10:34

Teýmirleňiň ömrüniň 12 güni: Mähirli gatnaşyklar - maşgala bagtyýarlygyny gazanmagyň iň gysga ýoly

Dokuzynjy gün

MÄHIRLI GATNAŞYKLAR — MAŞGALA BAGTYÝARLYGYNY GAZANMAGYŇ IŇ GYSGA ÝOLY

Samarkant. Şöhratly Göksaraý köşgi. Ir säher.
Garawullar gözlerini ýumman, hökümdaryň rahatlygyny gorap şöwür çekýärdiler. Teýmirleň köşgüň içinde haýaljak ädimläp gezim edýärdi. Bu köşkde onuň şatlyk-şagalaňda döwran süren günleri, harby ýörişlere ugran döwürleri geçipdi. Ýeňiş gazanyp ýörişden dolananynda ony şu köşkde aýallary we garemhanadaky zenanlar garşy alypdylar. Ol oýa batdy.
Emir özüni gyzyklandyrýan ähli zatlar barada halypasy bilen maslahatlaşmaga endik edipdi. Onuň edil şu pursatda hem parasatly şyhy göresi, onuň bilen gürrüňdeş bolasy geldi.
Teýmirleň baga çykyp, darajyk ýoda düşdi. Akar suwa golaýlanynda bolsa, ýabyň gyrasynda duran derwüşe gözi düşdi. Saglyk-amanlyk soraşylyp, halypa-şägirt akar suwa ýuwundylar. Soňra olar agajyň aşagyndaky sekide jaýlaşyp oturdylar.
Edil öňküler ýaly hökümdaryň soragyna-da garaşman, derwüş söze başlady.
— Oglum, biziň bedenimizde üç sany bedene güýç beriji gözbaşyň bardygyny öňem aýdypdym. Olaryň birinjisi bagyr. Ikinjisi bolsa adamyň jyns agzalarydyr. Maşgala gurmak, söýüp-söýlüp ýaşamak ynsana mahsus arzuwlaryň biridir. Ýaşlaryň bedeninde söýgi-mähir gormonlarynyň artykmaç bolmagy netijesinde, olar yşka düşüp, aşyk bolýarlar.
Bir obada ýaşaýan ýaşuly ýaşlara beýik daglary eli bilen görkezip: «Biz ýaş wagtymyz bu daglar üstümize abanyp duranokdy» diýip, gürrüň beripdir. Ol daglar asyrlaryň dowamynda ýere örküni berip ýatan daglar. Ýöne ýaşuly ýaş wagty belent daglaryň beýikligine-de aň ýetirmezlik derejede öz ýaryna aşyk bolup, mähir-muhabbetde ýaşapdyr. Birek-birege düşünişip, yşkyň sallançagynda üwrelmek maşgala bagtyýarlygynyň özenidir. Şeýle ýaşaýyş durmuşdaky kynçylyklary ýeňip geçmekde, gaýgy-aladalardan üstün çykmakda goltgy berýär, ýardam edýär.
Bir obada işi oňuna bolýan söwdegär ýaşapdyr. Ol öz harytlary bilen şeýle bir gümra bolupdyr welin, baýlaygyny köpeltmekden başga hiç zat ýadyna düşmändir. Ol öz öýi, aýalydyr çagalary hakynda alada etmelidirem öýtmändir. Öýde öňünde nahar goýulmasa, bazardan garnyny doýrup, nirede arzan haryt bar bolsa şol tarapa ýüwrüp ýörenem bolsa, söwdegär agşam öýüne ýatmaga geleninde aýalynyň igenjini eşitmeli bolýan ekeni. Söwdegäriň bary görýäni gündelik gaýtalanyp duran byrsydyrgyn aladalar, öýünde eşidýäni igençli sözler bolupdyr.
Ir ertir, giç agşam aýalyndan eşidýän igençleridir zeýrençli gürrüňleri onuň degnasyna degipdir. Üstesinede aýalydyr çagalarynyň eşikleriniň ýamalary sallanyşyp, saçlaram hüžžerişip durmuşyn. Çydam käsesi püre-pür bolan söwdegär dellal obaň çetinde ýaşaýan, oba adamlarynyň köpüsiniň maslahat sorap barýan pähimdar ýaşulysynyňka ugrapdyr.
Dellal salam berip gapydan giripdir-de, öz derdini aýtmaga başlapdyr. Ol özüniň aýalynyň iňirdidir igençden ýasalan aýaldygyny, özüniň we çagalarynyň üst-başynada seretmeýändigini, aýaly bilen aýrylyşmaga kömek bermegini haýyş edýändigini bir demde aýdyp gutarypdyr. Ýaşuly onuň aýdanlaryny diläp, birsalym dymypdyr. Soňundanam söwdegäriň ýüzüne garap:
— Gadyrdan, sen öz çagalaryň günlerini nädip, näme bilen meşgullanyp geçirýändikleri bilen gyzyklandyňmy? Aýalyň bişiren naharynyň juda süýji bolandygyny aýdyp, göwnüni awlanyňa näçe wagt boldy? Maşgala agzalaryň eşiklerini täzelemek, olara süýji tagamlary iýdirmek hakynda alada etdiňmi?
Aýalyň gözleriniň çuňuna garap, derdini duýmagy, oňa hemaýat bermegi başarýarmyň? Men senden maşgalany berkidýän närseleriň diňe ilkinjilerini soraýan. Şujagaz zatlary durmuşda başarýandygyňy özüň özüňe subut etdejik, bir hepdeden ýanyma gel. Soňky meseläniň çözgüdini şonda gürleşeris diýip, söwdegäri ugradyp goýberipdir.
Söwdegär şol gün bazardan süýjüdir köke, çagalaryna eginbaş tiker ýaly owadan mata alyp, ak öýlänler öýüne gelipdir. Kakalaryna gözleri düşen çagalaryň onuň getiren zatlaryna begenişlerini görüp, söwdegär haýran galypdyr. Çagalaryny bagryna basypdyr. Ol aýalyna ömründe birinji gezek bişiren naharynyň örän tagamlydygyny aýdanyn-da, aýaly bende gözlerini ýaşlap, hamsygypdyr.
Agşamlyk nahardan soň gap-çanaklary ýuwup, arassalan aýal uzak gije çyranyň yşygyna çagalaryna-da, özüne-de täze köýnek tikip, uzak gije ýatmandyr. Irden turanynda täze köýnekli çagajyklaryny, bezenip beslenen aýalyny görüp, söwdegär öz gözlerine ynanmandyr. Şol gün ol bal ýaly ertirlik edinipdir. Iňirdidir igençli sözleriň welin birinem eşitmändir.
Şol gün hiňlenip, daş-töweregi syryp-süpürip ýören aýaly söwdegär üçin dünýädäki iň gözel zenan bolup görnüpdir. Täze geýen gök köýneginiň ýüzüne gelşik berýändigini aýdan adamsy hem gelin üçin dünýädäki iň mähriban adama öwrülipdir. Şol günden soň olaryň öýi agzybirligiň we bagtyň düşlän düşelgesi boldy. Söwdegär bir hepdä ýetirmän obanyň çetinde ýaşaýan pähimli ýaşula Taňryýalkasyn aýdyp gaýdypdyr.
Ine bary bolany.
Biz bir zady ýatdan çykarmaly däldiris. Ýokarky tymsalda erkek adamynyň baýlyk toplamak üçin maşgalasyny unudandygyny, soňra ýalňyşyna düşünendigini nygtadyk. Ýöne durmuşda «Äri är edýänem, gara ýer edýänem aýaldyr» diýen pähimli sözleriň ýöne ýere döremändigini unutmalyň! Maşgala binýadynyň berk bolmagyny, onuň ähli agzalarynyň bagtyýar bolmagyny isleýän bolsaňyz ynsan göwnüni «awlamaga», olary öz mähirli sözleriňize we edýän ýagşylyklaryňyza baglamaga çalşyň. Ine, şeýtseňiz maşgalanyň esasy sütünleri bolan är-aýalyň arasyndaky mähir bulagy hiç haçan guramaz.

Terjime eden Gülälek MERETMYRADOWA.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 175 | Добавил: Haweran | Теги: Mirzeahmet Norbekow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Pedagogika we edep-terbiýe bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]