09:43 Şygryýetiň täze tolkuny | |
ŞYGRYÝETIŇ TÄZE TOLKUNY
(Ýaşlaryň edebi döredijiligine syn) Akyldar Ýusup Balasagunly eýýäm müň ýyla golaý wagt bäri hanedanlary, döwletleri, hökümdarlary hem raýatlary bagtyýar edýän kitabynda howandary Bugra hana, ähli hökümdarlara «Şahyrlaryň dili gylyçdan ýiti, ýoly gyldan inçe. Köňli tükel bolsa deňze girip göwher, ýakut çykarar. Öwseler öwgiň ülke aşar, sökseler atyň artap galar» diýip maslahat bermek bilen, söz ussatlaryna sarpa goýýar. Milletiň mertebesini beýgeltjek şeýle şahyrlar Garaşsyzlyk döwründe türkmen şygryýetini ösdürmeklige uly goşant goşýarlar. Bu döwrüň öz edebiýat meýdany, söz ummany döredi. Ummanyň gözelligi, ýaşaýşy, hereketi tolkunlarda. Garaşsyzlyk döwrüniň şygryýet ummanynyň ilkinji tolkuny iki döwrüň şaýady bolan şahyrlar bilen başlaýar we soňky tolkunlary şeýle yzygiderlikde dowam eder: – G.Şagulyýewa, N.Rejebow, A.Atabaýew, M.Babanazarow, O.Çaryýew, A.Annaberdiýew, I.Akmyradow, O.Çaryýewa, O.Annaýew, K.Gurbanmyradow, D.Annamyradow, G.Sähetdurdyýew, A.Taşow, G.Orazow, Ö.Möwlamow, T.Ýaýlanow, A.Mämmedow, H.Baýramow, B.Ödekow… – Ç.Ýegenmyradow, O.Oraztaganowa, M.Hanmämmedow, A.Baýhanow, H.Hudaýgulyýew, D.Orazsähedow, I.Gurbanow, M.Rozyýewa… – S.Geldiýew, K.Rejebow, L.Pürjäýewa, A.Garaýewa, G.Hanowa, E.Nyzamow, A.Rozyýewa… – A.Jumaýew, L.Maksimowa, G.Baýhanow, M.Bekgiýew, M.Muhamow, S.Seýitmämmedow, A.Hojamuhammedowa, A.Hanow, A.Gaýlyýewa, M.Mätgurbanow, S.Hommadow, A.Aşyrmädowa… Biziň söhbetimiz öňkülerden badalga alýan, şol bir wagtyň özünde şeýlebir özboluşlylyga ymtylýan iň täze tolkun barada. Durmuş bir ýol – öňe baksaň, ýaşulular barýan bolsa, yza garasaň, ýaşlar gelýän bolsa, şeýle ýoldan ýöremek bagt. Gözel many gözel şygryň ak aty «Ýaz howlugar gujagyňa ýetmäge, Saz howlugar gyjagyňa ýetmäge…» diýip, Watan hakyndaky şunça köp aýdymyň içinde öz owazyny ýetirmäge ymtylýan, öz pikirini täsirli açmagy başarýan M.Muhamowyň şygryýet meýdanynda öz ýüzi bar. Şahyryň nämeleri göz öňünde tutýanyny anyk bilmesek-de, biz okyjy hökmünde gyjaga ýetmäge howlukýan saz babatynda pelsepewi many çykardyk: şu barlyk ýaradylanda-da saz bar, älem-jahan bir geňsi owaz bilen aýlanýar, sazandalar saz gurallaryna daýanyp, ol owazlary adama düşnükli «dile» geçirýär, şol baky saz türkmen gyjagynyň kömegi bilen halka ýaýylmaga howlugýar… Şahyryň goşgularyny okanyňda, awtoryň okamaga, bilimini artdyrmaga höwesiniň uludygyny aňmak kyn däl. Şahyr mydama gözlegde we onuň özboluşlylyga ymtylýan goşgulary okyjylaryň ýadynda galmaga ukyply. Onuň döredijiliginden käbir täsirli pursatlar: Tolkunlar getirip, kenara zyňdy, Ellerim galgadyp galdym ýyllara… M.Muhamow «Birmahal…» *** Kölegäňe dönüp bile galaýyn, Öz okunda aýlanýarka entek Ýer. Söýmeseňem, bir görümsiz myhman men, Senden gitmek niýetim ýok entekler. M.Muhamow «Ygrar» M.Bekgiýewiň uly göwrümli, pikire baý «Köňül pelsepesi», «Hat» atly goşgulary hem ýoluň dowamat boljagyna umyt döredýär. Şahyryň başy ylhamdan doly, ol özüne düşünilmegini beýleki adamlardan has köpräk küýseýär. Söýgüli ýaryň, dogan-garyndaşyň, dostlaryň şahyryň illeriňkä görä başgaçarak boluşlaryna, özboluşly pikirlerine, arzuw-isleglerine düşünmegi iň uly bagt: «Bir, bakyň! Meniň dünýäm nähili aladaly, gowgaly, meniň ýollarym nirelere uzaýar, her ýagdaý bolanda-da, men ýaşamak üçin güýji senden alýaryn…»: Duýmasam durmuşyň dabarasyny, ýerlemesem gujagynda gülleriň, Derwüş deý syrymy gizläp içimde, gije-gündiz golda bolsa gülberim, Sen maňa düşün! Döredijiligi kämilleşdigiçe, şahyra düşünýänleriň sany köpeler. Bu goşguda bolsa şahyryň köňli «ilinden aýra düşüp, jäht edip ilini gözleýäne» (Magtymguly), gaý-tupanlaryň içinde ýeke özi galan, ugruny ýitiren ýalňyz ýelkene (M.Ý.Lermontow) meňzeýär. Liriki gahryman nirelerde, nähili halda bolsa-da, özüne düşünilmegini, ýalňyz goýulmazlygyny isleýär. Kalpdan dömüp çykan, ýasap bolmajak duýgulara ýugrulan «Hat» atly goşguda şahyr kakasyna ýüzlenipdir. Ogul ulaldygyça, oňa kakasynyň pähmi, mähri ýetmezçilik edip başlaýar, «garaşmaga, göreşmäge, ýeňmäge sabry ýetenok», bu zemine sygmaýar: Ýetilmedik menzillerde azaşyp, Bir öýjagaz dikdim arşyň töründen. Soňky günler üzüp ýerden aýagym, Aýy ýassyk edip ýatyp ýörün men. «Aladalary bolsa on üçünji süňňi ýaly egnine labyr atýar» (Günbatarda on üçlük betbagtlyk getirýän san hasaplanýar, käbir jaýlarda 13-nji gat, käbir uçarlarda 13-nji orun ýok. Belki, awtoryň bu nädogry yrymdan habary bardyr. Her hal aladalaryň şeýle galagoply sana deňelmegi ýerine düşüpdir), «çemeçilleň hyýanatyndan eýmenýär» (ýaş şahyryň döredijiliginde uly durmuşyň çemeçiller ýaly tagmasy bar bolsa, onuň ahlak-pelsepewi dünýäniň bir gyrasyndan gädip ugradygy). Gahrymanyň öz kakasy bilen ýaşynyň barha golaýlaşýandygy şygryň dartgynlylygyny, dramatizmini has-da artdyrypdyr. Ýaş gidenler ýaşlygyna galýarlar. G.Ezizowy hiç kim goja kişiniň keşbinde göz öňüne getirip bilmez. A.Hojamuhammedowanyň formasy liriki oýlanma çalymdaş, käýerde belli bir galyba boýun egmeýän (belki, dünýäniň özi ýaly syrly zenan logikasy üçindir), şeýle-de bolsa, mazmuny-manysy bile, pikirleriň berlişi bile ýadyňda galmaga ymtylýan goşgulary bar. Goşgularda ahwallar şahyryň başdan geçiren hususy duýgularynyň üsti bilen açylýar. Döredijilik ýolunyň başynda hut şeýle-de bolmaly. Ýöne şahyryň gahrymany özüni-de, il-günide söýmeli. Soňabaka il-güne, dünýä bolan söýgiň özüňe bolan söýgiňden üstün çykmaly. Belki, gelejekde şeýle-de bolar. Häzirlikçe welin gahryman obraz derejesinde işlenen Bagtdan şeýle haýyş edýär: Ertir üçin birden sanaw düzeňde – haýyş, bagt, ilki nobat başynda Adym bilen familýamy goýaýgyn! Adam käte bagtyň nämededigini, nirededigini bilmeýär. Öýi-ojagy, işi, dosty-jorasy bar. Hemme zat ýerbe-ýer ýaly. Birden bir närseler ýetmän başlaýar, ýüregiň howsala düşýär, nämedir bir zatlar etmeli, diýmeli, nirädir bir ýerlere gitmeli ýaly duýgy basmarlaýar. Bu, belki, gowulygadyr, belki-de, şeýtanyň oýnudyr. Şeýle pursatlarda, aýratynam, ýaşlar seresap bolmaly. Bagtyň juda ýönekeýje zatlardadygy, dünýäniň, ýurduň asudalygyndan, jan saglykdan, abraýdan, hemmeler bilen deň derejede ýaşap ýörmekden uly bagtyň ýokdugy aňrybaş hakykat. Bolmalysy ýaly gaýtalanyp duran şu asuda ösüşiň öziüne düşünmegem uly bagt. A.Hojamuhammedowanyň gahrymany «Işe barýan» atly goşgusynda edil şu günki özüni şeýle howsaladan halas edipdir. Gaçmawersin bu günlerden höwäsim, Nesipli ýollardan aýyrma, Allam! Goý, süýjisi bilen, ajysy bilen Atsamam – Iş-öý arasynda ataýyn hallan. Zenan maşgalalara öňi bilen öz ýüregiňi açmagy, onda-da, hiç zat galdyrman açmagy talap edýän aýdymçy, şahyr, artist bolmak kyn. A.Hojamuhammedowa okyjylara ýüregini açypdyr. Joşgundan, ylhamdan dömüp çykan käbir goşgulara diňe «Ajap» diýip seslenäýmek galýar. A.Hanowyň «Söýgi söhbeti» janly bir ýürek bolup urup dur. Aşyk Magşukdan bir söze garaşýar, ol söz ýigidiň dünýäsini gowulyga tarap düňdermeli. Ine, şondan soň ýigit ýüregini onuň aýasyna goýar we gyz islese, diňlesin, islese-de, gepe güýmesin, bolmasa-da: Ýa, isleseň, geljegiňi gur onda, (Ýok, bu zatlar boýun bolmaz gümana). Belli-külli takdyryňy bagla sen, Takdyryma, hyýalyma. Hamana, Ikimiziň ýagty saçjak ertämiz, Ýazyk bolsun maňlaýlarda ap-aýdyň. Iki bolup aýralykdan gaçarys, gizleneris. Tapybilse tapaýsyn! Söýginiň gözi kör bolýar diýýärler. Şonuň üçindir, belki, M.Muhamowyň gahrymanynyň gözünde-de söýgi äýnegi bar. Äýneklikä adam bagtly, birden şol äýnek gaçaýsa, hakyky dünýäde ýaşamak kyn. M.Muhamowda jan ýandyrma bilen birlikde ýylgyrmaga iterýän mylaýym ýumoram bar: Söýginiň äýnegi gaçdy gözümden, Ýörär ýolum şonsuz has aýan eken. Diňe ikimiz däl, ýeriň ýüzünde başga adamlaram ýaşaýan eken. Aslynda-da, şygryýetde söýgini durmuşdan aýry saýmaly, aýrylykda açmaly hem däl. Diňe jemgyýetiň, tebigatyň, sosial-ykdysady gatnaşyklaryň, ähli ýaşaýşyň örüsinde açylanda, hakyky söýgini beýan edip bolar. Ähli zatdan geçip, çöllerde ygyp ýören Mežnuna atasy pahyr «Jan, oglum, itiňem öz Watany bar» diýip zeýrenýär. Ýöne bu dessanda-da Mežnunyň gözleginiň diňe bir Leýli däldigi, Fuzulynyň öz poemasynda nygtaýşy ýaly, Leýliniň keşbinde Haky gözleýändigi üçin eseriň syrlylygy artypdyr, ömri uzapdyr. Goşgy syrly bolmalymy? Hawa, hemme zat açyk-aýan aýdylan bolsa, okyja pikirlenmäge zat gamadyk bolsa, ol goşgynyň täsiri uzaga çekmez. Onuň syrlylygy adam ykbalyny umumy manyda açýanlygynda bolmaly. Bolup geçýän duýgular, hadysalar, başdangeçirmeler bir adamyň dünýäsi bilen açylsa-da, olar her bir adama degişli we kimiň üsti bilen açylýandygyny bilmek okyjy üçin esasy mesele däl. Ýöne munuň özi ýene-de tebigy suratda bolup geçmeli we zor bilen syr ýasamak okyjyny ynandyrmaz. M.Bekgiýewiň «Birmahal, ikimiziň dostlugymyz…» atly goşgusynda gahryman dosta bolan ynamynda aldanana meňzeş. Öň berk bina meňzeş kalba güman inip, haraba dönüpdir, onuň özüne hiç çäresi ýok, müň ýamaly il gepi heläk edýär, şöhrat dilenip ýaşaýanlar dostlugyň gadryny bilmez..: Diýsinler, däli diwana, Ýüzüme diýsin diýenler. Ýogsa, ýüregme ýapyşdy: Düýnki duzumy iýenler. Eger bu täsirli goşgynyň ikinji bendi jemleýji bent hökmünde getirilen bolsa, kyn pursatlarda-da gahrymanyň adama bolan ynamynyň mizemändigini, şeýtana gol berip, alyna gitmändigni aňladardy. Näçe zehinli şahyrlar ýaşap geçdiler, emma olaryň köpüsiniň atlary halk hakydasynda galmady. Sebäbi maýda öýke-kineden saplanyp, adamy, adamzady söýmek derejesine ýetip bilmediler. Öwrenýän goşgymyzda şeýle söýginiň nusgasy bar: Erkim ýetmez ertirime, Keç täleýe gargyşym ýok. Sabrymyň soňky nokadyn, Ömür-ömür goýmuşym ýok. Filosofiýa – ähli ylmyň binýady. Şahyr ondan aýlanyp geçip bilmez, öňde-soňda oňa ýüzlenmeli bor. Filosofiki oýlar şahyryň döredijiliginde näçe ir ýüzüni görkezse, onuň şonça ir ýetişdigidir, näçe köp bolsa, şonça-da eserleriň ömrüniň uzak boljagydyr. Ýaşlarda filosofiýanyň, seýregrägem bolsa, görnüp başlamagy begendirýär. S.Seýitmämmedowyň ýagşa, damja meňzeş, aýdan asylan, ondan sallanyp, kalendara giren, ondanam çykyp, sagada gaçan, bir görseň, äwmezek, bir görseň, hars urup barýan… wagt hakyndaky, ýarygije ogry ýaly öýlere giren, çyra öçensoň, gahrymana ýesir düşen, gara lybasyndan utanýan, näçe uzak bolsa-da, Aşgabadyň köçelerinde gutarýan gije hakyndaky goşgulary şeýle oýlanmalara mysal. Asyl, bu ýerde gije bir obraza öwrülipdir. Walydam, Mekge-Medinäm… Eje hakdaky goşgular juda kän bolsa-da, adamda ýeke bolmaly dünýäleriň hataryndadygy üçindir, hiç wagt ýadadmaýar. Bu temadan saýlanaýmak kyn. Şonda-da S.Seýitmämmedowyň, M.Muhamowyň goşgularyny okap, «Şeýdibem aýdyp boljak ekeni!» diýeniňi duýman galýaň. Azerbeýjan şahyry Mürze Şafynyň «Men oňa gündür öýtdüm, nur salmaýar hiç haçan // Men oňa güldür öýtdüm, gül gülmeýär hiç haçan» diýip, öz döwründen öňe gidip, gyzyň nusgawy ýa romantiki däl, hut öz real gözelligini açmaga çalşyşy ýaly, Seýranyň ejesi hem oglunyň saçyny şemal bolup daramandyr, tersine, şemal ene bolup sypapdyr, Gün bolup ýylatmandyr, tersine, Gün eje bolup ýyladypdyr. Munuň özi ene mähriniň derejesiniň beýikligini aňlatmagyň bir täsin görnüşi. Eje hakyndaky aglanyp aýdylmadyk bu owadan agynyň soňky iki bendini bolsa okap lezzet almaly: Tutýamyka gijeleriň ukusy, Günler indi nädip daňlaryn aty:r? Meni äkidenne ökünip ýollar Ýaraly ýylan deý towlanyp ýatyr. Ýagyş damjalary gussaly dünýäň Hem-de meň gussaly gözlerme gaýdýar. Birdenem ýalpyldap Gün çykdy, Eje!!! Ýylgyrdyň öýdýän. Soňkuja jontujak setiriň täsirini diýsene?! Şeýle doly däl setir bilen pikiri jemläp, goşgynyň täsirliliginiň artdyrylýan pursatlar Seýranyň beýleki goşgularynda-da bar. Logika gaty hötjet närse. Bir görmäne, beýleki ylymlardan tapawutlylykda, şygryýet has erkin fantaziýanyň önümi. Oňa kesgitlemeler, teoremalar, aksiomalar, deňlemeler… ýat ýaly. Hakykat ýüzünde hakyky şygryýet hakykaty ylymdan-da inçe açmaly. Älemiň, ýaşaýşyň haýsydyr bir göze görünmez mantyga eýerip, täsin sazlaşykda aýlanyp durşuna meňzemeli hakyky goşgy. Gomerde, Dantede, Pyragyda… hut şeýle. Magtymguly Pyragy «Gün hanjary gökden ýere inende, // Güne garşy dogan Aýy gözel sen» diýende, Günüň nurundan Aýyň şöhlelenişi baradaky ylmy hakykata daýanýar. Asla şahyryň ylmy logika daýanmaýan ýeri ýok. Ýaş şahyrlar şeýle ylmy hem şahyrana logika berk daýansalar, goşgularyň ynandyrjylygy artardy. Aristotele görä, her bir bitewi närsäniň başy, ortasy hem aýagy bolmaly. Bular biri-biriniň üstüni doldurmaly, tassyklamaly. Her bir aýdyljak pikir özünden öň aýdylan pikiri tassyklamaly, soňky öňkini inkär etmeli däl. Gün oýandy, ymyzgandy