onunjy minudynda-da, ýaňky salpymurt, buýrasaç mugallym tagtany öwrende suratlaram, ýazgylaram, suratlaň awtorynyň gol-familiýasynam gördi.
Ol mugallymyň öz-ä gowy adam, ýaňky suratkeş dosuň gulagyndan çekip, birki şapbat bilen oňdy. Ýöne mekdebiň beýleki binasynda o nakgaş dosuň iň uly agasy mollymçylyk edip otyr-a. Özem oň agasynyň zabunlygyndan, garadangaýtmazlygyndan mekdep eýmenýär-ä.
Soňam ýaňky suraty taryhda galdyrylan mugallym gidip, ýaňky dosuň hyrsyz agasyny alyp geldi. Getiribem oňa suratlary görkezdi. O dosam: "Men diňe suratyny çekdim, aşagyndaky atlary men ýazamok!" diýip şunça özüni aklajak bolýaram welin, tagtaň aşak çetinde ýalpyldap goly bilen familiýasy durka, kim oňa ynanjak. Esasy hokgany goparan üçünjimizem, burny deşilen ýaly bolup, sesini çykarmanjyk gözüni ýyldyradyp otyr.
Meň üçinem dilemma. Aýtsaň-a şugulladygyň boljak. Aýtmasaňam doly däl-de ýarymgünäli ýenjiljek bolup dur.
Äý dogrusy, suratçy dosuň bethaýbat agasy kän ikirjiňlenip durmaga-da maý bermedi-le. Suratlarydyr, gol-familiýany gören dessine, gözüniň agyny köpeldip:
-Äý seňemmir... Pamilýan-a masgara etdiň-aý war-a!-diýip läpäkge (lopatka) ýaly elini aýlap goýberdi. Soňam körpe jigisini idenekledip, alyp gitdi.
Soň o dosdan: "nämmolly?" diýip sorasak, "äý" diýýä, "indi ol-a tapan-tupan ýeriňe keýpine surat çekmek ekeni, çotga ýa kagyz-ruçka görseňem ziňkildäp ýörer ýaly etd-ow!" diýýä.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]