22:22 Süpük | |
SÜPÜK
Men ýazasym gelmän ýazýan Süpükligimi. Tirýeki ýa alkaş bolmalydym. Iň bolman, keýpim köklenensoň Unudardym dünýäni, Keseden özüme gülýänimi. Özümligime-de gynanýan. Eger pulum bolan bolsady, Ýigrim üçümi dolduryp, sadaka bererdim. Kim bilýär, bolan bolsa bermezdimem. Adam garyplygynda öwrenýä jomartlygy. Aklyma bir süri guş gonupdyr, Olardan imanymynň şekilini ýasaýan: Doňuz! Özüm weli imanymça-da däl, Doňuzça-da. Meni hem-ä özüm tanar, Hemem maňa meňzeşler. Süpük boldum men! Nesibämi ýyrta-ýyrta şu güne ýetdim. Köp aglatdym ejemi-kakamy Bagtsyzlygymdan, şowsuzlygymdan. Eger-de men bir gün bagtly bolaýsam, Öwrenşip bilmerin öýdýän. Gorkýanam entäk bilmedik zadymdan – Bilmedik bagtymdan. Men bagtdan gorkup aýaýan ýaly Süpükligimi. 13.04.2018 ý. Rahat Şyhyýew | |
|
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |