21:39

Syrly toslamalaryñ pidalary: Toprakda galan yz

▶ 25: TOPRAKDA GALAN YZ

1992-nji ýylyñ güýzünde men ýene-de Gyzyletrege baryp, onuñ uzalyp gidýän posýologynyñ köçelerine birin-birin aýlandym. Mekdeplerine baryp gördüm. Men Işanguly Nurýagdyýewiñ ady dakylan bir zady göresim gelýärdi. Emma haýp. Gözüme ilmedi...
Ol şol howsalaly ýyllarda şu ýerde ýaşapdam, işläpdem. Çykarylan höküm ýerine ýetirilen wagtlary, berkemegi üçin gijesini gündiz edip jepa çeken adamy şol häkimiýet özüni atar diýen pikir asla onuñ kellesine-de gelmeýärdi. Indi bolsa biz Işanguly ýaly millionlarça adamyñ ölüp gitmegine nämeleriñ sebäp bolandygyny bilýäris. Ol bolsa ömrüniñ soñky minudyna çenli bu bolýan zatlar bir ýalñyşyñ üsti bilen bolýan zatlardyr, haý diýmän bu ýalñyşlygyñ üsti açylar diýip umyt edýärdi. Onuñ göwnüne, bu elhençlikler gije ýatyrkañ gara basan ýaly sähel wagtlyk howp bolup, gözüñi açyp bilseñ ýa-da barmagyñy gymyldadyp bilseñ, şol wagtyñ özünde abanyp duran ähli elhençlikler uçup gitjek ýalydy. Işanguly bu hakykaty garabasma ýaly bir bulam-bujarlyk hasap edýänligi üçin özüne "zyýankeşlik, milletçilik hereketi hem-de Eýran razwedkasynyñ peýdasyna içalylyk etmek barada" ýüklenýän aýyplary hem gara basýan döwründe şeýtanlaryñ samahyllaýan zatlary hökmünde kabul edýärdi.
Çañap ýatan çöl ýerdäki ýarym duralgada düýn demirýol işçisi bolan, soñ hem halk tarapyndan ýolbaşçy işe çekilen halkyñ sada ýigidi öz halkyna nähili hyýanat edip bilsin? Onuñ kakasy Nurýagdy aga ertirden agşama çenli baýyñ ýerinde kärendesine işläp ýören adam. Gyzylarbadyñ etegindäki Janahyr obasyna barsañ Nurýagdy agany tanamaýan adam bolmaly däl. Ol agyr işlerden gaça durman on sekiz sany ogul-gyza, umuman, ýigrimi başa tetärik tapmak üçin depesinden gum sowran adam bolmaly.
Işangulynyñ bilimi barada berilýän maglumatda "bilimi pes, özi okan" diýilýärdi. Bu bolsa, elbetde onuñ sowady pes diýen pikiriñ döremegine sebäp bolýardy. Ýöne ol wagtlar obada okady diýilmegem ýerlikli hasap edilmeýärdi. Sebäbi oba çagalarynyñ hemmesini molla okadýardy. Molla okatdy diýmek bolsa, synpy duşman okatdy diýen bileb barabardy. Eger medresede bilim aldy diýiläýse, onda onuñ başyndan injek musallatlardan Alla daş etsin. Rewolýusiýadan öñ Hywanyñ, Buharanyñ, Kazanyñ medreselerinde bilim alan türkmen intelligentleriniñ nähili muşakgatlyklara uçrandygy hemmelere aýan bolsa gerek.
Işanguly diýseñ zehinli oglandy, ol okan döwründe berilýän sapaklaryñ hemmesini derrew özleşdirýärdi, mollanyñ işi çykyp birýana gitmeli bolan wagtlarynda öz deñ-duşlaryna sapak bermegiñ hem hötdesinden gelýärdi. Sebäbi ol arap ýazuwyna ökdedi, Gurhanyñ ençeme sürelerini bilýärdi, halk arasyna giñden ýaýran dessanlary, hekaýatlaru sakynman okaýardy. Olardan daşgary latynçany hem-de rusçany okap, ýazmagy öwrenipdi. Ol 1928-nji ýylda BK (b) P-niñ agzasy bolup, ilki Aşgabatda, soñra bolsa Daşkentde raýonlaryń partiýa we sowet aktiwlerini taýýarlaýan alty aýlyk kursda okapdy. Ol institutda okamagy arzuw edýärdi. Eger betbagtçylyga sezewar bolmadyk bolsa, belki, ol institutda-da okardy. Ol ýiti zehinliligi we tutanýerliligi bilen demir ýollarynyñ aşagyna düşelýän garaýag çalnan şpallary arkasyna alyp çekip ýören sada işgärlikden sähel wagtda raýkomyñ sekretarlyk derejesine ýetipdi. Ol bu derejä para-peşgeş ýa-da gudratly goldawyñ güýji bilen ýetmändi, ol bu wezipä päklik, güýçli paýhas, öz borjuna wepalylyk arkaly ýetipdi.
Sowetler döwründe uly orunlary eýelän birnäçe adam häzirki döwürde müýnli ýaly başlaryny aşak salyp, ol barada gürrüñ edilmänini gowy görýärler. Nurýagdyýewiñ terjimehaly hem respublikamyzda bolup geçen ençeme raýkomyñ sekretarlarynyñkydan uly tapawutly bolmasa-da, onuñ sadalygy, töweregini gurşap alan adamlara bolan mähremligi, pähim-paýhasy, päkligi, halkyna wepalylygy, umuman, raýkomyñ sekretary wezipesine mahsus bolmadyk häsiýetleri, onuñ şahsyna aýratyn öwüşgin berýärdi.
Işanguly Nurýagdyýew Gazanjykdan Gyzyletrege raýkomyñ sekretary edilip geçirilen ilkinji günlerde onuñ ýanyna arza-şikaýat bilen gelýän adamlar kändi. Olar ýer urup ýerde galan garyplar däldi-de, özlerini oñarýan gurplurak hojalyklaryñ wekilleridi. Sebäbi raýonyñ öñki ýolbaşçylary olary kulakçylyga çekip, olaryñ ähli malyny, dänesini, emlägini, hatda eginlerindäki eşiklerine çenli ellerinden alypdyrlar. Olar çülpe çagalary bilen ýalañaç galypdylar. Olar indi näme etmeli? Eýrana gaçmalymy? "Gedaýçylyga-da gurp gerek" diýlişi ýaly, oña-d gurp gerek. Eger olarda şonuñ ýaly hyýalyñ bardygy añylaýsa, olaryñ hemmesi synpy duşman hökmünde türmä basyljakdy.
Nurýagdyýew olaryñ arzy-halyny diñländen soñ, olara goldaw berjek bolmagyñ töwekgelçilik etmekdigini añsa-da, olara ýurdy taşlap gitjek bolmagyñ gabahat zatdygyny, onuñ ýaly pikir etmeli däldigini tabşyryp, bolan işlerden baş çykarmaga wada beripdi.
Täzeden barlag geçirilen mahalynda kulaklyga çekilip öýleri syrylan adamlar asla baý bolman, öz gara zähmetleri bilen gazanç edip gapylarynda bäş-on sany kel tokly saklap ýören adamlar bolup çykýar. Bäş-on sany kel tokly hut Işangulynyñ kakasynyñ gapysynda-da bardy ahyryn. Arassa zähmet bilen gününi dolaýan adamlara beýle daryşmak dogry däldi. Bu ýalñyşlygy düzetmek gerekdi, ýöne ony düzetmek ýeñil-ýelpaý iş däldi. Ol daýhanlary kulaklyga çeken komissiýanyñ agzalary diñe ýerli adamlardan bolman, eýsem respublikanyñ ýokary edaralarynyñ wekilleri hem bardy.
Türkmenleriñ "Müñ pygambere ýalbarandan diñe bir Alla ýalbar" diýşi ýaly, I.Nurýagdyýew hem kabul edilen adalatsyz karary ýatyrmagy haýyş edip Türkmenistan SSR-niñ Halk Komissarlar sowetiniñ başlygyndan haýyş edýär. Ol haýyşnama ýakyn wagtlarda seredilmegine hemaýat bermegi soramak üçin N.Aýtakowyñ kabulhanasyna barýar. Şol duşuşykda her bir adamyñ ykbaly barada alada edýän işjanly sekretary TSSR-iñ MIK-niñ başlygy N.Aýtakowyñ sulhy alýar. Şondan soñ olaryñ arasynda sagdyn işewürlik gatnaşyklary başlaýar. Aradan köp wagt geçmänkä G.S.Atabaýew "On sany "baý" hojalygyñ öñki hukugyny dikeltmek"[1] barada görkezme berýär. Nurýagdyýewiñ tutanýerlilik bilen iş alyp barmagy netijesindw adalat üstün çykýar. Hatda partiýanyñ raýon komiteti "baý" diýlip kulakçylyga çekilen adamlaryñ biriniñ ogly Zyýamämmet Mollaýewiñ kolhoza başlyk saýlanylmagyna hem garşy bolmaýar. Sebäbi ol başlyk saýlanandan soñ köp hojalyklar kolhoza giripdi. Ýöne welin 1937-nji ýylyñ tutha-tutlugynyñ sarsgyny ol ýerleri hem elendirip başlapdy. Mollaýew IIHK-niñ raýon bölüminiñ işgärleriniñ aýagynyñ aşagyna seredip başlandygyna gözi ýetenden soñ Eýrana gaçyp gidipdi.
Ilki birnäçe adamyñ kulakçylyga çekilip soñra hem olaryñ aklanylmagy, kolhoza başlyk edilip saýlanan "baý" oglunyñ Eýrana gaçyp gitmegi Nurýagdyýewe ýöñkelýän toslama günäleriñ üstüne urna bolupdy. Ony aýyplaýan hatda: "Gelip çykyşy özüne ýakyn adamlary daşyna jemleýänligi sebäpli ýat elementler hem kolhoza ýolbaşçy bellenipdir" diýilýärdi.
Işanguly Nurýagdyýewiñ ýit zehini, irginsiz zähmeti bilen Gyzyletrek etrabynyñ zähmet adamlarynyñ hatyrasyny saklamakda, toprakdan önýän önümleriñ hümmetini artdyrmakda bitiren işlerini hut öz gözleri bilen gören adamlar häzirki döwürde ýok diýen ýaly. Haýp! Ýöne päklik, mähremlik bilen ýürek ýylysy siñdirilip edilen işleriñ üstüni hiç wagt gum basyp bilmeýär.
Günleriñ bir güni gök ekinler ers-mers bolup ese-boýa gelen wagtynda çöllügiñ üsti bilen Etrek etrabyna gara bulut ýaly bolup günüñ öñüni tutup çekirtge belasy abanypdy. Sany-sajagy bolmadyk bu "aždarhalar" öñünden çykan zady gemrip lälezarlygy otlanan ýere dönderip barýardy. Şonda Işanguly şol sebitde ýaşaýan adamlaryñ ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşlysyna çenli ählisini aýaga galdyryp, ol "aždarhanyñ" garşysyna göreşipdi. Göreş gije-gündiz dowam edýärdi. Her kim bir gural bilen onuñ garşysyna göreşýärdi: kimsi ot bilen, kimsi suw bilen, kimsi pil bilen çukur gazýardy, kimsi sübse bilen olary çukura süpürýärdi, kimsi taýak bilen, kimsi çybyk bilen, garaz, adamlar iýmek-içmegi ýatlaryna salman, tä gurpdan gaçyp ýykylýançalar göreşýärdiler. Şeýdip hem olar söweşde üstün çykdylar, şeýdip hem olar ençeme ekin meýdanlaryny göni gelen beladan gorap sakladylar.
Etrek etrabynyñ adamlary Nurýagdyýew döwründe ýerli elektrik stansiýasynyñ işläp "Iliç çyralarynyñ" ýanandygy barada gürrüñ berýärler. Ol döwür üçin örän uly waka bolan bu täzelij dilden-dile geçip, biziñ döwrümize ýetipdir.
Işanguly Nurýagdyýewiñ inisiatiwasy boýunça ol ýerde respublikada, hatda Orta Aziýada ilkinji bolup, subtropik medeniýetiniñ tejribe stansiýasy gurlupdyr. Güneş çogunyñ ýanyp-ýandyryp barýan çöllüginde Işanguly hut öz eli bilen ilkinji hurma agajyny ekipdi. Häzir ol agaç äpet şahalaryny ýaýradyp asmana gol uzadýar. Ol guralan tejribe stansiýasy bolsa, ylmy-eksperimental Merkeze öwrülip, ol ýerde bahasyna ýetip bolmajak seýrek duş gelýän miweli agaçlaryñ dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär.
Maña dürli ýyllarda Maşady-Misserian düzlüginde, Eýran bilen çäklenýän türkmen sährasynyñ aýry-aýra ýerlerinde bolmak miýesser edipdi. Şol ýerlerde men Işangulyny tanaýan gojalar, çopanlar, ozal gullukçy bolan adamlar bilen duşuşypdym. Şonda olar maña Işangulynyñ raýkomyñ sekretary döwründe gazylan guýulary görkezýärdiler. Onuñ kolhoz başlyklaryndan mallaryñ baş sanyny artdyrmagy berk talap edýänligi üçin bu guýularyñ gazylanlygyny aýdýardylar. Ol wagtlar jemgyýetçilik mallary üçin guýy gazmak her bir adamyñ kellesine gelýän pikir däldi. Ýöne gynansagam, adamlaryñ gözüniñ ody alnany sebäpli, biagyrlyk, biperwaýlyk sebäplimi, umuman aýdanyñda, şol guýularyñ birine-de Işangulynyñ ady dakylmandyr.
Häkimiýet akymynyñ gözbaşynda ençeme nesiller durup geçipdir, olaryñ hemmesi röwşen geljegi arzuw edip, oña el bulapdyr. Biziñ geçen nesillerimiziñ içinde dörän gerçeklerimiz gözsüz batyrlyk edip, şol röwşen geljegiñ hatyrasyna özlerini gurban etmedik bolsalar, biz häzirki Garaşsyz, Özbaşdak döwletimiziñ hwm gadyryny ol diýen bilmezdik. Geçmiş taryhymyzy öwrenip, oña çuññur hormat goýmagyñ hem edil şu günki ýaly uly manysy bolmazdy.

_____________________________
[1] Şol ýerde, sah. 247-249.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 256 | Добавил: Haweran | Теги: Rahym Esenow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]