22:04 Sportuñ täsin görnüşleri | |
SPORTUÑ TÄSIN GÖRNÜŞLERI
Häzirki güne çenli sportuň müňlerçe görnüşi peýda boldy. Ýer ýüzünde her bir milletiň öz milli oýunlary we oýnalyş düzgünleri bar. Emma resmileşdirilmänligi sebäpli sportuň bu görnüşleri yzygiderli wagyz edilmeýär. Şonuň üçin olaryň käbir üýtgeşik görnüşleri barada gürrüň bermegi makul bildik. ■ Jibbing Siz haçanam bolsa bir wagt basgançaklaryň gyrasyndaky tutawajyň üstünden taýyp görüpmidiňiz?! Eger taýyp gören bolsaňyz özüňizi jibbing sporty bilen meşgullanýan türgen hasap edip bilersiňiz. Basgançaklaryň tutawajyndan taýmagyň birnäçe usuly bar bolup, munuň üçin ýörite aşagy tigirçekli we tigirçeksiz aýakgaplar, snoubordlar ulanylýar. ■ Skibob - diýlip atlandyrylýan sport görnüşi 100 ýyl mundan ozal peýda bolupdyr we garly dagdan welosipede meňzeş ulag bilen düşmekligiň tärlerini özünde jemleýär. Bu ulagda tigirleriň ýerine lyža ornaşdyrylandyr. ■ Bassabol Kenarýaka woleýbola meňzeş, emma türgenleriň aýaklarynyň aşagynda çägäniň ýerine çişirilen batut goýlandyr. Iň gyzykly ýeri bolsa bu oýunda belli bir kadalara eýermegiň ýerine, batutda isleýşiň ýaly böküp oýnamaga rugsat berilmegidir. ■ Jaý-alaý Eger-de siz Ispaniýa syýahata gitseňiz, bu oýna tomaşa etmekden lezzet alyp bilersiňiz. Jaý-alaý Ýer ýüzünde iň uly tizlikli sport görnüşi hasaplanylýar. Bu oýunda pökgi 300 km/sag tizlikde hereket edýär. Şol sebäpden hem bu görnüş Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendir. Düzgünnama laýyklykda türgen özüne tarap uly tizlik zyňylan pökgüni ýörite ellikleriň kömegi bilen gapmaga synanyşmalydyr. Taýýarlan: Amangözel GUWANÇMYRADOWA, žurnalist. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |