19:44

Tilim guş tilidir, suratym - ynsan

TILIM GUŞ TILIDIR, SURATYM – YNSAN

Magtymgulynyň şygyrýetinde häli-şindi özboluşly simwoliki obrazlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň. Şol obrazlaryň öz syry, öz nyşana alýan nokady bar. Sebäbi şahyrda artyk-süýşük zat ýok. Her sözüň, her detalyň öz hasaby bar. Eger oý edip görseňiz, Magtymgulynyň liriki gahrymany guşlary aýratyn «gowy görýär». Dogry, Gündogar poeziýasynda ömrüni diňe bilbil hakynda şygyr ýazyp ötüren şahyram bolupdyr. Magtymguly onuň ýaly guşlary dilinden düşürmän ýören şahyr bolmasa-da, ol käte-käte guşlaryň mertebesini şeýle bir ýokarda goýýar welin, oturyp haýranlar galýarsyň. Ynha, şahyr bir şygrynda şeýle diýýär.

Bikär goýma ömür tagty,
Oýandyrsak uýmuş bagty,
Doga kylyp, säher wagty,
Nalyş kylsam guşlar bile.

Eýsem şahyr nämä uýupdyr? Näme üçin onuň nalyşyna guşlar şärik bolmaly? Bu soraglaryň jogabyny yza goýup, ýene şahyra ýüzleneliň.

Ýerden çykan agaçlar,
Tili senaly guşlar,
Subhan söýen derwüşler,
Döwrandadyr döwranda.

Biziň pikirimizçe, bendiň«Döwrandadyr-döwranda» diýen setiri diňe derwüşler bilen däl, eýsem «Tili senaly guşlar» bilen hem bagly. Eger şeýle diýsek, dili taryply, magtawly, alkyşly, dogaly guşlar döwrandadyr-döwranda diýen many gelip çykýar. Ýene-de sorag keserýär. Eýsem guşlar öz dilinde kimi taryplaýar, kime alkyş aýdýar? Ozaly bilen şeýle ýagdaýlary anyklaşdyralyň. Birinji mysalda, eger, liriki gahryman guşlar bilen doga okap, nalyş kyljak bolsa olaryň diline düşünmeli. Diýmek, öňi bilenmesele «guş diline» direýär. Ikinjimysalda ýagdaý has aýdyňlaşýar. Guşlar öz dillerinde sena aýdýar. Şundan guşlaryň özboluşly hem syrly «diliniň» bardygy belli bolýar. Şahyr şony hem nazara alýar. Emma liriki gahryman diňe «guşlaryň dili» hakynda gürrüň edip hem oňanok. Başga bir şygrynda öz durmuşy, öz ykbaly hakynda gürrüň edip, «Tilim guş tilidir, suratym –ynsan» diýip goýberýär. Magtymguly agzyna gelenini aýdyp goýberjek şahyr-a däl. Eýsem onuň «guş dili» nähili dilkä?Heý oňa düşünip bolmazmyka? Biziň aňlaýşymyza görä, Nowaýynyň «Lisan at-taýýar», ýagny, «Guş dili» poemasynyň düýp mazmunyna göz ýetirseň, Magtymgulynyň bu «diline» düşünse boljak ýaly.
Nowaýynyň eseri Ferideddin Atgaryň «Mantyk at-taýýar» poemasyna jogap hökmünde ýazylypdyr. Eseriň gysgaça mazmuny şeýle: Bir gün öý, tokaý, deňiz, sähra guşlary bir ýerde bezim edýär. Emma şu ýerde başagaýlyk başlanýar. Hiç kim öz derejesine, mertebesine görä oturmandyr. Garga bilbiliň ornuny eýeläpdir. Gaz bürgüdiň ýerinde oturypdyr. Tawusa «köwüş bazaryndan» ýer ýetipdir. Netijede, guşlaryň arasynda dawa turýar. Olar köp wagt çekeleşýär. Teý ahyr guşlaryň hemmesi hem «Eger biziň dana hem adyl patyşamyz bolan bolsa, belki munuň ýaly adalatsyzlyk, baş-başdaklyk bolmazdy» diýen pikire gelýär. Şol wagt Hüthüt (hüýpüpik) şeýle patyşanyň bardygyny, oňa Simurg diýilýändigini mälim edýär. Simurgy öwüp, arşa çykarýar. Guşlar ondan simurgy tapyp bermegi towakga edýär. Hüthüt muňa razy bolýar. Olar ýola düşýär. Ilkinji günde guşlaryň köpüsi ýadap, gurbatdan gaçýar. Emma Hüthüt dürli tymsallar, rowaýatlar aýdyp olary raýyndan gaýtarýar. Guşlary ýoly dowam etdirmäge yrýar. Olar ýene ýola düşýär. Şeýlelik bilen olar ýedi sany jülgäniň üstünden geçmelibolýar. Her jülgäniň bolsa özüne ýeterlik kynçylygy, howp-hatary bar ekeni. Ýolda köp guşlar ölüpýitýär. Hüthüt başda guşlary ýedinji jülgeden soň Simurga ýeteris diýip ynandyrýar. Emma barmaly ýere barlansoň guşlaryň Simurga gözi düşmeýär. Olar Hüthütden Simurgy görkezmegi talap edýär. Şonda Hüthüt olardan özlerini sanap görmegi soraýar. Görüp gursalar, Simurgyň mekanyna jemi otuz sany guş ýetip gelipdir. Mundan soňky ahwalaty şahyr şeýl beýan edýär.

Kördüler özüni kaýan kim tüşdi köz,
«Allah, allah» ne ajaýypdyr bu söz.

Kim kylyb Simurg otuz kuş höwes,
Özlerin kördüler ol simurg bes.

Ozaly bilen bu ýerde Nowaýynyň örän ussatlyk bilen söz oýnadýandygyny aýtmak gerek. Pars dilinde «si murg» sözleri birleşip, otuz guş diýmegi aňladýar. Şahyryň bu söz oýnundan şeýle many gelip çykýar.Otuz sany guş, ýagny, «si murg» Simurgy höwes edip onuň mekanyna geldiler. Emma aslynda ol ýok ekeni. Hüthütiň diýýän Simurgy bolsa olaryň özleri bolup çykýar. Elbetde, eserdäki bu guşlar allegoriki obrazlar. Professor N.Mollaýewiň sözleri bilen aýtsaň bu ýerde «Simurg–hudaý, Hüthüt–şeýh ýa-da mürşit, beýleki guşlar bolsa adamlar». Şahyr şu obrazlaryň üsti bilen özüniň sufistik pelsepesini beýan edipdir. Guşlar, ýagny, adamlar «alla, alla» diýip, kaýan-nirä baksalar hem diňe özlerini görüp bilerler. Nowaýy şeýle diýmek bilen adamlar hudaýyň bir bölegi, bir zerresi diýen düşünjäni orta atypdyr. Şahyr hudaýyň bardygyny ykrar edýär. Ýöne onuň pikirine görä yslam dogmalarynyň düşündirişi ýaly, hudaý ýeke-täk tebigatdan daşardaky zat däl. Has açyk aýtsak, göçme manyly obrazlaryň üsti bilen adamyň özi hudaý diýmek isleýär.
Indi Nowaýynyň şu eseri bilen baglap, Magtymgulynyň öňdäki setirleriniň manysyny tirjek bolalyň. Nowaýynyň guşlary doga-nalyş edip, Simurgy–hudaýy gözläp ýola çykýar. Magtymgulynyň liriki gahrymanynyň hem şol guşlara goşulşasy gelýär. Bu heniz başlangyç etap. Sebäbi liriki gahrymanyň uýan zadynda bagtyny synap görmek arzuwy bar. Ýöne heniz onuň gitjek ugry belli däl. Ikinji mysalda ýagdaý has aýdyňlaşýar. Sebäbi Hüthüt Simurgy öwüp-öwüp arşa çykaryp goýdy. Ol guşlaryň diliniň senasy boldy. Şol bir wagtyň özünde Hüthüt guşlary Simurgyň mekanyna alyp gitmäge hem boýun boldy. Diýmek, Magtymgulynyň liriki gahrymany hem guşlaryň «döwrana» – Simurgyň ýanyna ýetjekdigine, Nowaýynyň, ýönekeý duşündirişi boýunça olaryň adyl hem akylly patyşaly boljakdygyna ynanýar. Ýöne muňa göni manysynda düşünmeli däl. Şahyr Nowaýynyň ruhunda pikir edýär. Myralynyň eserinde guşlar Simurgy tapman, ahyr soňunda özleriniň Simurgdygyna, ýagny, hudaýdygyna göz ýetirip galýar diýdik. Guşlar bular – adamlar. Bu ýerde iki komponent bar. Magtymguly olaryň ikisini-de bary-ýogy bir setire siňdiripdir. Nowaýynyň guşlary. Magtymguly: «Tilim guş tilidir». Birinji komponent. Nowaýyda şol guşlaryň aslynda ynsandygy aýdylýar. Magtymguly: «suratym –ynsan». Ikinji komponent. Biziň pikirimizçe, Magtymguly bu ýerde Nowaýynyň obrazlaryna arkalanyp, öz halypasynyň poemasyndaky ideýany bir setirde bermegi başarypdyr. Şeýdip hem «Men hudaý» diýen panteistik ideýany orta atypdyr. Eger Nowaýy şol bir ideýany guşlaryň obrazy arkaly ýüze çykaran bolsa, Magtymguly ony öz liriki obrazynyň üsti bilen diýseň ýygjam häsiýetde beýan edip bilipdir.
Okyjynyň «Gaty arkaýyn gürleýäň, belki, Magtymguly Nowaýynyň bu eserinden bihabardyr» diýmegi juda ähtimal. Emma beýle däl. Pyragy Myralynyň bu poemasyny gowy bilipdir. Hatda ondan görüm-görelde alyp özboluşly bir eser hem döredipdir diýmäge doly esas bar. Bize şeýle netijä gelmäge şahyryň «Jan içinde» atly şygry mümkinçilik berýär. Bu şygyr Magtymgulynyň goşgularynyň iň özboluşlysy hem möçber taýdan iň ulusy. Dogrusy, ony filosofiki poema atlandyrsaň hem dogry ýaly bolup dur. Ol aşakdaky bentler bilen başlanýar.

Pikir kyldym ýer-gögi,
Biakyl jan içinde.
Gördüm, jan hem «Alla!» diýr,
Et, siňdir, gan içinde,
Ýerden çykan nebatlar,
Gyzyl güller, gök otlar,
Gapyl adam, bu zatlar,
Külli perman içinde.

Edil şeýle pikir ýöretmeler Nowaýynyň poemasynyň başynda hem bar. Ol Magtymgulynyň şygrynda hem şeýle. Ýöne onuň şygrynda Nowaýynyň poemasyndaky ýaly jikme-jik epiki suratlandyrmalar ýok. Magtymguly öz pikirlerini juda çugdamlap beýan edipdir.

Hem Süleýman bezmide tapgan kabul,
Hem resul etgen seni andak resul.

Bu Nowaýynyň poemasynda Hüthüte berilýän häsiýetlendirme. Soňky setirdäki «resul» sözleriniň manysyna üns berip görüň. Ol başda «pygamber» manysynda gelse, soň «ilçi» manysyny aňladýar. Hüt-hütiň obrazy sözüň ikinji manysyna gabat gelýär. Sebäbi ol poemada Simurgy gowy tanaýan, ony öň gören has takygy, onuň adyndan ilçilik edýän obraz hökmünde çykyş edýär. Magtymguly hem öz şygrynda şol pikiri özüçe gaýtalaýar.

Anka aýdar «Ýolçyýam»,
Hüthüt aýdar «Ilçiýem,
Süleýmana sawçyýam,
Ýalan jahan içinde».

Nowaýynyň poemasynda Hüthüt başlyklaýyn Simurgy gözläp ýola çykan guşlar ilkinji günde ýadap, haldan gaçyp, umytsyzlanyp ugraýar. Olara Simurgyň geljekki adalatly patyşalygyndan özleriniň öňki «garyp günleri» gowy görnüp başlaýar. Şondan soň olar öz öten günlerini, real hem hakyky ýaşaýyşlaryny, şahsy ykballaryny ýatlaýar. Aýdaly, toty özüniň adamlaryň arasynda, saraýda ýaşandygyny, adamlaryň öz diline guwanandygyny, geçen günleriniň gowy bolandygyny beýan etse, bilbil öň özüniň baharyň aýdymçysy bolandygy, mesgeniniň gülzar özüniň hem gül aşygy bolandygy barada gürrüň edýär. Edil şonuň ýaly, Pyragy hem öz şygrynda şeýle guşlara söz berýär. Olara Nowaýynyň poemasyndaky pikirleri özboluşly häsiýetde täzeden aýtdyrýar. Mysal üçin, onuň şygrynda toty bilen bilbile şeýle häsiýetlendirme berilýär.

Toty guşlar zarlaşyp,
Hak emrini gözleşip,
Adam tilin sözleşip,
Gezer ynsan içinde.

Bilbil aýdar: «Keşigem,
Bahara gözleşigem,
Gülzar üçin aşygam,
Bag-u bossan içinde».

Elbetde, Magtymgulynyň bar gaýgysynyň Nowaýynyň poemasyndaky pikirleri gaýtalamak däldigi öz-özünden düşnükli. Ýa bolmasa ol diňe guşlar hakynda şygyr ýazmak niýetinde hem däl. Onuň hem öz matlap-maksady bar. Biziň pikirimizçe, şahyr Nowaýynyň poemasyna arka diräp, edil şonuňky ýaly filosofiki netije çykarmak isläpdir. Nowaýy öz poemasynda «si murguň» – otuz guşuň gürrüňini etse-de, eserde diňe on iki sany guşa häsiýetlendirme beripdir. Magtymguly öz şygrynda guşlaryň sanyny ýigrimi bire ýetiripdir. Nowaýy poemanyň ahyrynda Fisagursyň, ýagny, Pifagoryň Hindistana barandygy, şol ýerde kaknus diýen guşuň owazyny eşidip, onuň owazynyň esasynda ilkinji ýola saz hem saz guralyny döredendigi baradaky rowaýaty getirýär. Hatda Magtymguly şu kaknusy hem öz guşlarynyň arasyna goşupdyr: «Kaknus guşy saz bilen, Şol Hindistan içinde». Soň şahyr şol ýigrimi bir guşuň üstüne ýarganaty, ganbury – aryny goşup olaryň sanyny ýigrimi üçe dogurlapdyr. Magtymguly başda belli bir sany nazarlapdyr. Ýöne suratlandyran guşlaryny şol nazarlan sanyna ýetirmäge mümkinçilik bolmandyr. Şahyr oýlanyp, ölçerip başga bir çykalga tapypdyr. Ol guşlary goýup, haýwanlaryň daşyna geçipdir. Öý hem ýabany haýwanlaryň birnäçesiniň ýaşaýşyny realistik häsiýetde hem obrazlaýyn beýan edipdir.

Gurt aýdar ki: «Üzer men,
Nirde kylsam güzer men,
Ryzkym arap gezer men,
Çöl-beýewan içinde».

At aýdar: «Aslym zordur,
Munça gymmatym bardyr,
Üstüme münen ärdir,
Daglar-daşlar içinde»

Magtymguly şygyrda hemme bilýän haýwanlaryna söz bermändir. Ol öz halkynyň ýaşaýyş durmuşy bilen berk badaşykly bolan ýedi sany haýwany –keýik, gurt, at, ýaby, eşek, sygyr, düýe – saýlap alypdyr. Şeýlelik bilen, şahyr öz obrazlaryny nazarlan sanyna – otuza ýetiripdir. Bu bolsa Nowaýynyň hudaýy gözläp, özleri hudaý bolup çykan otuz guşuna barabar san bolýar. Edil Nowaýynyň guşlary ýaly,Pyragynyň hem guşdur haýwanlarynyň nazary hudaýa tarap. Şahyr hatda çölde gezip ýören keýige hem «Haky syzkym baglar men» diýdirýär. Indi Magtymgulynyň bu şygry hakyndaky söhbetimizi jemläliň. Nowaýy öz poemasynda otuz guşuň gürrüňini edip, olaryň diňe on ikisiniň obrazyny döredipdir. Pyragy halypasynyň döreden obrazlaryny düýpli baýlaşdyrypdyr. Her edip, hesip edip öz obrazlaryny nazarlanan sana, otuza ýetirmegiň hötdesinden gelipdir. Munuň özi Nowaýynyň Simurg – hudaý şol otuz guşuň özi diýen ideýasynyň özboluşly şahyrana gaýtalanmasy. Myraly «Muhakamatul-lugataýn» diýen eserinde bu poemasyny ýatlap şeýle ýazýar. «Çün «Lisan at-taýr» alhany (ady) bile terennum (eser) tüzübdür men, kuş tili işarasy bile hakykat esraryny (syryny) mejaz (göçme manyda, allegoriki) suratda körkezibdur men». Diýmek, Nowaýy öz hakyky ideýasyny ýüze çykarmak üçin guşlaryň allegoriki obrazyna ýüzlenmäge mejbur bolupdyr. Edil şonuň ýaly Magtymguly hem guşlaryň, haýwanlaryň obrazyny orta çykaryp, «Aýyplaşmaň sözüme, ýar-u ýaran içinde!» diýip, okyjysyndan ötünç soraýar. Biziň aňlaýşymyza görä, Pyragy hem şeýle diýmek bilen öz döreden obrazlarynyň göçme manydadygyny, allegoriki häsiýetdedigini aýtmak isleýär.
Magtymguly döredijiliginiň belli bir döwründe sufistik dünýagaraýşyň täsirine düşüpdir. Bu inkär edip bolmajak hakykat. Ýöne muny şahyryň kemçiligi hökmünde kabul etmeli däl. Bu ýerde gep onuň sufizme uýanlygynda däl, gep şahyryň sufistik dünýägaraýşynyň häsiýetinde, mazmunynda. Ozaly bilen Pyragynyň özünden öňki sufistik ideýalara köre-körlük bilen kökerlip oturmandygyny aýtmak gerek. Ol sufistik şygryň obrazlaryny has baýlaşdyrypdyr. Şol obrazlary halk durmuşyna has ýakynlaşdyrypdyr, hatda olary millileşdiripdir. Ozalky sufistik ideýalary düýpli çuňlaşdyrypdyr. Şeýle bir mysal. Magtymguludan ozalky sufist şahyrlar hudaý adamyň keşbinde bolupdyr diýen düşünjä uýupdyr. Ýöne olar hudaýyň keşbini söz üsti bilen suratlandyrmaga ýürek edip bilmändir. Sebäbi belli özbek edebiýatçysy Abdykadyr Haýytmatowyň aýdyşy ýaly, «Ortodoksal yslam hudaýy göze görünýän figura, obraz sypatynda teswirlemegi uly günä hasaplapdyr, şonuň üçin butparazlyk onuň duşmanydy». Emma Magtymguly diniňöňünde şeýle «günäni» gazanypdyr. Ol «Dilberiň» diýen şygrynda hudaýy magşuk gyzyň obrazynda göz öňüne getiripdir. Başda «Ol adam oglunyň imes balasy» diýip ýazýar-da, yzyndan ony edil real gyzyň sypatynda suratlandyryp görkezýär. Bir söz bilen aýtsaň, Magtymguly öz ussaty Nesimi, Nowaýy ýaly hudaýy adamlaşdyrypdyr. Şeýdip adamyň mertebesini hudaýyň derejesine çenli göteripdir. Ylmy edebiýatda hudaýy düşündirişiň şeýle filosofik ugruna panteizm diýilýär.
Engels dünýä düşündirişiň panteistik ugruna «ateizme galtaşýan ugur» diýip. häsiýetlendirme beripdir. Ine, biziň Magtymguly Atamyzyň sufistik dünýä düşünişi şeýle häsiýetde bolupdyr.

1988 ý.

Ahmet BEKMYRADOW.
Категория: Magtymgulyny öwreniş | Просмотров: 464 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ahmet Bekmyradow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Magtymgulyny öwreniş bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]