03:40

Şygyrlar

ŞYGYRLAR
    
■ Watan hakda

Watan hakda aýdymlary söýýärin,
Söýýärin jan-dilden mele topragym.
Gujagynda aýdym bolsam diýýärin,
Durşy bilen yhlas bolan ýapragyň.
 
Ak arzuwdan ganatlanyp asmana,
Galsam diýýän deňine çen durnalaň.
Duşup başy sermest edýän ahwala,
Sermest başym bir nepeslik durlasam.
 
Aýlansam Diýarda aga-ýana men,
Atgaýtarym alalarda ýaýnasam.
Dünýe ýaly ak çägeleň goýnunda,
Şat günleriň şatlygyny ýazmasam...
 
Neneň bolar yşkyň owazyn eşdip,
Ýaltansaň durmuşda süýräp süýegiň.
Watan hakda aýdymlara ses goşup,
Ýagtyldýaryn duýga doly tünegim.
 
Gyrmyzy şapagy ýüregiň ýaly,
Onuň al görnüşi bagtdyr diýýärin.
Kalba gaplap ähli  arzuw-hyýaly,
Watan hakda aýdymlary söýýärin.

■ Obam meniň 

Obam meniň sähralygyň  etegi,
Men bu ýaýlaň gujagynda doguldym.
Gyzlarynda gyzyl köz deý keteni,
Gözellerden saýlap birin tutundym.
 
Daň saz berip, horaz sesi ýaňlanyp,
Gün  bolup sährada ençe dogdum men.
Çekene  çopany hiňlenip aýdym,
Gül gunçadan çemen baryn bogdum men.
 
Obam meniň sähralygyň  etegi,
Gür baglary, süri-süri guşlary.
Säher çagy altyn öwser ak ekin,
Syrar asman ýüzün bugdaý başlary.
 
Hatar-hatar öýler, şol köne oýlar,
Haýdap akyp ýatyr Tejen derýasy.
Tüýdüm-tüýdüm ak bulutlar asmanda,
Göçüp-gonup, ondan-oňa gezýärdi.
 
Obam meniň sähralygyň  etegi,
Men bu ýaýlaň boýy ýeten çopany.
Bahar aýy asman bilin guşanda,
Ilki bilen  kömelejik tapany.
 
■ Sähram

Meň owadan gül sähram,
Gujagyňy aç maňa.
Duýgularmy kowalap,
Seýrana geldim saňa.
 
Gülüň-gunçaňy ysgap,
Aldym ýowşan ysyny.
Guba çägäň üstünde,
Gördüm towşan  yzyny.
 
Aýry bir dünýä otyr,
Alaňlaryň hersinde.
Ak sazak uly gyz deý,
Ak çägeleň gerşinde.
 
Gülälek-çopantelpek,
Ygşyldaşyp otyrlar.
Sähranyň erkin ýelleri,
Gül ysyny getirler.
 
Gyr aşyp, gola inip,
Takyrda kän selpedim.
Sähraň gülgün şemaly,
Öwsüp, ýüzüm ýelpedi.
 
Bakyp sähraň keşbine,
Çagalygmy ýatladym.
Bakman agyr keşgine,
Bedenim şunda tapladym.

***

Geçirdim wagtymy diýseň bigäne,
Negada, negada ýazylýar goşgy.
Mylaýym söz bilen bagty güýmäre,
Dözmedim gursakda liranyň yşgy.
 
Ykbal özgerýär-de, ýoldan sowulýar,
Belki-de  çyn dostlar, täleý şeýledir.
Mende atamyňky ýaly dogum bar,
Hem hyýal bar, olam älem meýlidir.
 
Al ýaňak dilberden ýeten ol heser,
Allaniçiksi bir ýola itergi.
Gaýgy-aladalam ömrüme ýeter,
Labyzdan awunan göwün bitermi?
 
Kalbymda gäzlik ýok, gaýta bar päklik,
Ýaş serimde bolsa duýguly duman.
Ylla, übtük ýaly bulutlar—aklyk,
Durmuşda hiç kese edemok güman.
 
Ýaşaýyş—bir gijäň gysgajyk düýşi,
Ýaşaýyş—bir didäň gözüniň nury.
Myratdyr elbetde, yhlasyň işi,
Işle, giňişlige öwürip ugry.
 
Geçirdim wagtymy diýseň bigäne,
Negada, negada ýazylýar goşgy.
Mylaýym söz bilen bagty güýmäre,
Dözmedim gursakda liranyň yşgy.

***
 
Kükreýip-kükreýip ylham gelende,
Kalbymda söýgüdir nowjuwan—bahar.
Meger dünýä melek bolup ineňde,
Senden asla görkli däldir Täçmahal.
 
Näziň, duýgyň hem-de sansyz öýkeleň,
Owal-ahyr gurbany men, gurbany.
Setirlerim ýüregimde öýdelen,
Döwet bilen tapýan günlük urbamy.
 
Bu ajaýyp duýgy bolsa birmahal,
Ömrüň güýzän çagy sowulybiler.
Adam ömri durşy bilen bil, matal!
Dananyň paýhasy, är dogmy bilen.
 
Çäkli ykbal, ýazylany täleýde,
Joş göwnüm çülpe deý, kä oglan ýaly.
Barybir bilmeýär goja älemde,
Ajaýyp pursatlar hiç eglenmäni.
 
Söý, işle, ýaşa hem tut deý ýagdaýlar,
Hemra bolsun uçgun ýalpyldamasy.
Oba barsam garşy alar bugdaýlaň,
Çala başyn atyp ýaýkyldamasy.
 
Sen bolsa özüňden monça bolarsyň,
Alkyş aýdyp meni doguran enä.
Men-ä asyl seni söýmän bilmerin,
Meni söýmezligem saňa bor günä.

***

Bu gün Aýyň gör, nurana şöhlesi,
Üçekleri kümüş şal deý örtüpdir.
Okuw üçin alan täze köwşümem,
Ak ýollary duýgy bilen ýortupdyr.
 
Toý golaýda, bahanamyz bar biziň,
Ýol aşarys, gitsin rugsat gümüne.
Işden zähmet rugsadyna çykar-da,
Aýdym borun sähraň tämiz gülüne.
 
Gijelikde duşan terje duýgular,
Ýol üstüne düşen çyga meňzeýä.
Wagtym bolsa gitmelimi meýletin,
Ak köpürjik saçyp duran deňze ýa?
 
Garaz, kalbyň hem-de öýüň duluna,
Ýel çalmagyň gerek ýeri şu pursat.
Tagzym edip garry öýüň duzuna,
Bir zatlary ýazsam diýýär bu gursak.
 
■ Ýyldyzym

Şäheri örtüpdir Aýyň şöhlesi,
A ýyldyzlar müňläp-müňläp ýanyp dur.
Şemdanymda yşyk berýän şem sesi,
Pikirlermi döwet joşly ýazyp dur.
 
Asman gursagyňa çalym edip dur,
Parahat gijede ýatuw ýok maňa.
Ýürek ýyldyzlara baý höwrügipdir,
Sähelçe maý galdy ak süýtli daňa.
 
Meniň şatlygyma, gaýgy-gussama,
Şaýat bolan ýeke-tägim, gunduzym.
Ýene bu ýollarda derdinişmäge,
Lowurdap dur, lowurdap dur ýyldyzym.

Garahanjar BAÝHANOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 456 | Добавил: Нawеran | Теги: Garahanjar Baýhanow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Великий день Кирилловой кончины…» / Goşgular - 13.02.2023
"В мире таинственном и простом..." / Goşgular - 07.02.2023
Nämeler sensiz / Goşgular - 21.01.2023
«Над Феодосией угас…» / Goşgular - 14.02.2023
«Нет в мире прекрасней свободы…» / Goşgular - 10.02.2023
Русская весна / Goşgular - 10.01.2023
Весна / Goşgular - 02.01.2023
Осёл в уборе / басня / Goşgular - 14.02.2023
Солдаты Дзержинского / Goşgular - 13.02.2023
Nirede sen, jenanym? / Goşgular - 01.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]