14:19

Teýmirleňiň ömrüniň 12 güni: Maksada ýetmegiň we ýolundaky ýedi basgançak we alty kada

Üçünji gün

MAKSADA ÝETMEGIŇ ÝOLUNDAKY ÝEDI BASGANÇAK WE ALTY KADA

Şyh:
— Şu gün biz ýylgyrmagyň we gülmegiň ähmiýeti hakynda gürrüň ederis- diýdi. Timur geň galyp:
— Öz-özüňe akyl ýetirmekde gülküdir ýylgyryşyň näme ähmiýeti bolup biler?- diýip, şyha soragly garady.
— Diňle, soňundan netije çykararsyň. Akyldarlar gadym döwürden bäri gülkiniň adam saglygyna edýän täsirini öwrenip gelipdirler. Açyk göwünli, şadyýan, ýüzleri gülüp duran adamlaryň beýlekilere garanyňda ýürek-damar keselleri bilen az keselleýändigi subut edilipdir. Adam gülen wagty onuň bedeniniň 80% myşsalary hereket edýär. Beden birnäçe gezek kislorod bilen üpjün edilýär. gülküniň güýji bilen birnäçe howply keselleri bejerip bolýar. Çagalary synlap görüň. Olar ýagty jahanyň kadasy boýunça ýaşap, tebigata garylyp, günüň dowamynda iki ýüz gezekdenem köp ýylgyrýarlar, gülýärler. Biz ulular bolsa günüň dowamynda iki-üç gezek ýa gülýändiris, ýa-da çyn ýürekden begenip, gülmegiň nämediginem unudandyrys.

Bir şäherde ýaş ýigit ýaşapdyr. Ol örän agras, mydama bir zatlaryň pikirini edip, kitaba dümtünip oturar eken. Özi ýaly ýaşlaryň oýundyr-gülkülerine-de goşulmanmyşyn. Başga ýaş ýetginjekleriň ene-atalary öz çagalaryna şol ýigitden görelde almagy ündeseler, akyldar halypasy, mugallymy ellerini asmana galdyryp, ol ýigit üçin doga okap, dileg edipdir. Günleriň birinde mugallym öz ýaşyndan has agras görünýän ýetginjegi ýanyna çagyryp:
— Ertir seniň üçin synag güni. Öz-özüňi açyp, saňa iň gizlin niýet-päliňi görkezýän aýna seretmäge gitmeli günüň. Ol aýna seniň öz-özüňe-de aýan bolmadyk pikir-hyýallaryňy, oý-pikirleriňi saňa açyp görkezer- diýýär. Ýaş ýigit:
— Ol ýere haçan gitmeli?- diýip soranynda, ussady oňa:
— Gün doganda ugraber – diýipdir.
Ýaş ýigit şol gije uklap bilmändir. Okap öwrenen zatlaryny gaýtalapdyr, dürli pikirleri aňynda aýlap daňyny atyrypdyr. Daň saz berip, Gündogarda şapak gyzarandan ol ýola çykypdyr. Ol daşyndan juda arkaýyn görünse-de, aňyna dolan pikirleriň girdabyna düşüp, hiç zada üns bermän ýöräp barýarmyşyn. Gün agşama sapanynda ol dagdan şaglap gaýdýan şaglawugyň ýanyna ýetipdir. ol şaglawuga seredip birje minut duranynda öz keşbiniň ýerine aýal-ebtat, çaga baryny gyran-jyran edip ýören ullakan aždarha gözi düşýär. Çirkin gygyryp, yzyna ylgan ýaş ýigit ýüzüne şarpyldap degýän agaç çybyklarynyň awusynam duýmaýar, ýirim-ýyrtyk bolan eşiklerine-de üns bermeýär. Bir sagada golaý gözlerinden ýaşyny döküp aglan ýetginjegiň aýagy büdräp, ýere ýazylyp gidýär.
Ol özüne gelen ýaly bolup diňşirgenýär we aglaýan çaganyň sesini eşidýär. Ýerinden turup, töweregine garanjaklanynda bolsa, alty-ýedi ýaşly oglanjygyň aglap oturanyna gözi düşýär. Öz oý-pikirini ýadyndan çykaran ýigit çagajykdan:
—Sen bu ýerlerde näme işleýäň? – diýip soraýar. Oglanjyk bolsa hamsygyp:
—Odun çöplemäge gaýtdyk welin uly agalarymdan yza galyp, azaşdym. Indem öýmüzi tapamok- diýip, jogap berýär.
Ýaş ýigit bizar pikirlenip durýar-da:
—Ýör, men seni öýňüze elteýin- diýip, oglanjygyň elinden tutup, ýöräp başlaýarlar. Täsin bagyň deňesine ýetenlerinde oglanjyk üşerilip, diňşirgenip gymyldaman durýar. Ýaş ýigit:
—Sen, öýňüze howlugýardyň ahyryn. Indi näme ýöremän dursuň? – diýip soraýar. Oglanjyk:
—Öýe biz gijiräk barsagam bolar. Eger biz bilbiliň täsin nagmasyny şu gün diňlemesek, indiki ýaza çenli garaşmaly bolarys. Üns berip diňle, bilbiliň täsin mukamy baglary baş egdirýär ahyryn – diýip, jogap beripdir. Olaryň ikisi oturyp, bilbiliň başga guşlaryň hiç haçangaýtalap bilmejek mukamyny diňläpdirler. Ýaş ýigidiň gözlerinde täsin öwüşgin döräpdir. Olar ýöräp başlapdyrlar. Ep-esli ýol geçenlerinden soň töwerege hoşboý ys ýaýrapdyr. Oglanjyk ysyrganyp, benewşe güllerine bürenen meýdana elini uzadyp, şadyýan ýylgyrypdyr. Benewşe gülleri bolsa edil zümerretden dörän deňiz ýaly, hoşboý ysyny töwerege saçyp, giň meýdany tutup ýatyrmyş. Ýaş ýigit ýene-de:
—Seret, garaňky düşüp gelýär – diýip, oglanjyga ýüzlenýär. Ol bolsa şadyýan ýylgyryp:
—Öýe gijiräk barsagam bolar. Benewşe gülleriniň gözelligini şu wagt synlap, hoşboý ysyndan ganmasak, bütin tomus garaşmaly bolarys – diýip, güllere tarap ylgap gidýär. Gülleriň gözelligini synlan ýigidiň ýüzi ýagtylyp, ýylgyryp, töweregiň ümsümligine, ajaýyplygyna haýran galýar. Olar gijäniň garaňkysynda ýola rowana bolýarlar. Ýaş ýigidiň ýüregindäki gorkudyr galagoply pikirler el bilen aýrylan ýaly bolýar. Nurana aýyň ýagtysyna olar tokaýyň gijeki gözelligini synlap, ýol aşýarlar. Beýik depäniň üstüne çykan oglanjyk ýaş ýigidiň elinden çekip, geň galmak bilen doňan ýaly bolup gözýetimi synlaýar. Ýaş ýigit oglanjykdan:
—Ýeri, indi nämä durduň? – diýip soranynda, ol:
—Seret, daň şapagyny synlasana. Eger biz bu şapagy garşy almasak, indi hiç-haçan ony synlap bilmeris. Sebäbi her bir dogýan şapak dünýäde ýeke-täkdir – diýip, jogap beripdir. Olaryň ikisi hem gyzaryp dogan şapagyň gözelligini synlap, ir säheriň arassa howasyndan hezil edip dem alypdyrlar. Ýaş ýigit uzak wagtlap özüni undup, Ylahy gözellige guwanypdyr. Ol özüne gelip, töweregine garanjaklasa, oglanjyk eýýäm öz öýleriniň gapysynyň öňünde durmuşyn. Ýaş ýigit täze güýç-gaýrat bilen öz-özüňi açyp görkezýän aýna tarap ýola düşýär. Bu gezek gyssanman, töweregiň täsinliklerinden lezzet alyp, ýol sökýär. Ol şaglawugyň ýanyna baryp, oňa seredeninde, öz keşbini—gözleri bagtdan ýaňa uçganaklap duran ýaş ýigidi görýär. Onuň daş-töwereginde bolsa, ýüzleri ýylgyryp duran adamlar barmyşyn.
Ýigit öýüne dolanyp geleninde, onuň halypasy oňa:
—Oglum, indi sen akyllandyň. Ylahy gözelliklere, özüňden ululara we kiçilere ýüregiňde söýgi bolmasa, ylym-bilimiň ýaşaýşy ýok ediji aždarha öwrülmegi mümkindir. Biziň dost-ýarlarymyza, tanyş-u-nätanyş adamlara näme sebäpli ýylgyryp, olara şatlyk paýlap, güler ýüz bilen bakýanymyza indi düşündiňmi? Ýylgyryş—biziň ýüreklerimiziň güneşidir. Güneşiň nuruny bolsa biz adamlara ýetirmelidiris.
Timur uly tolgunma bilen:
—Hormatly şyh, siz ol ýaş ýigidiň kimdigini bilýärsiňizmi? – diýip soraýar. Şyh hiç zat jogap bermän, syrly ýylgyrypdyr. Timur şyhyň özykbaly hakynda gürrüň berendigine düşünipdir.
Ýaş hökümdar kalbynda dörän soraglara jogap almak üçin otuň üstünde akyldar derwüşiň ýanynda oturdy. Goýry kölegeli bagyň aşagynda oturyp gürrüň etmek ýakymlydy. Salkynjak şemal onuň saçlaryny sypalap, tebigatyň söýgüsi hakdaky mähirli sözleri pyşyrdaýan ýalydy. Bu täsin säheriň waspyny edýän guşlar agajyň şahalarynda şadyýan saýraýardylar. Balarylary bolsa gülden-güle gonup, nektar ýygnaýardy. Bu täsinlikleri synlan ýaş emir halypasyna soňky döwür özüni ynjalykdan gaçyrýan sorag bilen ýüz tutdy:
—Ussadym, aýtsaňyzlaň, näme üçin käbir maşgalada özara düşünişmek, sazlaşykly gatnaşyk, sylag-hormat höküm sürýär, käbirinde bolsa gynansakda durşyna düşünişmezlik, dawa-jenjel?
—Oglum, her bir adam üçin birnäçe mukaddes zat bolýar. Şolaryň biri bolsa maşgaladyr. Ýöne maşgalanyň manysyna her kim bir hili düşünýär. Kimdigimize, ýagny, dogan, dolanan ýa-da garyndaşdygymyza garamazdan, Taňry biziň gatnaşyklarymyzy gudratly mähriň görünmeýän sapagy bilen berkidýär. Beýik Biribaryň ugradýan mähir sapagy örän näzik. Ol şeýle bir inçeden näzik welin, islendik wagty üzülip, ýitip ýok bolup biler. Munuň şeýle bolmagyna ýol bermeli däldir. Taňry seniň ýüregiň üsti bilen seniň ýakynlaryňa söýgidir mähri ugradýar. Olaryň ýüreginiň üsti bilen bolsa söýgidir mähir paýyňy saňa iberýär. Bu täsin dünýäde sen her haçan öz ýakynlaryňdan goldaw-hemaýat tapyp bilersiň. Olar seniň uçar ganatyňdyr. Seniň uçuşyň şol ganatlaryň berkligine we ynamdarlygyna baglydyr.
Öz golaýlaryňy, dogan-garyndaşlaryňy mähirdir alada bilen gurşap, olary söýüp, söýgetläp, sen bu dünýäniň ýagty, mähriban, ajaýyp bolmagyny gazanýarsyň. Her tarap edil aýnadaky ýaly öz keşbiniň serpikmesini biri-birinde görýändir. Başga adamlardan yzyna gaýdýan mähirdir hemaýat birnäçe esse bolup seniň özüňe gaýdyp geler. Öz mähribanlaryňa etmek isleýän erbetlikleriňem has görlüp-eşdilmedik derejede, edil bumerang kimin seniň özüňe yzyna geljekdir. Durmuş şeýleräkdir. Saňa ol ýarasa-da, ýaramasa-da özüň bu dünýä näme bersen, birnäçe esse köpelip, özüňe gaýdyp gelýär. Biziň her birimizde-de ýagşy we ýaman gylyklar bar. olaryň haýsyna erk berseň, ol seni öz ugruna alyp gidýär.
Ähli zat seniň öz dogan-garyndaşlaryňdan näme isleýäniňe baglydyr. Halk arasynda «Her kim gözlänini tapar» diýen pähim bardyr.

Gadym döwürlerde ene-atalaryndan miras galan ullakan jaýda iki sany dogan ýaşapdyr. Olaryň hersiniň öz maşgalasy, çagalary bar ekeni. Iki dogan ähli meseläni bilelikde, agzybirlikde çözüp, biri-biriniň sözüne gulak asypdyrlar, mähirli gatnaşykda bolupdyrlar. Goňşulary olaryň çagalarynyň haýsynyň uly agasynyňkydygyny, haýsynyň kiçi inisiniňkidigini saýgaryp bilmeýär ekenler. Sebäbi olaryň çagalary meňzeşje geýnip, bir gazanda gaýnaýan nahardan iýip-içýärmişler. Çagalar hem şeýle bir agzybirmişin welin, hiç-haçan öz aralarynda dawa-jenjelem etmeýärmişinler. Goňşy – golamlar bu maşgalanyň agzybirligine haýran galýar ekenler. Günleriň birinde agşam naharynyň başynda aga-ini ikisi :
—Biziň ikimiz hem gowy adam bolanymyz üçin maşgalamyz örän agzybir ýaşaýar – diýip, we öwnüp başlapdyrlar. Olaryň özlerini öwüp oturmasy gelinlerine ýaramandyr. Olaryň ulusy:
—Mähribanlar, agzybirlikdir maşgalada höküm sürýän bagtyýarlyk siziň tagallaňyz däl-de, biz gelinleriň tagallasy bilen gazanyldy – diýip suňşurypdyr. Doganlar gelinleriň närazylykdan aýdýan sözleri bilen ylalaşmandyrlar.
Gije geçip, ertir Gün dogýar. Ertirlik iýleninden soň, doganlar işe çykyp gidýärler. Aýallar bolsa öz işleri bilen gümra bolupdyrlar. Çagalar oýnamaga çykýar. Günortanlyk nahar taýýarlap başlanlarynda gelinler düýnki bolan gürrüňi ýatlaýarlar. Erkekleriň ýerliksiz ýere özlerini öwenleri üçin, gelinler iki doganyň agzybirliginiň derejesini barlap görmek hakynda dildüwüşýärler.
Agşamlyk işden gelýärkäler agadyr ini hurş edinmek üçin gowy bakylan goýun satyn alýarlar. Goýny soýup, böleklänlerinden soň, gelinler süýji nahar bişirýärler. Uly dogany maşgalanyň ulusy hökmünde gaýnap bişen eti maşgala agzalarynyň hersine bölüp başlaýar. Edil öňküler ýaly naharlanan maşgala, bu günki rysklary üçin Taňra doga okap, töwir edýärler. Agşamlarynyň haýyrly bolmagyna biri-birine arzuw eden iki maşgala ýatmak üçin öz otaglaryna girýärler. Gije kiçi doganyň aýaly adamsyna:
— Gördüňmi, agaň öz ogullaryna goýnuň öň aýaklarynyň etini, biziňkilere bolsa yzky aýaklarynyň etini bölüp berdi. ol öz çagalarynyň elmydama öňde bolmagyny, biziňkileriň bolsa ikinji orunda, olaryň yzynda bolmagyny isläp şeýtdi – diýip igenipdir. Kiçi dogan hiç zat diýmändir. Ýöne gije öňküsi ýaly rahat uklap bilmändir. Oňa «uly agam bu işi bilmezlikden ýa-da bilgeşleýin etdimikä?» diýen sorag rahatlyk bermänmişin. Ertirlik edinilende bolsa kiçi dogan agasyndan düýn agşamlyk naharynda näme sebäpli öz çagalaryna adalatsyzlyk edendigini sorapdyr. Hiç zada düşünmedik uly dogan:
— Bu nähili samsyklyk! Meniňä kime nähili et bölegini berenim ýadyma-da düşenok- diýipdir. Iki dogan jedelleşip başlapdyrlar. Jedeliň soňy dawa-jenjele ýetipdir. Dergazap bolan doganlar soňam ýumruklaşyp urşup başlapdyrlar. Olaryň arasyndaky birek-birege bolan sylaşykdyr söýgi, öýüň rahatlygy birnäçe minudyň dowamynda kül-peýekun bolana dönüpdir.
Jenjeliň soňy hakyky urşa ýazyp ugranynda uly gelin:
—Bes ediň! Siz edil kiçijek çagalar ýaly ujypsyz zady ulaldyp, urşa ýazdyrdyňyz. Biz — iki elti bolup, siziň agzybirligiňiziň nähili berkdigini, birek-birege wepalydygyňyzyň derejesini barlap göräýeli diýdik. A, siz bolsa masgara bolduňyz. Agzybirlikdir maşgalada höküm sürýän bagtyýarlyk kimiň tagallasy bilendigine indi göz ýetirdiňizmi? – diýipdir.
Doganlar öz gelinleriniň ýeserligine, paýhaslylygyna, ugurtapyjydyklaryna haýran galypdyrlar. Pars akyldarlary ýöne ýere «Eger bir aýalyň mekirligini halta gaplap bolýan bolsady, ol haltalary ýüklemäge kyrk sany eşek hem azlyk ederdi» diýen aýtgyny ýöne ýere döretmedik bolsalar gerek. Her niçigem bolsa doganlar öz boluşlaryna utanypdyrlar.
Gördüňmi oglum, nähili ýagdaýa duçar bolsaň-da sen paýhasly pikirlenmegi, pähimli netije çykarmagy başarmalysyň. Alňasap, onda-da dogan-garyndaşlaryň bilen bagly meselede gyssanyp, netije çykarmagyn. Alňasap alan galaň bolmajakdygyny unutmagyn. Sen oz dogan-garyndaşlaryňy gundakda wagtyndan bäri tanaýansyň. Olaryň sen kynçylyga uçrasaň ilki kömege geljek adamlardygyny, saňa ilki bilen gynanjak, hemaýat etjekleriň şolardygyny ýadyňdan çykarmagyn.
Aýallar—Ýaradanyň iň akylly we owadan edip döreden eseridir. Olar siz erkekler üçin ylham joşgunydyr. Olar gujur-gaýrat berip, bizi täze üstünliklere ruhlandyrýarlar. Biz olar üçin dagy düňdermäge-de taýýardyrys. Biz şolar üçin ýaşaýarys. Biz — erkekler dünýäni dolandyrýarys, aýallar bolsa bizi dolandyrýarlar.
Aýallar — biziň ejelerimiz, uýalarymyz, gyzlarymyz, aýallarymyz. Sen dünýäni olarsyz göz öňüne getirip görseň, bu dünýäde ýaşamagyň manysynyň ýokdugyna göz ýetirersiň.
Aýal — bägüldir, erkek bolsa bagbandyr. Eger bagban tejribeli, öz işiniň ussady we pähimli bolsa , bägül üýtgeşik hoşboý ys saçyp, täsin gözelligi bilen töweregi görke getirer. Tersine bolsa-da, atalar sözünde aýdylyşy ýaly: «Kelläňe ideg etmeseň bit düşürersiň, aýalyňa ideg etmeseň aýra düşersiň».

***

Bir adam öz melleginde işläp ýörkä köne küýze tapýar. Onuň içindäki zadyň nämedigini bilesi gelen daýhan köne küýzäniň gapagyny açanynda, ondan dürli reňkli tüsse çykyp, yzyndanam jyn peýda bolýar. Jyn adama garap:
— Sag bol, rehimdar ynsan. Meni müňýyllyklara uzan ýesirlikden halas edeniň üçin, seniň üç sany iň arzyly islegiňi berjaý etjek. Islän zadyňy sora – diýipdir.
Adam pikirlenip-pikirlenip, jyna şeýle diýipdir:
— Eý gudratly jyn, meniň saňa üç sany haýyşym bar. Birinjisi — dindarlaryň garakçylardan çekinmän zyýarata gitmekleri üçin, meniň ýaşaýan obamdan keramatly Mekkä çenli asmandan köpri ýasap ber.
Jyn biraz pikirlenipdir-de:
— Bu arzuwyňy amal edip bolmazmyka diýýän, rehimdar ynsan. Sebäbi howada köpri gurmak üçin köp zatlary ýumrup, weýran etmeli bolar. Hany, sen gowusy ikinji arzuwyňy aýtsana – diýipdir.
— Meniň ikinji arzuwym — eger sen meniň ýaşaýan obamdan keramatly Mekkä çenli asmandan köpri gurup bilmejek bolsaň, Samarkandyň golaýynda ýerleşýän meniň ýaşaýan obama keramatly Mekkäni göçürip ber – diýip, daýhan jynyň ýüzüne seredipdir.
Jyn ýene-de oýlanyp durupdyr-da:
— Wah, bu aýdanlaryňam ýerine ýetirer ýaly däl ekeni. Keramatly Mekkäni göçürip bolmaz ahyryn. Seniň üçünji arzuwyňy diňläp göreýinle, hany aýt, gadyrdan – diýenmiş.
Şonda adam:
— Onda sen menden ähli aýallaryň oý-pikirlerini bilip, olara düşünip bilýän adam döret – diýýär.
Bu sözlere haýran galan jyn çuň pikire çümüpdir. Biraz wagtdan bolsa gaşlaryny galdyryp, gözlerini petredip, janyýangynlylyk bilen:
— Sen maňa asmandan keramatly Mekkä çenli howa köprüsi gerek diýipdiňmi? Näçe sany köpri gerek, ikimi, üçmi? Keramatly Mekkäni siziň obaňyzyň haýsy ýerine, gündogarynamy ýa günbataryna göçürmeli? Haýsyny diýseň edeýin,ýöne meni üçünji arzuwyňy berjaý etmekden boşat – diýipdir.
Ine, gördüňmi oglum, aýallaryň köňülleriniň töründe näme oý-pikiriň bardygyna, olaryň näme isleýändigine hat-da ähli zady başarýan gudratly jynam düşünip bilmändir.
Maşgala — bu bir kiçijik döwlet bolup, adamsy soltan, aýaly onuň wepaly weziridir. Akylly soltan wezirine ynanar, ony diňlär, ýöne gündogarlylara mahsus bolşy ýaly, her bir meselede özüçe gutarnykly we dogry netije çykarar. Eger soltan öňdengörüji bolmasa, özbaşdak dogry netije çykaryp bilmeýän akmak bolsa, onda ähli zat weziriň isleg-arzuwyna bagly bolýandyr. Ana şonda aýalyň, ýagny, weziriň islegi ýagşylyk bolsa, ýagşy zatlar, ýamanlyk bolsa, ýaman zatlar kök urup, ýaýrap başlar. Tebigatyň kanuny şeýledir. Eger sen öz-özüňi dolandyryp başarmasaň, seni dolandyrjak tapylýandyr.
Gadym zamanlarda bir şäherde juda owadan hem akylly aýal ýaşapdyr. Tebigat oňa owadanlyk we akyl-paýhas beren hem bolsa, oňa durmuşa çykmak, çykan öýünde ýerlemek juda kyn bolupdyr. Ol zenan birnäçe gezek durmuşa çykypdyr. ýöne her gezegem ony atasy öýüne, yzyna getirip gidipdirler. Ol zenanyň ene-atasy alada edip, her gezekki umytlary puja çykansoň, ahyr soňy ykbalyň bu synagy bilen hem ylalaşypdyrlar.
Bir gezek bolsa oslanmadyk zat bolupdyr. Gyzlaryna gudaçylyga gelnip, ol ýene-de durmuşa çykypdyr. Öň her gezek bir hepdeden yzyna getirilen gyzlarynyň gidenine birnäçe aý geçse-de, bu gezek yzyna dolanmadygyna onuň ene-atasy haýran galypdyrlar. Aradan birnäçe ýyl geçeninden soň, gyz öz çagalary bilen atasy öýlerine gelipdir. Öň gözleri gorkan ejesi bilen kakasy «Gyzymyzy ýene-de yzyna getirdilermikä?» diýip howpurgapdyrlar. Gyzlary bolsa olaryň pikirini aňyp, ýylgyrypdyr-da:
— Gorkmaň, men çagalarym bilen sizi görmäge, myhmançylyga geldim – diýipdir. Gyzlarynyň öňki durmuşa çykan ýerlerinden näme sebäpli yzyna dolanandygyny soranlarynda, ýaş gelin ejesi bilen kakasynyň ýüzüne garap:
— Öňki durmuş guranlarym bilen dawa-jenjel bolanynda men uly susak bilen olaryň kellelerine berip, olary akyllaryna aýlanar ýaly edäýýärdim. Şol sebäpli hem her gezek yzyma dolanýardym. Bu gezek duşan ýigidime-de birki gezek susakly topulyp, akylyna aýlajak boldum welin, onuň ýumruklary akyla getirmekde menden üstün çykdy. Indi men susagymy diňe nahar guýmak üçin ulanýaryn – diýip, ýylgyrypdyr.
Üns ber oglum, meniň aýdanlarymdan ters many, nädogry netijä çykarma! Aýalyňy sen çynyň bilen söýmelisiň, onuň ähli ýagşy isleglerini berjaý etmäge çalyşmalysyň. Ol — owadan, hoşboý ysly bägüldir. Gelniň Taňry tarapyndan saňa söýmek üçin ýaradylandyr. Ol saňa gül ömrüni, öz ýaşlygyny bagyş edendir, seniň maşgala ojagyňy goraýjydyr. Seniň çagalaryň ejesidir. Sen oňa bütin dünýäni peşgeş ber, ony gyzgyn mähriňe çoýup söý, ýere düşürmezden eliňde göter. Ol Hudaýyň döredeni.
Aýalynyň göwnüni tapan, Allanyňam göwnüni tapar! Ýöne sen ony hiç haçan boýnuňa mündürme. Ýogsa boýnuňa münensoň, oňa kelläňe çykmak aňsat düşer.Erkek adamlar aýallara garanyňda güýçli hasaplanylýar. Olar mydama güýçli bolmalydyrlar we hemişe aýallaryň aýak süpürýän süpürgiji däl-de, arkadaýanjy, söýgedi bolmalydyrlar. Aýallar güýçli, özdiýenli, özerkli erkekleri söýýärler.
Dostluk söýgisi hakynda aýdylanda bolsa, heý, seni ýakyn adamlaryň bilen baglaýan sapagy gördüňmi? Mähir we wepalylyk, hormat hem-de birek-birege düşünişmek sapagy seniň özüňde barmy? Köňlüň töründen ony tapda, hasam pugta durar ýaly özüňe berk bagla. Dostluk söýgisini hiç ýerden tapyp, ýa-da satyn alyp bolýan däldir.
Oglum, nähili ýagdaýa düşseňde aljyramagyn. Sen durmuşyň uly hem uzyn ýolunda dursuň! Baýlygyň bolsa-da, ol seniň gözüňi gapmasyn. Bu dünýäde hemme zat geçýär. Hiçhaçan özüňkileri ýat adamlara çalyşma. Hemişe bagyşlamagy başar we hiçhaçan öz dogan-garyndaşlaryň arasyndan günälini gözleme.
Biziň eramyzdan öňki VII (7) asyrda ýaşap geçen akyldarlar yň biri Fudaýl ibn Ýad öz traktatlarynda, ýagny eserlerinde şeýle ýazýar:
«Aýypsyz dogan gözlän, dogansyz galar.
Isleýän zadyna böwet bolanyň üçin gazap donuny geýýän adam saňa dogan däldir.
Sen gaharyny getiren wagtyň ,saňa töhmet atjak adam bilen dostluk gatnaşygyny saklamagyn.
Töhmetiň bar ýerinde dostluk gatnaşygy ýitýändir. Dostluk— birek-birek bilen hemişelik ýüzbe-ýüz bolmakdyr».
XI asyrda ýaşap geçen pars akyldary Saady Şirazy bolsa şeýle ýazypdyr:
«Diňe öz aladasyny edýän adam saňa dostam bolup bilmez, doganam».

Paýhasly pikirler müňlerçe ýyllap ýaşaýar. Olar edil baky ot ýaly, olaryň ýalkymy öçmeýär-de, paýhas gözleýänleriň ýoluna şöhle saçýar. Her sözüň aňyrsynda uly dünýä ýatandyr. Ony diňe arassa ýürekli, pähimli adamlar açyp bilerler. Paýhasly sözüň her birinde —bize peşgeş edilen müňlerçe adamyň tejribesi we akyly bardyr.
Şu ýerde Timur şeýle paýhasly maslahatlaryň özüne näme üçin gerekdigine düşündi. Onuň kellesinde örän köp şöhratparaz pikirler döreýärdi. Ol pikirler biri-birini iteläp, sorag bolup beýniniň daşyna çykmak isleýän ýalydy.
«Maňa ýene-de kän zatlary öwrenmek gerek. Men durmuş ýolunyň ýaňy başyny başladym we örän köp zatlary gazanmak isleýärin »– diýip, ol pikir etdi.
Daň agaryp, säher öz ornuny eýeläninde, dünýä hasam üýtgeşik görnüşe eýe boldy. Gündiziň hysyrdylarynyň başy başlanyp, bagda dürli sesler eşdilip başlady. Timur özi we Şyh üçin at taýýarlamagy buýurdy. Olar ata atlanyp, goşunyň başyny çekip, Samarkanda tarap ýola düşdüler. Emiriň akyldar Şyhdan aýrylasy gelenokdy. Onuň bilen gürrüňdeş bolup, pähimli maslahatlaryny diňlemek örän ýakymlydy. Timur şyhyň birden peýda bolmagyny we gözden gaýyp bolmagyny öňküleri ýaly indi geňem görenokdy. Ol şyha garap:
— Akyldar halypam, näme üçin bu durmuşda käbir adamlaryň üstünlik gazanyp, käbirleriniň bolsa şol üstünlige ýetip bilmeýändikleriniň sebäbini aýdyp berseňizläň – diýdi.
Şyh gyssanman gürrüňe başlady:
— Oglum, biziň elimiziň aýasynda ömrümiziň hemme günleri ýazylan. Bir aýamyza Taňry biziň ykbalymyzy ýazýar, beýlekisine bolsa biziň özümiz öz ykbalymyzy ýazýarys. Biz ýazanymyzda Taňrynyň ýazan dogry, halal ýaşamagyň usulyny gaýtalamalydyrys. Her kim öz ömür kitabyny özi ýazýandyr. Eger sen öz ykbalyňy dörediji bolýan bolsaň, öz isleýän zatlaryňy ýazyp, ykbalyňy üýtgedibem bilersiň. Öz ömür kitabyňy ýazmak üçin durmuşdan näme isleýäniňi we öz öňüňde goýan maksadyňa ýetmek üçin haýsy ýoly saýlap almalydygyny bilmelisiň. Adamyň başaryp bilmejek zady we onuň üçin hiç hili çäklendirme ýokdur . Maksada ýetmek bolsa onuň aklynyň derejesine baglydyr.
Gel, seniň maksatlaryň, niýetiň-päliň, matlabyň, arzuwlaryň, islegleriň hakynda gürrüň edeli. Seniň ömrüň maksady nämeden ybarat? Seniň täleýiň bu dünýädäki orny?
Maksat — bu seniň ýetmege jan edýän arzuw-islegiň. Bu islenilýän ýagdaý häzirki wagtda sende ýok.
Öz öňüňde hökmany amal edip boljak, şeýle-de gerekli netijäni berjek maksady nähili goýmaly?
Her bir adamyň nähilidir bir hili öz öňünde goýan maksady bardyr. Ýöne şol maksada hemmeler däl-de, diňe käbir adamlar ýetip bilýärler. Biz ähli zadyň özümize baglydygyna düşünmelidiris. Maksadyňa ýetmek üçin janyň-teniň bilen dyrjaş. Sen oňa ýetmek üçin edil suwuň aşagynda gark bolup, heläk bolup barýarkaň gerek bolan ýekeje dem howa ýetjek ýaly jan et.
Şyh Aly Samarkantda öz parasatlylygy, akyl-paýhasybilen şöhratlanypdyr. Ol gyşda-tomusda her gün derýada täret gylyp, ýuwunypdyr. Hat-da aýazly günlerde hem derýada suwa düşüpdir. Bir gezek öýüniň derwezesinden çykyp barýarka, özüne garaşyp duran agajet, hortap adama gözi düşýär. Ol adam Şyh bilen salamlaşanyndan soň, ynamsyzlyk bilen:
— Hormatly Şyh, men sizden parasatlylygy, akyl-paýhasly bolmagy, özümde ýetmeýän zatlary öwrenesim gelýär. Maňa kömek ediň – diýýär.
Şyh oňa seredip, şeýle diýýär:
— Ýör, derýada bile suwa düşeli, kelläme nähilidir bir hili pikir, düşünje gelse men ony şobada saňa aýdaryn.
Hormatly Şyh bir zat diýensoň, aýdanyny edip, ol adama onuň yzyna düşäýmek galýar. Derýanyň kenarynda olar eşiklerini çykaryp, suwa girýärler. Derýanyň suwy olaryň döşüne ýeteninde şyh ol adamyň üstüne topulyp, ony suwa basyp, hopukdyryp başlaýar. Şyh dolmuş, daýaw adam ekeni. Ilkibaşda suwa basylyp, hopugyp ugran adam Şyh oýun edýändir öýdüpdir. Gark bolup barýanyna gözi ýeteninden soň bolsa ähli güýjüni jemläp, hortapdygyna garamazdan, şyhy öz üstünden aýryp, suwa taşlaýar-da, uly sesi bilen gygyryp:
— hormatly Şyh, men siziň ýanyňyza maslahat sorap geldim, kömek etmegiň ýerine siz meni gark etjek bolduňyz! – diýýär.
Şyh şonda:
— Gygyrmaňy goýda, meniň birnäçe soraglaryma jogap ber. Suwuň aşagynda wagtyň sen näme hakda pikir etdiň? – diýip soraýar.
Ol adam bolsa:
— Hiç zat hakda pikir etmedim. Nädemde suwuň ýokarsyna çykyp,bir ýuwdum howany demime sorup boljakdygy hakynda pikir etdim – diýip, jogap beripdir.
Şyh ýene-de:
— Sen suwuň aşagynda wagtyň maşgalaň, ýerdäki we asmandaky eşretler hakynda-da pikir etmediňmi? – diýip sorapdyr.
Ol gysgaça:
— Ýok – diýip jogap beripdir,
Şyh ýuwaşjadan:
— A, soň näme boldy? – diýip, onuň ýüzüne soragly nazar aýlapdyr.
Ol adam şeýle jogap beripdir:
— Soňra arassa howadan dem almak islegim şeýle bir güýçlendi welin, ol isleg meniň durkumy gaplap aldy.
Şonda şyh: şeýle diýipdir:
— Ine, indi sen öz soragyňa özüň jogap tapdyň. Nämedir bir zat bilen meşgullanmak hakyndaky islegiň hem edil dem almak islegiň ýaly güýçli bolmalydyr. Ana, şonda sen öz maksadyňa ýetersiň. Bar, indi gaýdyber –diýipdir.
Gowulyga tarap üýtgemek islegiň näçe güýçli boldugyça, şol tarapa hereket etmek islegiň hem şonuň ýaly güýçli bolmalydyr. Ömür ýolundan ýöräp barýarkaň sen büdräp ýykylýansyň. Sen gündogaryň : «Ýykylan adam ýerden eli boş galmaly däldir» diýen parasatly atalar sözüni ýadyňa sal. Durmuşyň ähli synaglary bize dogry netije çykarmaga kömek edýär. her hili ýagdaýlardan baş alyp çykmagy öwredýär. «Ýagşy ata bir gamçy, ýaman ata müň gamçy deger» diýen pähimiňem ýöne ýere döremändigi hakynda oýlanyp gör.
Käte bir adam müňläp aty derýadan suwa ýakmaga getirip bilýändir. Käwagt bolsa müň adam bolup bir aty derýadan suwa ýakyp bilýän däldir. Sen hereket edip başlamak bilen, öz maksadyňa golaýlaşýansyň. Hereketiňi togtatma! Näçe köp ýol geçdigiňçe maksadyňa ýetmegiň aňsat tärlerini kesgitlärsiň, olary özüňçe oýlap taparsyň.
Oglum, gaýduwsyz adamlar öz akyl-paýhasy, ukyp başarnyklary, töwekgel hereketleri bilen taryhy döredýärler.Her kimiň aň-paýhasynyň kämilligi onuň özüne baglydyr. Aň-paýhasam edil kiçijek çaga, ýaşajyk nahal ýalydyr. Oňada ideg gerek, onda-da söýgi, mähir bilen gurşalan ideg.
...Gün gijigipdi. Ýaz gününiň ýaşyp barýan ýalkymyna esgerleriň harby esbaplary her dürli öwüşgin bilen ýalpyldaýardy. Daşyndan seredeniňde bu goşun ýeňlişe sezewar bolan goşun däl-de, iň soňky galany boýun egdiren dünýäniň hökümdarynyň goşunyna meňzeýärdi. Gündiziň yssysy öz ornuny agşamyň sergin howasy bilen çalyşdy. Daglar — beýik akyldarlara meňzäp, geçip barýan goşunnyň şatlyk-gaýgylaryna-da üns bermän, edil taryhyň kuwwatly goragçylary ýaly sarsman otyrdylar. Gün millionlarça gymmat bahaly daşlaryň ýalkymyny ýada salýan müň dürli öwüşgin bilen dagyň arkasynda gizlendi.
Adamlaryň dynç almaly wagty geldi. Teýmirleň öz müňbaşylaryna dagyň depesindäki garlardan salkynlyk alyp, çasly akýan Sanzar derýasynyň boýunda düşlemegi buýurdy. Uzak ýol söken goşun öz hökümdarlarynyň buýrugyny şatlyk bilen ýerine ýetirýärdiler.Olar harby serkerdeler üçin çadyr dikýärdiler. Ýakylan san-sajaksyz otlaryň yşygy esgerleriň ýadaw ýüzlerini ýagtyldýardy. Öz işine ussat aşpezler naharyň ugruna çyksalar, beýleki esgerler oduň daşynda gyşaryşyp, gürrüň edýärdiler, dynç alýardylar. Olaryň köpüsi agşamlyk nahara-da garaşman, eýýäm uklapdylar. Sanzaryň kenarynda gurlan ýüpek çadyryň içinde töweregiň gözelligine, töwerekdäki seslere-de üns bermän akyldar şyhy diňläp oturan Timur:
— Hormatly şyh, men siziň kömegiňiz bilen öz maksadyma ýetmek, öz-özüme, giň jahana akyl ýetirmek isleýärin – diýdi.
Şyh:
— Bolýar, onda sen meniň kämillige barýan kerwenime goşul. Ýöne sen meniň iki sany şertime boýun bolmaly bolarsyň. Olaryň birinjisi sen öz käwagt islemeýän zatlaryňy elmydama, hemişe etmeli bolarsyň. Ikinjisi seniň käwagt islän zadyňy etmäge ygtyýar berilmez.
— Bolýar, men bu şertlere razy.
— Eger seniň durmuşdaky maksadyň sagdyn we uzak ýaşamak bolsa, olar ýedi sany päsgelçilikli böwetleriň aňyrsynda ýerleşýär. Sen olary geçip biläýeniňde-de, olaryň aňyrsynda sen öz öňüňde maksadyňa tarap uzalyp ýatan ýedi sany basgançagy görersiň. Diňe meniň ýedi sany nesihatymy berjaý etmek bilen sen öz maksadyňa aňsatlyk bilen ýetip bilersiň.
Ilki bilen öňüňde duran ýedi sany päsgelçilikli böwetleri sanap geçeli:

1) Öz bedeniňi bilmezlik, oňa düşünmezlik.
2) Adamyň päliniň ýagşylyklardan ýamanlyklara öwrülmegi.
3) Hiç bir tarapa goşulmaýan «Altyn aralygyň» kadalarynyň bozulmagy.
4) Ýaramaz arzuw-islegleriň, hyjuw-höwesiň ugruna gitmek.
5) Ýaşyňa, möwsüme görä dogry iýmitlenmegi bilmezlik.
6) Ömrüň içki ruhy güýjüni ýitirmek.
7) Derman içmek.

Her basgançagyň öz bilmeli zady bar, bilmeli zatlar bolsa täze ýagdaýlary, ýagdaýlar bolsa hereketleri döredýär. Eger sen her basgançakdaky bilmeli zatlaryňy ýüzleý öwrenseň, seniň ýagdaýlaryňam, hereketleriňem ýüzleý bolar. Eger sen olary çyn ýürekden isläp, öwrenen bolsaň, seniň ýagdaýlaryň we hereketleriň hem şolar ýaly bolar. Sen ýerasty suwlardan suwlanýan guýy bolup bilersiň. Isleseň, ýürekde asyrlaryň pähim-parasady bilen dolup daşýan guýynyň eýesi hem bolup bilersiň. Ol guýy ýüregiň bilimini özünde jemleýär. Çagalygyňy ýadyňa sal, sen pyrlampajy (волчок) nähili gowy görüp oýnaýardyň.
Yzyny üzmän pyrlanýan pyrlampajy göz öňüne getirip gör. Pyrlampajyň içindäki okuň kömegi bilen ol pyrlanyp, iň soňky derejä ýetýär. Älem jahanda hem Ýer, suw, howa, ýyldyzlar we planetalar hereket edýärler. Älem jahan öz güýçli we berk düzgünine laýyklykda, öz okuny aýlamak bilen parahatlygy we rahatlygydöredýär. Müňýyllyklaryň dowamynda akyldarlar şol rahatlyga, parahatlyga düşünmäge, siňmäge çalşypdyrlar. Ine şu ýerde adamyň maksady — şeksiz Kämillik, şübhesiz Hakykat bar. Biz doglanymyz bäri şol belentlikde bolýarys.
— Bize şol belentlikde galmaga näme päsgel berýär – diýip, Timur sorag berdi.
— Oglum, oňa durmuşyň nädogry ýörelgeleri sebäp bolýar. Ana şol adamy belentlikden aşak taşlaýar. Adam edil pyrlampaç ýaly pyrlanyp, aşak güýçli tizlik bilen typyp, özünde garrylygy, näsaglygy, durmuşda hemmetaraplaýyn şowsuzlyklaryň gurşap almagyny we soňlugy bilen ölümiň golaýlandygyny duýýar. Eger adam wagtynda aklyna aýlansa, şol belentlige dolanyp biler. Bolmasada,ol bakylyga tarap ýola düşer.
Oglum, seniň ömrüň iki sany ýagşy we ýaman duýgularyň arasynda sagadyň dili ýaly iki tarapa hallan atyp, özboluşly üçburçlugy döredýär. Ol näçe güýçli hallan atdygyça, sen özüňde uly bir meseläni — hassalygy döredersiň. Onuň hallan atmasy näçe ýuwaş boldugyça, sen kämillige, pähimlilige, uzak ýaşamaga, içki duýgularyň sazlaşygyna golaýlaşarsyň. Üçburçlugy göz öňüňe getir we ony keseligine ýedi bölege böl. Onuň her bölegi özüçe adamyň bir häsiýetiniň duralgasydyr. Üçburçlugyň iň ýokarsyny öz maksadyň diýip göz öňüne getir. Adam kämillik ýolunda şol ýedi bölegi — basgançagy geçmelidir.

BIRINJI BASGANÇAK — BAGYŞLAMAK

Adam özüni we özgeleri bagyşlamazdan, öz-özüne akyl ýetirmegiň ýolunda bir ädim hem ädip bilmez. Öň hem belläp geçişim ýaly, bagyşlamak — gereksiz pikirlerden arassalanyp, içki duýgularyň rahatlanmagyna ýardam edýär. Durmuşda bu nähili bolup geçýär?! Pähimsiz adam durmuşdaky ýalňyşlyklary üçin başgalary we öz-özüni günäkärleýär. Pähimli adam bolsa ýalňyşlyklar üçin hiç kimi günäkärlemeýär. Pähimsiz adam özüni ýa-da başga birini günäkärlände hem özüne igenip, özüni içindeniýip başlaýar. Gynançly ýa-da gülküli wakalar pähimli adamyň rahatlygyny pozup bilmeýär. Eger adam öz içinde gahar-gazabyň, duşmançylykly pikirleriň bir jinnegini hem tapyp bilmedik ýagdaýynda , onda onuň öz-özüne akyl ýetirip başladygydyr.

IKINJI BASGANÇAK — ÜNSLÜLIK

Ir ertirden tä giç agşama çenli sen öz edýän hereketleriňe, diýýän sözleriňe juda ünsli bolmalysyň. Bu ünslülik seniň özüňde ýagşy gylyklary terbiýelemek üçin gerekdir. Ykbalyňdaky ähli meseleler ýaramaz endikleriň, gahar-gazabyňy jylawlap bilmezligiň sebäpli döreýär. Bilip ýa-da bilmezlikden, gündelik gaýtalamak bilen, sen özüňde ýagşy we ýaman endikleri döredýärsiň. «Gaýtalamak — öwrenmegiň enesidir» diýlip, ýöne ýere aýdylmandyr ahyry.

ÜÇÜNJI BASGANÇAK — SAKLANYP BILMEK (SAKLANMAK)

Ir ertirden tä giç agşama çenli öz ýaramaz endikleriňden saklanmagy başarmaly. Has takygy, sen öz maksadyňa ýetmäge päsgel berýän ähli zatlardan saklanmaly. Olar seniň ýaramaz isleg-arzuwlaryň we hyjuw-höwesiňdir.

DÖRDÜNJI BASGANÇAK — TEKEPBIRLIK

Nasir Hosrow:

— Tekepbirlik bela getir başyňa,
Hiç kim bagta ýetip bilmez ýaltanyp.
Tekepbirlik duşman üýşür daşyňa,
Mertebäňi kiçeldýändir ýaltalyk.

Гордыня гордецам несет беду,
Ленивый в жизни счастлив не бывает:
Гордыня порождает лишь вражду,
Лень только униженье порождаетю

Насир Хосров.

— Oglum, saňa kämilligiň ýolundan gitmäge «Men hemmelerden köp bilýärin. Maňa öwretmäge mynasyp adam ýokdur» diýen ýaly tekepbir pikirleriň päsgel berýär.
Bir gezek akyldaryň ýanyna öz ömrüniň köp bölegini ylym almaga, özüne we dünýä akyl ýetirmäge, kämilleşmäge sarp eden ýaş ýigit gelipdir. Ol birnäçe sagadyň dowamynda ylmyň dürli ugurlary boýunça gürrüň berip, özüniň akyldardanam köp bilýändigini görkezmek isläpdir. Akyldar bolsa öz barmagyndaky ýüzügi çykaryp, ýigide berýär-de:
— Şu ýüzügi bazardaky söwdegärlere görkezip, ony altyn pula satmaga çalyş- diýýär.
Ýaş ýigit ýüzügi alyp bazara ugrapdyr. Ol bazardaky ähli söwdegärlere ýüzügi görkezip çyksa-da, ýüzügi altyn pula çalyşjak adam tapylmandyr. Söwdegärleriň ählisi edil dilleşen ýaly ýüzük üçin mis pul hödürläpdirler. Paltasy daşa degen ýaş ýigit ýene-de akyldaryň ýanyna dolanypdyr. Şonda akyldar:
— indi sen bu ýüzügi şäheriň ady belli zergäri Ýusuba görkez. Onuň saňa bu ýüzük üçin näçe tölejegini göreli – diýipdir.
Ýusup zergär ýüzügi synlap, ýaş ýigide bäş müň altyn pul hödürleýär. Aňk-taňk bolup, haýran galan ýigit ýene-de akyldaryň ýanyna gelýär. Şonda akyldarşeýle diýipdir:
— Seniň dünýäniň gurluşy, adamyň başaryp biljek syrly mümkinçilikleri hakyndaky bilýänleriň bazardaky söwdegärleriň düşünjesine meňzeşdir. Bu durmuşda nämedir bir zat gazanjak bolsaň, ilki bilen öz teniň, aňyň we etjek işleriň zergäri bolmalysyň.Ana, şonda sen edil Ýusup zergär ýaly oz aklyň, başarnygyň gymmatyny bilersiň.
Biziň köpümiz öz bedenimizde wagtlaýyn ýaşaýan ýaly, onuň nämä ukyplydygyny, nämelere mümkinçiliginiň bardygyny bilmeýäris. Şonuň üçin hem bedenimiziň haýsydyr bir agzasy agyry tapynyp, özüne kömek edilmegini, hojaýynynyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgesini üýtgetmegini sorap, dertlese, biz bedeniň içki sesini — yzasyny dermanlar bilen basyp ýatyrýarys. Haýsy kesel bolsa-da, ol kesel bilen beden däl-de, ilki bilen aň keselleýär. Has takygy, ilki bilen seniň aňyň şol keselden haraplanýar we soňundan kesel seniň bedeniňe geçýär. Dermanlar keseliň netijesini ýok edýär, keseliň döremeginiň sebäbi bolsa bedende galýar.
Ýöne seretgin, bilmezlikden tekepbirlik bilen namysjaňlygy bulaşdyraýmagyn!

BÄŞINJI BASGANÇAK — SABYR-KANAGATLYLYK

Göz öňüňe getirip gör, häzir saňa ömrüňde eliňe alyp görmedik saz guralyňy berip, meniň üçin täsin bir mukam çalmagy sorasam nähili bolar?! Heniz eliňe alyp görmedik guralyňda saz çalyp bilmejegiň belli zat, dogry dälmi, oglum? Saz çalmaga beýlede dursun, ol saz guralyny eliňde bolmalysy ýaly dogry tutup biljegiňem belli däl. Eger erjellik, sabyr-kanagatlylyk bilen gün sypdyrman öwrenseň welin, günleriň birinde sen ol guralda ömür mukamyny çalarsyň. Ýöne bu şatlykly pursada diňe sabyr-takatlylyk bilen ýetip bilersiň. Kämilligiň, akyl ýetirmegiň ýoly hem özboluşly sungatdyr. Ilkibaşda, saňa öz-özüňi eşitmek we diňlemek başartmaz. Hakykat hemme kişä aýan bolýan däldir, görünýänem däldir. Kanagatsyz adamlaryň köpüsi ýarpy ýoldan hakykata ýetmäge takatlary ýetmän, yzlaryna dolanýarlar.
Beýik akyldar Saadi Şirazy şeýle ýazypdyr: «Diňe kanagatly adam işini tamamlar, gyssanan ýykylar».

ALTYNJY BASGANÇAK — ISLEG-HÖWES

Häzirki ruhy we fiziki ýagdaýyň seniň isleg-höwesiňnetijesi. Sen maksadyňa ýetmäge bolan höwes, isleg bilen ýanyp durmalysyň. Kämillige bolan islegdir höwes seniň ähli barlygyňy doldurmalydyr. Gaty güýçli isleg-höwesiň bilen sen Beýik Taňra habar ýetirip bilýänsiň. Öz hereketleriň bilen bolsa netije gazanyp bilersiň. Taňry öz maksadyna ýetmäge gaty güýçli höwesi bolan adamlara kömek edýändir.

ÝEDINJI BASGANÇAK — MAKSAT

Sen maksadyňa ýetdiň! Şondan soň sen edil Taňry ýaly güýçlüsiň. Içki duýgularyň şeýle joşguny bilen sen haýsy işiň başyna barsaň-da, saňa üstünlik garaşýandyr!

Bu ýerdäki ugur görkeziji çyzyk älem-jahanda ähli zatlaryň aýlanyp durandygyny alamatlandyrýar.
Daş-töweregiňe we adamlara seredip gör. Edeni ugruna bolmaýan şowsuz adamlar edil köneden keselli adamlar ýaly öz ýetip bilmedik arzuwlaryna, wysal bolmadyk isleglerine ýetmegiň ugrunda jan edýändirler. Ýöne şol arzuwlaryň hasyl bolmagy ugrunda aýgytly ädim ädýän däldirler. Edeni ugruna bolup, işi şowlaýan, başlan işinde ýeňiş gazanýanlar bolsa öz maksadyna ýetmegiň gysga ýoluny gözläp, töwekgellik bilen gyssagly hereket edip, özüne gerek zady gazanýandyr– diýip, şyh sözüni soňlady.
Timur:
— Maksadyňa ýetmekde gysga ýoly nädip tapmaly?
Şyh:
— Oglum, bu ýoldan gidip barýarkaň hiç-haçan akyldarlaryň öwüt-nesihatlaryny ýadyňdan çykarmagyn. Şol pentlere uýsaň maksadyňa ýetmegiň gysga ýoluny taparsyň. Diňle:
Adam hökmünde elmydama öz hereketleriň we sözleriň bilen öz-özüňe mynasyp bol!
Köňlüňi ynam çyragynyň şöhlesi bilen berkidip, aň-paýhasyň üsti bilen Ruhuňy galdyr!
Akgöwünliligiň simwoly, ýagşylygyň ýardamçysy bol! Allanyň haky üçin özgelere gezek gelende hoşniýetli we sabyr-kanagatly bol!
Öz bilimiňe we ynamyňa ikilik etme, gymmat bahaly daşlaryň gadyrynam diňe zergär bilýändir! Hakykaty bilmeýänler üçin olar ýönekeý daşdyr, bilýänler üçin bolsa dür dänesidir, hazynadyr!
Kämilligiň ýolundan barýarkaň seniň iň uly duşmanyň, ýanyňa her dürli keşbe girip geljek ýaltalykdyr.
Hakykat diňe öz ýüregini doly açyp, göwün berip bilen adama görnüp, onuň büs-bütinleý üýtgemegine, kämilleşmegine kömek edýär.
Öz aň-paýhasyň bilen ömür ýoluňy ýagtyldyp bilýärkäň, Ylahy hakykatdan öz berjek serpaýyndan başga sowgady talap etme.
Ylahy hakykata akyl ýetirmek üçin bedeniň we ruhuň şol islege gulluk etmelidir. Hakykatdan hem Hakykat bilen, oňa bolan söýgi bilen ýaşamak — akyldarlaryň ýeke-täk nesihatydyr.
Öz ähli islegleriňe tutanýerliligiň kömegi bilen ýetip bilersiň. Aňynda ynamsyzlygy, ikirjiňlenmegi şineleden adam bolsa, hiç haçan öz maksadyna ýetip bilmez. Sen älem-jahana düşünmek üçin ony näçe öwrenen bolsaň-da,
hereket etmeseň, üsti kitapdan doly horjunly eşege meňzäp, hiç bir zat gazanyp bilmersiň. Pähimli hereketde bolmasaň, sen parasatly pikir edýänem, akyldaram bolup bilmersiň.
Beýik pars akyldary, dana Saady Şirazy şeýle ýazypdyr: «Her bir adam belli bir maksat bilen doglup, şol maksadyň ýagtysy onuň ruhuna şugla saçýar. Şol ýagtylyk şuglasy onuň ömür ýoluny ýagtyldýar. Maksatsyz adam bolsa ömür ýolunyň çelgisini ýitirýär ».

1. Sen öz näme isleýäniňi, maksadyňy, niýetiňi aýdyňlaşdyr.
Derwüşleriň halypasy bolan belent mertebeli Baha ad-Din Nagyşbendibir gezek Buharanyň köp adamly meýdançasynda öz egindeşine gabat gelýär. Ol:
— Sen nireden gelýäň? – diýip oňa habar gatypdyr.
— Düşünýän däldirin – diýip, garşysyndaky , samsyklaç ýylgyryp, jogap gaýtarypdyr.
Baha ad-Din Nagyşbendi özdiýenlilik edip:
— Sen nirä barýarsyň? – diýip ýene sorag beripdir.
— Bilemok- diýip derwüş egnini gysypdyr. Olaryň töweregine bir topar adam üýşüpdir.
Akyldar ýene:
— Taňry barmy eýsem? – diýip derwüşiň ýüzüne garapdyr.
— Bilemok.
— Gazap barmy ýa?
— Aklym çatýan däldir.
—Nämeler dogry däl?
— Meniň üçin erbet zatlaryň ählisi dogry däl.
Topar tutan adamlar gaharlanyp,derwüşi meýdançadan kowýarlar.
Baha ad-Din Nagyşbend bolsa olara:
— Samsyklar! Bu adam adamzadyň bir toparynyň paýhasyny özünde jemleýär. Siz ony kabul etmäniňiz sebäpli,ol bilgeşleýin, edil siziň özüňiz ýaly akylsyz adamyň keşbine girdi- diýipdir.
Şeýle akyl ýetirmezlik siziň ömrüňizde her gün diýen ýaly gaýtalanýar.

Köplenç adamlar näme isleýänlerini bilmän, iň soňunda-da hiç zat gazanyp bilmändikleri üçin başga kimdir birini günäkärleýärler. Olar näme sebäpli öz ömürlerinde hiç zat gazanmadylar? Başgalaryň ýeten sepgitlerine, üstünliklere eýe bolup bilmediler? Sebäbi olaryň belli bir maksady, şol anyk maksada ýetmek üçin dogry çykaran çözgüdi ýok. Durmuşda her bir adamyň anyk, ýetip boljak maksady, wysal boljak isleg-arzuwy bolmaly.

2. Inkär etmekden daşda dur. Taňry inkär etmegi kabul etmeýär.
Her bir adam niýetindäki, pälindäki pikirleri özüne çekýär. «Kesellemeli däl» diýen pikiri inkär etmek, «Dertlemän gezmek mümkin däl. Ol bolmajak zat» diýip, pikir etmegimiz «Keseliň, derdiň özüňde döremegine» ýol açmakdyr. Biz öňümizde maksat goýanymyzda ony inkär edemizok-da, onuň tersine ony çynymyz bilen nygtap, tassyklaýarys. Dertlemezlik, keselden bedenimizi goramakda hem biz inkär etmän, ýagşy pikiri nygtamalydyrys. Ony niýetimize düwüp, islegmize öwürmelidiris.

3. Isleýän zadyňa, öňüňde goýan maksadyňa ýetmek üçin sen nämeler edip biljekdigiň hakynda pikir et.
Pyýada adam atla kement salsa-da, ony atdan agdaryp bilmez. Tersine pyýada atlynyň yzyndan kementden tutup, islese-islemese ylgamaly bolar. Senem maksadyňa ýetjek bolup atlyň yzyndan ylgaýan pyýada ýaly gözüň ýok ýaly bolup, ähli zady unudyp, eňip barma! Üns berip diňle! Käwagt bize maksadymyza ýetenimizden soň hakyky ýaşaýyş başlaýan ýaly görünýändir. Ýöne käte onuň tersine bolaýýan halaty hem bolaýýandyr.
Bir şäherde üýtgeşik adat bolupdyr. Şol şäheriň ýaş ýigitleri mertlikde, edermenlikde, edenlilikde, akyl-paýhaslylykda synagedilipdir. Synagda ýeňiş gazanan merdana ýigide bütin şäher guwanypdyr. Onuň üçin iň uly sowgat bolsa heniz hiç bir ynsana ýüzüni görkezmedik zenan bilen bir gije aýşy-eşretde bolmak ekeni. Şol günüň ertesi owadan gyz bilen gijäni geçiren ýigidi jezalandyrýan ekenler. Synagyň şerti juda ýowuz bolsa-da, batyr, mert ýigitleri örän gyzyklandyrypdyr. Her gezek ýeňiji bolan ýigit jezalandyrylyp durlansoň, wagtyň geçmegi bilen bu synaga synanyşjak bolan tapylmandyr. Ahyr bir gün Kasym atly ýigit gyzyň gözelligini görmäge bolan höwesdir islege aklyny aldyryp, hat-da onuň üçin janyndan geçmäge-de kaýyl bolup ,synagyň şertlerinde özüni synamaga döwtalap bolupdyr.
Kasym öňünde goýan maksadyna ýetmek üçin elinde baryny edip, daş-töweregindäki ähli zady undup, synagyň şertlerini üstünlikli amal edýär. Ol owadan gyzyň jemalyny görmek hakyndaky arzuwa berlip, ne töwerekdäki özüni gutlap gygyrýan sesleri eşidýär, ne-de mähriban garaýyşlary görýär. Onuň bar pikiri görküni hiç kime görkezmedik gözel hakyndamyşyn.
Ony agşamlyk ertire diri çykmajakdygyny özüniň hem bilýän otagyna alyp barýarlar. Indi oňa hiç zadyň parhy hem ýok ekeni. Onuň bar arzuw-islegi şol näzeniniň keşbini gözi bilen görmek bolupdyr. Keşbini ynsan balasyna görkezmedik, üsti örtükli näzenini otaga getirýärler. Kasym bilesigelijiligine boýun bolup, gyzyň örtügini ýüzünden sypyrmak üçin okdurylýar. Örtügi sypyranynda bolsa, gözleriniň nury öçen garry kempire gözi düşýär. Ol zenanyň birwagtlar uz owadan bolan bolmagam ahmal. Ýöne ol şeýle bolan hem bolsa, juda gadym wagtlar bolan bolmaly. Ýaş ýigit öz öňünde goýan maksadynyň almaly jezasyna mynasyp däldigine akyl ýetirýär. Ýöne eýýäm giçdi.

Durmuşyň her bir pursadyndan lezzet alyp ýaşa, ertir däl-de, häzir şatlan, bagtyýar ýaşajak bol. Hiç bir şatlykly pursadyňy, ömrüň lezzetini ertire goýma. Maksadyňa ýetmegiň ýolundan barýarkaň hem bagtly ýaşa, ömrüň pursatlarynyň lezzetini duý. Bolmasa sen hiç haçan ýaşaýşyň süýjüsini duýmarsyň. Edil dogulmankaň ölen ýaly bolarsyň. Hiç bir isleg-arzuwsyz, maksatsyz ýaşaýan adamlar derýada akyp barýan saman ýalydyr. Durmuşda adamlara öz öňlerinde goýan maksatlaryna, isleg-niýetlerine, eden işlerine görä baha berilýändigini unutmagyn.

4. Öz maksadyňa ýetendigiňi, oňa ýeteniňden soň nämeleri gazanjakdygyňy sen öňünden göz öňüne getirip, netijesine anyk akyl ýetirmelisiň.
Sen öz maksadyňa ýeteniňi nädip bilip biljegiň hakynda häzirden pikir edip gör. Adamlar maksadyna ýetende gazanjak netijelerini anyk göz öňüne getirip bilmändigi sebäpli, aýaklarynyň astyndaky hazynany basgylap geçýärler.
Eger adam öz pikirlerini, arzuw-hyýallaryny jylawlap, özüne boýun egdirip bilmese, ol nädip öz ykbalynyň, ömrüniň hojaýyny, hokümdary bolup biler?
Suw bulanyp aksa-da,
Durlanyp biler.
Gije garaňky bosa-da,
Daň atar, ertir geler.

Хотя вода мутна,
Чистой станет.
Ночь сколь темна,
День настанет.

Maksadyňa, arzuw-islegiňe ýetmegiň ýolunda ünsli, üşükli we erjel hem tutanýerli bol!!!

5. Her dürli oslanmadyk, garaşylmadyk wakalara, olardan baş alyp çykmaga we dogry netije çykarmaga taýýar bol!
Saňa keýpiň üýtgäp durmagy we öz keýpiňi jylawlap, dolandyryp bilmezlik mahsus bolupdyr. Sen tupanda galan sürüjisiz gämä meňzeýärsiň. Seniň ömür ýoluňda gabat gelýän päsgelçilikler Taňrynyň lagnaty däl-de, onuň bagtyýar günlere ak patasydyr. Päsgelçilikler täze çözgütleri tapmaga kömek edip, sende döredijilik ylhamynyň oýanmagyna ýardam eder, üýtgeşik netijäni, çözgüdi sowgat eder.

6. Öz öňüňde diňe şahsy, özüňe degişli maksat goý.
Oduň şatyrdap ýanmakdan başga ukybynyň ýok bolşy ýaly, adamlaryň hem biri-birinden öz isleglerine görä etjek hereketlerini erkin saýlamakdan başga, aýratyn tapawutlylygy ýokdur. Irden turanyňdan soň göwnüň näme isleýän bolsa bar zady şondan başla. Töweregiňdäki adamlary, seni gurşap alan jemgyýeti başgalaryna çalyşma. Bolmasa sen iň soňunda öz-özüňi ýitireniňe göz ýetirersiň. Ömrüň we isleg-arzuwlaryň seniň özüňe baglydyr. Niýetiň we päliň, özüňe bolan ynamyň ykbalyňa öz täsirini ýetirer, şeýdibem durmuşyň üýtgär. Onda-da gowulyga tarap üýtgär. Özüňe bolan ynam — köňlüňdäki ikirjiňlenmelerden we şübhelerden üstün çykmagyňdyr, ýeňişiňdir.

Terjime eden Gülälek MERETMYRADOWA.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 214 | Добавил: Haweran | Теги: Mirzeahmet Norbekow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Pedagogika we edep-terbiýe bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]