duýgular, Goja zemin meniň bilen ýaşytka… G.Baýhanow «Gün oýandy» Gün oýansa, älem oýanyp başlaýar. Ýöne nämüçindir, bu ýerde duýgular ymyzganýar – ymyzganmak sözi uklamaga taýýarlanmagy ýa-da meýmiremegi aňladýar. Goşgynyň tutuş süňňi-de adamyň oýanýan döwrüne – hut şahyryň öz ýaşlygyna bagyşlanypdyr. Şahyr bu ýerde Günüň nuruna ymsynmagy aňlatmak isländir. Ýa-da, aslynda, okyjyny çagalyk döwrüne äkidip, ene-atany ýatladýan täsirli goşgynyň bir bendindäki soňky iki setir goşgynyň yzygiderliligi bilen bagly bolman, ýöne bir kapiýa üçin aýdylana meňzeş: Ýaňyja güllän ýorunja, Üzümligiň içindedi. Aňk bolup doňup oturma, Günorta çaý içeňdedi. G.Baýhanow «Atama» Ýaşlarda mantygy inçeden yzarlap ýazylan goşgular hem bar. S.Seýitmämmedowdan mysallar: Bir nokatda ýollarymyz bölündi, Birinji nokada gaýdyp bilmedik. Bar sözi aýtdyk biz birek-birege, «Ýok» sözleri bolsa aýdyp bilmedik. *** …Özümi umytdan düşürmedim men, Özümden bir umyt düşürdim gülüm. Sen gideň soň men öz ýalňyzlygma däl, Ýalňyz däldigime düşündim gülüm. Käbir sözler awtoryň nygtamak islän pikiri bilen ylalaşmaýar. M.Bekgiýewden mysallar: «Ýekirlen ýüzlüler gözlände kemim…» diýen setirdäki «ýekirlen» sözi «ýekelenen, inkär edilen, ýazgarylan» manylarynda gelýär we okyjyda «özüň birini kemsiden bolsaň, elbetde, gaýtawulyny alarsyň» diýen pikiriň döremegi ähtimal. Garaz, şeýle pursatda özüňkiniň dogrudygyny düşündirmeli bolýar. Ýa-da, edil şu bendiň özünde «Daşymda galkan deýş goragym bolan: // Gyşda doglan dostlarymdan razy men» diýen pikire garşy «O nä diňe gyşda doglanlardan razyka?» diýen sorag döräp biler. Tebigylyk, durmuş hakykatyny real açmak şygryň ynandyryjylygyny, täsirliligini, gözelligini artdyrýar, gahrymany okyjylara ýakynlaşdyrýar. Eje-kakanyň mähri ummasyz, ýöne çaganyň ykbalynda ata bilen enäniň orny bir başga. Ata-ene bilen çaganyň arasynda göze ilmez bir mährem ýakynlyk bar. G.Baýhanowyň «Atama» atly goşgusynda adamyň çagalyk döwri, mähriban ata-ene bilen gatnaşyklar hut çaganyň dili bilen açylypdyr. Çeper edebiýatyň öz enesi hasaplanýan halk döredijiligi bilen ruhy ýakynlygy bolmaly. M.Mukamow ýaryndan «ara düşen aýralyk ýoluny ýalan bilen çynyň arasy ýaly gysgaltmagyny» haýyş edende, Soltansöýün bilen Myraly hakyndaky rowaýat ýadyňa düşýär. M.Bekgiýewiň «Dünýäň dabanynda ýyldyrym çakyp…» diýen setirinde «dabanyndan ot çykýar» diýen durnukly söz düzümi şahyrana işlenilipdir. Şeýle-de, bu setiriň döremegine antiki mifologiýadaky Ahillesiň hem ejiz, hem toprakdan kuwwat alýan ýeri bolan dabanynyň täsir eden bolmagam mümkin. Adatylyk şygryýetiň duşmany. Ondan gaça durmaly. Näçe kyn-da bolsa, öz sözüňi aýtmaga çalyşmaly. Her bir okyjy şygyrdan «Bäh?!» diýdiräýjek özboluşlylyga garaşýar. A.Gaýlyýewa goşgy ýazmagyň formasyny gowy ele alypdyr. Ýöne şahyry şahyrdan tapawutlandyrýan närse – onuň özboluşlylygy. Özboluşlylyk edebiýatyň taryhyna adyňy ýazmagyň ýeke-täk ýoly. Bu zehinli gyza döredijiligiň iň gyzykly, dartgynly, howsalaly pursaty – öz ýoluňa çykmak döwri garaşýar. A.Hanowyň yşk-söýgä bagyşlanan goşgusyndan bir bende özboluşly öwüşgin bermäge synanyşalyň: «Yşk bormy, ataşda ýanmasa?» diýdiň, Ot bile suwadym ýüregmi, läläm. «Yşk bormy, aýazda doňmasa?» diýdiň, Sözüňe doladym ýüregmi, läläm. Ýöne ataşda ýanmak, aýazda doňmak bolaýmaly adaty bir ýagdaý. Indi şu bentdäki «ataşda» hem «aýazda» sözleriniň ornuny çalyşyp okap göreliň. Buz – aýazda ýanyp duran, ot – ataşda doňup duran yşkyň täsiri bir başga. Goşgulardaky pikirleriň many gürlügi onuň agramyny artdyrýar. Ýöne häzirki zaman türkmen şygryýeti nusgawy edebiýatdaky didaktizmden tapawutly. XX asyr türkmen şygryýeti döwrebap dünýä şygryýeti bilen sazlaşyk saklap, duýguçyl goşgulary öňe sürüp başlady. Bu döwrüň talaby. Nusgawy edebiýatyň akyl-paýhas ýüki ýetik goşgularyna öýkünmelerem, olardan täsirlenmelerem indi öňki derejä çykyp bilmeýär we okyjy täze bir forma garaşdy. Şygryýet muşdaklarynyň talabyny ödedi. Esasan, duýgy bilen iş salşyp başlan lirikada ykballary, howsalany, gam-gussany, şatlygy täsirli açmak zerur. A.Hanow «Gije» atly ýedi bentli ýekeje goşgusynda gözlerine çiş kakylan gijäniň fonunda dokuz sany ykbalyň hersini iki setire sygdyryp okyja äbermegi başarypdyr: köçeden barýan, hyýaly paşmadyk biri; tirsegine agram berip, penjireden alyslara seredýän bir peri; toý çakylyk hatyny mäjum eden, kirpikleri nemli gyz; kofe bilen ylhama hüjüm edýän şahyr; biwagt ölen aýalyny ýatlap, demini sanap ýatan goja; gijäniň gözüne çiş kakylandygy sebäpli, hyýaly çüwmedik ogry; ogluny gujagynda ezizleýän eje; aýralyga çydaman, penjireden aşak sallanýan ýigit; özüniň bir gorkunç çözgüdinden howpurgap duran gözel… Elbetde, bu göreldä eýerip, goşgyny ykballaryň dürli pursatlaryndan dolduryp bilerler. Ýöne gep olary nähili derejede täsirli hem owadan bermekde-de bar. Gözel galyp gözel manyň ganaty Edebi dil umumyhalky dildir. Milleti millet eden Pyragynyň esaslandyran türkmen edebi dilidir. Şahyryň dili baý bolmaly. Sözlük düzümini düzýän kär-hünär, şiwe sözlerinden, alynma sözlerden, ylym-tehnika bilen gelýän sözlerden… giňişleýin peýdalanmaga onuň doly haky, hatda borjy bar. Ýöne beýle erkinlikden, ähli beýleki meselelerde bolşy ýaly, diňe zerurlyk dörände, juda ýerlikli ýagdaýda peýdalanyp bolar. Başga pursatlarda beýle sözler şygryň umumyhalky bolmagyna päsgel berýär. Aşakdaky mysallarda A.Hojamuhammedowa bilen A.Gaýlyýewanyň goşgularda «höwesim» sözüni «höwäsim» görnüşinde almagy üçin zerurlyk ýok. Şahyrana sintaksise laýyklykda goşguda sözlem agzalarynyň orunlary çalyşylyp bilner. Şunda dyngy belgilerine ünsli çemeleşmek zerur. «Düşmen, bagta barýan hyýal atymdan» (M.Bekgiýew) diýen sözlemiň dogrusy «Bagta barýan hyýal atymdan düşmen» bolmaly we bu ýerde otur goýmagyň zerurlygy ýok. Başky hem soňky bentlerde pikirleriň gaýtalanmasy diňe ýerlikli ulanylan ýagdaýynda tutuş goşgudaky pikiri çugdamlamaga ýardam edýär: Gözleriňi gözlerime garat-da, Sen bir söz diý, elewresin hyýalym… *** …Diýenlermiň dogrulygna baş at-da, Sen bir söz diý, elewresin hyýalym. A.Hanow «Söýgi söhbeti» G.Baýhanowyň «Saňa garaşyp…» atly goşgusynda bir bendiň goşgynyň başynda we soňunda sözme-söz diýen ýaly gaýtalanmagyna zerurlyk görünmeýär. Umuman, şahyrlar hiç bir endige-de erkini doly bermezlige çalyşmaly. Meňzeş harply bogunlary däl-de, dürli söz toparlaryndan bolan sözleriň ses sazlaşygyny kapiýa hökmünde ulanmak ussatlykdan nyşan: «asmany – asmaga», «bir peri – kirpige» (A.Hanow «Gije»); «entek Ýer – entekler» (M.Muhamow «Ygrar»). Çekimli hem çekimsiz sesleriň sazlaşygy, Pyragynyň «Gara daşdan gara gyly saýlan göz» diýen setirindäki ýaly, diňe tebigy suratda getirilende, şygryň many-mazmunyny bozman, gaýta güýçlendiren ýagdaýynda peýdaly bolup biler. Ýaşlarda şeýle pursatlar bar: «Duýmasam durmuşyň dabarasyny», «ham hyýallaň hasylyna garaşsam», «Setirleriň süňňün süzer barlygyň»… (M.Bekgiýew «Köňül pelsepesi»); «Indi ömrüň öwrümlerne öwelip…», «Oýalygmy ogurlatdym oýlara…» (M.Muhamow «Ygrar»). Çekimli hem çekimsiz sesleriň sazlaşygy, Pyragynyň «Gara daşdan gara gyly saýlan göz» diýen setirindäki ýaly, diňe tebigy suratda getirilende, şygryň many-mazmunyny bozman, gaýta güýçlendiren ýagdaýynda peýdaly bolup biler. Ýaşlarda şeýle pursatlar bar: «Duýmasam durmuşyň dabarasyny», «ham hyýallaň hasylyna garaşsam», «Setirleriň süňňün süzer barlygyň»… (M.Bekgiýew «Köňül pelsepesi»); «Indi ömrüň öwrümlerne öwelip…», «Oýalygmy ogurlatdym oýlara…» (M.Muhamow «Ygrar»). «Dek» we «deý» sözleriniň ikinjisiniň has owazly, ýumşak ýaňlanýandygy baradaky pikir G.Ezizowyň ünsüni özüne çekipdir. Her sesiň aýratyn täsiriniň bardygyny bilmek üçin olary gezekleşdirip okap göräýmeli: «Dutaryň kirşi dek inçejik ýolda…» (M.Bekgiýew «Hat»). Elbetde, bu gutarnykly netije däl. Ýerlikli ulansaň, dymyk «k» çekimsiziniň hem öz orny bar. Setir döwülmeleri ýerlikli ulanylanda, şygryň many taýdan täsirliligini artdyrýar. XX asyryň başlarynda, esasan, W.Maýakowskiniň özboluşly joşguny bolan goşgularynda köp peýdalanylan setir döwülmeleri hyjuwyň barha joşýandygyny, pikirleriň has nygtalýandygyny aňladýar. M.Bekgiýewiň iki setirde berlen pikiriniň birinji setiriniň soňundaky ikuçlulygy aňladýan «ýa» baglaýjysyny aýratyn setirde bersek, has göwnejaý bolardy: Biz bagtyň keşbini görmedikmi, Ýa iň eziz düýşüni gördükmi Hakyň?! Punktuasiýany örän ýerlikli peýdalanmaly. A.Hanow «Gije» atly goşgusynda her iki setiriň başynda hem ahyrynda köp nokatlary ýerlikli ulanmak bilen bir ykbalyň anyk bir pursatyny aýratynlaşdyrypdyr. A.Hojamuhammedowanyň «Geň zat» atly goşgusynda-da köp nokatlar duýgynyň dürli pursatlaryny açmaga ýardam edipdir. Kese çyzyk bilen çyzyjagyň uly tapawudy bar. Şahyrlar, köplenç, muňa üns bermeýärler. Kese çyzyk sintaktiki serişde we ol sözlem agzalarynyň birini, köplenç, «bu» görkezme çalyşmasyny ýa-da kömekçi goşulmalary aňladýar. «Bu» sözüne derek getirilende, kese çyzygyň iki çetindäki pikiriň ýerini çalyşyp bolýar. Çyzyjak bolsa punktuasiýa – dyngy belgilere degişli. Olar ünsden düşürilende sowatly okyjylaryň dogry okamagyna päsgel berip biler. Bogun artyrylmasyny ýa-da kemeldilmesini diňe juda uly zerurlyk dörände, şygryň mazmuny we formasy şeýle gysgaltmany talap edende, goşgynyň erkin okalmagyna päsgel bermedik ýagdaýynda peýdalanmak bolar. başga ýagdaýlarda bu ýagdaý goşgynyň manymazmun hem forma gözelligine päsgel berýär. Nädogry bogun kemmelere mysallar: «Gyrmyz pyýalasyn