13:40

Synag / hekaýa

SYNAG

Aşgabadyň Magtymguly şaýolundan haýaljak ädimläp barýan gyz ýoluň sag tarapyndan hatar gurap gelýän gelnalja gözi düşüp sakga aýak çekdi. Ap–ak guwa meňzäp süýnüp gelýän ak „Wolga” bir giden maşynyň başyny çekip al–elwan atgulaklaryny pasyrdadyp gyzyň deňinden geçip gitdi. Şaýoluň iki tarapyndanam maňlaýa sylynyp ugradylýan gelnaljy ýola bezeg berip şol gidip otyr. Gyzam ony maňlaýyna syldy.
Dürdäne-de toýa taýynlanyp ýördi. Şaýola bezeg berip, onuňam bu gün – erte gelnalyjysy geçmelidi. 
Durmuşda büý...
Dynç alyş güni Dürdäne irden Batyr bilen dükandan nika ýüzügini almaga ugradylar. 
Ak „Wolga” süýnüp ýola düşende, Gün alleýanyň iki gyrasyny jähekläp oturan gür baglygyň depesinden jegelenip bu ajaýyp dünýä altyn nuryny çaýýardy. Altyn günden bölnüp gaýdýan sargylt şöhlejikler belent – belent daragytlaryň şahajyklaryndan jyklap ulagdan çykýan ajaýyp mukama bökjekläp, ýaşlaryň alnynda tans edýärdi, juwanlara ýagty ýol salgy berýärdi.
— Dürdäne.
Gyzyň okara ýaly gözlerine kölege berip duran syh–syh kirpikleri göni ýigide çeneldi. Şol bada-da ýigidiň göreçlerinden syçyran uçgun bilen çaknyşmakdan heder edip, gyzyň gözlerine kölege boldy-da, soň başga tarapa gönükdi. Ýigit welin ondan nazaryny sowup bilmedi. Dürdänäniň üzümiň suwy ýaly buldurap duran tegelekden, tämiz ýüzi, nar ýaly ýaňaklary, gurşundan guýlan ýaly dikgeripjik oturşy, daş–töwereginiň gözelligi ýigidiň sabyryny elinden alyp, maşyny saklagada näzenin gyzy gujagyna gysyp mährinden ganýança ogşasy geldi. Dürdäne-de ony duýup otyr. Bolsada ýigidiň akyly gözünde beýdäý-se gyz maşynda durjakmy? Gyzyň gedemligi üçin ýigit Dürdäneden öňem öýkeli. Iki ýyl ylgady yzynda. Batyryň ejesiniň ýyrtan köwşüni hasaba alsaň, uly oba bir ýyl aýakgap boljak Batyrlaryň ýerden ýöräniniň göwni Dürdänede. Ulag ýoluň çatrygyna golaýlanda aňyrdan badyny gowşatman gelýän ýük maşynynyň gelşini halaman, Batyr niýeti çepe sowulmak bolsa-da, birden aljyrap ruly ters tarapa burdy. Şol bada-da pökginiň yzyndan ylgap çykan çaga iki maşynyň arasynda galdy. Uçup düşdümi, böküp düşdümi belli däl, geçegçi ýigit ortarada peýda boldy-da, göz açyp – ýumar salymda çagany garbap alyp gyra zyňdy. Özi Batyryň maşynyna çolaşdy. Batyr aljyrady-da: Birdenem gazy basdy. Ulag silkinip bat aldy. Dürdäne allaniçigisi bolup gygyrdy:
— Sakla, sakla-da Batyr, nirä barýaň oňa kömek gerek.
Ýigit hüňürdedi:
— Akylyňa aýlan, Dürdäne. Bu – gün erte toýmuz boljak bolup dur.
Ýigitden beýle jogaba garaşmadyk gyz gapyny bat bilen açdy.
— Sakla diýýän, ýogsam zyňýan.
Ýigit gyz zyňar öýtmedi. Ýöne onuň rejesiniň geň däldigini duýup, ulagyň badyny gowşatdy. Ýoluň gyrasy ýapaşak eken. Ulagdan böken gyz esli ýere barýança togalandy. Soň bada entirekläp ýerinden turdy-da üsti – başyny kakyşdyrdy. Aýagynda agyry duýsa-da, özüni ele alyp iki aýagyna kän agram salmajak bolup, yzyna ýöräp ugrady. Ol özbaşyna hümürdedi.
Diridir, diridir. Alnymyzda Gün bardy. Diridir, ýagtylyk bardy. 
Dürdäne hemme zady anyklady. Oglanjyk diri galypdyr. Ýigidi hassahana alyp, gidipdirler. Gyz nätanyş adamlara minnetdarlyk bildirip içini gepletdi. „Adamlar, eziz adamlar, mätäje howandar siz, direg siz”.
Dürdäne lukmançylyk institutynda okaýardy. Okuwyň daşyndan boş wagtlary has düýpli hünär öwrenmek üçin, adamlaryň atlandyryşy ýaly, döwük – ýenjikde şepagat uýasy bolup işleýärdi. Ol şu gije şol „döwük – ýenjikde” nobatçylyk etmelidi. Gyz her näçe hyýal etse-de, bütin bedeni syrkyraşyp duransoň özüne gelýänçä hassahana gidip bilmedi. Ýöne gyzyň küýl – pikiri şol ýerde boldy. Ýigidiň ýagdaýyny bilesi geldi.
Ahyrda günem batdy. Dürdäne aýaklarynyň yzasyna döz gelip, hassahana gitdi. Ol ýerde daň atýança nobatçylyk çekdi. Ýigidi sorap – idäp tapdy. 
Surat ýaly ýigit ýatyr nowa ýaly bolup. Mähriban ejesem başujyny alyp otyr. Hassahananyň gapysam torç. Halas bolan oglanjygyň hossarlar-a hassahanadan aýaklaryny çekmediler. Işdeş ýoldaşlary diýibem-ä gelýäniň sany–sajagy ýok. Onçada bir tükeniksiz işdeş ýoldaş bolarmy? Olara ynansaň şäheriň ýary sürüji. Gepe–söze-de gulak asanoklar. Gönüleşip barýarlar. Gapydan yşyklaýarlar welin, ýatany bimaza edýärler. Dogtarlara, aýratynam gapydaky nobatça ýigidiň yzyndan gelýänlerem iş. Düşünýänem ýok dälle welin, häzir ýigidiň özüne-de azar berilmese gowydy. Onda-da galyň bende jany duranok. Dürdäne-de indi ýigidiň bir hossaryna öwründi. Şol ýatyşyna ýigit birinji gezek özüne gelip ýary gije gözüni açdy. Soň ýene demsiz – düýtsiz ýatdy. Dürdäne ýigidi ýene özüne getirjek bolup ot-elek boldy. Oňa lukmanyň ýazgysy boýunça telim gezek sanjym etdi. Häli – şindi ýassygyny düzetdi, üstüni örtdi. Ejesini köşeşdirdi. Arasynda beýleki palatalara-da ylgady.
Daňdan ýigit samrady. Ejesini sorady. 
— Aýbölek, men bärde, men bärde, Aýbölek – diýip, gygyrdy. Ýigidiň sag aýagyna has zeper ýeten eken. Ol ymykly bejerilmese, soň ýigide hezil bermejegini lukmanlar duýdular. Bu ýagdaýdan habarly Dürdäne ahmyrly içini gepletdi: „Wah janyny howp astyna salyp bir jany halas eden ýigit, Batyryň ornunda bolsa, namartlyk edermidi şeýdip”. Iki ýyl tirkeşse-de Dürdäne Batyry tanamandyr. Ilkinji söýgüsi bilen hoşlaşmakdan agyr zat barmyka?
Dürdänä Aýbölek ynjalyk bermedi, çynar ýaly ýigidiň ejesinden soň kömege çagyran gözeli kimkä?
Pälwanyň hossarlary Aýbölegi, tanamady. Diňe ýigidiň körpeje jigisi doganynyň demirýoldan gaýrada bir köçä nätanyş gyzy görmäge sowlandygyny aýtdy. Köçäniň ady Mätäjimiş salgysyny bilenok. Ýigidiň aýagyny gipslediler. 
Agyrlaryna döz gelip, ýüzüni çytman, şol dymyp ýatan ýigide Dürdäne Aýbölegi tapyp sowgat edesi geldi. Bir gezek Pälwanyň gelnejesi ýüwürjisiniň yzyndan gelende, Dürdäne ondan kömek sorady. Ol gyzyň haýyşyny geň gördi.
— Tanamasaň bilmeseň bir sümükliniň gepine ynanyp, köçe – köçe syryp gyz gözläp ýörmek bolmaz-a. Tut ulugyzlarynyň adyny maňlaýyňdan gapy açaýmazlarmy bu millet. Onsoňam ýüwürjim birini halar-da, biz duýmarysmy? Samraýan adamlar nämeler diýenok. 
Gyz soranyna puşman etdi. Dürdänäniň göwnüne Aýbölek geläýse ýigit aýagynam, agyrsynam, ynjysynam unudyp gyzyň öňünden ylgap çykaýjak ýaly bolup duýuldy.
Okuwdan boşandan Dürdäne ähli işini terk edip, oglanjygyň salgy beren tarapyna gitdi. Gyz ownukly – irili ýoljagazlary kesip geçip ahyry Mätäji köçesine-de düşdi. „Sen geň-dä, Dürdäne! Bir zat kelläňe geldimi, aňyrsyny – bärisini ölçerip – döküp duranok-da ýapyşyberýäň” diýip, ol joralarynyň biriniň aýdan sözüni hakydasyna getirdi. Töwekgelligimden heniz-ä zyýan göremok. Belki, tapylaýady. Içini gepledip barşyna köçäniň iki tarpynda-da biri – biri bilen eginleşip oturan setera jaýlaryň haýsy birine barjagyny bilmän, gyz ýaýdanyp durdy. Hemmesini kakyp çykyb-a bolmaz. Dürdäne bir jaýyň arkasynda bagyň aşagynda oýnaşyp oturan oglanjyklardan Aýbölegiň haýsy jaýda ýaşaýanyny sorady. Ýumurtga ýaljak oglanjyk gyzyň soragyna bada jogap berdi.
— Aýbölekmi? Ol-a onbirinji jaýda ýaşaýar. Ýör, görkezeýin – diýip, Düdänäniň öňüne düşüp togalanyp ugrady. Görkezibem yzyna dolandy. Tolgunyp durşuna Dürdäne pessejik haýatly bu golaýda abatlanmadyk, suwaglary gopuşyp giden bir howlynyň gapysyny kakdy-da ony açan garaýagyzja oglana ýüzlendi.:
– Jijim, maňa Aýbölek gerekdi.
Gyzy tanamandan soň oglan kürtdirip durdy. Soň irginsiz jabjynýan itiň sesine goşup gygyrdy:
— Aýbölek, aý Aýbölek! Jaýdan:
— Näme zowladyp dursuň. Aýagyň şel agdymy? – diýen ýognas ses çykdy. Jaýa girmeli boldy.
Dürdäne üýrüp özüni öldüräýjek bolýan itden oglanyň kömegi bilen zordan geçip, söýegleri ýegşerilişip ýatan, sallam – sajak üzüm dalbarynyň, aşagy bilen öý eýesiniň yzyna düşüp ugrady. Şol ýodajygy hasaba almasaň akyr – ukurdan ýaňa howluda aýak basmaga ýer ýokdy. Howly düýnde, şu günde syrylyp–süpürilenede meňzänokdy. Çynar ýaly ýigidiň dilinden düşürmeýän gyzy şu howluda ýaşaýarmyka?
Oglanjyk ýat gyz bilen giribermäge çekinen bolmaga çemeli. Gapa ýetibem ýene gyzyň adyny tutup gygyrdy, içerden ýene şol azymly ýognas ses çykdy. Myhmanynyň doganyny görmän, gitmejegine akyly ýetdimi nämemi oglan gyzy gapyda saklaman, onuň bilen jaýa girdi. Gapydan ätländen gyzyň burnuna agras ys haplap urdy. Jaý ýelejiredilmeýän bolmaga çemeli. Aýbölek diýilýän içi – içine geçýän üçünji jaýda eken. Traktoryň sesindenem warlawuk tatyrdynyň nireden çykýandygyny saýgarman, Dürdäne başda bir düýrukdi. Soň onuň köne aýakmaşyndygyna gözi ýetip giňedi. Tikin maşynyň aňyrsyndan hüžžük saçly gara kelle göründi. Gyz Aýbölegiň ýüzüne seretmän gürledi. 
— Zakazym kän, şolary gutarman eşik alyp biljek däl. 
Mata – marlak çaşyp ýatan içeriniň niresinde durjagyny bilmän ýaýdanan Dürdänä gyzyň jogabyndan beter bolşy ýaramady-da:
— Gelen adama, „gel-geç” diýip, soň habary alynýandyr. Sen salamymam almadyň. Salam Taňrynyň hakydyr. Eşigi bolsa özüm tikýän, şükür ile mätäçligim ýok – diýdi. 
Aýbölek diýilýänem kem oturmady!
— Mätäçlik çekmeseň çagyryp getiremok, keýgim ak, her gelen bilen dyzlaşyp çaý sürmäge wagtym üýşüp ýatanok. 
Tas Dürdäne: „Bolduň meň başyma işeňňir adam. Bir derde ýaraýan bolsaň, tünegiňde zir-zibilden ýaňa aýak basmaga ýer ýok. Kakyp silkip ýelejirederdiň” diýipdi. Emma sypaýçylyk etdi:
— Çakylyksyzam gelinýändir zerur bolanda, Aýbölek, seniň bilen iki agyz gürrüňim bar. Aýbölek çytylyp myhmanynyň ýüzüne seretdi. Dürdäne onuň ýüzünden; „Tanamasam, bilmesem, köpürde galtaşmadyk bir ýat bilen näme gürrüňim bolup biler” diýen manyny okady. Ýaplygyp keçä dönen saçlarynyň gyryklarynyň arasyndan somalyp görünýän jüýk burun, zordan garasy görünýän gyýyk gözler Dürdäne-de ýakymly täsir galdyrmady. 
Aýbölek giren ýerinde dikilgazyk bolup duran gyzdan nazaryny sowman, çalt-çalt gürledi:
— Aýdiber, şu jaýda gizlin bolmasa. Ýa meň bilen ogryn gürrüňiň bamy? 
Dürdäne gönüledi:
— Ogryn gürrüňim ýogam däl. Syçanyň guýrugy ýaly saçyny hamala diýersiň agram berip barýan ýaly gahar bilen arkasyna taşlap göýberdi-de (saçlar ýene şol bada yzyna düşdi) Aýbölek şol bady bilen gereklisiräp maşynyň gapdalyndan galdy. Dürdänäniň yzy bilen ýüzüni sallap jaýdan çykdy. Ýüzüne tämiz howa çalan Dürdäne kükregini arassa howadan dolduryp içini gepletdi: „Haý, näbileýin, muny elteniň bilen Pälwan kuwatlanaýsa. Ýüzüni hamyrturşy ýaly edip, sagyňam dertli etjek büý”.
Dürdäne ýüzi-gözi gülüp duran mähriban gyz görjekdi. „Bula amanadyny tabşyrdy” diýseňem gyly gymyldajak tula meňzänok.
Itiň jabjynýan sesi halys ýüregine düşensoň, Dürdäne öý eýesiniň garşylygyna garaman, howlynyň daşyna çykdy. 
„Gorkagy ursaň batyr bolar” diýilişi ýaly, Aýbölegiň bolşy oňa jan berdi. Gyz buýtar – suýtarsyz dogurlady. 
— Meni Pälwan iberdi.
Aýbölek gözlerini giňden açyp Dürdänä çiňerildi. Onuň göreçleri ýiteldi. 
— Ol niräň Pälwany?
Dürdäne garşydaşyna ynanjagyny ynanmajagyny bilmän, durky bilen sorag alamatyna öwrüldi. Onýança Aýbölek pert – pert gürledi. 
— Ol Pälwan diýýäniň menlik işi bolsa, öz aýagy ýetenokmy? Ýa ol dilmaçsyz gep düşündirip bilenokmy?
Aýbölegiň gürrüňi Dürdänäniň halys çetine degdi.
— Näme diýsene Aýbölek, tanaýamyň aýt, tanamasaň „Tanamok” diý. Seniň bilen ýaňkalaşmaga gelemok. Onsoňam şu adamlaryňam juda wagty üýşüp ýatandyr oý etme! Ýaramaz niýet bilen gelen adam däl men. Sypaýrak aýtsaňam düşünjek. Aýbölek: 
— Sen maňa ýamanlyk edibem bilmersiň. Mende ary köýen ýokdur. Işli bolsaň saňa „işsiz” diýip çöwjäp duranam ýok. Işli bolsaň işjagazyň bilen bolubermeli ekeniň. Gapy–gapy syryp her öň ýeteniň habaryny buşlajak bolup ýörmän. Pälwanyňam özüňe nesip etsin, girdenegiňem. Meniň bilen işiň bolmasyn. Aýbölek gapyny açyşy ýaly jarkyldadyp ýapdy.
„Gezilip ýörülse, herki zadyň üstünden baryljak eken” diýip, içini gepleden Dürdäne howla giräge-de bolmanda Aýbölekde adamçylygyň düşnüginiňem ýokdugyny aýdasy geldi, saklandy. „Düşünmez ol. Beterini eşitmejek bolsaň yzyňa dolan. Tanaýan däldir belki, tanamanam gowy-da”. Aýyň bölegimiş, Aýbölek nur saçmaly dälmi? Pälwana taý däl, bu gyz. Ol Pälwanyň kalbyna nur bolup doljaga meňzänok. Hakyky Aýbölegi nädip tapyp bolarka? Ýa ol Mätäji köçesinde ýaşanogammyka? Aý onsoňam „Ýatanyň üstüne turan gelmesin” diýen ýaly öz bolup ýörşüňem birhili-le. 
Ýaramaz täsiriň aşagyndan çykyp bilmän, gyz öýlerine argyn hem keýipsiz gaýtdy. Öýdäkileriň soragyna-da ýarawsyzlygyny bahana etdi. Aýratynam Batyryň eden hereketleri onuň kellesine sygmady. Okuwyna gitdi. Küýi – pikiri Aýbölegi tapmaga giden Dürdäne gün öýleden agandan soň, ýene Aýbölegiň gözlegine çykdy. Ýene şol tanyş köçe. Bir köçe-de telim Aýbölek bolup bilermikä? Maral, Eneş, Ejeş, Mähri her iki öýüň birinde bar. Düýnki baran gapysyndan iki jaý geçirip Aýbölek üçinji howlynyň jaňjagazyny basdy. Bu gezek gapynyň kildini şilliň uzyn hor gyz ýazdyrdy. 
— Bagyşlaweri jigim jan. Azaram berdim weli. Öň gözüniň ody alnan gyz bu gezek ýaýdanjyrap gürledi:
— Maňa Aýbölek gerekdi. Ýaşaýamy ol şu taýda. 
— Howwa. Dürdänäniň gökdäki dilegi ýerde gowuşdy. Ýüzi ýagtylyp gitdi. Uzyn gyz jogap berdi-de myhmanyny öýe salmaga howlukdy. 
— Jijim, kyn görmeseň özüni çagyraýsana. Gyssanmaçyrak men.
Uzyn gyz howlynyň gapysyndan gygyrdy.
— Ene, aý ene!
Ses berilmänsoň öý eýesi howla girip gitdi-de, salym geçmän edil hudaýaty ýaly bir kempir bilen tirkeşip geldi. Garry elini ýüzüne kölegeledip Dürdänä jiňkerlip seretdi.
— Nädersiň, akyllym Aýbölegi.
Garrydan sussy basyldymy, Aýbölegiň sesi ysgynsyz çykdy.
— Aý göräýjekdim, ene şony.
— Men-dä, şol.
Dürdäne bir hili erksiz hereket edip yza tesdi. Gyzyň bolşundan onuň ýagdaýyny aňan, hem özüniň gözlenmeýändigini duýan garry derrew Dürdänä kömege ýetdi. 
— Näme, gytjam Aýyň bölejigine meňzemejek bolýan, hä! Meňzän wagtymam bolupdy. 
„Boldumyka?”
Garry gyzyň pikirini bilen ýaly oňa jogap gaýtardy. 
— Bolupdy. Aýby ýok, akyllym oça–oça ýalňyşlyk bolar. 
Bilýän, men seniň soraýan Aýbölegiňi. Ana ol Aýdan bölünüpjik ýere düşen ýalydyr.
Garry yzyna öwrüldi-de howluda oýnap ýören gyzjagazy çagyrdy. Gelen badyna-da oňa ýumuş buýurdy. Gyzjagaz enesiniň ýüzüne seredip geňirgendi.
— Haýsy, Aýbölek?
Garry agtyjagyna gatyrgandy.
— Aý, bezza-da, müňläp Aýbölek bamy nä? Elt hol Nunna was–waslara.
Gyzjagaz Dürdänäniň öňüne düşüp düwdenekläp ugrady. 
Iki gyz ýolda tanyşdy. Gyzjagaz öz adyny „Jeýen”diýip tutdy. Dürdänäniň adyny bolsa ol bir hili geňräk gördi. Birki gezek eşidiler, eşidilmez dodajyklaryny mükküldedip gyzyň adyny içinden gaýtalady. Soňam çagalygyny etdi. Morta gepledi:
— Sen-ä owadan ekeniň.
— Nunna daýyňlaryň Aýböleginden başga-da köçäňizde Aýbölek atly gyz bamy Jeren jan!
Gyzjagaz badyny saklady-da bir hili geňirgäp hem gülümsiräp Dürdänä jikgerildi:
— Daýyň diýdiňmi?
Daýymmy nä ol? Nunna was – was diýýäs biz-ä oňa.
Dürdäne gyzjagazy gabady.
— Ýüzünemi?
Jerenjik bir hili müýnürgedi.
— Adamyň kemini aýdyp, kemsitseň, aýyp bor-da Jeren jan. Oňa daýy diýesiň gelmese „Nunna aga” diýäý, bolýamy?
Gyzjagaz jogap hökmünde başyny atdy. Soň özüne berlen soraga jogap berdi.
— Nuýy, daýymlaýda-da biýi baý.
— Daýy diýýän ekeniň-ä Jeren jan, ýaňy geň gördüňle.
— Wiý, daýym-da ol. Daýyň bolsa, daýy diýmeli bolaý-da.
— Alyp gidermiň meni şolar-a.
Gyzjagaz başny atdy-da, daşrakdygyny aýtdy.
Jeren Dürdänäni Nunna agalara eltmedi-de ilki Nury daýylaryna alyp bardy. Iki gyz köçäniň gutaran ýerinde derwezesi haşamly beýik jaýyň garşysynda aýak çekdi. Howlynyň gapysy açyk bolan soň, gyzlar oňa kakman göni girdiler. Jaýda jemende görnenok. Daşaryk çykyp jaňjagazy basmaly boldy.
Içerden sakgaly guşaklygyna düşüp duran, nurana, inçesagat uzyn adam çykdy. Saglyk–amanlyk soraşylandan soň, daýylaryna gezmäge gelen „Jeýenjigiň” başjagazyny sypady-da, iki gyzy üzüm dalbarynyň aşagyndaky tapjana geçirdi. Myhmanlarynyň gysanmaçdygyny duýdy-da, ol läheň garpyzy göterip gelip, iki böldi. Käseläp gyzlaryň öňünde goýdy: Şondan soň olaryň habarlaryny aldy:
— Aýböle-gä, hakyllym işdedir. Aňyry bir sagada galman geler. Görjegiňiz çynyňyz bolsa azajyk tagapyl ediň. Çaý–suw içiň. 
Gitse, gyz ýene gelmeli. Garaşan ýagşy. Aýbölek köp garaşdyrmadam. Ýaşulynyň özüne meňzäp duran uzyn syratly gyz Dürdäne nätanşam bolsa onuň bilen ýyljyraklap salamlaşdy. Jerenjigi ogşady. 
Dürdäne gyzy görenden oňa syny oturyp içini gepletdi: „Bolsa şudyr, Pälwanyň Aýbölegi”.
Garamyk ýaly owadan gözleri gülüp duran, at ýüzli, sag ýaňagy meňli, ünsi çekýän owadan bolmasa-da, ýüzi ýagty, şeýle mähriban nurdan ýasalan ýaly, görünýän gyzdan Dürdäne gözüni aýrasy gelmedi. Aýbölegiň başynda täzeje gültahýasy bar. Tahýa Aýbölegiň nurly ýüzüne aýratyn görk beripdir. Gyzyň tanap ýaly saçlary bütin bedenine görk berip dyzyndanam aşakda ýatyr. Saç Dürdänede-de bar. Ýöne ol saçlaryny käýarym örüp goýberäýmese köplenç kellesine oraýar. Häzir göz astyndan Aýbölegi synlap oturyşyna gyz onuň saçyna-da, tahýasyna-da şeýle bir höwes etdi welin, öz saçlaryny alagada iki bölüp öňünden göýberäýesi geldi.
— Gyzym, Jeren jan, seni sorap gelipdir, diýip ýaşuly gyzjagazyň ýüzüne seredip bir oňat ýylgyrdy. Soň gyzlary hak eýesine gowşuryp, özi işi bilen turup gitdi. 
Aýbölek salymyny bermän derrew çaý demledi. Ýüzüň görnüp duran çäýnekler. Bolsun-da birinde moýy. Dürdänäniňem ejesi diýseň arassa. Ýöne bularyň zada seredişi has üýtgeşik eken. Hol asmanda howalap duran jaýyň aýnasy–gapysy ýap–ýaňy ýuwlup, ardylyp reňklenen ýaly lowurdaşyp dur. Howlynyň içinde-de bolaýsyn-la ýekeje artykmaç goş. Iň bärkisi dişini synçgamaga çöpem tapyljak däl. Uzyn dalbaryň sütünlerine çenli garadyr ak reňk kese–kese çalnypdyr welin, Dürdäne özüni sosna tokaýlarynyň arasynda oturan däldirin öýtmedi. Howlyň gapysyndan, tä jaýa çenli aswalt düşelip, onuň iki gyrasyna gül ekilipdir. Gülleriň ysy bilen miweli agaçlaryň ysy garyşyp şäheriň tot–tozany bilen öwrenişen gyza diýseň ýakymly täsir etdi. Öz howlularyny täzeden üýtgedip gurmagy ýüregine düwüp Dürdäne daş–töwereginiň gözelliginden gözüni aýryp bilmese-de, ol aladaly bolandan soň, Aýbölege gyssanmaçdygyny duýdurdy. 
— Oturypsyňyz-da, gorksaňyz ynha doganym geler, özümiz eltip gaýdybereris. Aýbölek adaja ýylgyryp soň üstüne goşdy. – Biz myhmanymyzyň habaryny ony hezzetlänimizden soň alýarys. 
Dürdäne diline gelenini aýdyp göýberdi:
— „Myhmany atar, başyňy gutaram” diýipdirler.
— Ol bir garasöýmeziň tapan zadydyr.
— Sen biziň habarymyzy al! Aýbölek
Dürdäne gyza syny oturandan soň, oňa edil joralarynyň birine ýüzlenen ýaly ap–arkaýyn gürledi. – Oturan wagtymyzam bolar.
Aýbölek çaý–suw içirmän, myhmanlaryny göýbermedi. 
Dürdäne habaryny howlynyň daşyna çykanlaryndan soň berdi.
— Aýbölek, sen geň galmaweri, men ýumuş oglany diýseňem boljak.
Gyz öň ýüzi alnandan soň bu gezek aýlabyrak gürledi.
— Sen Pälwany tanaýarmyň?
— Waý, howwa-la Pälwan agany tanamaýan bamy? Hol ökde seýis dälmi?
— Aga däl, ol ýigit. 
Aýbölek bir sellem oýlanyp durdyda, tanaýan ýigitleriniň arasynda Pälwan atlysynyň ýokdugyny aýtdy. Ynanjagyny ynanmajagyny bilmän Dürdäne ýene gyza ýüzlendi.
— Çynyň bilen aýdýamyň sen şuny? 
— Adyň näme seň?
— Dürdäne.
— Gowy adyň bar eken. Näme diýsene Dürdäne. Ýalan sözleseler gyr kakynym. Ilem özüm ýalydyr. Tanasam, tanaýan diýerdim. Öýdäkilerdenem gizlin syrym bolmaz. Belki, Pälwan meni tanaýandyr-da, men ony tanaýan däldirin. Eýle bolsa Pälwanlyk ýumşuň bolsa aýdyber, çekinme!
Dürdäne Pälwan bilen bagly wakany Aýbölege ýeke–ýeke gürrüň berdi. Ýöne onuň sebäpkärleriniň biriniň öz münüp barýan maşynlarydygyny aýtmady. Özi weli bir erbet bolup başyny ýaýkap duran ýürekdeş gyzyň özi bilen zerurlyk bolsa dünýäniň o başyna gitmäge taýyndygyna gözi ýetip bir hili giňedi.
— Sen darykma, Dürdäne. Ölümden başga zada çäre bardyr. Adyny bildik dälmi, Stambulda bolsa-da taparys. Şonuň bilen Pälwan bäri bakýan bolsa. Bir ýerde Aýbölek atly bolsa öňümize salyp elteris-de saýla özüňkini diýeris. Ol-da bolmasa, Aýbölegiň ornuny atdaşy tutup bilmezmi? Aýbölek, Aýbölege gurbanmy? Dogry-da, ine, men aýyň bölejigi diýerin bararyn. Yzyndanam gyz başga zat diýdi. 
— Ýöne ýeser ýeri men öz „Pälwanyma” näme jogap bererin. Olam-a seň diýýän Pälwanyňdan kemje–kerdem däldir.
— Şonsy kyn eken. Bulaşdyryp, soň seň Pälwanyňam öýkeledip, onam gözlemek iş bolaýmasyn. Işimiz köpelmänkä, hakyky Aýbölegi tapaly.
Özüni ýola salanda, Aýbölek bilen egin diňläp barşyna Dürdäne oňa tikinçi Aýbölek hakynda gürrüň berdi.
— Aý ol tanasa-da „tanaýan” diýmez. Ejesinden çekiner. Şundan soň Aýbölek atdaşy hakynda başga zat aýtmady.
Aýbölekler myhmana garaşýan eken. Pälwanyň ýumşuny ýene bir güne goýup iki gyz hoşlaşdy. 
Bir gün öýlän okuwdan soň Dürdäne hassahana barsa, Pälwan oýaly–ukuly ýatan eken. Ol Dürdänäniň girenini görüp, gözüni açdy.
— Nähili ganymatlaşýaňyzmy?
Ýigit zordan ýylgyryp, gyza jogap gaýtardy.
— Tut ýaly.
Dürdäne güldi. Ol ýigide asma sanjymy etjek bolup dermanlaryny garyp durşuna: Ýigit bilen degişdi!
— „Watanda” üýtgeşik kino gidýär diýýärler. Tut ýaly bolsaňyz çakylyga garaşybermeli-dä onda. 
— Biz bir näsag adam, çagyrsaňyz arkan gaýşyp durmarys. 
— Wiý, toba, hemişe ýigit çagyrýarmyka diýerdik.
Pälwan gyzyň adyny sorady:
Gyz adyny aýtdy.
— Adyň özüňe gelşip dur, Dürdäne. Beýle ada men heniz duşamok.
— Aýbölege-de duşaňyzokmy?
— Ol bar.
Birdenem ýigit allaniçigsi boldy-da iňňe dürtmek üçin uzadan elini çekip aldy. Ol soragyň aňyrsynda bir zat bar bolaýmasyn diýen alamat bilen gyza garady.
— Aýbölek diýdiňmi? Ony nireden tanaýaňyz.
— Samradyňyz?
— Hym. Bolmandyr.
Ýigit gobsundy. Gipisli bolansoň gymyldadyp bilmese-de onuň aýaklary sanjan bolmaga çemeli. Ýigit ýüzüni erbet çytdy, Pälwana hereket etmek bolanokdy.
Dürdäne ýigidiň goşarynyň aşagyna ýumşajyk platensa goýdy. Oňa „gymyldatmaly däl” diýen yşaraty etdi-de taýýarlan garyndysyny göýbermek üçin emaý bilen goşaryna iňňe sünçdi. Iňňeden dermanyň gidişini barlady-da, buruçdaky oturgyjy alyp ýigidiň gapdaljygynda oturdy. Tämiz gyzyň ýakymly ysy ýigidiň burnuna urdy.
— Dürdäne:
Gyzyň uzyn–uzyn kirpikleri ýigide gönükdi.
— Aýbölek eşitse, maýyp Pälwany idäp gelermi?
— O nähili maýyp, lukmanlar aýaklaryňyzy bejerip boljagyny aýytdylar ahyryn. Diňe wagt gerek. 
— Aýbölek, oňa ynanarmyka?
— Ynanar. Özüm-ä ynanaryn.
— Ynanmasa näme?
— Ynanmasa-da geler.
—– Haý näbileýin. Ýöne ol eşidenem däldir. Gelmäni gowy. Gelmezem. Onda-da gapa seredenimi duýman galýaryn.
Ýigit ýuwdundy-da esli wagt, ýokarsyna seredip ýatdy. Gyz pursatdan peýdalanyp, Aýbölegiň salgysyny sorady. Pälwan ony bilenok eken. Aýbölek rugsat bermänden soň, käýarym ony ugradanda daşdan yzyna gaýdýan eken. Köçesi weli Mätäji.
Dürdäne ýene bir gezek dermanyň akyşyny barlady-da, beýleki palatalara aýlanmak üçin turup gitdi. Öwrülip gelende Pälwan uklan eken.

* * *
Iki gyz dilleşişleri ýaly duşyşdylar. Dürdäne göwnemese-de Aýbölek ony şol tanyş howlynyň gapysyndan eltdi. Sebäbi Mätäji köçesinde iki gyzdan başga Aýbölek atly gyz ýokdy. Nunna was–waslaryň Aýbölegi durmuşa çykandy. Iki bolanlaryndan soň, Dürdäne ýaýdanmady. 
Ýene-de egşerilip oturan köne jaý. Jabjynyp özüni öldüräýjek bolýan çyňyr it. Ine-de, içerini ala zenzele edip, oturan, ýüzünden gar ýagýan jüýk burun garaýagyz gyz. Tanandan soň öý eýesi atdaşyny sypaýy garşylady. Aýbölek ýeser eken. Ol atdaşyny bada maşyndan galdyrdy.
— Ýa bize gerek Aýbölegi tap, ýogsa-da düş öňüme–diýýär oňa.
— Toba tagsyr. Bu nä başa gelen mussallat. Aýbölekleri ýygnap nä olary duza basjakmy?
— Ýok, atdaşlary ýygnap, bir goç ýigidiň ömrüni uzaltjak.
— Niräň zady gyz, ol goç ýigidiň? Düýnem-ä biri jan berjek bolup ýördi onuň ugrunda.
— Hany, at oýnatma-da gönel, atdaş. Bilmediksirän bolma. Pälwany sen tanamaly.
— Wiý, ýatanyň üstüne turan gelmesin. Getir şol Pälwanyňy adymy tutsa, sandyrar ýaly edip, göýbereýin. Ejem bir eşitsin Pälwanyň bilen meni ýere sokdurjak bolýarmyň? Şu tünekden çykarman oturşyna, men Pälwanyny nirden göreýin, girdenegiňi nireden tanaýyn.
— Aýbölegiň çyny:
— At oýnat-ma-da düş öňüme. Görün, şol Pälwanyň gözüne.
Aýbölek öý eýesine ikirjeňlenmäge maý bermedi. Köne şkafdan atlaz köýnegini alyp berdi. Gyzlar Pälwan bilen bagly wakany Aýbölekden gizlemediler. Ol diňledi–diňledi-de morta bir zadyny aýtdy göýberdi:
— Kişiniň maşgalasyny gözleşip ýörsüňiz. Ýigidiň bir ýerine şikest ýeten bolsa näme? Özüm-ä beýle ýagdaýda ony yzarlap barmazdym. Olam şeýtse näme? Biderek baryp ýigide ot berip gaýdany bolar-da. Soň yzyna köwlenmez.
Ikinji Aýbölek saklanyp bilmedi.
— Öz ölçegiň bilen ölçeme atdaş. Eger şol meniň göwün beren ýigidim bolsa gaşymy çytman, ykbalymam ömrümem baglardym.
— Aý, goýup otursan-a kakynymy tutdyrmajak bolsaň. Bolduňyz meň başyma akylly adamlar. Siziň şol ugrunda hallan atyp ýören Pälwanyňyzyň gyzy şol ýagdaýa düşen bolsa onuň özi näderdi.
— Janyny bererdi – diýip, bu gezek Dürdäne çyny bilen aýtdy.
— Waý tükedeý, hakyllym, kädimi pytyratdyňyz, çydap bilmän diň arkan gaýdýan.
— Gorkma, gaýtsaň saklarys – diýip, Dürdäne ýene durup bilmedi.
Dürdäne ýigidiň ýagdaýyny barlamak üçin iki gyzy daşarda goýup özi palata girdi. Pälwan süýji ukuda ýatan eken. Gyz ony oýarmaga dözmedi. Ýigidiň jany aram tapyp, ilkinji ýatan rahat ukusydy. Iki gyz daşarda garaşmaly boldular.
Ýigit oýananda, gyzlar ýuwaşja ýöräp palata girdiler. Palatany bezäp derek ýaly Aýbölek ýigide gözi düşen badyna özem duýman içini çekdi. 
— Hih!
Pälwan gyzlara tarap ýuwaşja öwrüldi. 
Aýbölek süňňüni saklap bilmän durşuna özem duýman gollaryny gerdi. Soň atylyp bardy-da krawadyň gapdalynda dyza çökdi. Pälwanyň döşünde başyny goýdy. Pälwanyň elleri biygtyýar gyzyň başyny sypady. 
Dürdäne ýigidiň başbilitdäki adynyň Pälwandygyny şol wagt bilip galdy. Ýigidiň atasynyň ady Pälwan. Onuň hatyrasyna ýigide adyny dakypdyrlar. Ýöne ol Ata bolup gidipdir. Il arasynda-da şol ady tutulypdyr.
Gyz başyny galdyryp esli wagt Pälwanyň ýüzüne seretdi oturdy. Soň bolsa, bolan waka haýran galyşyp duran gyzlara gözüni aýlady-da, soň Dürdänä ýüzlendi:
— Dürdäne, dogan bolduk ikimiz. Aýal doganym ýokdy. Sag bol, Ata ikimize eden ýagşylygyňy başarsam ýerine saljak bolaryn. Sen bize gelip dur, menem bararyn. Gatnaşaly Atany bolsa, gözden salmajagyňa ynanýaryn.
Dürdäne agşamlyk nobatçylyga gelse, Aýbölek Pälwanyň ýanynda ekeni. Oňa towuk çorbasyny bişirip getiripdir. 

Şirinjemal GELDIÝEWA 

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 643 | Добавил: Нawеran | Теги: Şirinjemal Geldiýewa | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024
Jan / hekaýa - 08.03.2024
Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024
Kitap / nowella - 16.03.2024
Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024
Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024
Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024
Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024
Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024
Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]