16:52

Tarypyñ tutdy ýer-gögi...

Mahmyt ZAMAHŞARY

▶ TARYPYÑ TUTDY ÝER-GÖGI...

Tarypyñ tutdy ýer-gögi, hyýalyma ganat-persiñ,
Iki jahanyñ serweri, sen Asmana barabarsyñ.

Kabul bolup tobalarym, bolsadym Seniñ gurbanyñ,
Käbä uýan babalarmyñ, aýak tozuna gurbanam.

Ýalan dünýäñ ýüzi solup, zulmata çümen mahaly,
Olar ýerde ýyldyz bolup, ýagtyltdy älem-jahany.

Ýollaryna baş egdiñ sen, bagt tapar nazar saldygyñ,
Has parlak bolup dogduñ sen, eý, meniñ ýagty Ýyldyzym!

Güýjüm ýetse sanardym Señ, tarypyñy işbu günde,
Ynsanlaryñ jomardy Sen, edep sende, haýa sende.

Belki günüñ çykyşy deý, nurly bakyşyñ görerin,
Suwuñ ýerden akyşy deý, ýaşlañ akyşyn görerin.

Beýik Sen, çyndan aşykdyr bilbiller hem güller saña,
Diwanadyr hak aşyklar, muşdakdyr köñüller saña.

Tapdylar köñül şadyny, hem güwälik berdiler tiz,
Gördüler islän zadyny, Saña ynandylar, Eziz!

Sen baryp ýeterden çuñ-a, eý, meniñ çeşme, bulagym,
Meñ salawatymdan ýaña, kamata geler gulagyñ.

Alkyş aýdýan, düşýän oda, Hak ýanynda beýik şanyñ,
Ynan tilim başga zada, öwrülmeýär Mähribanym!

Çeper terjime eden:
Şähribossan Geldimämmedowa.
Категория: Goşgular | Просмотров: 536 | Добавил: Нawеran | Теги: Mahmyt Zamahşary | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024
"Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]