21:50 Syrdaş | |
SYRDAŞ Gör-ha, ýene-de köňlüme Duýgy doldy del-düregeý. Ýetiş sen meniň dadyma, Däli dünýäm düldüregeý. Göwnüm al, köşeşdir meni, Gel, yzyňa dolan-da, ýar! Sen dönäý yzyňa, gowsy... Ýyllary özüň tanaýaň, Olar-a hiç dolanmaýar. Gel! Şu gün gel, Senden başga Em etjek ýok bu derdime. Gursagyma ataş düşüp, Kyrk kelleli aždarha deý Salyplar aldym-berdime, Ýürejigmi ýakyşyny Göwnümiň ak guşa dönüp, Ertir-agşam depäň üzre Irmän, ganat kakyşyny... Baryny gürrüň bereyin. Şu gün gel, Dolan yzyňa! Diýme: "Soň bir gün baraýyn!" Aýyplaşma gezek bermän Sözlesem, sözüm kesmesem... Ha bagtym, Ha-da armanym, Şu gün gel-de, Soňra gaýdyp Hiç haçan gelme, isleseň! ...Ýene ýola gözüm dikdim, Isläp bir senden dalda, ýar! Gel, Şu gün gel, ýetiş dada! Şu gün gelmeseň bolmaýar. Kakamyrat REJEBOW. | |
|
√ Сон весталки / Goşgular - 13.02.2023 |
√ Фаэтон / Goşgular - 13.02.2023 |
√ «Я сходил в стремнины горные…» / Goşgular - 07.02.2023 |
√ "Ýanwarda - gardan soñ durlanan asman..." / Goşgular - 12.02.2023 |
√ Тени А.С.Пушкина / Goşgular - 09.01.2023 |
√ Ot bilen oýun / Goşgular - 16.01.2023 |
√ «В минутном взрыве откровений…» / Goşgular - 03.02.2023 |
√ Послание П.Н.Каратееву / Goşgular - 11.02.2023 |
√ Песня / Goşgular - 08.02.2023 |
√ Goşgularym! / Goşgular - 06.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |