02:24

Toý köýnegi

TOÝ KÖÝNEGI

Toý köýnegin tikdim,
Gülgün keteni,
Gyrasyndan sary ýoda gaýdypdyr.
"Keteniň gurbany bolsamdym" diýip,
Ol oglanyň goşgusynda aýdypdyr.

Ýakasyna saldym üýtgeşik nagyş,
Gyrasyndan çekdim "gelingoçagy"
"Alajaň" ýerinde lowur ýasaýar
Yhlasym siňensoň "älemseçegi".

Bägül reňkiň ýanyp duran çogunda,
Gyz buýsanjym bilen näziklik ýatyr.
Toý güni açyljak gapyň töründe
Geljekki ykbalym nur saçyp ýatyr.

* * *

Gyş geljegin bilip sergezdan guşlar
Durnalara sesin goşup aglady.
Boşap galan joýalygyň içinde
Garantgalaň gara goly galgady.

Şemalyň ugruna gaýýan tozgalar,
Ahmal bolsäaň, gelip girjek burnuňa.
Ýaprak bary ýorgan bolup ýapylýar
Güýz çigregne üşän ýeriň garnyna.

Zemin şatlygynyň gaçanyn bilip,
Mör-möjekler girdi ýene hinine.
Öňküden sowapdyr akaryň suwy,
Üşütme gelen dek ýeriň inine.

Görküni ýitiren ol ýaşyl görnüş,
Aýralyga dözüp bilmän saraldy.
Solan ýapraklary gaçyryp, oýnap,
Gara ýelem agaçlardan ar aldy.

Gözelligiň baryn goltugna düýrüp,
Özi bilen alyp barýar sary güýz.
Tukatlyga dözmän, ýürek urunýar:
"Goýny gyzyl gülli, nirede sen, ýaz!

Oguljemal ÇARYÝEWA.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1978 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 234 | Добавил: Haweran | Теги: Oguljemal Çaryýewa | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
"Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]