18:29

Tehnologiýanyñ iñ soñky gazananlaryndan

TEHNOLOGIÝANYÑ IÑ SOÑKY GAZANANLARYNDAN

■ Baýguş görnüşindäki sürüjisiz uçýan enjam

Hatda ilkinji uçarlar hem guşlaryň nähili uçýanlygyny öwrenmegiň netijesinde döräpdi. Ynha, Russiýadaky baýguşyň görnüşinde ýasalan sürüjisiz aňtaw dronlary hakykyta ýakyn boldy.
Hemmeleri haýran galdyryjy ullakan polýar baýguşynyň görnüşinde ýasalan bu enjam «Goşun-2019» forumynda görkezildi. Bu dron barlag hereketleri üçin ýasalyp, onuň agramy 5 kg barabar we awtanom ýagdaýy 40 minutdyr.
Bu enjamyň ýerine ýetirmeli wezipesi nyşany görkezmek, ony ýagtylandyrmak we gizlin barlag, şeýle-de orientologiýada hem ulanyp bolar diýip, Russiýanyň Ýaragly Güýçleriniň wekilleri gürrüň berýär.
Dron-baýguş uzaklygy ölçeýän lazer bilen enjamlaşdyrylyp, onuň nyşananyň ýerleşýän ýerini kesgitlemäge we aýdyňlaşdyrmaga mümkinçiligi bardyr. Bu baradaky maglumaty bolsa, eýýäm ýerine ýetiriji işçiler (operatorlar) görüp aýan etdiler.
Muny ýasan adamlar bu ýetilen dereje bilen çäklenmeýändiklerini we baýguşyň golaýynda olar bürgüdiň dronyny hem gizläp biljekdiklerini gürrüň berdiler.

■ Ilkinji sürüjisiz amfibiýa-kateri synagdan geçirildi

«Wuchang Shipbuilding Industry Group» kompaniýasy Hytaýyň gämi gurluşyk korporasiýasy daşky gurluşy garşydaşa çala bildirýän tehnologiýany ulanyp we deňiz ýörite maksatly toparlaryny garşydaşyň kenaryna düşürmek üçin dünýäde ilkinji bolan sürüjisiz kater-amfibiýasyny synagdan geçirdi. Ady Marine Lizard (deňiz hažžygy) bolan robotlaşdyrylan gämi 12 metr trimarany bolan dizel hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylyp, bu Uhanda gurlupdyr.
Bu önüm barada «Global Times» gazetinde habar berlip, The Verge-niň görkezmegine görä, sürüjisiz görünmesi kyn bolan kater-amfibiýanyň suwda tizligi 50 düwüne (92,6 km) çenli we zynjyrlarynyň kömegi bilen gurak ýerde sagatda 20 km çenli ýetip bilýär. Deňizde sürüjisiz bu gäminiň iň ýokary hereket ediş uzaklygy 1200 km. deňdir. Ýaraglandyryjy enjamy iki pulemýot bilen, şeýle-de gämilere garşy we zenit (dik ýokary) raketalary atyjy ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr.
«Deňiz hažžygy» başga dürli sürüjisiz ulgam toparlarynda, howa dronlary bilen bir hatarda kooperatiwleşip, şeýle hem deňiz we gury ýer harby robotlaşdyrylan ulaglary bilen hem ulanylyp bilner. Kater-amfibiýasynyň dolandyrylyşy älem gämisi tarapyndan hem bolup biler. Mundan başga-da, bu dolulygyna awtonom ýagdaýda işlemäge ukyply bolup, özbaşdak barmaly ýoluny belläp we ýerleşdirilen älem gämisiniň nawigasiýa ulgamy BeiDou-nyň kömegi bilen gury ýerdäki päsgelçilikden hem gaçmaga ukyplydyr.
Hytaýyň harby synaglarynyň netijesine görä, bu gämi artilleriýa we awiýasiýa urgularyndan soň goranýan garşydaşyň garşylyk görkezýän galan bölegini basyp ýatyrmak üçin hüjüm barlaglaryna örän amatly bolup durýar.
Marine Lizard-yň habar bermegine görä, ol kenar bölekleriniň goragyny ýaraglandyrmakda, uzak adalarda sekiz aýa çenli tabşyryga garaşyp, söweş ýagdaýyna çenli gizlin ýerleşip bilýär.

■ Awstraliýada ilkinji suwasty taksiler ulanyşyga goýberildi

Awstraliýanyň Tourism Queensland syýahatçylyk topary Uber kompaniýasy bilen bilelikde iki orunlyk ScUber atly suwasty taksileri döretdiler. Bu barada Uber öz resmi internet sahypasynda habar berdi.
Bu takside Awstraliýanyň demirgazyk-gündogaryndaky uly göwrümdäki suwasty gaýalaryny syýahat etmek mümkin. Şonuň üçin taksini Uber programmasynyň üsti bilen Awstraliýanyň Kwinslend şäherinde sargyt edip bolýar. Dogrusyny aýtsak, ony ýerine ýetirmek üçin dikuçarly Heron adasyna baryp ýetmeli, ol ýerde bolsa suwasty gämisine münüp bolýar. Bularyň ählisiniň bahasy ortaça 3.000 $ bolar.
Heniz bu hyzmat 2019-njy ýylyň maý aýynyň 27-sinden iýun aýynyň 18-ne çenli elýeterli bolar. CNN-niň berýän maglumatlaryna görä, eger ScUber üstünlikli hyzmatyny ýola goýup bilse, kompaniýa hemişe iş üpjünçiligini amala aşyrar we uly göwrümdäki suwasty gaýalara syýahat etmekligi köpçülige hödürlär.

■ An-225 – dünýädäki iň uly samolýot

An-225 uçary 1980-nji ýylda SSSR-de işläp taýýarlanan we gurnalan. Adamzat taryhynda iň agyr uçar hasaplanýan agramy 640 tonna bolup, onda 6 sany turbo hereketlendirijisi bar, mundan başga-da An-225 iň uly ganat gerimi bolan uçardyr.
Dört ýyl gurluşygyndan soňra 1988-nji ýylda ilkinji we ýeke-täk An-225 gurlup gutarylýar. An-225 ilkibadalar diňe raketa göterijileri we älem gämisi «Buran» üçin döredilipdi. Üstünlikli barlaglardan soňra, bu uçaryň ulanylyşygy sekiz ýyl togtadylýar. Ondan soňra uçar bejerilip we täzeden uly bolmadyk ýükleri daşap, senagat eksplotasiýasyna girizilýär. Uçaryň uçuşyny we gonuşyny onuň şassisyndaky 32 tekerli enjam üpjün edýär.
Germetikden bolan ýük bölüminiň göwrümi 1300 m3, ini 6,4 m, 4,4m, beýikligi 150 tonnalyk generatorlary we lokomotiwleri daşap, şondan bäri An-225 flotyň iş aty bolup galýar. Halkara guramalarda kömek işlerini bermek üçin uçary adatdan daşary ýagdaýlarda uly howply ätiýaçlary çalt daşamakda işjeň ulanyp başlapdyrlar.
Agramy 253 tonna bolan iň agyr ýüki, agramy 186.7 tonna bolan agyr täkleýin ýükleri hem-de uzynlygy 42.1 m ýetýän iň uzyn ýüki daşamakda An-225 240 sany dünýä rekordyny goýdy.

■ «Taýpan» harby-modul taslamasy

Dürli görnüşdäki harby tehnikalar üçin niýetlenen we aradaşlykdan dolandyrylýan modullar häzirki wagtda işjeň ösüşe eýe bolýan ugurlaryň biridir. Ýaňy-ýakynda ukrain oýlap tapyjylary gyzyklanma bildirýän taraplara täze harby-moduly ilkinji gezek hödürlediler. Indi brontehnikanyň ot açyş kuwwatyny güýçlendirmek maksady bilen «Taýpan» atly ulgamy ulanmaga hödürlenýär.
Häzirki wagtda iň işjeň ýaýran ugur harby tehnikalaryň dürli tapgyrlary üçin aralykdan dolandyrylýan modullardyr. Edil birnäçe gün mundan ozal jemgyýet köpçüligine ukrainlaryň täze ýasan harby moduly görkezildi. Bronitehnikalaryň ot açyş güýjiniň täsirini güýçlendirmek üçin indi «Taýpan» diýlip atlandyrylýan enjamy ulanmak teklip berilýär.
Ukrainanyň görnüp duran ekonomiki we sosial-syýasy meselelerine garamazdan bu ýurduň goranyş senagatynyň täze üpjün ediji we tehniki taslamalarynyň işini dowam edýändikleri bellärliklidir. Muňa mysal edip, bir näçe aý mundan ozal Ukraina tarapyndan harby tehnikalaryň dürli görnüşlerine gurnalmak üçin hödürlenen harby modul «Wiý» mysal getirmek bolar. Täze modul «Taýpan» hem birazajyk köne ýasalan görnüşine meňzeş we oňa käbir çyzgy gurluşy tarapdan hem meňzeşdir.
Bu täze harby modul hakyndaky maglumatlar we taýýarlanýan wagtynda alnan suratlar geçen ýylyň sentýabr aýynyň ortalaryna çap edildi. Täze harby moduluň resmi görnüşiniň «Premýer görkezilşigi» sergisi biraz soňurak – Azerbaýjanyň degişli aýyndaky sergilendiren ADEX-2016-dan soň bolup geçdi. Serginiň pawilonlarynyň birine-de täze modul bilen enjamlaşdyrylan ukrain guramalarynyň «Bars» atly bronawtomobili gatnaşdy. Ondan başga-da açyk sergi meýdanynda Azerbaýjanyň we Kanadanyň gatnaşyklarynyň netijesinde bolan bronawtomobili AZCAN görkezildi. Bu ulagyň üstünde, ýagny depesinde hem «Taýpan» atly modul gurnalan ekeni.
Umumy arhitekturasy boýunça «Taýpan» öz tapgyrynyň adaty wekili bolup durýar. Deňeşdireniňde uly, çylşyrymly gurluşy ulanylýan bu modulyň içine ähli aýratyn agregatlary ýerleşýär. Bu modul optiki-elektron enjamy, ýaraglandyryjy serişdeler we ş.m bolan artileriýa (top) bölegi bilen enjamlaşdyrylan. Resmi habarlarda bu modulyň ýasalyşy barada aýdylanda, esasy ünsi ýeterlik derejede söweşjeň tärlerini ýokarlandyryp biljek täze ot bilen dolandyrylýan enjama gönükdirilýär.
«Taýpan» atly modula adaty bolmadyk köpburçly daşky gurluş berlen. Haýran galdyryjy beýle görnüş, goşmaça goragyň derejesini ýokarlandyrmakda gözlenilýän usulyň hem netijesi boldy.
«Taýpan» modulynyň mahsus görnüşi alyn tarapynyň, bortlarynyň (gorm) we iki tarapynda bolan sahyplarynyň bölüşmegi bolup durýar. Aşaky bölegi esli döwülme bilen daşyna oturdylýar, içki bölekleri bolsa içine eplenen görnüşde gurnalandyr. Ini uly bolmadyk gorm bölegi bu enjamyň çylşyrymly görnüşini eýeleýär we munuň ortasynda bolsa ýaraglary çykarmak üçin penjire ýerleşýär. Gapdaldan alyn böleklerine çekgeleri sepleşýär, şeýle hem funksiýalary ýerine ýetirýän bortuň öňündäki bölegi sepleşýändir. Göwresiniň yz tarapy hem meňzeş keşpde döredilip, enjamyň üsti kiçijek göwrümi bolan köpburçly kese üçek bilen ýaşyrlandyr.
Harby modulyň gabaralary entek anyklanmady. Şol bir wagtyň özünde bolsa azyndan bolup biläýjek gurluşyň (sistemanyň) agramy bellenildi. «Taýpan» modulynyň agramy 350 kg barabardyr.
Muny taýýarlanlaryň tassyklamaklaryna görä, belli bir aralykdan dolandyrylýan harby moduly «Taýpan» diňe ukrain senagaty tarapyndan döredildi. «Taýpan» modulynyň gurluşy daşary ýurt alyjylara hem hödürlenip bilner. Şol sanda bu taýýarlama ony döreden adamlaryň pikirine görä, halkara bazarynda uly üstünliklere, hat-da harby enjamlaryň arasynda halkara bazarynda bäsdeşlik hem döredip biler diýip belleýärler. Häzirden bu modula bolan isleg uly bolup, birnäçe ýerlerden sargyt edýärler.

■ 5G ulgamly 3-nji Ýewropa ýurdy

Tehnologiýanyň 5G ulgamly aragatnaşyk hyzmatlary kem-kemden tutuş dünýäde ýaýbaňlanyp ugrady. Aziýanyň tehnologiýa babatda öňdebaryjy ýurdy bolan Koreýadan, Ýaponiýadan we Hytaýdan soňra, Ýewropa ýurtlarynda hem bu ugurda öňegidişlikler gazanylýar. Ýewropada Italiýa 5G ulgamly 3-nji ýurt boldy. «Vodafone» kompaniýasy birbada Italiýanyň 5 uly şäherinde 5G tehnologiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin şert döretdi. 5G ulgamy Milan, Rim, Turin, Bolonýa we Neapol şäherlerini gurşap aldy. 2021-nji ýyla çenli Italiýanyň 100 şäherinde bu ulgam ýaýbaňlandyrylar.
Mälim bolşy ýaly, Ýewropada 5G ulgamly mobil aragatnaşyk hyzmaty ilkinji bolup Şweýsariýada ýola goýuldy. Soňra bu tehnologiýa Beýik Britaniýada işe girizildi. Aragatnaşygyň täze nesliniň maglumat geçirijiliginiň tizligi 4G ulgamyndan 40-50 esse has ýokary bolar.
5G ulgamly ilkinji synaglar aprel aýynda Koreýada geçirildi. Şonda internet tizligi 193-den 430 Mbit/s-e çenli ýetdi.

■ 6G tory kämilleşdiriler

«Samsung Electronics» kompaniýasynyň wekilleri telekommunikasiýa torunyň 6-njy neslini kämilleşdirmäge girişendiklerini mälim etdiler. Koreý kompaniýasy 5G telefonlarynyň satuwyny ýola goýan ilkinji şereket bolmagy bilen tapawutlanýar. Entek 5G ýaýramadyk hem bolsa, koreý şereketi mundan soňky nesliň aladasyny edip başlady. Koreý kompaniýasy Ösen aragatnaşyk barlaglary merkezi atly edarany döredendiklerini we munuň 6-njy nesli kämilleşdirjekdigini mälim etdi. Täze ulgamda mobil maglumat iberilişi has çaltlaşdyrylar. “Samsung”-yň wekili häzirki wagtda telekommunikasiýa tehnologiýasynyň ülňülerinde iş alyp barýan toparyň 6G-ni kämilleşdirjekdigini mälim etdi.

■ Uçýan awtoulag tanyşdyryldy

«Geljegiň gatnawy» diýlip atlandyrylýan uçýan awtoulaglaryň hataryna ýene biri goşuldy. ABŞ-da tanyşdyrylan «Skai» atly ulag wodorod ýangyjy bilen işleýär. Bu babatda ilkinji hasap edilýän 6 motorly awtomobil 5 ýolagça niýetlenen. Ulag bir gezekki zarýady bilen 500 kilometr geçýär. Bu görkezijiniň häzirki wagtda hereket edýän elektrokarlaryň köpüsinden ýokarydygyny bellemek gerek. Wodorod ýangyjy bolsa daşky gurşaw üçin zyýansyz bolmagy bilen tapawutlanýar. Ulagyň perleriniň çykarýan sesini azaltmak üçin ol ýörite dizaýn edilipdir. Howpsuzlyk babatda hem ygtybarly hasap edilýän ulagyň iki motory işini doly bes edeninden soňra hem hereketini bökdençsiz dowam etdirip bilýär. Iň erbet ähtimallyklar hem gözden salynmandyr. Ulagda awtopilot işlemedik ýagdaýynda howpsuz gonmak üçin paraşýut hem bar. Şereket ýakynda synag uçuşlaryny geçirip başlajakdygyny mälim etdi.

■ Öz energiýasyny öndürer

Ylmy barlag geçirijiler howadan suw we uglerod ýygnap, öz energiýasyny öndürýän serginlediji işläp düzmegiň aladasyny edýärler. Mälim bolşy ýaly, serginledijiler köp energiýa talap edýär. Energiýanyň sarp edilmegi bolsa, global maýylganlyga sebäp bolýar. Şol sebäpli global maýylganlyk bilen göreşmegiň çäklerinde serginledijiler üçin hem aýratyn taslamalar durmuşa geçirilýär. Golaýda Germaniýanyň Karlsrue Tehnologiýa institutynyň hünärmenleriniň taýýarlan ylmy işi «Nature Communications» žurnalynda çap edildi. Hünärmenler howadan kömürturşy gazyny we suwy ýygnap biljek serginlediji ulgamlary işläp taýýarlaýar. Şuňa meňzeş uglerod ýygnaýan ulgamlar häzirki wagtda «Climeworks» we beýleki şereketler tarapyndan hem işlenip düzülýär. Ýygnalan suw we kömürturşy gazy uglewodorod ýangyjyna öwrüler. Şeýlelikde, iş ofislerinde we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda köp mukdarda ýangyç toplanar. Hünärmenler mysal hökmünde Frankfurtdaky «Fair Tower» işewürlik binasyna serginlediji ulgamyň täze görnüşini ornaşdyrmak bilen her sagatda müňlerçe tonna uglerod toplanyp bilinjekdigini belleýär. Bilermenler täze ulgamyň howanyň hapalanmagynyň öňüni almakda uly peýdasynyň boljakdygyna ünsi çekip, munuň durmuşa geçirilmegi üçin tehnologiýanyň has hem kämilleşdirilmelidigini aýdýarlar.

■ Arassa ýangyçly ulaglar

Uly şäherlerde howanyň hapalanmagynyň öňüni almakda dürli taslamalar durmuşa geçirilýär. Gollandiýanyň paýtagty Amsterdamda 2030-njy ýyldan başlap benzin we dizel ýangyjy bilen işleýän ulaglar çäklendiriler. Şäheriň mejlisi bu kararyň howanyň arassalygyny üpjün etmek maksady bilen we ýaşaýjylaryň saglygy göz öňünde tutulyp alnandygyny belleýär.
Ýurtda sagdyn-durmuş ýörelgelere eýerýänler köp. Munuň üçin ähli şertler hem döredilen. Ýurduň ýaşaýjylary gündelik durmuşda welosipedden has köp peýdalanýarlar. Muňa garamazdan, kä halatlarda ýurduň iri şäherlerinde, esasan hem, Amsterdamda, Rotterdamda ýol hereketinde ulaglaryň köp wagty howada emele gelýän hapa gazlar Ýewropa ülňüleriniň çäginden geçýär. Ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginiň hünärmenleri maşynlaryň tüsse çykarlaryndan çykýan gazlar belli bir derejeden ýokary bolsa, adamyň dem alyş ýollaryna zeper ýetirmeginiň mümkindigini aýdýarlar. Şu sebäpler şäher mejlisiniň täze karar kabul etmegine getiripdir. 2030-njy ýyldan başlap, şäheriň çäginde diňe elektrik ýa-da wodorod ýangyçly ulaglaryň sürülmegine rugsat ediler. Şeýle hem indiki ýyldan başlap, şäherde 2005-nji ýyldan ozal öndürilen dizel hereketlendirijili ulaglaryň şäheriň kä ýerlerinde sürülmegi gadagan ediler. Şeýle hem jemgyýetçilik ulaglarynyň has arassa ýangyçly görnüşlerinden peýdalanylar. 2022-nji ýyldan başlap, dizel ýangyçly awtobuslaryň şäheriň belli ýerlerine girmegi çäklendiriler. Arassa ýangyçly ulaglaryň ulanylmagy üçin dürli ýeňillikler döredilýär. Häzirki wagtda Amsterdamda elektrokarlar üçin 3 müň töweregi zarýad beriş bekedi bar. 2025-nji ýyla çenli bu görkezijiniň 23 müňe ýetirilmegi göz öňünde tutulýar.
Dünýäde 2016-njy ýyldan başlap şäherleriň howasynyň arassa bolmagy üçin çynlakaý taslamalar durmuşa geçirilip ugraldy. Ýerli häkimiýetler, esasan hem, syýahatçylaryň köp barýan ýerleriniň arassa bolmagy üçin has köp tagalla edýärler. Germaniýanyň Berlin, Italiýanyň Rim, Ispaniýanyň Madrid we Fransiýanyň Pariž şäherlerinde dizel ýangyçly ulaglara çäklendirme girizildi. Iri şäherlerde elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar üçin tölegsiz awtoduralga, söwda merkezleri we beýleki gelim-gidimli ýerlerde elektrokarlar üçin tölegsiz zarýad nokatlary döredilýär.

■ Kolibri guşy ýaly robot

Hünärmenler kolibri guşlary ýaly uçup bilýän robot işläp düzdüler. Robotyň emeli aňy kolibrileriň hereketlerini «öwrenip», hakyky guşlar ýaly uçmaga mümkinçilik berýär. Bu kiçijik «guşjagaz» gözleg-halas ediş maksatly ulanylar. Kubanyň adalarynda ýaşaýan kolibriler sekuntda 15-80 gezek aralygynda ganat kakýar. Olar howada hiç bir tarapa hereket etmezden durup bilýärler. Bu guşjagazlaryň ganat kakyşyny görmek üçin ýokary hilli ýörite kameralar gerek. Olar yzlygyna we dik ýokaryk hem uçup bilýärler. Guşuň bu ukyplary alymlaryň hemişe üns merkezinde bolupdyr. Şol sebäpli inženerler häzire çenli köp zadyň ýasalmagynda bu guşdan ugur alypdyrlar. Uçýan robotyň ýasalmagynda hem kolibriler has ýakyndan öwrenildi. Robotyň esasy bölekleri 3 ölçegli printerler arkaly emele getirilipdir. Beýleki böleklerini ýasamakda ýörite membranadan we uglerod süýüminden peýdalanylypdyr. Onuň agramy bary-ýogy 12 gram.
Mälim bolşy ýaly, dronlaryň howa göterilmegi üçin perleriniň belli bir tizlikde aýlanmagy zerurdyr. Dronyň agramy we perleriniň güýji onuň batareýasynyň zarýadyny näçeräk saklajakdygyna täsir edýär. Şol sebäpli dronlaryň belli bir uçuş wagty bolýar. Emma bu robotda has başgaça tehnologiýadan peýdalanylypdyr. Inženerler kolibri guşlarynyň hereketlerini olaryň ýaşaýan tebigy şertlerinde öwrenip, kompýuter algoritmlerine geçiripdirler. Köp wagtlyk zähmetiň netijesinde ýüze çykan bu algoritm robota hakyky kolibri ýaly uçmagy öwredýär.
Bu üýtgeşik enjamy ABŞ-nyň West Lafaýett uniwersitetiniň hünärmenleri işläp taýýarlapdyrlar. Ony döreden toparyň ýolbaşçysy Sinýan Deng robotyň gezen ýeriniň kartasyny çykaryp bilýändigini, şol sebäpli has az sensora zerurlyk duýlandygyny belleýär. Roboty garaňkyda hem ulanyp bolýar.

■ Elektrik energiýaly täze welosiped

Elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglary öndürýän EAV şereketi ýükleri salgysyna eltmäge niýetlenen täze üýtgeşik welosipedini tanyşdyrdy. «Project 1» atly elektrik energiýasy bilen işleýän welosipediň önümçiligi ýola goýulmadyk hem bolsa, «DPDgroup UK» atly şereket ulagyň täze görnüşini sargyt etdi. «New Territory» firmasy bilen bilelikde taýýarlanan welosipediň dizaýny üýtgeşik bolup, ol motosikl bilen daşalýan ýüküň daşalmagyna niýetlenipdir. Dört tigirli ulag adaty welosiped ýaly dolandyrylýar. Belli bir tizlikde sürmek üçin onuň elektrikli motoryny işletmäge zerurlyk duýulmaýar. Welosipedlere niýetlenen ýollara hem sygýan bu ulaga islendik zarýad beriş nokadyndan zarýad berip bolýar. Ulagyň ýük göterijiligi 150 kg barabar bolup, onuň bagažynda 6 gapyrjaga niýetlenen bölüm bar.

■ Gijeki görüş äýnekleri – «synagda»

ABŞ-nyň goşuny Microsoft kompaniýasy tarapyndan «HoloLens» at bilen çykarylan gijeki görüş äýnekleriniň harbylar üçin çykarylan görnüşleriniň esasy sistema ulgamynyň hakykylyk derejesini synagdan geçirýär. Ol esasy söweşjeň şertlerde, türgenleşiklerde harbylara ýokary mümkinçilikleri döretmek maksady bilen peýdalanylar. Microsoft kompaniýasy 2019-njy ýylyň başynda Pentagonyň we uly halkara tehnologiki merkezleriň birnäçesi bilen 480 millionlyk şertnama gol çekişdi.
Bar bolan maglumatlara görä, ABŞ-nyň harbylary gijeki görüş äýnekleriniň 100 müňe golaýyny satyn alypdyrlar. ArmyTimes saýdynyň habar bermegine görä, olar gijeki görüş äýneginiň ilkinji toplumyny 2019-njy ýylyň martynda kabul edipdiler. Bu gijeki görüş äýnegini geýen harby gullukçy daş-töweregi öňküsi ýaly görýär, ýöne goşmaça degerli maglumatlary görkezilende ulanyja interfeýsiýa ýagtylygy bilen görünýär.
Gijeki görüş äýnegi işledilende ýerleşýän ýeriň kartasyny, bu enjamy beýleki ulanyjy agzalaryň nirede ýerleşýändigini takyk görkezýär.
Goşunda geçirilen ilkinji synagda enjamdaky kartanyň harby gullukçyny ýalňyşdyrmak derejesiniň ýokarylygy sebäpli, ekranyň ýokarky böleginiň zolagyna kompas gözkezijisi ýerleşdirilýär.
Ol dinamiki belgileriň üsti bilen netije çykarmaga ýardam edýär. Meselem: Kim, haýsy tarap, egindeşiňmi ýa duşmanyň. Harby gullukça bellenen nyşanany dogry almak üçin ýaragy dinamiki belgä tarap öwürmegiň özi ýeterlik bolýar.
Bu ulgamyň häzirki görnüşi ýeterlik derejede däl. Ony demir gorag başgaby bilen geýip bolmaýar. Harbylaryň synaglarynyň maksadynyň ilkinjisi – bu enjamy hakykatdan hem kämilleşdirip, göwrümini adaty güne garşy ulanylýan äýnekleriňki ýaly etmekdir.

■ «Uber» bilen bäsleşer

Ýaponiýanyň «Sony» kompaniýasy Tokioda taksi hyzmatyny ýola goýdy. Taksi çagyrylýan «S.Ride» programmasyna 10 müň ulag goşuldy. Kompaniýanyň ýörite töleg ulgamy hem müşderilere ýeňillik döreder. Elektron enjamlaryny öndürýän kompaniýa bu hyzmaty üçin 5 sany taksiçilik şereketi bilen ylalaşyk gazandy. Şäherde taksiçilikde ýiti bäsdeşlik bolup, «Sony»-niň iň ýiti bäsdeşi «Toyota»-nyň goldaw berýän «JapanTaxi» şereketi bolar. «JapanTaxi»-niň 50 müň ulagy bar. Şeýle hem söhbetdeşlik applikasiýasy «Line», dünýä belli «Uber» we Hytaýyň «Didi Chuxing» ýaly şereketleriň hyzmatlary bu ugurdaky bäsdeşligi has hem artdyrýar. Dünýäniň dürli ýurtlarynda öz ulagyň bilen taksiçilik hyzmatyny hödürlemäge mümkinçilik berýän «Uber» entek Tokio bazaryna girmedi. Emma munuň üçin dürli şereketler bilen gepleşikler geçirýär. «Sony”-niň ýolbaşçylary bolsa, bu hyzmaty daşary ýurtlarda ýola goýmajakdyklaryny belleýärler. Dünýäniň elektrokar önümçiliginde iş alyp barýan «Tesla» kompaniýasy 2020-nji ýylda sürüjisiz taksi hyzmatyny ýola goýjakdygyny mälim etdi.

# Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.
Категория: Ylym we tehnologiýa | Просмотров: 518 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Tehnologiýa | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Ylym we tehnologiýa bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]