16:07

Tañryñ razylygy üçin...

TAÑRYÑ RAZYLYGY ÜÇIN...

Tañryñ razylygy üçin, şeýtana ~
Daş atylar ~ misli ol üzüm däne.

Daş atyp, şeýtany kowmak özüñden,
Ysmaýyldan galan, däpdir bu öñden.

Mina jülgesinde her hajyñ daşy,
Ýatladýar hinine ýagýan ýagyşy.

Daş atanym bilen ol näletsiñen,
Kalbymy sowadar niçiksi, neneñ?

Ýedi sany daşdan zyñsam üç sapar ~
Ýetmiş müñ uçguny bu kalbym tapar.

Onsoñ men kalbymdan kowup şeýtany,
Tapdym kararymy, ynjaldyp jany.

Hajylañ ýürekden eden bu işi ~
Gaçyrýar şeýtany zyñan her daşy.

Hajylar - şeýtandan, olardan - şeýtan
Gaçýarlar, açýarlar arany haýdap.

Kowlansoñ hajylar eden yhlasdan,
Däp berjaý bolýar-da çykýar yhramdan.

Bu waka mynasyp şeýle däp bolar,
Hajylar gurbanlyk malyny çalar.

Soñra bolsa, olar Mekgä gidýärler,
Käbä baryp, oña togap edýärler.

Gözýaşlar akýandyr gözlerden bu gün,
Gynanjyndan däl-de, şat bolup göwün.

Olar müñlerçedir, gözmüñ göreni,
Ýaşdan doldy görüp gözüm göreji.

Ol gözlerden akan ýaşlar rehm edip,
Tañrynyñ kalplara guýan rehmeti.

Şeýle bolsa, neneñ haja gitmejek,
Tañrynyñ öýüne togap etmejek?!

Haja gitmek ýagşy ynanç, ybadat,
Ol Tañrynyñ rehmetinden ybarat.
Категория: Goşgular | Просмотров: 615 | Добавил: Нawеran | Теги: Mahmyt Zamahşary | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Oguzhan_aga  
65
"Eý araplar, geliñ, ene diliñizi menden övreniñ" diýen uly alym Zamahşary.
Haja gitmek her kime-de nesip etsin.

0
2 Igdir  
14
Dogry aýdýaňyz Oguz han aga. Özi türkmen bolup Arabystanly arap alymlaryna arap grammatikasyndan sapak geçip Kurany Kerimiň çylşyrymly sözlerine traktat ýazan ildeşimizdir. Şonuň üçin araplar Zamahşara Mekge şäherinde Mukaddes Käbäniň ýanyndaky hüjrelerden jaý beripdirler. Şonuň üçin oňa "Žarullah" ýagny "Allahyň goňşusy" diýen a:t beripdirler.

0
3 Oguzhan_aga  
65
Gaty dogry aýdýan agam.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]