13:15 Tapylmaýan zat | |
TAPYLMAÝAN ZAT
Meni ýalňyz goýdy mähriban ýarym, Ýöne, geň zat, ýekeligi duýmadym, Bu daglaryň, bu baglaryň goýnunda Ýazlar bilen bälçireşip oýnadym. Meni ýeke goýdy jana-jan dostum, Ýöne welin ýekeligi duýmadym, Ömrümiň her güni bir dost tapyldy, Olar bilen şady-horram oýnadym. Dert tapylsa, derman tapylýan eken, Tapylmaýan zady ýyllar gizläp dur: Dostdan galan ýara bitiberenok, Ýardan galan ýara heniz syzlap dur. NÄTANYŞ KÖÇE Saga gitmelimi, Bilmedim, Men haýsy ýana ätmeli! Çar tarapym açyk, El-aýak bagly, Boşap galan bu göwräni nätmeli?! Ýoluny ýitirip, hum bolan başym, Aldy, bir nätanyş köçä taşlady. Gark bolup barýaryn hasrat deňzinde, Salym ýokdy, Kenar welin daşdady. Moý atan ýürege haýry ýok indi, Boş söz bilen synyk ýerin sünçläniň. Manysyz aýlanyp, sagat dili deý, Syryp ýörün boýun boşan köçäniň. Döwlet ORAZSÄHEDOW. | |
|
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |