21:34

Syrly toslamalaryñ pidalary: Serdaryñ öñden görüjiligi

▶ 23: SERDARYÑ ÖÑDEN GÖRÜJILIGI

Maşat Kulynyñ welilik bilen aýdyşy ýaly IIHK-niñ raýon bölüminiñ başlygy raýkomyñ birinji sekretaryndan sorag edýärdi. Özem onuñ berýän jogaplarynyñ birine hem ynanmaýardy. Işanguly ilkinji sorag edilen güni derñew işi alnyp barylýan papkanyñ ýüzünde "Işanguly Kulyýew, ol hem Nurýagdyýew" diýen ýazgyny göreninde ýüregi jigläp gidipdi.
Işangulynyñ kalby arassa bolany sebäpli göwni näzikdi. Şonuñ üçin hem onuñ aýdýan çyn, hakyky sözleriniñ birine-de ynam edilmeýändigini şeýle bir ýokuş görüp, ilki badalar kellesini daşdan daşa uruberesi gelýärdi. Nurýagdyýewiñ kem-kemden teni ölüp başlapdy, sorag edýän derñewçiniñ her edip, hesip edip "rewolýusiýa garşy göreşýän milletçilik guramasynyñ" bardygyny, oña-da hut özüniñ "ýolbaşçylyk" edendigini onuñ boýnuna goýjak bolup jan-jedel dyrjaşyp ýatandygyna gözi ýetenden soñ, ýöñkelýän aýyplara üns bermesini hem bes edipdi. Ol döwürde tussag edilýän päk adamlar eden "günäleri" üçin jebir çekmän, eýsem özbaşdak pikir edip bilýändikleri üçin jebir çekýärdiler. Döwrüñ sistemasy bolsa özbaşdak pikir edýän adamy ýigrenýärdi. Sebäbi olar daşyndan göräýmäge, hemme zat ylalaşykly ýaly bolup görünýän görnüşi bozýardylar. Gowusy, olary erksiz-ygtyýarsyz, dilsiz-agyzsyz diñe san bolup ýören köpçülikden çetleşdirmelidi. Has kakabaşraklarynyñ kellesini kakmalydy. Hemmesiniñki kakylsa has oñat bolmalydy...
Pankow kül urlan ýaly çalymtyk yşnaksyz gözlerini Nurýagdyýewiñ ençe gijeler ukudan galan ejirli ýüzüne dikip:
- Biz siziñ basmaçylara gol ýapandygyñyzy bilýäris. Şol dogrumy, boýnuña alýarmyñ? - diýip sorady.
- Basmaçy bilen basmaçynyñ tapawudy kän. Olaryñ hemmesini biraýakdan sürüp bolmaz. Olaryñ arasynda öz halkyna päk ýürekden hyzmat etjekleri köp. Olary birnäçe býorokratlar, doñýürekler sowet häkimiýetiniñ adyndan ürküzipdirler. Olar indi aldawa düşüp, iki jahan owarrasy bolşup ýörler. Biz olar ýalylary...
- Agitasiýa geçirmegiñi bes et! - diýip, Pankow gödeklik bilen onuñ sözüni böldi-de, bir kagyzy çykardy. - Belki, şu ýerde ýazylan sözler size tanyş bolsa gerek. Al, oka.
Nurýagdyýew kagyzy alyp: "Basmaçylar biziñ döwletimiz üçin o diýen howply däl. Bu ýagdaý syýasaty akylly-başly alyp baryp bilmeýän adamlaryñ gödek ýalñyşlyklar goýberendikleri sebäpli wagtlaýyn dörän bir hadysadyr. Olaryñ garşysyna gan döküşikli göreş alyp barman, parahat ýol bilen düşündiriş işlerini alyp barmalydyrys" diýen sözleri okandan soñ kagyzy gaýtaryp berdi.
- Şu sözleriñ size degişlidigini boýnuñyza alýarsyñyzmy? - diýip, Pankow sorady.
Nurýagdyýew geñ galmak bilen:
- Hawa, bu sözler meniñ aýdan sözlerim. Men ol sözlerde jenaýat ýokundysy bardyr öýdemok. Sebäbi şeýle hereket etmegi durmuşyñ özi talap edýär - diýip jogap berdi.
- Şular ýaly sözleri aýtmagyñyzyñ özi siziñ rewolýusiýa garşy herekete hemaýat edendigiñize güwä geçýär. Siz şeýle uly wezipede, raýkomuñ birinji sekretary wezipesinde işläp, şolar ýaly sözleri diýipsiñiz. Olar ýaly sözleri diñe rewolýusiýanyñ gan duşmanlary diýip biler - diýip, Pankow gol çekdirmek üçin protokoly Nurýagdyýewe uzatdy...
Derñewçi dörjeläp Nurýagdyýewiñ 1932-nji ýylda Gazanjyk raýonynda raýkomyñ birinji sekretary bolup işlän döwründe bolan wakany hem ýatlapdyr. Ol waka şeýle bolupdyr. Bir gijw Nurýagdyýew öz kabinetinde işläp oturan wagty basmaçylaryñ biri ony äpişgeden atypdyr. Basmaçynyñ okundan ölmek kysmatynda ýokdur-da, ok onuñ kellesindäki silkme telpegini deşip geçipdir. Bu hadysany Pankow özüne tutaryk hökmünde getiripdir. Hamana, basmaçy ol oky öldürmek üçin atman, eýsem onuñ bilen basmaçylaryñ baglanyşygynyñ üstüni örtmek üçin atanmyş. Eger basmaçylar, dogrudan hem, ony öldürmekçi bolsalar, adam gara bolmadyk raýkomyñ jaýynda ony öldürip bilerdiler ahyryn diýen netije çykarýardy. Haýran galaýmaly.
Eger Nurýagdyýewiñ kellesini sydyrdyp, telpegini deşip geçen ok sähel aşagrakdan geçen bolsa, ony gahryman hökmünde jaýlardylar. Onda onuñ yzyna düşüp monjuk gözläp ýörmezdiler-de, kellesini etegine salyp halk bähbidi üçin bitiren işlerine adalatly baha bererdiler. Ýöne gorkudan, howsaladan ýañ galpyldap duran basmaçynyñ atan oky Nurýagdyýewe degmändi, ol diri galypdy, ýöne ol dirilik şübheler, ejirler garañkylygyna alyp barýan dirilikdi.
Pankow basmaçylaryñ Gazanjyga çozmagynyñ öñ ýanynda Nurýagdyýewiñ Türkmenistan Kommunistik bolşewikler partiýasynyñ Merkezi komitetiniñ respublikan ýygnagyna gatnaşmak üçin Aşgabada çagyrylandygyny örän oñat bilýän bolsa-da:
- Gazanjyga basmaçylaryñ çozan gijesi siz niredediñiz? Belki, siz olaryñ çozmak niýetleriniñ bardygyny öñünden bilýänligiñiz üçin gidensiñiz? Belki, olar bilen aragatnaşygyñyzyñ bardygyny ýaşyrmak üçin gidensiñiz? Belki, basmaçylara hiç hilo päsgel bermezlik üçin gidensiñiz? Şeýle dälmi? - diýip, ondan sorag edýärdi.
Elhenç aýyplary ýüklemek maksady bilen berilýän hakykatdan üzñe sowallar Nurýagdyýewiñ kalbyny elendirýärdi:
- Basmaçylaryñ Gazanjyga çozjakdygyny bilýän adam ýokdy, ony men hem bilemokdym. Şol wagt meniñ maşgalam Gazanjykdady. Öýde aýalym, oglum, aýalymyñ uýasy bardy. Eger men basmaçylaryñ çozjakdygyny bilýän bolsam, maşgalamy hem alyp giderdim ahyryn. Heý, maña päsgel berjek barmydy?
Nurýagdyýewe ýüklenýän aýybyñ hakykatdan uzakdadygy köre göz bolup durdy.
Işanguly pahyryñ aýaly Ogultäç ejäniñ hem-de onuñ uýasy Sona ejäniñ beren gürrüñleri ýadymdan çykanok.
Basmaçylaryñ Gazanjyga çozan gijesi elhenç düýş ýaly bolupdyr. Gijäniñ bir wagty basmaçylaryń goh-galmagaly asmana göterilip, bu turan apy-tupana rahat ýatan adamlaryñ haýýaty göçüpdir. Basmaçylaryñ atly hem pyýada nökerleri posýologa eñip, adamlaryñ ençemesini jaýdan çykarypdyrlar. Soñra olara ýarag gezäp Garaguma tarap sürüp ugrapdyrlar.
Bir gijäniñ dowamynda saçynda ak görnen Ogultäç oglung goltugyna gysyp, Gyzylarbatdan görme-görşe gelen uýasy Sonanyñ bolsa synyndan tutup adam sürüsine gatyşyp ýöräpdir. Iýer-içer ýaly zatlary bolmadyk ýarym-ýalañaç adamlar gözýaş döküp gidip barýardylar, nirä alnyp barylýandyklaryny özleri hem bilmeýärdiler.
Ýöremejek bolýan zenanlary tüpeñiñ gundagy bilen urýardylar, tüpeñiñ nil tarapy bilen böwürlerine hürsekleýärdiler. Ahy-nala ýerden göterilýän tozan bilen garyşyp asmana galýardy.
Posýologyñ çäginden çykylyberende ýewropa biçüwindäki eşikli saryýagyz gyz şondan beýläk ýöremekden boýun towlady. Şol wagt bir basmaçy onuñ üstüne egilende gyz edil bars ýaly ýüz-gözüne penjäni urdy. Batly çykan tüpeñ sesi hemmeleriñ endamyny jümşüldetdi. Saryýagyz gyz ýere ýazyldy.
Sona eje: "Şol ýere ýazylan sary gyzyñ gany gaçan owadan ýüzi, çägäniñ üstünde ykjap ýatan ýogyndan uzyn saçy şu wagtlaram gözümiñ öñünden gidenok" diýip ýatlaýar.
Sürlüp barylýanlaryñ hemmesi diýen ýaly sowet guramalarynda işleýänleriñ aýallarydy, çagalarydy, garyndaşlarydy. Elem-ebtat sürlüp barylýan adamlar posýolokdan arany saýlap, guma ýakynlaşan wagtlary birden bronopoýezddäki topuñ gümmürdisi ýañlandy. Ol otly Aşgabat tarapdan gelip, basmaçylara tarap top atyp başlady. Sähel salymdan bolsa Gyzyl Goşunyñ esgerleriniñ "Urra!" diýen sesleri eşidildi. Aljyrañnylyga düşen basmaçylar alyp barýan oljalaryny taşlap, garañkylyga siñip gidipdirler.
Işanguly bu elhenç habary eşden badyna Gazanjyga çaltrak ýetmek bilen bolupdy. Ol gelende basmaçylaryñ talañ salan öýünde säwlik bilen ölüm penjesinden sypan aýaly bilen ogluna sataşypdy.
Ýöne welin şular ýaly hakykatdan hem bolan wakalar IIHK-niñ raýon bölüminiñ başlygynyñ alyp barýan derñew işinde agzalmaýardy.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 293 | Добавил: Haweran | Теги: Rahym Esenow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]