18:19

Terjimelerdäki jöwher duýgy

TERJIMELERDÄKI JÖWHER DUÝGY

Halyl Kulyýewiň türkmen poeziýasyndaky orny hakynda edilen gürrüňleriň az däldigi hakykat. Şahyr hakdaky söhbetleri tereziniň bir tarapyna, goşgularyny beýleki tarapyna atan halatymyz welin, şeýle söhbetleriň üstüni ýetirjek ýene ençeme maglumatlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarys.

Aslynda, biz bu gürrüňimizi Halyl Kulyýewiň zehinli şahyr, edebiýatçy alym, ussat mugallym, belli dramaturglygy bilen bir hatarda ökde terjimeçidigini hem äşgär etmek maksady bilen başlapdyk. Ýöne doglan seneleri köne, okyjylar üçin täze bu terjimeleri ylmy derňewiň mizanyna atmak höwesi ýokarky pikirimiziň-de «böwregini» bökdürendir-dä.
Biziň elimizde Halyl Kulyýewiň heniz okyja nätanyş birnäçe terjimeleri bar. «Dünýä edebiýatynyň» aladasy bilen, belki, ertir hemmämiziňem elimizde bolar. Megerem, şonda şatlygymyzy has ulurak söhbetdeşlikde paýlaşarys. Häzirlikçe bolsa terjimeleriň elimize düşüşi hakynda gysgajyk gürrüňiň ýeri geldi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyna aspirantura giriş synaglarymy tabşyryp, kandidatlyk dissertasiýam üçin Halyl Kulyýewiň stil aýratynlygy baradaky temany saýladym. Şahyryň tirkeşen dostlary, bir saçakda duz iýen deň-duşlary, okadan talyplary, garyndaşlary, goňşulary bilen bir hatarda gyzlarydyr agtyklary bilen hem garynja gatnaşygyny ýola goýmak miýesser etdi. Şahyryň gyzy Käkilik Kulyýewanyň kömegi bilen mähriban kyblasynyň galamy ýörän kagyzlary elime düşende, men üýtgeşik dünýäniň arasyna düşendigimi duýdum. Şahyryň çap edilmedik goşgulary bilen bir hatarda onuň eden birnäçe terjimelerini, drama eserlerini hem-de heniz edebiýat ylmynda-da näbelli «Gülýaka» atly poemasyny ilkinjileriň biri bolup öwrenmek meniň nesibäm eken.
Halyl Kulyýewiň çykmadyk goşgularynyň birnäçesini, şeýle-de «Gülýaka» atly poemasyny «Edebiýat we sungat» gazetiniň (03.07.2020ý, 04.09.2020ý, 16.10.2020ý) hem-de «Garagum» žurnalynyň (2020-nji ýylyň 11-nji sany) ýardamy bilen okyjylara hödürledik. Şeýle-de Halyl şahyryň döredijiligine bagyşlanylyp ýazylan makalalar bilen tanşyp, halypam — ylmy ýolbaşçym Çary Kulyýewiň aýdyşy ýaly, terjimeleriniň-de «halylçyllygyny» (Ç.Kulyýew «Halylyň stili» diýmegiň ýerine goşgularyň «halylçyllygy» diýmegi halaýar) döwnedik. Bu terjimeleriniň ýüzüni, elimizde «stil» atly adalganyň aňlatmasyny berk tutup, şahyryň goşgularynyň hatarynda goýduk welin, goşulyp-garylyp gidiberdi. Çünki Halyl şahyryň poeziýasynyň tebigylyk, şahyrana mylaýymlyk, uly mähir, adamkärçilik, çuňňur lirizm, aýdyň pelsepe, şahyrana gysgalyk, nowellaçylyk häsiýetli özboluşlylygyny terjimeleri-de aýdyp dur.
Halyl Kulyýewiň terjimeleriniň liriki gahrymanlary, olaryň häsiýeti, eseriň ideýasy, gurluşy, garşylygy, ölçegi we ýene-ýeneleri hakda bolsa, okyjylaram okanyndan soň gürrüň etsek, onda bu gürrüňe okyjam höwesek goşular diýen umyt bilen, terjimeleriň süňňüni seljermek işini azajyk yza tesdirdik.
Şu ýerde terjime babatda Halyl şahyryň «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynyň 1974-nji ýylyň 5-nji sanynda neşiriň sowalyna beren jogabyny mysal getirsek, sizem ýokarky pikirlerimize «hä» berseňiz gerek:

« — Dogrusy, men terjime edip ýören adam däl. Onda-da Puşkin, Lermontow ýaly beýik ussatlaryň goşgularyny terjime etmek meniň başarjak zadym däl. Ýöne herhal synanyşyp görübermeli:

Ölmerin men, goşgulamda galar jan.
Jesedim çüýremez öwrüler oda.
Şöhratym egsilmez ýaşar her zaman,
Bir şahyr ýaşasa ýagty dünýäde... ».

• Halyl Kulyýewiň çeper terjimeleri

Fridrih ŞILLER / ÇET ÝURTLY GYZ


(nemes dilinden)

Giň dere gül öwsüp bahar donunda,
Jilweli gözel dek gülende meýdan.
Her ýyl, her ýaz bir çopanyň ýanynda,
Gözel gyz görünýär seredip her ýan.

Göýä gujagyna gysan dek şemal,
Öçüripdir yzyn baharyň ýeli.
Bilnenok ol nirde tapypdyr kemal,
Galdy ýol-ýodasyz gözeliň ili.

Päk kalbynyň nagşy, şirin jany-da,
Garyp ýigit gyzyň göwün hoşudy.
Şatlyk, mertebesi, mähribany-da,
Şol çopan gözeliň ýürekdeşidi.

Torgaýlar saýranda, ýüzi şat gülüp,
Göwni açyk, şirin dilli gelerdi.
Ýat baglaryň gyzyl gülünden ýolup,
Eli süýji miwe, gülli gelerdi.

Sowgat alardylar guwanşyp hersi,
Garrylaň, juwanlaň... gelenleň bary.
Görseler-de gyzda ýat bolan görki,
Hoşwagt gaýdardylar öýlerne sary.

Söýgüliler gelse, joşduryp halky,
Gam-gussa sowrulýar hemmäň serinden.
Gyz hem sowgat berýär olara ilki
Miwäň süýjüsinden, gülleň terinden.

• Ýemelýan BUKOW / ÝEŇIŞ

(rus dilinden)

Gelermikä, gelmezmikä, ýarym — diýp,
Aşyk ýigit kimin garaşmadym men.
Ukusyz baglar dek garaşdym saňa,
Gün ýaly ýalbyrap, dolmalydyň sen.

Aýak bilen däl-de, arzuwym bilen,
Seni garşy aldym, ýöredim öňe.
Ýoluma düşeldi al-ýaşyl güller,
Aý berdi gezegni süýt reňkli daňa.

Maňa ýol arçady çeşmeleň suwy,
Göwsün paralady gojaman daglar.
Ýol uzak bolsa-da, ýöremek gowy,
Ýadamaly pursat däldir bu çaglar.

Ýöredim gözýetmez mawy asmanda,
Äpet Gün şarynyň süýşüşi ýaly.
Bir görsem, dymypdyr uruş dawasy,
Bir seretsem, depäm guşlardan doly.

Meniň köp sözleri aýdasym geldi...
Ömrümde bir gezek ýol berip derde.
Unudyp özümiň batyrlygymy,
Aglamaly boldum, dostlar şu ýerde.

Duýgular doldurdy kalbymyň törün,
Duýdum, bu dünýäniň belendin-pesin.
Eşitdim salýutlaň gümmürdisini,
Hem oglan-uşaklaň şadyýan sesin.

• Guwançbek MÄLIKOW / AK BULUTLAR

(rus dilinden)

Göýä guw perisi akja bulutlar,
Gün nuruna owsun atyp her ýana.
Giň meýdandan çykan ýaşajyk gelin,
Bulutlary göterip dur asmana.

Aňyrsy-bärsine gözýetmez meýdan,
Beslenip pyntyklar, gunçalar bilen.
Bugaryp, burugsap dem alýar gyzgyn
Bulutlardan düşen damjalar bilen.

Bir seretseň, gyş bezegi gar bilen
Örtülen şekilli görünýär her ýan.
Bir görseňem, bir akyma guýup dur
Dünýädäki ýüz-müňlerçe ak derýa.

Göýä kimdir biri beýik daglary
Mawy belentlige göterýän ýaly.
Güýzüň altyn ýaprak sary baglary —
— Şahalar ak gülden bolupdyr doly.

Ömür eremejek ala gerişler,
Buzlaryn eredip döken dek ýere.
Ýokarda aýlanyp ak ganat guşlar,
Zeminde bugaryp dem alýar dere.

Boýap gözýetimi ak tüsse bilen,
Bulutlar kerweni gelýärler gaýdyp.
Ýygymçy elleri guşlara meňzäp,
Akja bulutlary barýarlar tüýdüp.

Joşgun, hyjuw dolduranda pelleri,
Gyzgyn ýüreklerden joş alyp badym.
Tarypa bezeýän ýüwrük elleri,
Hem azat zähmetiň gujur-gaýratyn.

• Dolgaryn NÝAMA / SAHY GÜN

(rus dilinden)

Güneş bilen adamlar —
Ömürboýy jana-jan.
Güneş ata dek merdem,
Hem ene dek mähriban.

Meniň Günüm ýanymda —
Damarymda — ganymda.
Dünýä inse adamzat
Güneş bilen bolar şat.

Şärik biziň barymyz
Bu sahy äpet Güne.
Ol biz bilen dogulyp,
Biz bilen gidýär ýene.

Dem alýarka adamzat,
Bu Beýik Gün gowy zat.

BAHAR

(rus dilinden)

Bahar, bahar, meniň ajap baharym,
Sen neneňsi gudrat bilen doly sen?
Çeşmejikleň bir akyma birigip,
Bir derýany döredişi ýaly sen.
Käte garly daglar bilen deň bolup,
Kä asmandan seçilýärsiň gün bolup,
Bahar, bahar, meniň eziz baharym,
Hemme zatdan eşidýärin sesiňi.
Näzik eliň bilen syrdyň-da kakdyň,
Adamlaryň garly äpişgesini.

Meniň ýazylmadyk goşgulammy sen?
Ymaratym, ybadatym, bagym sen.
Töwerekde hemme zatda görünýäň,
Hemme ýerde, hemme zatda barym sen.

• Rasul GAMZATOW / SEKIZLEMELER

(rus dilinden)

Dünýäde üç hili meşhur aýdym bar,
Adamlaň gamyny, şatlygny aýdýan:
BIRINJISI — ýüreklere intizar
Ene hüwdüsidir bizi ulaldýan.
IKINJISI — ömrüň aýny ýaşynda
Ogullarnyň mazarlarnyň başynda
Eneleriň ýürek dilgiç agysy.
ÜÇÜNJISI — galanlarnyň barysy.

***

Pyşdyllar azyndan ýaşaýar ýüz ýyl,
Diýenoklar howlugaýyn, gorkaýyn.
Adamlar, siz neçün ädýäňiz haýal,
Adamlar, siz neçün beýle arkaýyn?
Towşanlar bäş ýyldan ýaşanok uzak,
Şoň üçin gyssanmaç, görüp ýörsüňiz.
Beýle gyssanmaçlyk nämüçin gerek.
Adamlar siz nirä howlugýarsyňyz?..

***

— Şatlyk! Nirä barýaň guş kimin uçup?
— Uçup barýan meni söýýän ýürege.
— Ýaşlyk! Sen nämüçin dolandyň yza?
— Geçip barýan meni söýýän ýürege.
— Güýç hem edermenlik siziňki nirä?
— Bizem barýas bizi söýýän ýürege.
— A siziňki nirä ejizlik hem gam?
— Bizem barýas bizi söýýän ýürege.

• Sergeý ÝESENIN / AÝALLARA HAT

(rus dilinden)

Ýadyňyzda barmy?
Bardyr, elbetde.
Özüňize ýeterlikdi derdiňiz.
Diwara gysylyp durkam bir çetde,
Tolgunmakdan eýläk-beýläk gezmeläp,
Bir kesgir söz bilen jogap berdiňiz.

Soňundan diýdiňiz:
Örtäniň besdir.
Seniň bilen mydamalyk hoşlaşýan.
Yzyňda sersepil entänim besdir.
Pursat ýetdi.
Men iş bilen baş goşýan.

Ýüregňizde maňa tapylar ýaly,
Ýok söýgini gözläp ýerliksiz ýere.
Ýaryşa goýberlen ýabylar ýaly,
Ak köpürjik bolup batardym dere.
Siz bilmeýärdiňiz,
Gör, neneň agyr!
Şonda men batgyndym gara dumana.
Bir zada düşünmän
Çekýärdim jebir,
Bizi nirä alyp barýar zamana?!

Şo günlerde kelleleri sämedip,
Birden deňiz joşup, birden suw urdy.
Kimdir biri Ýer şaryny gämi edip,

Tolkunlaryň jümmüşine öwürdi.
Şol öwrümde kimler gitdi gark bolup,
Kim haýkyrdy şol siltege çydaman.
Tejribeli mert ogullar berk durup,
Öz ornunda galyberdi sag-aman.

Şonda men hem
Gykylygyň astynda
Görmäýin diýp adamlaryň ahwalyn.
Gämimiziň düýbündäki öýjüge
Gaçyp atdym.
Şeýle boldy ykbalym.

Sizde bolsa gussa, ýadawlyk bardy,
Söýgülim men şeýdip goýdum azara.
Ýöne, ynha, sizde güýjem bar eken,
Bu zatlaryň barysyna çydara.

Ýyllar geçdi.
Men bütinleý özgerdim.
Pikir, duýgymyňam üýtgänin duýýan.
Şol gäminiň ugrun buran perzende,
Bu gün alkyş, şöhrat sözlerin diýýän.

Täze hyjuw,
Täze erk bar destimde.
Men indi öňki däl.
Ykbalym güldi.
Erkinligiň baýdagynyň astynda
Taýýar men gitmäge Lamanşa çenli.

Siz meni bagyşlaň,
Sizem öňki däl.
Ýüregňizem öňki ýaly ýürek däl.
Indi siz akylly adamly aýal.
Biziň söýgimizem,
Meniň özümem
Indi size çigit ýaly gerek däl.

Täze ymaratda
Ýaşaň şadyýan,
Synlaň, duýuň täzeligiň ösýänin.
Salam bilen,
Sizi ýatda saklaýan,
Köne tanyşyňyz Sergeý Ýesenin.

***

Käbäm enem oýar meni ir bilen,
Daň-säheriň jemalyna bakaýyn.
Myhmanlary garşy alyp il bilen,
Gyraw düşen depelere çykaýyn.

Jeňňellikde, ter ýapraklaň üstünde,
Gördüm şu gün tigirleriň yzyny.
Topbak-topbak çal bulutlaň astynda
Şemal ýaýradyp ýör gülüň ysyny.

Lälezarda gülden-güle aýlanyp,
Ýelpeýär ol ýapraklary, pürleri.
Synlaýyn men pelden-pele aýlanyp,
Çyg buldurap, öwşün atýan ýerleri.

Käbäm enem oýar meni ir bilen,
Ýak yşygy ýakyşyň dek gijara.
Seniň ogluň hakda gürrüň edýärler:
— Tanymal bir şahyr bolar tizara.

Şonda käbäm taryplaryn ýadaman,
Säherlerimizi, agşamlarmyzy.
Irden garşy alan myhmanlarmyzy,
Jüýjelerimizi, towşanlarmyzy...
Seniň sary sygryň süýdün ýatladyp,
Akar meniň aýdymlarym batlanyp.

1965 ýyl.

• Japar JAPAROW / BÜRGÜT

(azerbaýjan dilinden)

Ýylçyr gaýalaryň gonup gerşine,
Agras nazar aýlar her ýana bürgüt.
Dyrnagy hanjardyr, çüňki-de çeňňek,
Gark eder duşmanyn al gana bürgüt.

Ýüreginiň ody hiç mahal sönmez,
Ölüme gitse-de, yzyna dönmez,
Depeden aýrylmaz, pese-de gonmaz,
Çydar boragana, tupana bürgüt.

Goja dag başynda dag kimin durar,
Dost bilen duşmanyn uzakdan görer,
Garga dek guşlaryň bagryny ýarar,
Dost bolar laçyna, tarlaňa bürgüt.
Gök gürlese, ýyldyrymlar çaksa-da,
Ot-çöpleri ýandyrsa-da, ýaksa-da,
Ýagyş sili jaran-jaran aksa-da,
Durar öz ýerinde merdana bürgüt.
Käte ýeri-gögi örtse-de duman,
Egip biler başyn ne dert, ne hijran.
...Şahyr, şeýle ýaşa az-da ýaşasaň,
Diýmesin: täk geldim jahana bürgüt.

PIKIRLER

(azerbaýjan dilinden)

Ajyly-süýjülidir, ýagşysy-ýamany köp,
Gijeli-gündizlidir, buludy-dumany köp.
Galyň-galyň kitaplar, uç-gyraksyz deňizler,
Ötlem-ötlem şäherler... bulaň bary pikirdir.
Köpden bäri pikirdir —
Nuhdan bäri pikirdir.
Uzalaşsam yzyma siz düşüň pikirlerim,
Agtaryp tapyň meni syrdaşym-pikirlerim.
Ýazyň ilki oty dek dolup çykyň ajaýyp,
Garlawaç dek uçuň siz asuda ganat ýaýyp.
Gelinli-gyzly geliň, söhbetli-sazly geliň,
Baharly-gülli geliň, çörekli-duzly geliň,
Geliň toýda-baýramda altyn-kümşe bezenip,
Sap-sap bolup geliň siz, garşylaýyn begenip.
Dünýäni ölçäp çykýan salyp pikir elegne.
Ine ganat, ine gök, alyň gezek-gezegne.
Pikir bilen geçirýän bu ömüriň her günün,
Pikir bilen getirýän täze daňyň ter gülün.
Pikirlerim gujagma gökden özün oklasyn,
Pikirler pikirlenşip dünýämizi saklasyn.

1965 ýyl.

• Askat MUHTAR / BRÝANSK TOKAÝYNDA

(özbek dilinden)

Ýapraklar düşelen tokaý ýollary,
Görmäge göz gerek,
Sözlemäge söz.
Uzyn agaçlaryň täze gülleri
Alysdan gelýänim bildiňizmi siz.

Säherde ýuwunyp säher çygyna,
Öwşün atyp ýatyr mahmal dek meýdan.
Şahalar baş egip, ýeliň ygyna
Ýazýar ýodalara gülli desterhan.

Emma kalby dilip, bir agyr duýgy,
Ýapraklar titreşip, çekýärler azar.
Kimiň solan güli?
Kimiňkikä bu?
Agajyň astynda ýatyr bir mazar.

Kimsiň?
Birmahalky soldatmyň asyl,
Seniň guburyňa egýärin başym.
Meni guçup duran bu ajap pasyl,
Birmahal seniňem örtendir daşyň.

Tokaý ýapraklary, tokaý gülleri
Dynman saýa salyň katdyňyz egip.
Gunçaňyzy açan säher ýellerin
Dumandan saplandyr, belki, bu ýigit.

Taýýarlan: Jeren ATABAÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspiranty.

“Dünýä edebiýaty” žurnaly, 3/2021 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 336 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Halyl Kulyýew, Jeren Atabaýewa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024
Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024
Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]