18:07

Syçan bilen Alaka

SYÇAN BILEN ALAKA

Syçan ylgap gelip, diýdi Alaka:
"Eşitdiňmi, hoş söz ýaýrapdyr halka -
Şiriň penjesine düşüpmiş pişik,
Açyldy indi bagtymyz.
Tapmaýarmyş indi çykmaga deşik.
Geldi ýaýnajak wagtymyz."
"Begenme, dostum Syçan"
Diýip Alaka aýtdy:
"Boş söze gitme hiç haçan.
Onda Şiriň hem gör işi gaýtdy.
Pişik ony lak-luk atar.
Çünki pişik güýçli hemmeden beter."

* * *

Men köp gördüm, syn edene bildirer.
Eger gorkak haýsy zatdan gorksa,
Diýýär: "Bütin dünýä edýändir heder,
Eger şoňa ýoluksa."

Iwan KRYLOW.

Terjime eden Hajy YSMAÝYLOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 184 | Добавил: Haweran | Теги: Iwan Krylow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024
Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]