11:03

Taryp we taryh :-)

TARYP WE TARYH :-)

Hindi taryhçysy Prem Çandr Maheş özüniň sene ýazgylarynda, Beýik Mogollar şalarşalygynyň han-hanany Muhammet Baýram han Türkmeniň ogly, Abdyrahym hanyň belent adamkärçiligini çeper beýan etmekçi bolup, onuň bir garyp bendä, öýlenmek üçin, ýüz müň rupyýa peşgeş berendigi hakyndaky wakany ýazyp, gereginden has artykmaç çeperçiligi ulanypdyr öýdýärin.
Bu pikirimiň sebäbem şulardan ybarat:
Abdyrahym han döwründe kümüş rupyýanyň agramy, tegelekleseň 11,5 gram bolupdyr.
Diýmek 100.000 rupyýa = 1150 kg bolýar. Şony hem Abdyrahym hanyň hazynaçysy garyba berjek bolsa, her adam 40 kg-den göterende, ony, tegelekläp alnanda, 29 adam daşamaly bolýar. “lvivmedievalclub.wordpress.com” çeşmesiniň maglumatlaryna görä, orta asyrlarda, iň gymmat gyrnaklary 1,5 kg kümüşe, ýagny, 500 dirheme (1 dirhem = 3 gram) ýa-da 130,4 rupiýa satyn alyp bolýar ekeni.
Diýmek, Abdyrahym hanyň “serpaý ýapan” garyby, bir wagtyň özünde 766,9 sany zenany bazardan satyn alyp, olara öýlenip biljek ekeni.
Soň ol olaryň hemmesini nädip ekläp bilerdikä?! :-)
Категория: Degişmeler | Просмотров: 284 | Добавил: Bagabat | Теги: Tapbatçy Ýepbekçiýew | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Degişmeler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Gurgencli  
324
2298,4 sanysyny aýryp dördüsine öýlenseňem ýetikle. Galan pul bilen ömüriň ötinçä dört aýal bilen şady-horram ýaşap bolýar.
Esasy problema şonuň ýaly serpaý ýapjak han aga tapmaly.

0
2 Bagabat  
43
@Babay agzanyň myhman depderinde galdyran: "Maladys Atabaý!" belligi:

257. Babay (Düýn 21:06)
0
Taryp we taryh

1 rupiýa = 11,5gr kümüşe deň bolsa, 43,5 rupiýaň = 1,5kg kümüşe deň bolman, 43,5x11,5=500,25gr/1000=0,5kg kümüşe deň bolýar.

(käbir mowzuklara ýazylýan teswirleri geçirseňiz, käbir adamlar üçin gowy bolardy)

0
3 Bagabat  
43
@Babay dogry düzediş.
Düzedildi.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]