12:22 Syrly sungatyň serwisi | |
SYRLY SUNGATYŇ SERWISI
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Şülgün Täşliýewa bilen döredijilik söhbedi — Sülgün, «artistiň ykbaly döredijilik eseri ýaly gyzykly we dartgynly bolýar» diýýärler welin, siz bu pikir bilen ylalaşýarsyňyzmy? — Gyzykly diýýäniňiz bilen-ä doly ylalaşyp biljek. Heý, ykbalyňy sahna baglarsyň-da, ol hem gyzyksyz bolarmy? Dartgynly diýilýänem, köplenç, döredýän gahrymanyň durmuşynda ýaşamaly bolýarsyň. Ine, şonuň üçin dartgynly diýilýän bolaýma- sa. — Artiste, onda-da zenan artiste maşgala keşigini sahnanyň jogapkärçiligi bilen ugurdaş alyp gitmek aňsad-a däldir... — Aňsat däl. Çünki bular jogapkärçiligi juda uly borçlar. Ýöne ähli bahanalary bir gyra zyňyp, sen bulary utgaşdyrmaga ýetişmeli, özem hökman. Ana, şonda hakyky artist bolup bolýar. Adamym Serdar neresse-de sungat adamydy. Men onuň bilen hemme zady maslahatlaşardym. Keşplerimizi-de maslahatlaşyp, timarlap, syntgylap döretmekde Serdaryň maslahatlary maňa juda uly goldaw bolardy. — Artistiň daş keşbi onuň döredijiligine täsirini ýetirýärmi? — Owadanlyk ýakymly duýgulardan doly ahwal. Artist üçin ýüz-keşp, sypat esasy zatlaryň biri bolmagynda galýar. Ýöne keşbem keşpdir welin, zehin has zerur. Käbir artistler bolýar, göräýmäge ýüzi-gözi gamaşyp duran ýalydyr, haçanda, keşbi janlandyryp ugraýar welin, onuň zehinine aňk bolup galýarsyň. Onsoňam, owadanlyk, görk-görmek ýüzde ýa-da daş sypatda bolanok. Esasy zat, adamyň ýüregi owadan bolmaly. — Umumy pikir alyşmalardan biraz daşlaşyp, döreden keşpleriňiz baradaky söhbete geçsek. — Kakajan Aşyrowyň goýan «Sen söýseň meni» oýnundaky Bibijanyň, «Apat» spektaklyndaky Näzperiniň keşpleri ilkinji döreden keşplerim. — Bibijany ýanýoldaşyň Serdar Täşliýewiň Annagulusy bilen bile döredip, il-günüň uly söýgüsine mynasyp bolmagy başarypdyňyz. Mümkin bolsa, şu keşpler dogrusynda giňişleýinräk aýtsaň? — Serdar ikimize aşyk-magşugyň bu meşhur keşpleri ynanylanda, ol juda begenipdi. Adamyň bilen keşp döretmek ýeňil. Çünki sen oňa gaty belet. Sahnada keşpdeşiňi gowy tanamagy başarmak — üstünligiň açary. Men Bibijany has şowly çykan keşplerimiň biri hasap edýän. Meniň pikirimçe, adamym Serdar neressäň döreden Annagulusy şowsuz bolmady. Aslynda, Agahan Durdyýew türkmen edebiýatynyň ägirtleriniň biri. Onuň «Bagtly ýigit» powestini okap, Bibijany juda gowy görüpdim. Annagula bolsa gülkünç ýigit hökmünde seredýärdim. Emma «Bibijanyň keşbini sahnada dörederin» diýip welin, ýatsam-tursam, serime gelenokdy. Öz ýanymdan üstünden gülüp ýören Annagulymy hem adamym döretmeli boldy. Bu, elbetde, sungatda uly şowlulyk hasap edilýär. — Başga keşpleriňiz barada-da agzasaňyz. — «Jahan jomardy» spektaklynda Züleýhany, «Yşk mülküniň şasynda» Zöhräni, «Yşgyň gämisi kenarda-da» Mähribany, «Seljuk söýgüsinde» Mähriýäni, «Täze maşgalada» Tumary, «Hak aşyklarda» Uzugy, «Daňdanakan bürgütlerinde» Aýsuluwy, «Hakydalar umma- nynda» Ajal perini, «Ýurtda» Ugurly hanyň gyzyny we başga-da birnäçe gahrymanlary janlandyrdym. — Çagalaryňyzyň sungata ýykgyn edýäni barmy? — Oglum Annadurdy Täşliýew Türkmen döwlet medeniýet institutynda okaýar. Özem kino we drama aktýory bölüminde. Gyzym Ogulnabat heniz mekdepde okaýar. Annadurdy heniz çagalykdan başlap, teatrymyzda çagalaryň keşbini döredip başlady. — Döwrümiziň ösüşleriniň bady milli sungatymyzda-da mese-mälim duýulýar. Gürrüňdeşligimizi döwür we sungat baradaky söhbet bilen dowam etdirsek, juda jaýdar bolardy. — Hormatly Prezidentimiz sungatyň hak howandary. Milli sungatymyza çäksiz sarpa goýýan ýurt Baştutanymyzyň tagallasy bilen teatrlarymyzyň işi has döwrebaplaşdy. Sahna eserlerinde kämillik görne- tin duýulýar. Ilhalar sahna eserleri döreýär. Spektakllarymyzda soňky ýyllarda ýurdumyzda amala aşyrylan beýik işleriň ähmiýetini to- maşaçylara açyp görkezmek ugrunda çalyşýarys. Ýaşlar — biziň teatrymyzyň esasy muşdaklary. Hut şonuň üçinem, döwrebap ýaşlarymyzyň durmuşyndan hem köp eserler sahnalaşdyrylýar. Sungatyň çyn zehinlerine ak ýol açan adalatly Arkadagymyza teatrymyzyň ähli artistleriniň adyndan çäksiz hoşallygymy beýan edýärin. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun! — Sülgün, size täsirli söhbetdeşlik üçin sagbolsun aýdýarys. — Sizem sag boluň! Dursun TEKÄÝEWA Çeşmesi: https://turkmenteatrlary.gov.tm/item/300. 27.03.2023ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |