13:46

Şkaf / hekaýa

ŞKAF

Bärik göçüp gelip, biz Şkaf satyn aldyk. Gara, garry, oň bahasy, ony dükandan öýe çenli getirilen kireýhakyndanam azdy. Iki gapyjygy ösümlik nagşy bilen bezelen, üçünjisi – aýnalanan, aýnasynda-da ony biz ýük kireýçisinde öýümize alyp gelýärkäk, tutuş şäher görünýärdi. Bu gapyjygyny ýolda açylmaz ýaly, ýüp daňmaly boldy. Şonda-da, men daşy bulam-bujar ýüpli Şkafyň gapdalynda durkam, birinji gezek özümiň tagaşyksyzlygymy duýdum.
- Ol biziň öwselämize gabat geler,-diýip R. aýtdy-da, edil täze hojalyk üçin satyn alnan sygry edilişi ýaly, oň agaç tenini mähirli sypady.
Ilki biz Şkafy dälizde goýduk – biziň ýatyşhanamyzyň dünýäsine ornaşmazdan öň karantine salan mysaly. Men çala bildirýän yşlaryna, wagt zerarly çüýremeklige garşy ygtybarly derman bolan tenekary (skipidary) pürkýärdim. Gijesine täze ýerde oturdylan Şkaf jygyldy bilen iňleýärdi. Ölýän gabykçy-tomzajyklaram zarynlaýardy.
Soň biz özümiziň köneje täze öýümizi öwzarladyk. Astky örtügiň jaýrygynda men sapyna swastika oýulan çarşajygy tapdym. Diwaryň agaç örtüginiň aňyrsyndan çüýrän gazetiň galyndysy çykyp durdy, ondanam diňe birje sözi okap bolýar: “proletarlar”. R. penjirelere tutulary dakmak üçin, olary serpip açýardy, şonda-da otaga magdançylaň saz toparlarynyň gohy urdurylyp girýärdi – agşamara olar şäher boýunça ýöriş edýärdiler. Şol ilkinji gije, Şkaf biziň düýşlerimiziň gatnaşyjysy bolanda, biziň ukymyz tutmady. R.-ň eli meň garnymda ukusyz sermenýärdi. Soň bolsa biz şol bir düýşi gördük, şondan bärem biz hemişe umumy düýşleri görýäris. Biziň düýşümize doly ümsümlik girýärdi, onda-da şo düýşüň içinde, edil dükanyň görnüş aýnasyndaky ýaly hemme zadyň doňup galandygyny, şol ümsümlikde-de özümiziň hemme ýerde ýokdugymyz sebäpli özümiziň bagtlydygymyzy görýärdik. Irden bize hatda bu düýşümizi paýlaşmagam gerek bolmady – ähli zat ýarym sözden düşnüklidi. Şondan bärem biz biri-birimize düýş gürrüň bermeýäris.
Günlerde bir gün, bize öýde edere iş galmandygy ýüze çykdy. Hemme zat ýerbe-ýer, tämizlenen, rejeleşdirilen. Men peje ýakyn arkamy gyzdyryp, süpürgileri synlaýardym. Ýöne, olaryň rişde keşdesinde-de hemme zat düzüwdi. Kimdir biri gaňyrçak bilen mataň üznüksizliginde deşik emele getiripdir. Şol deşiklerdenem men Şkafa seretdim welin, şol düýş ýadyma düşdi. Ümsümlik Şkafdan akyp çykýar. Biz birek-biregiň gabat-garşysynda durduk, özem men nähilidir birhili ejizje, galagop, geçip gidýän bir zatdym. Ol bolsa öz-özüniň nyşanydy. Özi näme bolsa şonam kämil şekillendirýärdi. Men barmaklam bilen sürtülen tutawajyna galtaşdym, şonda Şkaf meň öňümde açyldy. Men öz köýneklerimiň kölegesini hem-de R.-ň iki sany mazaly geýlen penjegini gördüm – tümlükde olaryň hemmesi bir reňkdedi. Şkafda meň aýallyk özenim, Romanyň erkeklik özeninden hiç zady bilen tapawutly däldi. Ol ýerde ähmiýeti ýokdy – ýylmanakmy ýa-da büdür-südür, tegelekmi ýa burçlak, alysmy ýa ýakyn, kesekimi ýa mähriban. Ol ýerden başga ýerleriň, başga döwürleň ysy gelýär, olaram maňa, barybir, Eý Hudaý, nämedir bir zady ýatladýar, söz bilenem aýdyp bolmajak, tanyş, ýakyn nämedir bir zady. Meň sypatym gapyň iç ýüzündäki aýnaň aýtymyna düşdi. Onda-da, asgyçdan asylgy köýnekden üýtgeşik bir tapawutlanmaýanam, nähilidir bir nämälim gara närse ýaly bolup göründi. Öli bilen diriň arasynda hiç hili üýtgeşiklik ýok. Şkafyň ýeke-täk aýna gözünde men ine şeýle görünýän ekenim. Indi diňe aýagyňy galdyryp, içine giräýmek galýar. Men şeýtdimem. Ýüň sapakly polietilen sebetlerde oturdym-da, özümiň petik ýerde güýjän dem alşymy eşitdim.
Aň öz-özi bilen ýüzbe-ýüz galanda, mynajat etmäge başlaýarsyň. Paýhasyň tebigaty şeýle. “Hudanyň perişdesi, meň penakärim” – men şeýlebir ajaýyp bolany üçin, hökman diri bolmaly däl keşpli, öz perişdämi gördüm, “meni ýalňyz goýma...” – onuň mumdan doýrulan ganatlary çar ýanymy mähir bilen gurşady. “Ir bilenem” – kofäň ysy hem-de ukuly nazaryňa ýara salýan ýiti yşygam penjirelerde, “agşamam” – gün ýaşyp barýarka haýalladylan wagt, “gündizem” – dirilik gündelik tejribä öwrülýär: galmagal, ibirtde-zibirtlik, million bimany hereket, “gije-de” – duýgusyz, tümlükde ýalňyz galan beden, “maňa hemişe hemaýat bol” – perişde girdabyň gädiginden barýan çagalary penalaýar. “Sakla, gora meniň kalbymy hem tenimi” – “SERESAP BOLUŇ, DÖWÜLÝÄR” diýen ýazgyly karton gutular, “we meni baky ýaşaýyşa äkit, ämin” – Şkafyň alagaraňkylygynda asylgy köýnekler.
Şondan bäri Şkaf günde meni özüne dartýardy, ol biziň ýatylýan otagymyzdaky äpet guýguçdy. Ilkibadalar men onda, R.-ň öýde ýok wagty, agşamara uçurlary oturardym. Soň-soňlar bolsa, men ir bilen iň zerur işleri ederdim: satyn almaly zatlar, kir ýuwmaga taýynlyk, haýsam bolsa bir ýere jaň – yzyndanam Şkafa girerdim-de, assyrynlyk bilen gapysyny ýapardym. Şo taýda, oň içinde, günüň haýsy wagtydygynyňam, ýylyň haýsy paslydygynyňam, haýsy ýyldygynyňam ähmiýeti ýokdy. O taýda hemme zat mahmalpisintdi. Men öz demimden iýmitlenýärdim.
Bir gezegem gije, men dymyk howa ýaly agyr ukudan oýanyp, Şkafy erkek küýsän deý küýsedim. Gitmän galmagy başarmak üçin, R. bilen el-aýagymy çilşirip, galpyldy bilen ondan pugta ýapyşmaly boldy. R. ukyň arasynda nämedir bir zatlar gepleýärdi, ýöne oň sözleriniň manysy ýokdy. Ine bir gezegem gije men ony oýardym. Oň ýyly düşegi terk edesi gelmeýärdi. Men ony öz yzym bilen dartdym, biz Şkafyň öňünde söm-saýak bolduk. Şkafyň – üýtgewsiz, hökmürowan, aklyňy alyp barýan maýyl ediji. Men tyrpançak tutawajyna barmaklam bilen galtaşdym welin, Şkaf biziň öňümizde serpildi. Onuň içinde bütin dünýä sygarlygam ýer tapylardy. Içindäki aýna biziň sudurymyzy tümlükden sökläp, ikimizem şekillendirýärdi. Biziň demimiz, ilki kadasyz hem üzlem-saplam, birdenkä bütewi sazlaşyga eýe boldy, biziň ikimiziň aramyzda hiç hili tapawut galmady. Biz Şkafda birek-biregiň gabat-garşysynda oturdyk. Biziň ýüzümizi asylgy eşikler ýapýardy. Şkaf biziň yzymyzdan gapyny ýapdy. Biz şeýdip, oňa göçdük.
Ilki-ilkiler R. daşyna çykardy – nähilidir bir zatlary satyn almaga, haýsam bolsa bir işe, umuman şoňa meňzeş bir zatlar-da. Ýöne, soň bu özüňe zor salmalaram şeýlebir ezýetli boldy. Günler uzaldy. Köçeden käteler magdançylaň saz toparlarynyň boguksy sazlary eşidilýär. Gün ýitýär, dolanýar, şonda-da penjireler ony özlerine dartmaga netijesiz dyrjaşýarlar. Goş-golamy, süpürgileri hem-de jäjemi (akdaş, farfor) barha galňap barýan çaň basýar, biziň öýümiz bolsa müdimi tümlüge beslenen.

© Olga Tokarçuk
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 238 | Добавил: Bagabat | Теги: Olga Tokarçuk | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024
Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024
Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024
Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024
Köprüler / hekaýa - 15.01.2024
Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024
Jan / hekaýa - 08.03.2024
Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024
«Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024
Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024

Teswirleriň ählisi: 4
0
1 mango  
651
Serdar kaka. Men-ä şkafa tekje diýmegiňi dogry hasaplamok.
Tekje polka ahyry. Şkafa türk-ä dolab diýýä, ýöne internasional sözlügine şkaf edip alsaň gowy ýaly.
Başga-da bellik kän welin, arman teksti kopiýalap bolmany üçin kyn bolýar.
Şkafa “gara, garry…” diýýän ýerinde, originalda “Темный, старый…” diýilýär, pikirimçe “goýy reňkli, köne (şkaf)….” diýseň dogry dälmi? Ýa-da “gara, köne….”
—-
Gapylar barada “дверцы” diýse-de şonam “gapyjyk” diýmek gerek däl ýaly. Gapy diýseň dogry ýaly, “jyk” goşsaň kiçijik zat göz öňüne gelýä. Bu ýerde ortakysy aýnaly bolan üç gapyly şkafyň gürrüňi bar. Gapyjyklar belki kuhnýaň mebelinde (ýa bufetlerde) bolup biler. Geýim şkafynda gapy bolaýjak ýaly.
—-
Serdar kakaň bize täze sözleri öwretjek bolýanyna düşünýän. “öwsele” ????
“- Ol biziň öwselämize gabat geler….”
“ — Он подойдет к нашей мебели…”
Dogrusy, türkmençesi maňa düşnüksiz.
Mebel diýlende bolmaýandan bolýandyrda?
Bolmanda “öý-goş”. Ýagny, “- Ol öýdäki goşlarymyza-da gabat geler…”
ýa-da “ - Ol mebelimize-de şap bolar”.
—-
Потом мы обустраивали нашу новую старую квартиру.
Soň biz özümiziň täze köneje öýümizi öwzarladyk.
Belki: Soň biz köneje täze öýümizde goşlarymyzy ýerleşdirdik”
—-
горняцкий оркестр - dag saz topary.
Belki, “magdançylaryň orkestri”?
—-
Он не хотел покидать теплую постель.
Oň ýyly düşegi terk edesi gelmeýärdi.
Belki: “Onuň ýyly düşekden turasy gelmeýärdi”

Bolýala… umuman bir hili duýgulara salýa hekaýa.
Ol faşizm we kommunizm simwollaryny ýöne ýere agzanok ýaly.
Ol özleriniň barlygy ýok bolan düýşdäki dünýäsi.
Birhili häzirki barlykdan iren ýaly, ýadan ýaly… özüne täze dünýä isleýän ýaly.
Şkafyň içi. Ilki täk özi girýä, soň öz R-ini hem salýa….
(Ol syrly kişini R. diýip agzap oturyşyna hekaýaň ortalarynda Roman diýip adyny aýdan bolan bolşuny. :-) )
Dogasy hem geň eken.
«Сохрани, защити душу мою и тело мое» — картонные коробки с надписью ОСТОРОЖНО, БЬЕТСЯ,…
Üns berdiňizmi, (terjime özümçe) “Ruhumy we bedenimi aman sakla, özüň gora - SERESAP BOL, DÖWÜLÝÄR diýlen ýazgyly karton gutular…
Ol goralmagyny isleýän ruhy we bedeni bilen karobka we döwülegen seresap bolmaly goşyň arasynda parallel çekýär. Bedenimizdäki ruhumyz we korobkadaky döwüljek goş…. (aňladabildimmi? Kä?)
Hekaýa pessimistik gutarýaraý.
Soňundada agzalýan ol orkestr bilen hem bir zatlar diýýän ýaly. (dünýäniň gohumyka?)
Umuman, hekaýa gaýtalap okamaly hekaýalardan ýaly ýaly.
Terjimäňize sag boluň, ýöne deňemek üçin doganymyň dilinde-de okamaly boldy. Sag bol okadanyňa Serdar daýy.

0
3 Bagabat  
43
Şkaf - ok.
Magdançylar - ok.
"köne, garry"-ny özüm şeýle goýdum. "Старый" diýlende "köne" diýip terjime etseň dogrudygyna düşünýän. Ýöne, maňa şeýle etmek şahyrana göründi.
"Öwsele, öwzar" - täze söz däl, türkmen dilinde goş-golamy, şol sanda "mebeli" aňladýan söz. "Mebel" türkmende bolan (azda-kände) - sandyk, hantagta, rehil we ş.m.
Niýetim "täze söz öwretmek" däl-de, dilimizde arhaizmleri azaltmak. Ulanyşdan näçe köp söz galdygyça şonça-da dil garyplaşýar. Dil garyplaşdygysaýy özboluşlylygam umumylaşýar. Kosmopolitlik bolsa käbir milletiň zandynda bolsa, käbir milletde ýok. Şol kosmopolitlik kyn düşýän milletlerde-de degradasiýa ýüze çykýar.

Самуил Маршак

ГВОЗДЬ И ПОДКОВА

Не было гвоздя —
Подкова
Пропала.

Не было подковы —
Лошадь
Захромала.

Лошадь захромала —
Командир
Убит.

Конница разбита —
Армия
Бежит.

Враг вступает в город,
Пленных не щадя,
Оттого, что в кузнице
Не было гвоздя.

Bellikleňňe sag bol.
Terjime has "hillendi" - ine bu öň bar sözüň başgaça - täzeçe ulanylyşy, leksiki konfuzyň bir görnüş (jigi).

0
4 mango  
651
“täze söz öwredýär” diýenimde täp-täze ýasama söz dälde, az ulanylýan sözleri täzeden öwredýä diýjek boldum öýdýän. :-)
Käwagt çyzykdan çykýan bolsam “haaaaýt” diýseňem bolar.
Hekaýaň hillenenine-de begendik.
Üstünlikler,

0
2 Bagabat  
43
Okyjylar, äý umuman adamlaň aglaba köpüsem şu dünýädenem oň üznüksiz dowam edip duran adatylygyndanam, gündelik hysyrdylyja maýda-çüýdeligindenem tükeniksiz ýadadymy nämemi - olaň ruhy hörek meselesinde öler aşy fantastika, mistika, horror, fentezi, andegraund, post-modern, awangard boldy. Her kim adaty, gündelik realizmden gaçýar. Kellede ýa-ha kosmos, ýa-da haos.
Belki şoň üçindir jadygöý oglanjyk, sorgana aşyk bolan akmajyk gyz, aždarhalaryň ýumurtgasyny oduň içinde basyp çykaran kürk Khalissiýa, orklardyr, bir bolgusyzja ýüzügiň yzynda weýran bolup ýören Golumdyr Frodo we ş.m. hakda eserleriňem, kinolaňam, multikleňem meşhurlygy...
Puşkin kaka Oneginde aýdýa:
Запретный плод вам подавай,
Без того рай не рай...
Umuman:
Марвел рулит!!!
Bizem Halk kruşidi ýazyp başlamalymy nämemi...
Onam başaryp bolsa :-).

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]