15:24

Suduň bäri ýanyndan gaýtdyk / satiriki hekaýa

SUDUÑ BÄRI ÝANYNDAN GAÝTDYK

«Ata-enäni ynjydan ulalyp oňalmadyk peläket» diýip, käýinmeseňiz, men size bir wakany gürrüň bereýin.
Garrylarym obada ýaşaýardy, men bolsam şäherde. Rysgymyz aýry. Birek-birege mätäç zadymyz ýok. Şeýle-de bolsa men ata-enäni gözden salamok. Işden boş günlerimde oba baryp: «Kaka, eje, kem zadyňyz barmy?» diýip sorap durýan. «Jan ogul, şu sözüňiň özi hem her zada degýär» diýşip, garrylaram menden hoşal.
Arada kakam syrkawlapdyr. Barsam, kakamyň meni garşy alşy öňküleri ýaly däl.
― Essalawmaleýkim kaka ― diýsem ol:
― Waleý ― diýip, gysgaldyp jogap berdi.
― Kaka, taplaryň neneň?
― Näme, sen wraçmy?
Esli salym oturanymyzdan soň, kakam etegindäki «daşyny» döküp, maňa söz gatdy:
― Häk, dogman geçen diýmäýin diýsem, men ölümiň bäri ýanyndan gaýtdym. Sen bolsaň bizden habaram alaňok. Seni şunça ýyllap ekläp-saklap...
― Kaka, sen hernä meni ekläniňi dil çolagy edinýäň. Gel, ikimiz bir zady gepleşeli. Şu güne çenli meni ekläniň üçin näçe harç çeken bolsaň, men şony tölejek.
― Han ogul, ilki çörekden başlaly ― diýip, kakam çota ýapyşdy.
― Ine, ogul, sen şunça halta unuň puluny tölemeli bolarsyň ― diýip, kakam çotuň çep tarapa geçen düwmelerini maňa görkezdi. Menem jübüme elimi sokup:
― Bolubilýär, ony häziriň özünde nagt edäýerin. Her haltaňa 18 manat 20 köpügi menden al ― diýdim. On sekiz manat ýigrimi köpügi eşiden kakam:
― Ýo-ýo-ýok, h-h-han o-o-gul ― diýip, kakam sakawlaberdi. Ol titräp:
― Men ol bahaňa razy däl. Eger sen iýen duzuňy haklajak bolsaň, her halta un üçin 22 manat töläp, haltasynam getirip bermeli bolarsyň ― diýdi.
― Kaka, men döwlet nyrhyndan çykjak däl.
― Menem saňa Döwletiň nyrhyny töle diýýän-dä!
― Ol nähili beýle bolubilýär? Birinji sort unuň bir haltasy 18 manat 20 köpük. Ine şoňa döwlet nyrhy diýilýär, kaka.
― Men uny obamyzdaky magaziniň müdiri Döwletden aldym, düşündiňmi.
― Men müdiriň bahasyny tölejek däl.
― Tölärsiň.
― Suda beräý, kaka. Kimiň mamladygyny kanun aýdar.
― Ýör suda ― diýip, kakam ýerinden turdy.
― Wa-ýeý, beýle sözi oýun edibem aýtmaň ― diýip, ejem araçy boldy, ýogsam iş ula tutaşjakdy.

Gurbangylyç HYDYROW.
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 167 | Добавил: Haweran | Теги: Gurbangylyç Hydyrow | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Gurgencli  
324
Uny tölärsiň, iýen-içeniňi tölärsiň, emma welin, ene-ataň saňa siňdiren mährini, seni ulaltmak üçin çeken jebri-jepalaryny nädip tölärsiň? Ol zatlaryň öwezini meniň pikirimçe hiç zat bilen dolduryp bolmaýan bolaýmasa.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]