düýşleri bile…» (G.Baýhanow «Saňa garaşyp»); «Olar gözelligiň, görküňem ulsy…» (S.Seýitmämmedow «Hat»). A.Hojamuhammedowa bogun sanyny dogrulamagyň hem-de «pulsy» sözüne kapiýalaşdyrmagyň hatyrasyna orfoepiýada-da, orfografiýada-da düşmeli däl bogny düşüripdir: «A nämçüýn özüň geliberäýeňok!..» («Bagt»). «Näme üçin» söz düzüminde käte orfopeipaýada «e» sesi düşürilip, sözler goşulyp aýdylsa-da, orfografiýada düşürilmeýär. «Üçin» sözi bolsa bütinleý ýalňyş ýazylypdyr. Setiriň soňundaky bir söze (geliberäýeňok) şeýle köp duýgyny diňe zenan şahyrlar ýükläp bilse gerek. Sözlük: Şahyrlar täze sözler ýasap, getirip, diliň sözlük düzümini baýlaşdyrýarlar. Köp sözler dilde ornaşmaýar, käbiri bolsa şol şahyr ulanandan soň, dile girip gidýär. «Çyn söýgüsin aňla serin säm eden…» (M.Bekgiýew «Umyt» diýen setirde «sämemek» sözüni bölüpdir we dogrudanam, sözüň köki şu söz bolup, onuň many etimologiýasyny öwrenmek zerur. M.Bekgiýew käbir setirleri täzeçe düşünjeler bilen bezemek isläpdir. Mysal üçin, «badam gözýaşym» diýlende, gözýaşyň badama deňelmegini şowly hasaplap bolmaz. G.Baýhanow «Atama» atly goşgusynda «gargylyk» sözüni ýerlikli ulanypdyr we bu ösümlikden at edinip oýnaýyşlary obada ulalanlaryň her biriniň ýadyna düşse gerek. Edebiýaty söýüjileriň arasynda «senli» sözüniň ulanylyşy, onuň alynma sözlügi barada dürli pikirler bar. Garyndaş dillerde işeňňir ulanylýan sözleriň diliň sözlük düzümine aralaşmagynda hiç-hili geň zat ýok. Bu söz bolsa «sensiz» sözüniň barlygy hökmünde türkmen dilinde, seýregrägem bolsa, öň hem ulanylýardy. Aslynda, alynma söz diliň sözlük düzümini baýlaşdyryjy bir çeşme. Dil olary öz kadalaryna laýyk getirýär. Ýaşlaryň döredijiligine tematiki köpdürlülik, şeýle-de, ynsan häsiýetlerini inçeden açýan, belli bir obrazy janlandyrýan şygyrlar ýetmezçilik edýär. Adam ruhunyň lukmanlary bolan şahyrlaryň häsiýetleri kämilleşdirmäge gatnaşmagy, lukmanlaryň Gippokratyň kasamyny içip, dost-duşmany bejerişi ýaly zerurlykdyr. Elbetde, her ýaşdaky adamy tolgundyrýan meseleler toplumy hem bolýar. Ýaşlar indiki ädimleri öz wagtynda äderler, nesip bolsa. Her hal biziň gözlegimiz ir dogup, uzak durýan ýyldyzlar. Ylham atyny ula goşan, bu ýerde syn berlip ýetişilmedik zehinli ýaşlar kän: A.Jumaýew, L.Maksimowa, M.Mätgurbanow, M.Hudaýberdiýew, S.Hommadow, A.Çaryýew, A.Emelowa, A.Aşyrmädowa… Ähli ýaşlar ýol başynda. «Köp külpetli kötel ýollar» (G.Ezizow) entek öňde. Kimiň yhlasy näçe menzile ýeter?! Ylahdan gelýän zehini edinip bolmaýar. Ýöne ol zehiniň berilmegi hem entek seniň şahyrdygyňy aňlatmaýar. Yhlas, gözleg, okumyşlyk… Ine, ýaşlaryň hupbatly hem lezzetli ýodasyny gadymdan gelýän baş Ýola ulaşdyrjak häsiýetler. Uly ýoluň dowamata ulaşmagy üçin baş zerurlyk il-günüň, Watanyň seni gereklemegi. Hormatly Prezidentimiz zehinleri ösdürmek, goldamak barada ummasyz köp tagallalary edýär. Beýle zamanada maksat tutan myrat tapar. Goý, ýodalar uly Ýola ulaşsyn! Baýram AKATOW, Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň uly mugallymy. Çeşmesi: https://br.com.tm/sections/5/1306. 16.11.2022ý. | |
|
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |