00:39 Talyplyk | |
TALYPLYK
Saňa ömrüň altyn çagy diýýärler, Ýa ömrüň bahary diýýärler saňa. Neneň, niçik baha berýän bolsalar, Ýok, menem hiç haçan garşy däl şoňa. Dogry, çaglaň ajabysyň, Sözüm ýok, Gujagyňam bahar ýaly ýakymly. Bilýäňmi, men başgaçarak görýärin, Ömre berýän ajabyňy, ýakymňy. Eger sende bar bolsa bir ajaplyk, Ol seniň kitapdan doly dünýäňdir. Sende şol dünýäniň barlygy üçin Bütin ömür saňa başyn egýändir. Eger seniň bir ýakymyň bar bolsa, Ol ýakym Öwrenmek atly serpaýdyr. Şol serpaýy rowa göreniň üçin, Ömür saňa baky sagbolsun aýdar. Bir mahal ýaşlygam düýnlere siňer, Özem ol hoşlaşman aýrylar menden. Men şonda ýaşlygyň ýelin küýsesem, Sen öwşün atarsyň ýyllaň içinden. Altyn döwür aladasyz döwür däl, Seňem aladalaň özüňe ýetik. Daglar ýaly aladalaň içinden Galmak isleýärsiň bir zatlar tutup. Tutjak zadyň, gazanjagyň ylymdyr, Ýöne şu gazanjyň ömrüme ýeter. Berip bilýän bolsaň ömürlik serpaý, Altyn çag bolarmy mundanam beter?! | |
|
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |