22:51

Täze harabalar / roman

TÄZE HARABALAR

Türkmenistany terk etmäge mejbur edilen ogullarym Baýram bilen Begenje bagyşlaýaryn

1. Hezillik

Altmyş dört ýaşly Allaş uly köçäniň ugurynda Aýjemal bilen gabatlaşdy. Salamyny alyp geçiberse-de boljakdy, etmedi, sägindi, gepleşmek ýakymlydy, petiş howada ýüzüňe salkyn şemal uran ýaly bolaýýar. Keseki ýa-da keseden gelen däl, obanyň aşak çetinden Ýokary çetine äre çykan gyz. Ýaşy otuz bilen kyrk aralygynda, görmegeý, alçak, gözi bilen iýip, dili bilen ýalap barýar. Beýle-de dälse däldir, garaz, dul gözi bilen aýala sereden özüň bolma-da! Bäş ýyl bäri Allaşyň gujagy boş. Ogulsenem görk-görmegi bilen göze ilen zenan bolmasa-da, eti-gany ýerinde, gurşunly kenek ýaly ykjamja heleýdi. Duýdansyz gitdi. Ýatakda sygyrlaryň öňüne samanaş döküp ýörkä ýykylypdyr. Ysmaz boldy, dili-agzy gymyldamady, üç gün huşsuz ýatyp, işini bitirdi. Beýnisine gan inipdir.
Allaşy aýalyndan galyp ýaşaýandygyna ökünýän erkekleriň sanawyna goşup bolmaz. Ol öleniň yzynda ölüp bolmaz diýen paýhasa gol ýapýan adam. Entek garrylygy boýun aljak adam däl. Aýjemaldan hantamaçyly Ýok, şonda-da güler ýüzüne garasa, bägül ysgan ýaly bolaýýar. Aýjemal bu islegi duýar öýdüp alada galanok, ol Aýjemalyň öz işi. Eger ol elliden geçip dul galan aýal bolsady, ýüregindäki ýakymly duýgunyň Aýjemala baglydygyny duýdursa-da bolardy. Tamaň tala daňylan ýaly bolsun, Allaş! Onda-da Aýjemal hakynda pikir etmek oňa ýakym berdi. Aýjemal daýhan birleşiginiň kanturyny süpürýär, ony işe alan Ataly başlyk. Allaş Atalynyň ornunda bolsa, Aýjemaly hapa işe dözjek däl, golaýyndan eltjek däl! Başlyk kantur işgärlerini iki-üç öwre çalyşdy, Aýjemaly çalşanok. Islese, Aýjemala sübsäňi taşla, seni çagalar bagyna müdür bellejek diýip bilýär-ä, diýenok. Heleýden galan dul bolsady, diýerdi.
Allaş göwnündäkini gizläp duranok, arada: "Aýjemal jan, meň erkimde bolsady, seni çagalar bagyna hojaýyn etjeg-ä" diýdi. "Meň ykbalym seniň erkiňe bagly däl-ä, Allaş aga". Aýjemal biçäre ajy güldi. Adamyň ykbalyny hudaýyň erkine baglaýarlar. Magtym ýalaňaç bu ynanja hä diýenok. Adamyň ykbaly onuň häsiýetine bagly diýýär. Adamlaryň bolşundan mysal tutup, pikirini delillendirýär. Ynha, bir adam hojaýynlaryň üzeňňisinden üç geçip, bil büküp, wezipä, ýeňil gazanja ýetýär. Ykbaly çüwdi diýýärler. Başga biri bar, Magtym ýalaňaç ýaly dogry gepli, bil bükenok, wezipe beriň diýenok, aç ölse-de ýalbarjak däl, häsiýeti şeýle. Şu ýagdaýa seretseň Magtym ýalaňaç mamla ýaly. Şeýle bolsa, ykbalynyň çüwmegi üçin Aýjemal näme etmeli?.. Sen pylan zat et diýip, Aýjemala maslahat berip bilerin öýdenok, ýöne gepleşip, onuň sesiniň, ýüzüniň ýakymyny duýasy gelýär. Bada-bat bahana-da tapdy.
--- Aýjemal, haçanrak baramda men başlyga duşup bilerin?
--- Men başlygyň çopany däl, Allaş aga.
--- Kanturyň düzgünine beletsiň diýip soraýdym-da.
--- Belet heleý başlygyň gapysynda oturýar, men poluny ýuwýan. Bir akdabany şäherden tapyp getirdi, gözüni aýryp bilmän otyr, ýylanyň jadysyna ysmaz bolan syçana dönäýdi nejis. Obanyň perizatlaryna it degdi. Barmaweri, Allaş aga, ol ganjyk senem jadylar, sakgalyň agyna seretmez. Bir zatjyk emläbilseň-ä binobatam giribilersiň. Şäherde pul tölemeseň, indi syçmaga uborna-da goýberenoklar, oba-da şäheriň yzyndan ýetmel-ä. --Aýjemal jak-jak güldi, şöhle saçýan owadan gözleri garagollygyň keýpi bilen ýaldyrady. --Äý-Ýok, nobata kaýyl däl diýseň, nätmelidigini aýdybiljek.
--- Şeýtsene!
--- Gün dogar-dogmazda bar, başlygyň keýpiniň göterilýän wagtydyr. Ertir bar, birigüne galma, ertir başlygyň patyladyp gol goýýan güni, sähetli gün diý-de baryber. Gapy ýapyk diýip gaýdybermegin, girjek bolgunyň, girmeli däl diýerler, gulak asmagyn, gözüm Ýok etginiň, çekinip durma-da!
--- Häk, şeýtan, gyzykdyrdyň-la muny.
--- Gyzygy baraňda görersiň.
Ertesi Allaş Aýjemalyň diýen mahaly kantura ýetdi, ýetýänçä-de şübheden dynyp bilmedi: sen oýnatga öwrülen bolaýma?.. Ýok-la, ol başlygyň ýanyna bahana arap baranok, çynlakaý mesele bilen barýar. Mellek paýlanjakmyş diýen gürrüň ýene oba arasyna ýaýrady. Gep-gürrüň ýaýraýar, ýöne bäş-alty ýyl bäri mellek alýan Ýok. öňki paýlanyşykda berlen mellekler sowet döwründäkiden üç esse giň. Allaşyň uly ogluna-da ýetdi, tam salnyp, bireýýam göçüp bardy. Köne mellekde kiçi ogly bilen galdy, darlyk edýär, juda dar, götüň içi ýaly diýseň has dogry boljak. Uly tam salaýyn diýseň, mal ýatagy daraltmaly. Otuz ýyl ozal saldyran tamy ogluna, gelnine ýaranok. Gyşky-tomusky kuhni saldyrmagyň arzuwynda, anjaýyn hammam gurjaklar. Allaşyň arzasy bäş ýyl bäri Ataly başlykda ýatyr, ýatandygyny ýatlatmaga barýar. Bu näme, mesele dälmi?! Bu sowal Allaşy oýnatgy bolmak howpundan dyndardy. Soňky mahal obada Allaşyň abraýynyň has artandygyny jedirdäp ölmüş Aýjemalam bilýändir. Allaş iň Ýokary pensiýa alýanlaryň biri, üstesine-de dört-bäş aý bäri ýaşulylaryň üýşen ýerinde beýemçilik edýär. öňetene beýemçilik ynanylanok, at-abraý gerek, maşgalasyna halal çörek iýdiren adam gerek. Ýigrimi ýyl biregne kolhozyň agyr traktoryny sürdi, gazanjy Ýokary boldy, şol gazanjy hasaba alybam pensiýa bellediler. Solýarka bulaşyp, çaň-tozana boglup ýörkä, ýüpek kitelini pitikläp, köçede pason atyp gezen emeldarlaryň, söwda işgärleriniň pensiýasy Allaşyň pensiýasynyň ýarpysyna ýetenok! Alla jan köp görmesin! Allaş kolhozdan müňde bir razy, kolhozy ýatyrmaly däldiler, oňarmadylar. Has takyk aýtsaň, ýurduň golaýda ölen hojaýyny oňarmady, halka geňeş salman etjegini etdi. Kolhoz ýatdy, obalar çökdi. Magtym ýalaňaç içýakgyç gep tapýar: kolhoz gurlanda-da halka geňeş salynmandy, Staliniň tapan emeli diýýär, kolhoz gurup, daýhany elgarama etdi, günlükçä, talabana öwürdi diýýär. Ol adama köne-de ýaranok, täze-de ýaranok. Allaşyň alýan Ýokary pensiýasyna göriplik edýändir diýmäge dili baranok, ýöne gowy ýerine gowy diýip bolar-a. Sowet döwründäki kolhoz häzirki daýhan birleşiklerinden ýüz paý gowy. Allaş ýaly Ýokary pensiýa alýan adam kolhozy pislemez, Magtym ýalaňaç şoňa düşünmeli!
Allaşa beýemçiligi ynanan Gylyç ahunyň agtygy Ýagmyr molla. Ol muny ýaşulylardan bimaslahat etdi, maslahat salanda-da bolman durmazdy. Maslahat salsam, alagadan Allaşy unamasalar, oňa biabraýçylyk bolar diýip pikir edendir diýmäge dili baranok, heý, Allaşy unamajak tapylarmy diý-ä! Allaşyň pikiri başga. Maslahat salyp, meseläni ululdyp otursam, beýemçiniň gabarylmagy ähtimal, özüne artykmaçlyk berilýändir öýtmegi ähtimal diýendir, biraz howatyr eden bolmagy-da ähtimal. Allaş muny Ýagmyr mollany tanaýandygy üçin aýdýar, ýalňyşýandyryn öýdenok. Ýagmyr molla ýekegepli bolmagy halaýar. Magtym ýalaňajyň dili bilen aýtmaly bolsa, Ýagmyr mollada diýdimzorluk meýli artyp gidip otyr. Magtym ýalaňaç Ýagmyr molla diktatorlygy meýil edýär diýdi. "Diktator" diýen sözüň änigine-şänigine ýetmäge Allaşyň düşünjesi ýetenok, ony boýun alýar. Ylmy zor Magtym ýalaňaja gulak asmasa alajy Ýok. Magtym ýalaňaç Stalinem, Gitlerem aýylganç diktator boldy diýýär, diýse-de Stalin bilen Gitleriň bir ýüpe daňylmagyny Allaş unanok. Stalin kolhoz guran bolsa, Allaş şol kolhozda işledi, pensiýa çykdy, Ýokary pensiýa alyp ýör-ä! Gitler ýurdy basyp alan bolsa, Allaşa Ýokary pensiýa berermidi? Bir oka tabşyrar giderdi.
Magtym ýalaňaç bilen Ýagmyr mollanyň hiç pille mäşi bişişmez, olaryň topragy bir ýerden däl. Magtym ýalaňaç dine ynananok, ynanmaýanyny gizläp oturanok. Mollalar bolmasady, ynanardym diýýär. Bir hudaýyň bardygyna ynanýan, ýöne dinlere ynanamok, din mollalaryň tapan zady diýýär. Allaşyň başy çaşýar, bu pikiriň haýsy ýanyndyn barjagyny bilenok. Ýagmyr molla: "Magtym ýalaňaç hudaýsyzlaryň arabasyndan gaçyp galan diri maslyk, juda porsamanka gömüp dynanyň ýagşy" diýýär, Allaş gulagy bilen eşiden sözüni aýdýar. Magtym ýalaňaç diniň diktaturasy diýip, bir tükezzibana tutýar. Diktatura zorluk diýip düşün, mollalaryň zorlugy diýsem has düşnükli bolar diýýä. Mollalaryň edýän zorlugyny hanlaryň, baýlaryň eden zorlugyndanam beter edip görkezýär. Häkimleriň aýagyndan nirädir bir ýere arz edip bolýar, mollalar arz edere ýer goýanoklar, Allanaň adyndan gep urýarlar, arzyňy Alla nähili ýetirjek diýýä. Magtym ýalaňaç bilen dawa etseň edip oturmaly. Ýagmyr molla gezek gelende kime arz etmelidigini Magtym ýalaňaç bilenokmy? Bilýär, ýöne at oýnadasy gelýär. Bar, Ataly başlyga arz et, Ýagmyr molla diýmeli sözi tapar, onuň sözüne molla hä diýer oturar.
Allaş welin, Ýagmyr mollaňam, Magtym ýalaňajyňam dilini tapýar. Bu Allaşyň artykmaç tarapy. Arada durmagy başarýan adam gerek. Şu zerurlyga düşüneni üçin Ýagmyr molla Allaşa beýemçiligi ynanandyr diýse-de bolar. Muňa-da Ýagmyr mollanyň artykmaçlygy diýmeli.
Beýemçi diýilse, käbir adamyň toýlardaky tamadany göz öňüne getirmegi-de ähtimaldyr, beýle däl. Tamada arak-şerap içilip, nutuk aýdylýan toýlaryň adamy. Allaşa ynanylan beýemçilik sadaka, ýas ýerine ýygnanýan ýaşulylara niýetlenen. Saçagy haçan ýazmaly, çaý-nahary haýsy tertipde çekmeli, iň möhüm ýeri-de, aýat-töwire märekäniň bir adam ýaly gulak asmagyny gazanmak beýemçiden edilýän talap. Bu wezipe üçin "beýemçi" sözi juda gabat gelip hem duranok. "Beýemçi" sözünde buýruk bermegiň manysy bar. Näme diýilse-de Ýagmyr molla bu sözi oňlady. Köpçülik ýerinde buýrugyň duýulmagyny isleýändir, Ýagmyr molla bu alamat ýakym berýändir? Bu sowala Magtym ýalaňaç hä diýýär, Allaş ony inkär edip bilmedi.
Beýemçilik Allaşa gelşip dur. Deşli göwresi, şol göwrä bap gelýän haýbatly Ýogyn sesi bar. Iň ýeser ýeri-de, obada kimiň kimdigini bilýär, hiç kimden ýüzi utananok. Beýle bir halal adamy beýemçi tutunmagy Ýagmyr mollanyň abraýyna diýse bolar. Bu ýagdaýdan Ataly başlyk bihabardyr diýmäge Allaşyň dili baranok, onuň bilen maslahatly edilen bolmagy-da ähtimal. Arzynyň diňlenjegine ynamy zor. Aýjemal welin, Allaşy garamaýaklaryň biridir öýdýär. Jedirdäp geçen Aýjemala oýun gerek, gep-gürrüň gerek. Allaş özüni köteklän kişi boldy: şony bilýäniň çyn bolsa, aladaňdandan turup, bu ýerde nä görüň bar!.. Saňa-da oýun gerek diýdi. Soňra-da bahana tapdy: äý, Aýjemal gyzykdyrdy-da, biparh bolar ýaly etmedi.

* * *

Uly köçeden sowlanyňda kanturyň jaýy bilen aralykda taýak atym boş meýdan bar. Meýdanyň aňry çetinde ak maşyn dur. Kimiň maşynydygyny Allaş bilýär. Ataly başlygyň şähere, toýa-tomga münýän maşyny, ýaponlaryň taÝota maşyny. Oba arasyna, ekine, çöle çykanda daýhan birleşiginiň "UAZ--69" maşynyny münýär. Wagtal-wagtal täzeje gyzgylt reňk jip maşynynyň rulunda özüniň oturanynam görse bolýar. Il arasyndaky gepe görä, çöle-gyra heleý äkidende galapyn şol maşyny münýärmiş. Hojalygynda göze ilip duran alty maşyn bar, biri beýlekisine meňzeş däl. Ogullarynyň adyna ýazylan bolmagy-da ähtimal. Bu zamanda kim ol zatlar bilen gyzyklanyp ýör, puluň barmy--alyber. ölen prezident hususy garažynda otuz-kyrk maşyn saklaýar ekeni. Ýekesini-de ol dünýä äkidip bilmedi. Ol çykyş edende häli-şindi täze baýlary döredýän diýerdi. Atala-da şol baýlaryň biri diýse boljak. Täze baýlaryň ikiläp-üçläp heleý saklap ýörenlerem bar. Allaş bagtyýatan ýeke heleýiň arzuwynda.
Atalynyň maşyny telimem bolsa, şopury bir adam. Şopur häzirem ak maşynyň töwereginde ak esgili aýlanyp ýör. Golça kimin garynlagam bolsa, pökgi ýaly süňňi ýeňil. Saçy düşen maňlaýy gyzaryp dogan Günüň şöhlesine ýaldyraýar. Kapota garnyny diräp, maňlaý aýnany yhlas bilen süpürdi, dikelip, bir gulaç hasany silkmäge durdy. Golaýlaşyp barýan Allaşa seredişinde birugsat bakja giren adama bolan howatyrlanma duýuldy. Maňlaýynyň ýylmanaklygy ýaly, etlek ýüzem ýylmanak, doklugyny duluklaryna seredip biläýmeli.
--- Ýaşuly jan, irläpsiň-le, salawmaleýkim.
--- Saglykmy, inim.
--- Meni tanansyň-a, Allaş aga?
--- Başlygyň şopuryny tanamazlyk ýeliň garşysyna tüýküren ýaly bolmazmy?
--- Häýt-jenä!--Şopur hikirdedi--Allaş agamdan aýlanaýyn!
Allaş kanturyň jaýyna göz aýlady. Gapynyň sag egnininden daýhan birleşigine dakylan täze ady aýnaly çarçuwa gaplap asypdyrlar: "Altyn toprak". Her harpy orta barmakdan Ýogyn, altyn reňkde ýazypdyrlar, ýalpyldap dur. Bu at Allaşyň maňzyna batanok. Sowet zamanynda kolhozlara köplenç ýurt hojaýynlarynyň ady dakylardy. Indi welin, batnyksyz atlar tapylýar: "Altyn asyr", "Altyn hasyl", "Altyn mekan"... Bulara-da "Altyn toprak" adyny berdiler. Magtym ýalaňaç bada-bat sugşurdy: "Indi ders döküp, altyn topragy pohlap bolmaz" diýdi. Kolhoz döwründe dakylan ady saklanlarynda bolanokmy? "Täze oba" diýip allanäme at dakypdylar. Adamlaryň dilinde häzirem şol at. Obanyň köneden gelýän ady bar; "Garaýap", ýabyň ady. Garaýapdan oba suw gelýär, häzirem akyp dur. Näme üçin garaýap diýlenini bilýän Ýokdy, gara diýer ýaly ýabyň reňki Ýog-a. Golaýda Magtym ýalaňaç bildim diýdi. Gadymy türki dilinde "gara" diýen sözüň "uly" diýen manysy bar ekeni. Şeýle diýenden soň ýerine düşdi duruberdi. Garaýaba "uly ýap" diýseň gelişmänem duranok". Garadepe--uly depe, Garagum--uly gum, Kara köl---uly köl, Gara deňiz--uly deňiz...
"Garaýap" diýen köne sözi kolhoza dakmandyrlar, kolhoza täze döwrüň alamatyny bermali diýipdirler, "Täze oba" bolsun diýipdirler. "Garaýap" adyny oba şurasyna galdyrypdyrlar.
Kanturyň maňlaýyna gerlen ýaşyl mata kolhoz döwrüni ýatlatdy. Matanyň ýüzüne ak harplar bilen lozunga ýazardylar, matanyň reňki gyzyldy, indi ýaşyl reňk. Garaşsyz döwletiň reňki ýaşyl bolmaly diýdiler, gyzyl reňk baknalygy aňladýar diýdiler. Magtym ýalaňajyň pikiri başga: yslama golaýlaşmak üçin tapylan emel, yslamyňam tugy ýaşyl diýdi.
Ýaňy dogan Gün matanyň ýüzüne gyzgylt reňk çaýdy, ak harplar al ýalyna tutulan ýaly boldy. Latyn harplaryny Allaş oňly okap bilenok, kellesine agram salyp okajagam bolmady. Lozunga diýlen zadyň ýönelige asylmaýandygyny welin, bilýär. Kyrk ýyl ozal kolhozyň şopury Handurdy pakyryň käýinip aýdan sözi henizem hakydasyndan çykanok. Tomusyň jokrama yssysynda ýüz elli kilometr aralygy geçip, tarpdan ekilen pagtaçylyga ýük getiripdi. Indi oturyp, çaý-suw içjek, dem-dynç aljak. Kanturda ýazylyp goýlan lozunganyň getirilmändigi üçin orunbasaryna agzyndan gelenini porsap duran başlyk Handurda: "Eglenmede oba git, Gün batmanka lozunga şu ýerde bolsun!" diýdi. Nätsin, gitjek däl diýse, maşynyny aljaklar, kolhozdan kowjaklar. Ertir irden şol ýere özbegistanyň pagtaçylarynyň wekilleri özara sosialistik ýaryşyň şertlerini barlamaga gelmeli ekeni. "özbek doganlarymyza ýalkymly salam!" diýip ýazlan lozungany gowaça meýdanynyň içinde dikip goýmak, birinji orundaky wezipe!.. Bialaç maşyna münen Handurdynyň: "Lozunga bilen gurlan höküwmet bir gün lozunga bilenem ýykylar welin, biz görmeris-dä!" diýip, käýinip aýdan sözi Allaşyň gulagyna ýetipdi. Handurdynyň diýen hökümeti ýykyldy, ýykylsa-da lozunga gitmedi, diňe matasynyň reňki üýtgedi.
--- Inim, bi lozunga täze asylan ýaly-la? Uly hojaýyn geljeg-ä däldir-dä? Näme ýazylypdyr?
-- Uly hojaýynyň sözüni ýazdyk.
-- Oka, eşideýin-dä.
Şopur barmagyny çommalydyp, her söze many berip, heçjikläp okady:
-- "Garaşsyz ýurdy döwletli adamlar edara edip biler"!
-- Bolmanda-da garamaýagyň ýurdy dolandyrmaýany belli.
-- Häýt-jenä!.. Seň sözüňem mata ýazyp asaýmaly, Allaş aga.--Şopur gysmyljyrap has golaý bardy, pyşyrdap gepledi.--Çynymy aýdaýynmy, Allaş aga... çynymy aýtsam, o söz Uly hojaýynyň aýdan sözi däl, Ataly başlygyň sözi. Nätjek, akylly sözi diňe Uly hojaýynyň ady bilen aýtmaly-da.
-- Bi diýeniňem bir hasap.
Allaşyň gidermendigini gören şopur alada galdy, onuň goltugyna girerli göründi.
-- Allaş aga, senem köp ýyl kolhozda traktor sürüpsiň, dogry gerek?
-- Dogry.
-- Meň atama belet bolmaly sen. Men öwez kirliň agtygy.
-- Belet.
-- Şäherde ýaşaýadym, Ataly başlyk gadyr edip oba çagyrdy, gelniňem getir diýdi, geldik, atamyň melleginden jaý salýas, täze mellegem berdi, äý, atamyň mellegi boş durmasyn diýdik-dä. Şäherde-de köşk ýaly jaýymyz bar. Täze jaýy gutararys welin, aňyrsy iki-üç aýdan gutarýas, ýaşulylary ýygnap uly sadaka berjekdirin, beýemçiligiňi görkezgin, Allaş aga. Sakgally-u-sakgalsyz, elliden geçeni ýygnajak. Atam pakyry ýatlaň. Jepbar häkim diýib-ä eşidensiň?
-- Belet.
-- Awariýa düşüp öldi diýendirler, ynanmagyn, Allaş aga, ganym duşmanlary öldürdi, gowy adamyň duşmany köp bolýa-da. Jepbaryň inisiniň gyzy meň gelnim, Ataly aga ýanyna işe aldy. Häkimlikde görüpdir. Ady Gülşirin, görensiň-le?
-- Göremok.
-- Bäh, nätdiň-aý muny, ýaşuly! Gülşirine kompýuteriň piri diýýäler.
-- öwlüýäň pirem bolsa, göremok men şony.
-- Görersiň. Tutuş bir ýyl Türkiýede bolup, kompýuter öwrendi. Kompýuterde ýazybam otyr, kompýuteri sökübem otyr, düzübem otyr, başga ussa gerek däl. Şäherde taý tapylmady, Ýogsa, Ataly başlyk çagyrjakmy diýä, işgär tanaýan adam-a. Meň adym Mergen, mundan bu ýana ikijigimiz dost bolaly, Allaş aga.
-- Mergenem bolsaň, inim, häzir-ä okuň nyşana degmedi.
-- Hä-ä?..
-- "Aýalyny öwen akmak diýen" söz bardyr.
Mergen ýüzüni asmana tutup, gyjyklanýan ýaly hikirdedi.
-- Nakyl aýdýan türkmen gutardy, Allaş aga. Ile goşuljak bolsaň, senem nakyl aýdyp akylly görkezjek bolma özüňi... Ýene bir sorajak zadym bar.
Allaş pikir etdi: bi meni güýmejek bolýan ýaly-la... Kanturyň gapysyna tarap bat aldy. Mergen öňüni baglady.
-- Allaş aga, näme üçin atama öwez kirli diýipdirler?
-- Kirli bolsaň, kirli diýerler-dä.
-- Traktor sürersiň-de tämiz bolarmyň eýse?
-- Menem traktyry ataňça sürdüm, maňa Allaş kirli diýmediler.
-- Men-ä atama myjabat edilendir diýjek.
-- Näme diýseň ol öz işiň, inim, ýöne babalyň nowasyndan öň ataň pakyryň tenine suw degmändir-ä diýdiler.
-- Babaly diýeniň kim ol?
-- "Babaly ýüzüňi görsün" diýen gargyş bardyr, ölini ýuwýan adama "babaly" diýýändirler. Sen meni egleme, men başlygy görmeli.
Mergen onuň Ýoluny baglady.
-- Meň ýanymdajyk dur, başlyk hä diýmän çykýar.
-- Seň ýanyňda durmaga gelmedim, başlygy kabinetinde görjek.
-- Kabinetine barmak bolanok, häzir bolanok, döküwmente gol çekýä, häkimlige gitmeli, menem garaşyp durun-a, senem duruber. Adam ogluny ýanyma goýberme diýdi, ikimiz dosam bolsak, goýberip biljek däl, Allaş aga.
Allaş pikir etdi: Aýjemalyň diýeni boljak öýdýän.
-- Saklama meni, aýryl Ýolumdan!
Agyr göwräni güýç bilen saklamajagyň belli. Mergen onuň söbüginden galanok, jibrinýär.
-- Gol goýýarka başlygyň ünsüni bölmek gadagan, how, Allaş aga!.. Sen "gadagan" diýlen söze düşünýämiň?.. Zalyň ugurynda-da durmak bolanok! Aslynda sen bi ýere gelmeli däl-ä! Günortan gel, agşam gel, beýdip daňdan başlygyň ýanyna gelýän Ýog-a! Arza getiren bolsaň, maňa ber, gol çekdirip, özüm elinje öýüňe eltip gaýdaýyn, etmesem ýüzüme tüýküräý.
-- Arzam bireýýäm berlen.
-- Bereniň çyn bolsa, Gülşirine tapdyraryn, başlygyň stoluna goý diýerin, diýmedik--heleý!
Musallat bolup inen adamy söz bilenem saklap boljak däl, Mergen ahyry jaýa girilýän gapa arkasyny berip durdy. Allaş azgyryldy:
-- Saklama meni!
-- Sen adam ýaly aýdylana düşüneňok, musulman bendesiniň sözüne düşüneňok. Beýemçi boldum diýip, sen başlygyň düzgünini bozjak bolma!
Allaş pikir etdi: beh, muň-a gara çyny!.. Bäbeneginiň öňünde damja-damja der bilen torlanan ýylçyr maňlaýy, göreji ýitelen gözleri, gany gaçan duluklary, saňňyldaýan eňegi gördi, ýyly dem ýüzüne çabyrady. Hezillik başlandy, onuň änigine-şänigine ýetmek Allaşyň höwesini artdyrdy diýseň bärden gaýdýar. Ol gelşiksiz herekete ýüz urdy, güýç bilen Mergeni gyra iterdi, kürsäp zala girdi. Uzyn zalyň boşlugy badyny almady. Başlygyň kabineti düýpde, säginme, gözüm Ýok et-de gidiber. Mergen orus gürjüsi ýaly jöw-jöwläp söbüginden galanok, ýalbarýar:
-- Jan agam, ýaşuly jan, meni käýinje goýarsyň, beýtme-dä! Garaşaý, giribilmersiň, gapy gulply, başlyk döküwmente gol çekende gapyny içinden gulplaýar, açmaz...
Allaş düýpdäki gapa ýetdi, bat bilen çekdi, gapy maňlaýyna degdi, gulplanman ekeni.
-- Kezzap!..
Mergen bir zat diýjek boldy, dili tutuldy öýdýän, gepläp bilenok. Allaşdan öň otaga boýnuny uzatdy, soňra gapynyň iç ýüzündäki açar sokulýan deşige seretdi, açaryň Ýokdugyny görse-de, görýänine ynanmaýan ýaly deşigi sypady.
-- Açar Ýok-laý--diýdi. Allaş adamsyz otaga girdi, Mergen ýaýdanyp dur.--Allaş aga, başlyk gol çekip bolupdyr, häzir çykar, daşarda garaşaýaly.
-- Şu ýerde garaşjak.
Bu otag Aýjemalyň ýigrenýän heleýiniň oturýan otagy bolmaly, ady Gülşirin ekeni. Duhyň ýakymly ysy Allaşyň solýarkadan gaýry ysa öwrenişmedik burnuna degdi, bägül ysgan ýaly bolaýdy. Düýpde, iki penjiräniň aralygyndaky stoluň üstünde kompýuter diýilýän apparat dur. Kompýuteriň piri niredekä? Içerdäki belent gapy ýapyk, aňyrsynda Ataly oturandyr. Ümsümlik. Mergen daşky gapyny ýapypdyr, özi girmändir. Aýjemalyň mahabatlandyran hezilligi Mergeniň turzan galmagaly bilen tamam bolaýdymyka?..

* * *

Atalynyň kabinetinden gep-gürrüňe meňzemeýän sesler eşidildi. Allaş içki gapa golaýlaşdy. Iki adam ýaka tutuşýar diýäýmeli. Ikisi-de güýç görýäne meňzeýär. Biri sojaýar, erkek bolmaly, sesi Ýogyn. Atalymyka? Beh, sojap döküwmente gol çekilýärmikä?.. Allaşyň gülküsi tutdy, tomaşa islegi artdy. Beýleki ses inçe, heleý sesi... Wah, Mergen gapdalynda Ýok, bileje diňläli diýerdi. Heleý sesi agyr ýüküň agramyna çydamaýan şekille iňläp başlady, iňňildide agyryň derdi duýlanok, lezzetiň tagamy bar, süýji keýp bedeni lerzana getirdi diýseň dogry boljak. Soňra iki ses garyşdy, biri beýlekisinden kem oturanok. Birdenem heleý sesi belende göterildi, aýagyndan basylan adamyň çirkin sesine öwrüldi, soňy depesinden sowuk suw guýlan adamyň öwfüldisi bilen gutardy. Dymyşlyk aralaşdy. Ataly gol çekip bolaýdy çaky, ruçkasynda syýa galan däldir, boşatdy diýmeli. Allaş tomaşany göz öňüne getirip durşuna öz bedeniniňem gowşandygyny indi duýdy. Çykyp gidiberse-de boljak, gitmedi. Heleýiň ýüzüni görsem diýdi. Başlyga garaşýan kişi bol-da otyr, daş bosaga golaý oturgyçlaryň çetkisine çökdi, özüne sargady: samsyksyran bol.
Içki gapy açyldy, lowurlap gelin çykdy, içeri ýagtyldy diýse-de boljak. Gülşirin diýlen şu bolmaly, Gülşirin diýseň Gülşirin-dä! Hä-äý, bagty çüwen Ataly! Sen Allaşy gatlaklydan hantama ite dönderdiň-le, emenip, balagyna damdyryp otyr-a!
Indi Gülşirine heleý diýesi gelenok, gelin diýesi gelýär, Gülşirin, Balşirin diýesi gelýär. Gelin bosagadan ätlän dessine sag egnine öwrüldi, içerde adam bardyr, bolmalydyr öýdenok. Diwardan asylgy aýnanyň öňünde daýandy. öňi bilen kellesindäki owadan sary öýmäni düzetdi, maňlaýyna düşen saçlary rejeledi, ýüzüni, gaşlaryny sypady. Gülgüne reňk ýuka köýneginiň ýakasyny Ýokary çekdi. Dür gaşly tegelek altyn bagjygyny gaýtadan ildirdi. Iki egnini taýly gezek aýna tutdy, köýneginiň epin tutan ýerini ýazyşdyrdy, aýasyny söýget edip, ýumry göwüslerini galdyrdy, agramlap görýär diýäýmeli. Inçe biliniň iki tarapyna penjesini urup, biraz gaýra çekildi, aýnadaky şekilini birine mazamlaýan dek bilini hasam gysdy. Wah, inçe bilden aşagyny diý sen!.. Gysby köýnek tegelenip duran syrty görene göz etmek üçin tikilen ýaly. Oňa Gülşirniň özem guwanýar, iki aýasy bilen hyrydar sypady. Ýaňy ol syrty Atalynyň elleri sypandyr. Binesip Allaş özüni Atalynyň ornunda goýup görýär, asmandaky owadan Aýa el ýetirip bolanog-a diýip zarlaýar, göriplik edenok, döwrany süren bir sürsün-dä!.. Mundan soň Aýjemal görgüliniň bedenini göz öňüne getirmek kyn. Allaşam bu perizatdan gözüni aýryp bilmän otyr. Gabanjaňlyk adam häsiýetiniň ýaramaz tarapy, Aýjemal gabanjyny gizläp bilenok, häsiýetinden derde galyp ýör diýseň öte geçdigiň bolmaz.
Gülşirin aýnadan öwrülende Allaşy gördi.
-- Hi-i-iý!..--Döşünden itilen ýaly ýeňsä serpildi.--Sen kim?!
-- Menmi... adam... başlygy görmäge gelen adam.
Allaş gözçykgynç haýal-ýagallyk bilen aýak üstüne galdy. Onuň bolşundan Gülşirin many aldy: ol tekepbirlik edýär, ogryny etmişiniň üstünde tutandyryn öýdýär. Jabjyndy:
-- Bärik kim goýberdi seni?!
-- Nä, biri goýbermelimidi?--Allaş Ýoknasyz güldi.--özüm girdim... Ýalan sözlejek däl, öwez kirliň agtygy goýbermejek boldy, boýnuma alýan.
-- Kim saňa şo gapyny açyp berdi, şony aýt!
-- Hiç kim. Çekdim, gapy açyk ekeni.
Gülşirin haýdap stoluň tahylyny açdy, ýüpe daňylan açary çykardy, gahar bilen stoluň üstüne zyňyp goýberdi. Allaş many aldy: daşky gapyny baglamagy unudypdyr.
-- Saňa girme diýlipdir-ä.
-- Diýildi, öwez kirliň agtygy diýdi.
-- Näme üçin aýdylany etmediň? Daň bilen gelip, bu taýda görüň gazyldymy?
-- Görüm gazylan bolsa, şu taýda gömäýjekmidiň?--Allaş güldi, Gülşirin ünsüne almady.
-- Başyňa bela indimi, öýüňi taladylarmy? Şu obadanmy sen?
Allaş jibrinen boldy:
-- Weý, sen meni tanaňokmy?!
-- Tanamok!
-- Äriňden sora, aýdar.
-- Ärimden näme sorajagymy özüm gowy bilýän.
-- "Allaş aga, ikimiz dost bolaly" diýdi, alçak, göwni açyk äriň bar, senem dilinden düşürenok, tarypyňy ýetirýär, eline dutar beräýmeli. Bagtyň gelipdir diýdim, he-he-he...
-- Kilçerme, saňa-da ýaşuly diýjeksiň.
-- Üstesine-de men ýaşulylaň beýemçisi.
-- Şeý diýýä!
-- Edil häzir-ä ýaşuly bolandygyma içim ýanyp dur.
-- Suwjuk sözüňi diňläsim gelenok.--Gülşirin diwardaky tegelek sagada seretdi.--Edem bolmandyr, ýene iki sagatdan iş başlanýa.
-- Oba ýerinde beýle düzgün Ýok.
-- Dünýä ýüzi bir düzgüne geçýä. öň obada kompýuter diýen zat barmydy?--Gülşirin kompýuteriň gapdalyna kakdy.--Obaň ähli hasaby bir kompýutere sygýar, on hasapçyň bir aýda edýänini men bir sagatda edýän.
-- Sen näme edýän diýseň men ynanaýmaly boldum, keýigim.
Gülşirin ýene jabjyndy:
-- Şu ýere haçan girdiň, näçe wagt garaşyp oturdyň?
-- Garaşamok, men bi gapydan girdim, senem Gün kimin lowurdap o gapydan çykdyň.
-- Çynyňmy, ýalan sözläňokmy?
-- Biziň garaşsyz ýurdumyzda ýalan sözüň Ýol almaýandygyny sen dilmel-ä, keýigim.
-- Gorkaýmaly adam sen.
Gülşirin höwessiz ýylgyrdy. Ol Allaşa ynandy, ynanandygyny garaýyşy aýdyp dur. Gözlerindäki gahar kem-kemden öçdi, mylakatlyk aralaşdy. Ol gaharlyka-da owadandy, ýöne mylaýymlygyň beren owadanlygy Gülşirini Allaşa ýakynlaşdyraýdy, ony eleterdäki bägüle öwürdi, bägüli ysgap bolýar. Ýene duhyň ysyny duýdy.
-- Haçan siz täzeçe ýaşamagy oňarjak--Gülşirin indi käýinenok, eý görýän adamyna igenýän äheňe geçdi.--Kolhozyň düzgünine ýapyşyp ýatmaň-a! Kolhoz diýlen zat Ýok indi, ýaşuly jan! Kolhozyň Ýokdugyny, hol-ha, köçeden barýan gyz-geline seredip biläýmel-ä! Bezenmän köçä çykýany barmy şolaň? Kolhozçy pakyrlar ajy derden ýaňa aňkar durardylar, bulardan duhyň, bägülüň ysy gelýändir.
-- Häzirem şo ysy alyp, peýan bolup otyryn.
-- Şeý diýsene...--Gülşirin süýji güldi.--Sen ýaşkaň garagol bolansyň, gözüň aýdyp dur.
-- Men häzirem garagol, arman başarýan zadym Ýok.
-- Ýeňňemden iräýdiňmi?--Gülşirin ýene güldi.--Ýaşrak heleý tapyp beriň diýip, arza getiren-ä dälsiň-dä? Kolhoz döwri öýlenjegem bolsaň, başlykdan rugsat soramaly eken-ä.
-- Sen ýaly eýjejik zenan tapyp berjek diýseler, on arza getirjek.
-- "Durna gökde, duzak ýerde".
-- Sen äriňden akylly çykdyň, nakyl aýdyp bilýäň... Häzir-ä heleý diläp gelmedim, mellek diýip geldim.
-- Ýo-eý!--Gülşirin siňekden goranýan ýaly iki elini galgatdy.--Mellek diýmäň, mellek berlenok, mellek Ýok.
-- Berilmejegini başlygyň dilinden eşideýin-dä.
-- Başlyk dynç alýa, uzak gije işledi, öýüne-de gitmedi. Irden häkimlige barmaly, ýygnak bar. Başlygyň diýjegini menden eşidäý. Bu golaýda mellek beriljek däl, arza-da almaly däl diýdiler.
-- Arzam telim ýyl bäri ýatyr.
-- Ýatan arzalaň baryny kompýutere salyp goýdum, ýiter öýtme. Kärende ýerleri mellege paýlamak gadagan edildi, häkimden buýruk bar. Köp paýlan ekeniň diýip, başlygy tas işden aýran ekeniler, habaryňyz bardyr-a?.. Nä, beýle çiňerlip seredýäň, tanajak bolýaňmy?
-- özüň ýaly owadan gelin görsem gözümi aýryp bilemok, "ýagşyny görmegem jennet".
Şol pursat daşky gapy açyldy, Mergen boýnuny uzatdy. Gülşirin azgyryldy:
-- Ýap gapyny!..
Allaş jaýdan çykanda, daş bosagada Aýjemal dur, bir elinde bedre, bir elinde sübse. Allaşy görenden jak-jak güldi.
-- Allaş aga, hezillikdir görseň!..
-- Jähennemde tomaşa gyt däl. Saňa bir söz diýjek, ýöne göwnüňe alma. Bi häsiýetiň bilen eliňden sübse düşmez.
Aýjemal aňalyp galdy. Mergen henizem ak maşyny süpürip dur, Allaş deňine ýetende gep atdy:
-- Irden kantura bar diýip, saňa şo heleý aýtdymy?
Allaş söz diýmedi, hahahaýlap güldi.

Dowamy bar >>
Категория: Romanlar | Просмотров: 390 | Добавил: Haweran | Теги: Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 4.5/4
Awtoryň başga makalalary

Romanlar bölümiň başga makalalary

Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024
Hakyň didary / roman - 28.02.2024
Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024
Gala -2: Hakyda - 10.02.2024
Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024
Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024
Hakyň didary -5/ romanyň dowamy - 02.03.2024
Gala -6: Ýeriň aşagynda gäwüşeýän ýylanlar - 16.02.2024
Janserek -2: romanyñ dowamy - 13.03.2024
Gala / roman - 08.02.2024

Teswirleriň ählisi: 4
0
1 sylapberdimuhamov  
1428
Daşary ýurtlarda hem gowy tanalýan romançymyz Tirkiş aganyň galam ýöredişi janyňa ýakaýýar. Kän wagtdan bäri gowy, çynlakaý zat okamyzokdyk. Bu romany setir-setir okamaly. Agzalardan belliklerini gaýgyrman ýazmaklygy haýyş edýärin.
Dogrusy beýle eserler, aý ýöne bir başyny okap geçiberilýän eser däl.

0
2 Yusup  
50
Gowy roman öňüräk okapdym. Tirkiş aga proza berilen. Ýene 2-3 sany gowy eserleri bolmaly şolary ele salyp bilemok. Soranyň ýok diýýär ýa- da baram bolsa berenok.

0
3 Ependi  
284
Hahahahaaaah, Aýjemal başlygyň ýany-na haçan barmalysyny bilgeşlin aýdan bolaýmasa, ýada dogrudyr. Eger şonda tutup bilse, mellek alyp biljek ekeni. Başlyk daň bilen gaty gowy "gol" çekýän ekeni. T-ää, syýasy gutarýança... Dogrusy, gaty çeper, gyýzykly ýazylypdyr. Tirkiş aga ýazanda keşde edýär.

0
4 Sergezzan  
707
Alber Kamýunyñ stilinde ýazýan eken. Ussat, söz ýok.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]