21:59

Teýmirleňiň ömrüniň 12 güni: Aň we aňlaýyş duýgusy

Ýedinji gün

AŇ WE AŇLAÝYŞ DUÝGUSY

Wagt geçip dur. Samarkandyň hökümdarynyň aladasy başyndan agdykdy. Teýmirleň indi öz mähriban şäherinde öňküsi ýaly köp bolanokdy. Ol soňky ýyllarda wagtynyň köpüsini harby ýörişlerde geçirýärdi. Onuň golastynda örän uly— gündogardan Hindistany, Mongoliýany, demirgazykdan Altyn Ordany, günortadan Eýrany, günbatardan Zakawkazýe ýurtlaryny we Arabystanyň bir bölegini özünde jemleýän döwlet bardy.
Käwagtlar Timuryň atlylarynyň sany üç ýüz müňede ýeterdi. Örän uly çykdajyny talap edýän uly goşun bilen hökümdar bir ýerde duranokdy. Ol öz goşuny bilen Halap şäheriniň golaýynda araplaryň goşunyny kül-peýekun etdi. Häzir Timur Damaskdady. Ol öz başarnygyny we mümkinçiliklerini, özüni öwrenmegi birinji orunda goýýardy. Bedeniniň gizlin güýjüni sagdyn bolmak, öz maksadyna ýetmek, üstünlik gazanmak üçin ulanýardy. Bu işde oňa pahimdar halypasy Mir Seýit Barak kömek edýärdi. Duýdansyz peýda bolup, duýdansyzam gürüm-jürüm bolýan şyh sagdyn bolmagyň, üstünlige ýetmegiň syrlaryny öz belent mertebeli şägirdine ýekän-ýekän öwredýärdi.
Timuryň emir bolup, Hüseýin bilen dost bolmak islän döwürleri geçmişde galdy. Geçen otuz ýylyň içinde Teýmirleň güýçli hökümdara, mekir we tapbiler, zehinli hem-de pähimli serkerdä öwrüldi. Ol golaýda ýetmiş ýaşaýar. Golastyndaky baý we uly döwlet onuň ýolbaşçylygynda gülleýär, ösýär. Onuň ajaýyp köşgniň gözelligi Mawerennahryň çäginden daşynda hem meşhurdy. Bu ýerde bolsa ol öňki Damaskyň hökümdarynyň daş-töweregi gür baga bürenip oturan köşgünde düşläpdi. Gijelerine baglar ümsümlikden ýaňa doňdurylan ýaly görünýärdi. Hökümdaryň ukusy tutanokdy. Ol daşaryk çykyp, ýüzüni mylaýym öwüsýän şemala tutup oýa batdy. Hökümdar özüne maslahatçyň juda gerek wagty baga çyksa halypasynyň birýerlerden, garawullara hem görünmezden, duýdansyz peýda bolýandygyny bilýärdi. Edil häzirem emiriň halypasyny göresi, onuň parasatly maslahatlaryny diňläsi geldi. Ýodajykdan bagyň içi bilen özüne tarap asuda ýöräp gelýän şyha gözi düşeninde bolsa, ol bu zatlara geňirgenmedem. Saglyk-amanlyk soraşanlaryndan soň, şyh mahmal ýaly ýumşak otuň üstünde gürrüňe başlamak üçin aýbogdaşyny gurup otyrdy.
«Maňa bu gün nämeleri bilmek, öwrenmak garaşýarka?» - diýip, Teýmirleň öz ýanyndan pikir etdi.
Halypa bilen şägirdiň arasyndaky ýazylmadyk kada laýyklykda, halypa gürrüňdeşligiň temasyny her gezek özi saýlaýardy. Her gezegem onuň saýlap alan temasy gürrüňdeşini has alada goýýan zatlaryň biri bolup çykýardy.
Şyh ornaşyp oturdy-da, gürrüňe başlady:
— Oglum, seniň bedeniňde jübüt bolan içki agzalar bar. Olar agzybirlikde işläp, seniň bedeniň sagdyn bolmagyny üpjün edýärler. Gözleriň, öýkenleriň, böwrekleriň we gulaklaryň.... Bu agzalar jübüt bolsalar hem, olaryň hersi aýratynlykda işläp, öz wezipelerini ýerine ýetirip bilýärler. Ýöne bedeniň özara baglanyşykly şeýle bir goňşy agzalary bolup, olaryň birinden biri bolmasa işläp bilmeýänleri bar. Bular seniň aňyň we aňlaýyş duýguňdyr. Seniň durmuşdaky gazanan eşretleriň, şowlulyklaryň we şowsuzlyklaryň şol iki sany, birisi bolmasa beýlekisiniň öz wezipesini ýerine ýetirip bilmeýän aň bilen aňlaýyş duýgyň ylalaşykly gatnaşygyna baglydyr. Öň belläp geçişim ýaly, biziň hemmämiz durmuş ýolunyň ötegçisi ýada syýahatçysy bolup, ilkidurmuş awçylaryna meňzeşdiris. Biziň ikimiz Ýerdäki we asmandaky maddy we ruhy eşretleriň höwesinde. Ilkidurmuş awçylaryndan tapawudymyz, biziň sagdynlygyň, kämilligiň gözleginde, ylym-bilimiň höwesinde bolmagymyzdyr. Gadym döwürlerde hem awçylar aw gözlegine tazyly, bürgütli, laçynly çykypdyrlar. Şeýlebir ölemen awçylar bolupdyr welin, olar hatda wagşy haýwanlary hem eldekileşdirip, aw etmegi öwredipdirler. Ine, sen şol ölemen awçylaryň toparyna degişli bolýarsyň.
Aňyň — bu seniň özüň. Aňlaýyş duýgyň bolsa sendäki hüşgär, güýç-kuwwatly, entek syry açylmadyk ýyrtyjy haýhwana meňzeş pikir-düşünjäň. Ol mydama seniň ýanyňda bolup, ähli islegleriň amal bolmagyna ýardam edýän güýç-kuwwatyňdyr. Aňlaýyş duýgyňa daýanyp, onuň güýjünden peýdalansaň seniň almajak galaň, ýetmejek menziliň bolmaz. Seniň saglyk we durmuş üpjünçiligiň wagşy haýwany ýatladýän aňlaýyş duýgyň ýagdaýyna we seniň ony näme bilen iýmitlendirýändigiňe baglydyr. Onuň iýmiti — seniň pikir-düşünjeleriňdir. Ýagşylyga eýlenen pikir-düşünjeleri bolan aňlaýyş duýgyň seniň ykbalyňy gülleder, sagdynlygy, lezzetli durmuşy eçiler. Durmuşyň edil jennet ýaly bolar. Aňlaýyş duýgyň ýaramaz pikir-düşünjeli bolsa welin, olar seni içiňden iýer, durmuşda mesele üstüne mesele döräp, ýaşaýşyň dowzaha döner. Gördüňmi, seniň aňlaýyş duýgyň nähili güýçli ekeni?!
Her bir adamyň kalbynyň çuňunda hüşgärligi, güýç-kuwwaty bilen hemmeleri haýrana goýjak syrly-syrly güýçleriň ätiýaçlykly gorlary basyrylyp ýatandyr. Sen bu syrly güýç-kuwwatlaryňy oýaryp, olary dogry ugra, ýagşylyklary ýaýmaga, gowulyklary döretmäge gönükdirmelisiň. Seniň aňlaýyş duýgyň — nämeleri başarýandygy hiç kime belli bolmadyk jadygöý ýalydyr. Ata-babalaryň müňýyllyklaryň dowamynda şol jadyly güýji açmaga synanyşypdyrlar.
Damaskyň golaýynda gadymy ybadathananyň harabalygy bar. Alymlar şol harabalygyň syryny öwrenenlerinde haýran galypdyrlar. Onuň fundamentine goýlan ýylmanak daşlar şeýle bir ýygjam goýlupdyr welin, olaryň arasyndan ýukajyk pyçagam geçmändir. Iň haýran galdyran zat bolsa, alymlaryň hasaplamalaryna görä, ondaky her bir daşyň agramynyň sekizýüz tonna golaý bolmagydyr. Bu agramdaky daşlary el güýji bilen göterip, bina galdyrmak mümkin zat däldir. Häzirki zamanyň ösen tehnologiýasynyň hem bu agramy ýokary galdyrmaga güýji ýetmeýär. Ine, çözmesi mümkin bolan syr nirede! Bu daşlary kim ýylmapdyr, kim göterip biri-biriniň üstüne goýup, bina galdyrypdyr — hiç kim bilenok. Bular ýaly açylmadyk syrlar juda kän. Alem-jahanyň açylmadyk şeýle syrlarynyň jogaby biziň aňlaýyş duýgularymyzda ýerleşýär.
Teýmirleň demini alman diýen ýaly diňleýärdi, şyh bolsa gürrüňini dowam etdi.
Bir wagtlar asmanlarynda diňe ýyldyzlary bolan adamlar Günsüz ýaşapdyrlar. Olar garaňkylyga öwrenişip gidipdirler. Ýylda bir gezek ýyldyzlar Ýere golaý gelip, ýagtylyk bolýar ekeni. Adamlar ýene müňlerçe ýyllardan soň ýyldyzlaryň Ýere golaý gelip, özleriniň ýagty günlerde ýaşajakdyklary hakynda arzuw edipdirler. Bir gezek ýagty günüň baýram edilýän gününde Rüstem atly ýaş ýigit:
— Men ýagty günüň gelerine müňlerçe ýyllap garaşmak islämok. Ýagtylyk eçiljek ýyldyzy alyp gelmäge gitjek. Araňyzda meniň bilen gitjek barmy? – diýip gygyrypdyr. Adamlaryň arasynda «Biz ene-atalarymyzyň eşretleri, gidip bilmeris», «Biz ýaňy maşgala gurduk» diýip, juwanlaryň köpüsi jogap beripdirler. Diňe dört sany ýaş ýigit Rüstem bilen ýagtylyk eçiljek ýyldyzyň gözlegine gidermen bolupdyr. Olar gidipdirler. Kän wagt geçse-de, habar-hatyr bolmadyk ýagtylygyň gözlegine giden ýigitler hakynda kim «Ýagtylygy gözläp tapyp, ony alyp gelip bilmejek samsyklardy» diýipdir, kimler bolsa «Ýaşlyk edip heläk boldular öýdýän» diýip ýaşlara gynanç bildiripdir.
Bir gün bolsa uzaklardan ýagtylyk görnüpdir. Ol ýagtylyk Rüstem bilen onuň dostlarynyň ellerinde alyp gelýän ýyldyzlardanam nurly Günüň şöhlesi ekeni. Adamlar ýagtylygyň şanyna toý tutupdyrlar. Ýöne ol toý uzaga çekmändir. Ýagtylyk olaryň hiç haçan gümän etmedik zatlaryny açyp görkezipdir. Olaryň jaýlary akan-dökän, köçeleri hapadan doly, özleriniň bolsa eşikleri kirli, saçlary hüžžerip duranmyşyn. Adamlaryň öňki rahatlygy bozulypdyr. Sebäbi ýagtylyk görer gözden gizlenen ähli zatlary açan ekeni.
Şyh sözüni soňlap, Timura ýylgyryp seretdi.
— Soň näme bolupdyr, wakanyň soňy nähili gutapypdyr?- diýip Teýmirleň çyny bilen sorag berdi.
— Men saňa rowaýatyň gizlin manysyny açyp bereýin. Sen bolsa geljekde öz oý-pikirleriň, hyýallaryň yzyna düşmegi öwren.
Teýmirleň aýtjak indiki täsin zatlaryny diňlemek üçin halypasyna soragly nazaryny dikdi.
— Ýyldyzlaryň uzakdan düşýän ölügsije ýalkymyna kaýyl bolup ýaşan adamlar seniň heniz akyl ýetirip bilmedik içki dünýäň, entek düşnüksiz bolan aňlaýyş duýgyň. Rüstemiň ýagtylyk berjek ýyldyzy alyp gelmek üçin jan etmesi —öz-özüňi üýtgetmek üçin jan çekmek. Onuň bilen bile giden dört dosty — saňa durmuşda üstünlige ýetmek we öz-özüňe düşünmek üçin gerek bolan söýgi, batyrlyk, töwekgellik we özüňe bolan ynamdyr.
Adamlaryň gorkusy bolsa — seniň öz öňüňdäki gorkyň. Seni hiç kim üýtgedip bilmez. Diňe özüň özüňi üýtgedip, oý-pikirleriňi ýagşylyga, oňatlyga tarap gönükdirip, aňlaýyş duýgyň ýalkymyny artdyryp bilersiň. Şol pursatlarda bolsa sen gorky duýarsyň.
— Kalbymdaky basyrylyp ýatan gorkyny ýeňip, men haçan öz-özümi açyp bilerin? – diýip Teýmirleň sorag berdi.
Şyh ilki asmandaky ýyldyzlara, soňra bolsa Teýmirleňe seretdi. Tebigat her alýan täze demi, daş-töweregiň ýaşaýşy üçin begenýän ýalydy.
— Bir obada ýedi sany akyldar ýaşaýar ekeni - diýip, şyh söze başlady. Ol akyldarlar juda okumyş, dana, pähimdarmyşynlar. Obaň kethudasy olar bilen elmydama hemsöhbet bolup, maslahatlaşyp, wagtynyň köpüsini pähimdar danalar bilen geçirer ekeni. Ýöne onuň ol danalardan öwrenen pähimi, alan akyly bolmanmyşyn.
Bir gün ol danalary ýanyna çagyryp: «Sizi bütin obaň adamlary parasatly, dana saýýarlar. Emma men sizden nämüçindir hiç bir danalygy öwrenmedim» - diýipdir. Ýedi dananyň içinde biri şol gün kiçijik ogly bilen gelen ekeni. Kethudanyň soragly nazaryna gözi düşen oglanjyk pyňkyrypdyr. Danalar bolsa ýere bakyp, dymypdyrlar. Çaganyň hereketine gahary gelen kethuda oglanjyga bakyp: «Kakaňa ýeten danalykdan seniňem paýyň şu samsyk gülkümi? Özüňden ulynyň üstünden gülmekmi?» - diýip azgyrylypdyr. Oglanjyk bolsa parahat hem asuda: «Bagyşlaň, men seze däl-de, siziň soragyňyza jogap berip bilmediklere güldüm. Maňa bularyň bolşy bir tymsaly ýatlatdy. Eger rugsat berseňiz, ony size gürrüň bereýin» diýipdir-de, jogabada garaşman, çaga gönümelligi bilen söze başlapdyr.
— Bir jahankeşde uzak ülkelerden ylym öwrenip, öýlerine dolanyp gelýär ekeni. Owadan we gymmat bahaly harytlardan mas ýüklenip, kerwen gurap gelýän düýelerine buýsanyp gelýän geýnüwli jahankeşdäniň aýaklary ýere degenokmyşyn. Ýol aşyp gelýärkä ýoluň gyrasyndaky ýeke duran jaýa jahankeşdäniň gözi düşüpdir. Ol jaýyň çüňkünde ak sakgally, ýüzi nurana ýaşuly ýola garap dur ekeni.
Kerwen ýaşulynyň deňesine golaýlaberende, goja uly sesi bilen gülüpdir. Jahankeşde geň galyp, ýaşula salam beripdir-de, onuň gülmeginiň sebäbini sorapdyr. Ýaşuly bolsa: «Seni uzakdan görenimde bir dana, ussat jahankeşde gelýändir diýip pikir etdim. Gözýetimime geleniňde bolsa seniň eşikleriňe seredip, ussat däl-de, halypa gol ýapan şägirt gelýär ekeni diýdim. Gapdalyma geleniňde tutuş durkuňy görüp, gözleriňe bakyp, nazaryňa nazarym kaklyşanda bolsa, seniň şägirt däl-de, pähim-parasadyň ýolundanam ýöremändigiňe, ol hakda hatda eşitmändigiňe göz ýetirdim. Seniň ýekeje almaz daşyny tapyp, dünýäniň baýlygyna eýe bolandyryn öýdýändigiňe güldüm» - diýip, jogap beripdir. Oglanjyk danalaryň berip bilmedik jogabyny beripdir. Teýmirleň:
— Halypam, meniň bu pähimli aýtgynyň manysyny tirip bilmedigimi bagyşlaň. Munuň içindäki paýhasy özüňiz düşündiräýmeseňiz?! – diýip, şyhyň ýüzüne soragly bakdy. Şyh ýylgyryp, sözüni dowam etdi:
— Aňyň bilen sen diňe daş-töweregiňi gurşap alýan zatlara akyl ýetirip bilersiň. Ýöne onuň kömegi bilen sen hiç haçan öz-özüňe akyl ýetirip bilmersiň. Öz-özüňe akyl ýetirmek, özüňe düşünmek üçin sen aňlaýyş duýgyňa ýüz tut. Obanyň kethudasy — öz alan bilimidir ýygnan baýlygy bilen özüne düşünjek, öz-özüne akyl ýetirjek bolan jahankeşdedir.
— Halypam, men bir zada düşünmedimle?! Näme üçin obaň kethudasyna dünýäniň basyrylgy ýatan syrlary hakyndaky hikmeti kiçijek oglanjyk düşündirdikä?
— diýip, Teýmirleň şyha özüni gyzyklandyran sowaly berdi. Şyh myssa ýylgyryp:
— Bakylyk — küşdüň çöplerini dikip oýnap ýören çagadyr. Älem-jahanyň şalygy şol çaga degişlidir. Çaga üçin ähli zat täsinlik we gözellikdir. Adamlar käbir kişini bedroý, görmeksiz hasaplasalar, käbirlerine asla üns bereniňe-de degenok diýip pikir edýärler. Çaga bolsa älem-jahana geň galyp, mähir, söýgi bilen bakýar. Sebäbi bu ýagty jahan çaga üçin syrdan doly dünýä bolup görünýär. Sen keramatly balykgulak hakyndaky tymsaly eşidipmidiň?
— Ýok – diýip, Teýmirleň gürrüňiň başga ugra gönügenine geň galyp jogap berdi.
— Keramatly balykgulak geçiniň şahyna çalymdaş bolupdyr. Onuň geçiniň şahyndan tapawutly tarapy, hiç zat bilen, hiç haçan dolduryp bolmaýanlygy ekeni. Hatda dünýädäki ähli deňizdir derýalaryň suwlaryny guýsaňda, ony dolduryp bolanokmyşyn. Ýer ýüzündäki şalaryň we hanlaryň bary baýlyk-hazynalaryny getirip, keramatly balykgulaga guýsaň hem ol dolmaýar ekeni.
Şol balykgulak — bütin dünýäniň maglumatlarydyr täsin syrlaryny özünde ýerleşdirip bilýän seniň aňlaýyş duýgyňdyr. Akyldarlaryň aýdyşy ýaly, sen näme edeniňde-de aňlaýyş duýgyň çak-çenini bilip bilmersiň. Bürgüt bolup uçanyňda hem sen aňlaýyş duýgynyň soňuna ýetip bilmersiň. Ýyldyz bolup ýagty saçaýaňda-da, sen onuň serhediniň näderejededigini aňlap bilmersiň.
— Ussadym, adama aň has gereklimi ýa-da aňlaýyş duýgusy?
— Aň we aňlaýyş duýgy — edil gije bilen gündiz ýaly biri-biri bolmasa oňup bilmeýär. Sen akyl-paýhasyňy, ruhuňy, aň-düşünjäňi birleşdirip, aňyňy we aňlaýyş duýgularyňy dolandyryp büilersiň.
Sen bir tarapdan juda kämil, başga tarapdan bolsa üýtgemäge ukyply bolup görünýärsiň. Bu edil unuň, suwuň we duzuň belli bir şertlerde uzak wagtlap saklanyşy ýalydyr. Şol şert aýrylyp, un suw bilen ýa-da duz suw bilen garyşaýsa welin, büs-bütinleý üýtgär. Ilkibaşda, ähli zadyň we hemmeleriň öz mümkinçiligi bolýar. Ýöne bu mümkinçilik hereket däldir. Uny, suwy we duzy näderejede garyşdyryp, näme bişirjegiň seniň öz etjek herekediňe we ukybyňa baglydyr.
Ukyp-başarnygyň kömegi bilen bugdaýdan un, çeşmeden, gazylan guýudan suw alynýar. Duz bolsa Ýeriň aşagyndan gazylyp alnyp, ulanar ýaly derejede arassalanylýar. Bu zatlaryň ählisi aň-paýhasyň we ukyp-başarnygyň birleşmegi bilen bolup geçýär.
Unuň, suwuň we duzuň gerekli mukdarynyň birleşdirilmegi bilen hamyr emele gelýär. Olaryň haýsy hem bolsa, meselem duz ýa suw guýulmaly möçberinden köp bolan halatynda zat zaýalygyna getirer. Duzyny, suwuny we ununy gerekli mukdarda atylyp eden hamyrymyza hamyrmaýa goşaýsak welin, gyzan tamdyryň kömegi bilen güneşe meňzäp duran bal ýaly çörekleri bişirip bileris.

Terjime eden Gülälek MERETMYRADOWA.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 167 | Добавил: Haweran | Теги: Mirzeahmet Norbekow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Pedagogika we edep-terbiýe bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]