13:40

Söz bermän gitmek

SÖZ BERMÄN GITMEK

- Gitjekmi?
Aý, bolýar, ynsap özüňki,
Adamy tär bilen saklamak nädürs.
Ýollar özgerse-de, a men şol öňki,
Durmuş adamlary üýtgedýär nädip?

Niçün bir-birekden gaçýar adamlar,
Adamlara şeýlebir bagt ýetenok.
Milliardlar armanly gijeler-daňlar,
Gürleşmäge gaýrat hem wagt ýetenok.

Öwrenşilen ýagy gitse-de agyr,
Gitseň git, soň gelme aýlanyp birden.
Ruhum ardy, ýedi müň ýyl usurgap,
Men halys ýadadym aýralyklardan.

Otuz ýedi ýyllyk azabym ýatyr,
Armanly-biarman öten ömrümde.
Arzuwlarym otyr, azarym ýatyr
Hyrçyn dişlän, dilin çeýnän göwnümde.

Milliardlar geçipdir..,
Wada nä, ant nä,
Kim gönendi çekip kasamyň derdin.
Gitjekmi?
Ýol bolsun, yzyňa gaýtma,
Öz sözümde durup men näme gördüm.

Adamlary görseň, olara aýtgyn,
Söz ýarasy iki dünýe bitenok.
Söz bermän gidenler yzyna gaýtsyn,
Adamlara şeýlebir söz ýetenok.

Seýitmyrat Geldiýew
Категория: Goşgular | Просмотров: 755 | Добавил: Нawеran | Теги: Seýitmyrat Geldiýew | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Победителям / Goşgular - 29.02.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024
«Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]