00:49

Täze harabalar / Jähennem näme?


2. Jähennem näme?

Allaş bu hezilligi hiç kime aýtmady. Magtym ýalaňaja aýtsa, onuň diýjek sözi belli: "jähennemde tomaşa gyt däl" diýer, bu söz irden Allaşyň diline gelipdi, Magtym ýalaňajyň sözüdi. öz diýmeli sözi welin, paýhasyna has giç ýetdi. "Balyk kellesinden porsar", şeý diýen bolsady, hasam jüpüne düşäýjekdi. Diýmänine gynanmady, begendi. Porsan balygyň kimdigine Aýjemal bada-bat düşünerdi, ýanyp duran ýüregine buz çöken ýaly bolaýardy. Buz soňra Allaşyň maňlaýyna çökse nädersiň? Gepiniň Ataly başlyga ýetmejegine kepil geçip biljek däl.
Ilkinji gezek Magtym ýalaňaçdan: "jähennemde tomaşa gyt däl" diýen sözi eşidende, obany mysal tutup aýdýarmyka diýen pikir kellesine gelipdi, sorapdy:
-- Jähennem diýdiň welin, oň belli bir adrisi barmy?
-- Ýagmyr molladan sora.
-- Bilemok diýse nädeýin?
-- Onda başga zady sora: keramatly Gurhanda ýewreýleriň, käpirleriň pygamberleri ykrar edilýär, muňa nähili düşünmeli diý.
-- Diýmen.
-- Molla jogap tapman masgara bolar öýdýärmiň?
-- Meni masgara eder. Bi zatlar nirden kelläňe gelip ýör diýse, men näme diýmeli? Magtym mollum öwretdi diýeýinmi? Ýoldaş mollum, men jähennem diýeniňi sorap biljek. Gurhany kerimi ara goşmaly. Din uguryndan men petik. Traktyry söküp, ýene düz diýseler, edibiljek, karbyratyry ýuw diýseler, ýuwubiljek. Muhammet pygamberiň atasy kim diý, aýdybiljek däl.
Gör, Magtym ýalaňaç kyn sowal berdirip, molla jogap berip bilmese, üstünden güljek bolýar. Iki at depişmeli, arasynda eşek ölmeli, Allaşyň eşek bolasy gelenok, ölesem gelenok.
Ertir ýaşy segsene ser uran Kertik obany ýygnap, pygamber toýuny berýär. Kertik nire, pygamber nire?! "Jähennemde tomaşa gyt däl" diýäýmeseň, başga näme diýjek! Ol pensiýa çykyp, gulagy gapylandan soň oba dolandy diýdiler, öň Allaşyň gören adamy däl. Magtym ýalaňaç: Kertigiň kerligine juda ynanyp barma, eşitmeli sözi eşidýändir diýdi. Kertigiň ömürboýy KGB-niň ugurynda işländigini aýdanda, onuň sözi düşnükli boldy duruberdi. Kertigiň özi KGB-äni agzanok, Ýokary pensiýa alýandygyny welin, soralsa-soralmasa aýdýar. Uly mugallym boldum diýýär, uly kärhanada kadrlar bölümine başlyk boldum diýýär. Kertigiň bu çaka hudaýsyz ýaşandygyny Allaş bilip otyr, Ýagmyr molla-da bilýär. Bileňde näme, toýuna barjak däl diýip bolmaz-a. Dini, hudaýy tutaryk edinjek bolsaň, sowet zamanynda kemala gelenleriň köpüsiniň sadakasyna-da, pygamber toýuna-da barmaly däl. Allaş özüne-de igendi: ýeri, özüň oňly eşekmi diý!..
Ertir Kertigiň pygamber toýuna, il arasynda aýdylyşyna görä, akgoýun toýuna barar. Muhammet pygamber altmyş üç ýaşap ölüpdir diýýärler. Şu ýaşa ýeten musulman bendesi goýun kesip, toý bermeli. Ol ýaşdaka Kertik kommunistdi, hudaýsyzlaryň partiýasyna agzady, hudaýhonlaryň garşysyna göreşýän edarada işleýärdi. Indi huaýhonlara goşulandygyny oba jar edýär, pygamber toý berýär.
Ertir Allaş toýa ýygnanjak ýaşulylara beýemçilik eder. Üstesine-de: jähennem näme, jähennem nirede diýen sowaly gütüledip goýar. Allaş tomaşa küýseýär, iki tarapa-da beleň berip, diňläsi gelýär. Ýagmyr molla Magtym ýalaňajy "hudaýsyzlaryň arabasyndan gaçyp galan diri maslyk" saýýar, çaltrak gömülse kem görenok. Ol mollanyň dabanyna batan demirtiken, onuň bolan ýerinde molla yjalykly oturyp bilenok. Allaşa galsa, Magtym ýalaňaç bilimi bilen zor diýmeli. Onuň köpbilmişligi Allaşa ýaraýar. Ýaranda näme diý, Magtym ýalaňaç tetelileriň bilimi bu gün kime derkar?! Düýn Magtym ýalňaja bilimli diýerdiler, bu gün obada Ýagmyr molla iň bilimi zor adam bolup galdy. öň köpçülikde edilýän gep-gürrüň häzirkiden parhlydy. Allaş öz bilýänini aýdyp biljek. Gowaça ekişinden öň plug bilen ýeri agdaryp sürmelimi, ýa-da çizel bilen dyrmalap ekmelimi? Her kim pikirini aýdardy, hä diýjegem, Ýok diýjegem öz delilini getirerdi. Iki tarapyňam bähbidi ahyr soňda umumy bähbide birigýärdi, hasylyň aladasy edilýärdi. Häzirki gürrüňlerem eşidip ýör. Pylan işanyň ýa-da pylan ahunyň aňyrsy keramatly pylan piriň ak patasyndan gudrat alyp gaýdýar diýilýär, ýa-da bolmasa, pylan işan uçup bilýär diýilsin, ynansaň-ynanmasaň baş atyp oturmaly. Gurhany ýat beklän adam ylmyň çür depesine çykan adam bolýar, ýetginjekleriň ýanynda bu müşgül iş däl. Traktyry söküp-düzüp bileniň hasaba girenok, tebärek çykmagy başar, şo halat sen köpüň öňünde ylymly adam bolýarsyň.
Allaş bäş wagt namazyny okaryn diýmese-de, ertir namazyny okamagyň höwesinde. Janynyň ýanýan ýeri, kes-kelläm aýatlary ýat bekläp bilenok, irden ýat tutdum diýeni agşama ýetenok, huşundan uçýar gidýär.
-- Ýaşlykda öwrenmeseň, altmyşdan soň kyn boljak ekeni--diýýär. Ýagmyr molla hä diýmedi.
-- Seniň kalbyňda hakyň Ýoluna ynanç az, şübhe bar--diýdi. Belki, ynanjy köpeltmek üçin beýemçi belländir.
Beýemçi köpçüligiň owsaryny elinde saklamaly adam. Köpçülik diýende Allaş esasan ýaşulylary göz öňünde tutýar. Olaram hil-hil. Salamguly ýaly "a" harpyndan şermendesem bar, Magtym ýalaňaç ýaly köpbilmişem bar. Umuman alanyňda, Allaş obanyň ýaşulylaryna juda belet. Olary takmyn dört topara bölse boljak: Salamguly tetelli betnebis, açgöz iýermenler, Magtym ýalaňaç ýaly höçjetler, Agajan çonak ýaly müňkürler, Mämmetguly ýaly diktumşuklar. özüňi haýsy topara goşjak diýseler, Allaşyň kesgin bir zat aýdara çaky Ýok. özüni tanamaýandygy zerarly goşýan däldir diýilse, oňa-da hä diýip bolmaz. Ol özüni çetde saklanyny kem görenok. Olaryň Allaşy bilmekleri hökman däl, Allaşyň olary bilmegi welin, hökmanlyk. Allaş beýemçi ahyry! Oturanlary tanaman, sen neneňsi beýemçilik edip bilersiň!
Agajan çonagyň müňkürligini daş ýany bilen subut edip biljek. Oňa "çonak" diýilmeginiň sebäbi bar. Iki barmagyny kolhozyň mal ýatagyndaky ot kerçgeýän stanoga aldyrypdy. Agajan ýakasy gaýyşly müňkür. Adamlaryň biri: arassa, Ýokumly kepek satyn aldym diýse, kepek satany püçege çykarjak bolup, her hili sebäp tapýar. Märekede ony öwjegiňi bileni üçin gowy kepek berendir, sen ony reklama edýäň, saňa-da bir zatjyk emlemeli bolar-a. Ertir men kepek aljak diýip baraýyn, gylla ýaryny guma garyp berer diýýär. Pylan dermanhanadan pylan dermany arzan bahadan aldym diýeni puşman etdirdi. Seň diýýän epdegiňe belet diýdi, şol epdekde galapyn ogurlyk derman satylýar. Daşary ýurduň ynsanperwer guramalarynyň getirýän dermanlary bolýar, mugtuna paýlanmaly, paýlamagy ýerli edaralara tabşyrýalar, deň-derman paýlarlar öýdüp, ynanyp berýäler. Ynanylan edaraň adamlary nädýäler, mugt dermany epdekde satdyrýalar, elbetde, gizlin edýäler. Seň arzan aldym diýýäniň şol derman! Biçäre il-günüň ondan habaram Ýok diýdi.
Pylany ogluny öýerdi, maňlaýlaryndan edep-ekramly, mährem gelin çykdy diýlende ümsüm oturanok. Uly ogluna sataşan aýbygadym gelne görä ganymadyrak bolmagy ähtimaldyr, galamasynam wagt görkezer, synagdan geçenini görmän öwüp oturmak nämä gerek diýýär.
Salamgulynyň bolşy hasam mojuk. Biçärä nebsiň-janyňam agyrýar. Otuz ýyl hojalyklaryň sygyryny bakdy, kolhozyň beren sähelçe hakyna kaýyl bolup ýaşady. Indem ujypsyzja pensiýasy bilen gün görjek bolýar, ogul-gelindenem oňly ideg Ýok. Bir gözüni Ýorka tutdy, karz-kowal alyp, operasiýa etdirip geldi, şowly bolmady, indem beýleki gözi gapylyp barýar, garasuw inýär. Garasuwuň operasiýasy üç-dört esse gymmat bolar diýipdirler. Bir ýylyň pensiýasyny ýygnamda-da ýarpy bahasyna ýetenok diýdi, körlügi boýun aldy. Süssenekläp ýörşüne oba arasyndaky çakylykdan galanok, günde-günaşa teýli, tagamly nahardan garnyny doýurýar. Ýöne, betnebis, bisabyr, açgöz. Gyzgyn nahar çekilmezinden kän öň saçaga goýlan tagamlary ýalmap oturandyr. Arada masgara-da boldy. Jamdaky zady şatyrdadyp iýip başlady. Iýýän höregiňi oňly görmeseňem nämedigini dişiňe degende bilse bolar-a. öz iýeni bilen oňman, gapdalynda oturana-da: biraz gatyrak diýmeseň, şu gury dogramaňam üýtgeşik gowy tagamy bar ekeni, al, senem ýöne oturma, iýip otur diýdi. "Oh-ow, seň dograma diýip şatyrdadyp oturanyň gaty pisse ahyry!" Diýleni eşitse-de wiý diýenok, ined-ä bolşy!..
Magtym ýalaňajyň höçjetligi, Mämmetgulynyň diktumşuklygy, hersi özbaşyna aýratyn gürrüň. Dogrusyny aýtsa, beýemçilik üç-dört aýda Allaşy halys irizdi. Goýun bilen geçini garyp bakýan çopana öwrüldi diýseň dogry bolar. Ýaşuly-ýaşuly diýip, bulary lälik çaga öwürdiler. Diňe Salamgulyny geňlemeli däl, umuman, garradyk saýy adamyň persi gider ekeni, işdäsine haý diýip bilenok. Iň ýeseri-de haýsy naharyň ýarajagyny-ýaramajagyny bilenoklar. Uly obada günde-günaşa bir, kägün iki, üç ýere-de barmaly bolýar. Ýas, sadaka, pygamber toýy, gelin toýy, ogul toýy, sünnet toýy, tam toýy, maşyn toýy... garaz, toý etmäge sebäp tapylyp dur. Diplom toý edip ýörenem gyt däl, aýratynam Ýokary okuwa para bilen girip, para bilen gutaranlar ýeteşikli, toý berseler alan diplomlarynyň hakykydygyna il-gün ynanaýjak ýaly. Bilim aldym diýip toý berýän Ýok.
Toýuň öňünden janly soýlup, sadaka berilýär. Hemmesinde ýaşulylaryň orny aýratyn. öz aýaklary bilen baryp bilmejekleriň yzyndan maşyn iberilýär. Kapas jaýda oturdanoklar, sergin saýada ýa-da kondisionerli otaglarda saçak ýazylýar, gyşyna-da syrtyňa sowuk degrenoklar. Ýaşulylar juda eý görlüp edilýär diýil-se, Allaş ýüz göterim ylalaşyp biljek däl. Belli kada, düzgüne öwrülen tutum her kimiň mümkinçiligine seredibem duranok, hökmanlyk hökümini ýöredýär. Zeýrenip ýörenem tapylýar, çykdajyny çekmek kyn, karz-kowala girmeli bolýar.
Garry adamlaryň bolşuny gülkä alyp ýörenem gyt däl. Toýlarda, sadakada bişirilýän naharlar galapyn bir meňzeş: çorba, palaw, dograma. Dograma edilen ýerde çorba bişirlenok, palaw welin, hökman berilmeli. Adam pakyr ýagly çorbadan doýansoň oturyberse-de boljak, edenok, gägirip, palawly tabagyňam düýbüni görmese oňanok. Barly ýeriň saçagy juda-da bol: gawun, garpyz, miwe, üzüm, süzme, çal, duza ýatyrlan zatlar, reňkli suwlar, köke-süýji, kişte, pirožnyý... Dogramanyň yzyndan garpyz garpyz iýseň içiň bozulýanyny bilseler-de, agzyna erk edip bilmeýänler tapylýar, içi geçip, görgi ýamanyny görýäler. Allaş dograma bolan ýerde garpyz kesmäň diýip buýurýar. Beýemçiden gaty görlenok, gaty görseler gaty ýerde otursynlar! Sözi geçmejek bolsa, Allaşyň beýemçiliginiň näderkary bar!..
Ýaşulylaryň sanawy Ýagmyr molla bilen maslahatly düzülýär. Molla Magtym ýalaňajyň çagyrylmagyny unap baranok, unamasa-da Allaş Magtym ýalaňajy çakylykdan galdyrmaň diýýär, toý eýelerem garşy däl. Obanyň aňyrdan gelýän düzgüni bar, ony ýatyrmaga entek Ýagmyr molla ygtyýar berlenok, berlen güni görübermeli bolar...
Kertigiň pygamber toýuna-da Magtym ýalaňaç geler, Ýagmyr molla islemese-de geler. Allaş jähennemiň nämedigini, nirededigini sorar. Bu-da bir hezillik bolar!
Arada bir üýşmeleňde pygamber toýundan gürrüň çykdy. Allaş sowet zamanynada bu toý il arasynda ýörgünli bolupdy diýip biljek däl, soňky döwürde welin, hökmany adata öwrüldi.
"Azatlyk" radiosyny sypdyrman diňleýän, asyl, şondan başga ýerde dogry söz aýdylanok diýip ýören Ýaran ussa:
-- Akgoýun toý bermek däbi bizden başga başga ýerde Ýok ekeni--diýdi.
-- Bi nä gep boldy?!--Ýagmyr molla jabjyndy.
Ýaran ussa çekinmedi:
-- Owganystanly ahunyň aýdan sözi, üstesine-de türkmen ahuny, gulagym bilen eşitdim. Gurhanda akgoýun toý hakynda ýazylan söz Ýok diýdi, başga bir musulman halkynda-da beýle toý edilenok diýdi.
-- Seň ol ahunyň köpbilmişlik etmesin!
-- Ol meň ahunym däl, Ýagmyr molla. Pakystan, Owganystan sebitlerinde tanalýan ahun diýdiler.
-- Haýsy metjitde oturyp, ahunyň aýdanyny eşitdiň?
-- Radiýadan diňledim, "Azatlyk" radiýasyndan gepledi.
Ýagmyr molla keýpsiz güldi.
-- Şeýle diýjegiňe garaşyp otyrdym, Ýagmyr ussa--diýdi.--Ussa aga, seň ol radiýaň töhmetçileriň ketegi.
-- Ol meň radiýam däl, Ýagmyr molla.
-- Seňki bolmasa-da saňa meňzeşiňkidä. Şu oturanlaryň arasynda şony diýleýän başga bir adam bardyr öýdemok.
-- Men bar.--Magtym ýalaňaç göni Ýagmyr mollanyň ýüzüne garap aýtdy.
-- Sen bi oturanlaryň hasabyna gireňok. Ýene kim bar?--Ýagmyr molla ýiti nazaryny adamlara birlaý aýlap çykdy, her kim görejini gizläp dymdy.--Pygamber toý tutup, türkmen hakyň Ýoluna gelişjek iş edýär. Muňa türkmeniň artykmaçlygy diýip düşünmeli.
Kertigiň akgoýun toýunda-da öňi bilen süýtli aş çekdiler. Bu-da täze tapylan düzgün. Akgoýun toýy ak nahardan başlanmalymyş. Süýtli aş iýlenine Allaş garşy däl, ýöne welin, süýtli aş soňky iýilmeli tagam. Sowet zamanynda dynç alyş öýlerde, sanatoriýalarda, keselhanalarda beýleki naharlaryň soňundan bererdiler, bilinip edilýärdi. Allaş iki gezek profsoýuzyň mugt putÝowkasy bilen Kawkazyň mineral suwlarynda aşgazanyny bejerdip gelipdi. Haýsy nahar haçan iýlende saglyga ýaramly boljak, bu meselede doktorlaryň görkezmesine eýerilýär diýerdiler. Indi Ýagmyr mollanyň diýeni-aýdany, ol naharlaryň äberliş tertibini tersine öwürdi. öňi bilen süýtli aş, soň palaw. Ilki süýtde bişen, yzyndanam ýagda bişen tüwüni iýmeli. Başda berilýän etli çorba, dograma soňa geçirildi. Bu tertip bilen ylalaşmaýanyny Magtym ýalaňaç gabat gelen ýerinde duýdurýardy, häzirem ümsüm oturmady.
-- Süýtli aşy ýagly palawa garyp iýip bolmaz-a--diýdi.--Adamlarda bir aşgazan bar, iýmit bir ugurly iýilse ýagşy. Ýagy toşaba garyp bolýar, bala garyp bolýar, ýagy süýde garyp bolanok. Kelle-aýak çorbasyna ezilen dogramanyň üstüne süýt guýup berlenini görüpmidiňiz?
Salamguly:
-- Görülmedik bolsa, indi sen görkezäý--diýdi.--Senem segseniň onundaky adam, senem akgoýnuňy berersiň-ä, ýa radiýada geplän ahuna gulak asjak ýörjekmi, şo ahuna aýt diýen bolaýmaň siz, he-he-hee... Sen goýun etini, asyl bara, guýruk ýagyny süýtde bişirip ber, isleseň üstüne ýagly dograma-da goş, gapdalynda garpyzam goý, gägirip doýýançam iýeýin, maňa aç ölüpdir diýilmese bolany...
Magtym ýalaňaç Kertigiň toýunda-da süýtli aşdan datmady.
-- Maňa diňe palaw getiriň--diýdi.
Muňa Magtym ýalaňajyň höçjetligi diýseň juda bärden gaýdarsyň, ol Ýagmyr molla ok atýar diýmeli. Seniň ornaşdyrýan düzgüniňe kim boýun bolsa-da, men boýun bolman diýdigi, tekepbirligini oturanlara göz edýär, men siz ýaly nalajedeýin däl diýýär. Ümsüm oturmaga Ýagmyr mollanyň takaty ýetermikä? Ine, meseäniň gyzykly ýeri!..
Allaş hüşerlip garaşdy, Ýagmyr molla başardygyndan mesaýy, tutumly gürlejek boldy
-- Sen köp ýyl mugallymçylyk edipsiň..
-- Elli ýyl!--Magtym ýalaňajyň buýsançly sesi depede ýaňlandy.
-- Seniň eliňde okamanyma şükür edýän.
-- Şükür etme, gynan, Resul mirabyň ogly! Meniň elimde okan bolsadyň, edep öwrenerdiň, özüňden ýigrimi-otuz ýaş uly adama "sen" diýip oturmazdyň.
-- Allanäme mugallym bolan bolsadyň, Magtym mugallym diýerdiler, Magtym ýalaňaç diýmezdiler...
Allaş aljyrady, gepi başga ýana sowmasaň soňunyň oňňullyga barmajagyny aňdy. Hernä, Salamguly ara düşäýdi:
-- Molla jan, öň bir Ýola ýanyma baranyň ýadyňdamy? Ýene bir sygyr aldym, sürä goşjak diýipdiň, şonda, bi günler dälihanada işleýän diýeniň ýadyma düşýä, dälihanaň hojaýynlarynyň biri men diýipdiň. Bäh, dälihanada-da hojaýyn bolýarmy diýenim ýadyňdamy, he-he-he... Golaýda bir gürrüň gulagma degdi, dälihanany ýapanmyşlar, çynmy şol?
Ýagmyr molla:
-- Ýapmaly däl ekeniler-dä--diýdi.--Entek dälihana iberilmeli adamlar aramyzda Ýok däl.
Allaş:
-- Dälihana diýeniň düşnükli, men başga bir sözüň manysyna oňly düşünemok. Ynha, "jähennem" diýen söz bar, eşide-eşide gelýäs, "jähenneme gitsin-le" diýip, gargyşam edilýä. Şo "jähennem" näme şol? Asmandamy, ýeriň teýindemi, nirede şo "jähennem", takyk bir adrisi barmy şoň?
-- Ony baraňda görersiň, Allaş jan!--Salamguly hikirdedi.--Ikimiziň ahyrsoňy barmaly ýerimiz-dä...
-- Magtym mollum-a: "jähennem" tomaşaň hezil ýeri diýýä.
-- Tomaşa özüne nesip etsin.--Ýagmyr molla birdenkä aýat okap başlady, Magtym ýalaňajyň agzyny petiklemek üçin etdi, Ýogsam bolmasa, entek saçak gaýtarylmandy, iki-eke iýip oturanam bar. Aýaty soňlap, aýatyň wajyp äheňini saklap dowam etdi.--Gurhany kerimde aýata uýmaýanlaryň oda ýanmalydygy aýdylýar. Hudaýsyzlar aýata uýanok, olaryň ahyr mesgeni dowzahdyr. Dowzah odunyň ýanýan ýerine-de "jähennem" diýlendir.
-- Baý-baý, barar ýaly etmediň, molla jan--Salamguly batnyksyz hikirdedi.--Allaş, ogul, özüň gideweri, menden saňa Ýoldaş bolan Ýok, men oda ýanmaga razy däl, dälihanany amatly görjek.
Baba nasosçy haýbat atdy:
-- Seň razylygyňy sorajak Ýok!--Ol soňky aýlar metjide gatnaýanlara goşulypdy.-- Allatagallaň buýranyna böke-böke boýun bolarsyň! Allahy ekber! Mollam, ýene bir aýat oka!
Ýagmyr molla ýene aýat okady.
-- Kimiň uçmaha barjagy, kimsäniň jähenneme griftar ediljegi kyýamat güni Allanyň eradasyna bagly bolar.
-- Allahy ekber!
Hemişe kolhozyň mal ýatagynda işlän Gylly aga-da gürrüňe goşuldy:
-- Ýowşan düýekeşiň gyzy birmahal depesinden nepýag döküp, ýanyp ölüpdi, aňyrsy on munutda garaköýük bolupdy pakyr. Adam uzak mahal ýanýan bolsa, onda däninim, jähennemiň ody üýtgeşik bolmaly.
-- Nepýag guýup özüni otlaýanlar şeýtanyň aldawyna gidýänler. Ol ody jähennemiň oduna deňemäň, jähennem ody adalat odudyr, onda imansyzlar ýanmalydyr, hudaýsyzlar ýanmalydyr. Olaryň günäsi kyýamat güni terezä salynar.
Ýagmyr molla soňky sözüni Magtym ýalaňaja garap aýtdy. Magtym ýalaňaç:
-- Kyýamatyň terezisi pagta zawodynyň terezisi ýaly däldir-ä?--diýdi.
-- Iman terezisinden syparyn öýtme!
-- Resul mirabyň ogly, sen meni dowzah oduna zyňmaga howlukma, kyýamat gününe garaş. Ondan bärde Harteçjal döremeli, Ýajut-Majut döremeli. Ysrafyl surnaýyny çalmaly, ölenlere jan girmeli, Ezraýyl öz janyny almaly. Baý-bo-ow, kyýamat gopanda turjak topalaň diýer-aýdardan köp. Ýerler lerzan urmaly. Teçžal sazyn gurmaly, aýşy-aşret sürmeli, dönüp Käbä barmaly, arwah-jyn döremeli. Allatagallaň hökümine garaşmaly, ol ýerde seniň hökümiň ýöremez, senden soranam bolmaz. Sen ap-aňsat edäýýärsiň, Oraz baýy jennete Ýolladyň, meni dowzaha Ýollap otyrsyň, Alla derek höküm çykaryp oturma, gabahat işdir.--Magtym ýalaňaç gyjyt äheňde güldi--Meniň Muhammet pygamberden umydym bar. Kyýamat sudunda Alla pygamberine aklawjy bolmagy buýrandyr. Muhammet pygamber meni dowzah odundan saklar, Allatagalla ýüzlenip: şu bendäň günäsini öt diýer. Bu adamyň eden günäsi bar: namaz okamady, oraza tutmady diýer, eýsem-de bolsa, haýyr işleri günäsinden agdyk diýer, adam oglunyň ýeke şaýy zadyny iýmedi, ejize zulum etmedi, gaýta, ýetimligiň hupbatyny çekmeli boldy diýer, bigünäniň ganyna galmady, zyna işe baş goşup, aldaw-hile bilen naçary Ýorganyna salmady diýer. Oturanlaryň köpüsi şaýat: men köpüň emläginiň gyrasynda görnen adam däl, iň bolmanda, dälihanaň zawhozy bolup işlän bolsadym...--Agyr dymyşlyk ara düşdi, ony Magtym ýalaňajyň özi bozdy.--Eý-ho-o, entek syrat köprüsinden geçmel-ä!.. Kim bir ýylda geçer, kim kyrk aýda geçer... soňy bäş müň ýylda gutarmaly. Magtymguly şeý diýip ýazýar, men Magtymgula ynanýan.
Ýagmyr molla jabjyndy:
-- Sen Kurhany Kerime ynanaňok!
Baba nasosçy suňşurdy:
-- Allahy ekber!
Gulagy eşitmese-de mesaýy gürrüň edilmeýänini Kertik aňan bolmaly, gulagyny Allaşa golaý tutup gygyrdy;
-- Kem zad-a Ýokdur?
-- Ony terezä müneňde bilersiň.
-- Terezä,.. terezi diýdiňmi?.. O nähili terezi?
-- Jähennemiň terezisi!
Gülüşdiler. Hernä, Kertik düşündir diýmedi. Belki-de ol jähennemiň aýatda nirededigini bu oturanlardan has gowy bilýändigi üçin soran däldir?

Dowamy bar >>
Категория: Romanlar | Просмотров: 405 | Добавил: Haweran | Теги: Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Romanlar bölümiň başga makalalary

Hakyň didary / roman - 28.02.2024
Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024
Gala -8: Duşuşyk - 16.02.2024
Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024
Janserek -2: romanyñ dowamy - 13.03.2024
Janserek / roman - 13.03.2024
Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024
Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024
Hakyň didary -9/ romanyň soňy - 02.03.2024
Gala -5: Maksat - 12.02.2024

Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Ependi  
284
Okap hezil etdim, köpden bäri beýle gyzykly eser okamandym. Tirkiş aga dogry aýdýar. "Ähli obaň horazy deň gygyrýar" diýlişi ýaly, öz obamy gören ýaly boldum. Dogrusy, ýaşululaň ýagdaýyny açyk-aýdyň görkežmegi Tirkiş aga başarypdyr. Toýda, ýasda, sadakada köplenç bulaň boluşlaryna gabat gelinýän ýagdaýlar.

Bir obadaş ýaşulym bardy, ýogaldy öňräk. Kitaphondy, öýden, menden okamaga kakam pahyrdan galan kitaplary alyp giderdi. Okadygam getirer, ýene başgasyny alyp gider. Özi, ýetmişden geçen adam. Soýuz döwrüniň terbiýesini alan adam. Nähili düşündirsemkäm, köptaraplaýyn professional adamdy. Dilede gaty çeperdi. Toý-sadakalarda halky herhili gürrüňler tapyp diňletmäge ökdedi. Ters tarap, ýokardaky Magtym ýalaňaç ýaly mollaň garşysyna gitmegi hiçžatça bilmezdi. Bular aslynda grupbady. Munuň öz adamlary bardy, oba mollasynyň yzyna düşýän öz adamlary bardy. Pahyr, ýanyma gelende içini dökerdi. "Jynly çüýşesem" goltugynda. Içmesemde, ýanynda tä öýüne ýöreýänçä häsini ýetirdim. Sebäbi, onuň älem-jahandan bilmeýän zady ýokdy. Durşuna kitapdy, arhiwdi. Ömründäki täsin başdan geçirmeleri gürrüň bermäge ökdedi. Ana, şolam öz deň-duşlarynyň boluşyndan zeýrenerdi. "Pylany aga gowy adammy, ýa wagtynda ýaramazdymy?" diýseň, ýüzüňe jiňkerer. "Gowy görüp soraýaňmy, ýada ýigrenip soradyňmy?" diýer. Jogabada garaşman, ýaşlykda nähili ýaman-ýagşy işlerini edil kino gören ýaly suratlandyryp berer. Gepi uzaldyp oturmaýyn. Tirkiş aga tüýs hakykaty ýazypdyr, şu ýagdaýlar hemme obalarda bolýan durmuşy ýagdaýlardyr.

0
2 sylapberdimuhamov  
1428
Dogrudanam "bomba" roman! Berekella Tirkiş aga! Elleriňe güller bitsin!

0
3 sylapberdimuhamov  
1428
Romanyň şu bölüminde adam atlarynda nädogrylyk gidipdir. Düzedilse gowy bolardy. Ýaran ussanyň adyna Ýagmyr ussa diýlipdir.

0
4 Sergezzan  
707
gysga wagtda in meşhur eserleriñ hataryna goşuljagyna ynanyan. Sebap beyleki läheñlerinkiden peslär yaly däl.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]