07:15 Talyp gyz | |
TALYP GYZ Talyp gyz, didäňe didämi dikip, Bukup ýüregimde gizlinje yşky, Seň göwnüňe ýetsem diýip, şu gije Bagyşladym saňa sadaja goşgy. Kine etme menden waspyň etmesem, Waspyňa ejiz meň sözlem, aňlasaň. Kine etme maňa nazar oklaňda Nazaryňda söýgiň baryn aňmasam. Söý meni! Söýgiňi çalaja duýdur! Duýmasam, gönüläp diýmekden gorkma! Meni, iň bolmanda, goşgularymy Ýürekden ezizläp söýmekden gorkma! Diňle gursagyňy, belki, ses bardyr, Şol sese baglanyp, uýmakdan gorkma! Mende çyndan söýüp biljek ýürek bar, Ýüregmiň sesini duýmakdan gorkma! Eger... durmuşyňda özge bar bolsa, Bu habardan kalbym darka ýarylsa, Aýtma... Gizle menden özgä ýardygňy, Menem gizlärn ýüregimiň ýarygny... Talyp gyz, didämi didäňe dikip, Bukup ýüregimde gizlinje yşky, Giderin men senden örän uzaga, Ýadygärlik goýup sadaja goşgy... Sapa HOMMADOW. | |
|
√ Nirede sen, jenanym? / Goşgular - 01.01.2023 |
√ Hoşlanmakak aýtjaklarym / Goşgular - 08.01.2023 |
√ Стихи, сочиненные в день моего рождения / Goşgular - 27.01.2023 |
√ «Каменногрудый…» / Goşgular - 19.01.2023 |
√ «В полуночной тиши бессонницы моей…» / Goşgular - 03.01.2023 |
√ Эмигрант / Goşgular - 09.02.2023 |
√ Самоуверенность / Goşgular - 10.02.2023 |
√ Лира часов / Goşgular - 07.01.2023 |
√ Möjek bilen Durna / Goşgular - 29.01.2023 |
√ Çagaly öý / Goşgular - 04.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |